"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mary welaýaty: döredijilikli zähmetiň miweleri

Diýarymyzyň Mary welaýatynyň ilaty döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemledi. Döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda zähmet çekýän işgärlerdir hünärmenler, telekeçiler ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň hasabyna uly özgertmeleri geçirip, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşdular. Senagat kärhanalarynda alnyp barylýan oňyn işleriň netijesinde welaýatda senagat harytlarynyň öndürilişi görnetin artdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän oba özgertmelerinden, obasenagat toplumynyň işgärlerine berilýän yzygiderli goldawdan ruhlanan welaýatyň oba zähmetkeşleri bugdaýy, pagtany, gant şugundyryny, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde we bereketli hasyly ýygnamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Welaýatyň daýhanlarydyr hususyýetçileri özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny, ýeralmadyr, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary hem-de banan ösdürip ýetişdirmek bilen, bazarlarymyzda bolçulygy has-da berkitmäge ýakyndan goldaw berýärler.

Taryhy wakalara bagyşlandy

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň barşynda birnäçe halkara taslamalara badalga berildi. Olaryň arasynda Akina — Andhoý demir ýoly, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi we «Malaý» gaz käninde açylan kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaz gysyjy desga bar. Dünýä ýaň salan bu taryhy wakalar halklaryň parahatçylygyna, birek-birege ynanyşmagyna gönükdirilip, ähli watandaşlarymyza uly şatlyk, buýsanç duýgularyny paýlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi Türkmenabat şäherinde «Arkadagyň sapary ― halklaryň parahatçylygy» atly hoşallyk maslahatyny geçirdiler. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Watany beýgeldýän ýyl bolar

Bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dost-doganlykdan, agzybirlikden we ynsanperwerlikden badalga alyp, ol dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda halkymyzyň her güni şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy buýsanja besledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli desgalary halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri goňşy halklar bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklap gelipdir. Merdana halkymyzyň bu asylly däpleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belentden dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň ösdürilmegine uly goşant goşan gadymy Beýik Ýüpek ýoly täze röwüşde gaýtadan dikeldilýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz goňşy halklar, şeýle-de dünýä döwletleri bilen özara hem netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär. Türkmen topragyndan dünýä ýüzüne dostluk ýollary çekilýär. Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly orun berilýär. Türkmen we owgan halklaryny taryhy kökler bilen birlikde, häzirki taryhy döwürde agzybirlikli, dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ysnyşykly ýola goýulmagy netijesinde iki ýurduň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berýän ykdysady ösüşlere eýe bolunýar. Bu babatda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Bular goňşy halklaryň müdimi dostlugynyň aýdyň kepiline öwrülýär. 

Buýsanç

Türkmenistan Watanym,Bagy-bossan jennetim.Dag, deňze, gülzarlyga,Uzap gidýär gözýetim. Ýurdumyzyň ajaýyp,Ösüşlerini görýäris.Garaşsyz ülkämizde,Oýnap-gülüp gezýäris.

Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!

Mähriban çagalar! Biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyz: «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýýär. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Her bir ýylymyzyň şygarynda biziň döwletimiziň halkara derejesinde ykrar edilen, adamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilen belent ynsanperwerlik syýasatynyň çuň many-mazmuny jemlenýär. Bilşimiz ýaly, geçen ýylda ata Watanymyz Türkmenistan halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe boldy. Geljegimiz bolan çagalar, siziň mynasyp bilim we terbiýe almagyňyz üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çagalar baglarydyr ak mermere beslenen mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär. Sazlaşykly ösýän baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde iri taslamalardyr milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen şöhratlanýan ýyllar tutuş bir taryhy döwri kemala getirýär. Arka atan ýylymyz taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Halkara ähmiýetli sene bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary,

Arzuwly setirler

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany: — Ýalkym saçýar dünýä tylla seçegiň,Asyr alkymynda ýagty geljegiň,Türkmenimden dörän dana Gerçegiň,Daşyn gurşap alan iller, aman bol!

Dünýä ynam beren taglym

Bitaraplyk başymyzyň täjidir,Il-günüm bagtyýar, asuda Diýar.Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy,Dost-doganlyk ýoly dünýä uzaýar. Bitaraplyk göwünleriň hoşudyr,Ynanyşmak birleşdirýär illeri. Bitaraplyk güneş ýaly nur saçar,Kalbymyzda güllär dostluk gülleri.

Parahatçylyk we ynanyşmak türkmen diplomatiýasynyň döredijilik kuwwatynda şöhlelenýär

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa giňişligi babatda alyp barýan daşary syýasaty sebitde we bütin dünýäde ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine doly kybap gelýär. Bu babatda ýurdumyzyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň berkarar edilmegi ugrunda alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda açylyp, ulanylmaga berlen iri halkara taslamalar hem doly äşgär edýär. 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen brifingde hem bu babatdaky pikir alyşmalara giň orun berildi. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde açylan täze iri desgalaryň üçüsine bagyşlanan brifingde çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Türkmenistanyň alyp barýan işjeň diplomatiýasynyň möhüm orun eýeleýändigini anyk mysallar bilen açyp görkezdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Owganystanyň sebitiň we dünýäniň halkara energetika we ulag düzümlerine hem-de hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň owgan meselelerini çözmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň bu ýurtda parahatçylygyň höküm sürmegine we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigine

Parahatçylygyň arzyly ýoly

Parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary amala aşyrýan baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ýylymyz hem ýurdumyzyň durmuşynda halkara derejesinde bitirilen beýik işler bilen taryhyň altyn gatyna ýazyldy. Şunda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz — parahatçylygyň arzyly ýoly bolup durýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi, halkymyzyň maddy, ruhy-medeni durmuşynyň has-da baýlaşdyrylmagy ähli ugurlardaky ösüşlerimize kuwwatly itergi berdi. 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratik ýörelgelere pugta eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär, asudalygy, abadançylygy pugta berjaý edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyz beýleki ýurtlar bilen dostluk, birek-biregi çuňňur hormatlamak we ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda döwletara gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary p

Daşoguz we­la­ýa­ty: döw­let­li iş­le­r, ro­waç gadamlar

Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ba­bat­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da-da yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, ola­ra öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak hem-de san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Ila­tyň aba­dan­çy­ly­gy, bag­ty­ýar­ly­gy üçin, şol san­da ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ýa­ly dur­muş ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry hem-de he­ma­ýat-gol­daw­la­ry esa­syn­da, de­mir­ga­zyk se­bit­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýer­li dü­züm­le­ri saz­la­şyk­ly ös­ýär we tä­ze kuw­wat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap oba­lar­da, ýur­duň çäk-do­lan­dy­ryş bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ýan tä­ze şä­her­çe­de, tä­ze ýa­şa­ýyş jaý we des­ga­lar top­lu­myn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil dur­muş düzümleri ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Bu aja­ýyp­lyk­lar eg­sil­mez eş­ret­le­riň hö­zi­ri­ni gör­ýän, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len üp­jün edi­len bag­ty­ýar adam­la­ryň kal­byn­da buý­sanç hem söý­gi, mi­ze­mez ynam duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär, ola­ry zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Türkmenabadyň toýly günleriniň şanly wakalary

Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli teleköpri arkaly birleşdirilen dabaralaryň yzysüre şäheriň ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşan ýene-de bir dabara bolup geçdi. Şäheriň Alty Garlyýew köçesiniň ugrunda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň täze, döwrebap binalar toplumy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu köçäniň ugrunda dolandyryş-edara jaýlarynyň döwrebap binalarynyň giden bir hatary ýerleşýär: ýangyn howpsuzlygy gullugynyň edara jaýy olaryň sazlaşykly hatarynyň üstüni ýetirdi.

Parahatçylyk — baky abadançylyk

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe boldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýylyň dolmagy bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bütin Ýer ýüzünde taryhy waka öwrüldi. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi bolup geçdi. Onda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, umumadamzadyň baş wezipesi bolup durýan dünýä ähmiýetli meselelere halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Hoşniýetliligiň ykraryýeti

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baýramçylygy esaslandyrmak hakynda başlangyç 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edildi. Bu sene parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk we hoşniýetli erk ýörelgeleriniň, deňsiz-taýsyz umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Parahatçylyk — köňülleriň aýdymy

Parahatçylyk ynsanlara bagyşlanan eşretleriň iň belendidir. Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen maslahat Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna badalga boldy.

Döwletliligiň dünýä rowaçlygy

«Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygrarlylyk babatda bitewüleşmegidir».Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň nusgalyk ruhy gymmatlyklary köp sanly täsirli rowaýatlaryň, aýtgylaryň, ýatlamalaryň, meşhur taryhy şahsyýetleriň ykballary beýan edilýär. Halkymyzyň etniki keşbini aýdyň şöhlelendirmekde bu gymmatly eser ylmy dolanyşyga täze maglumatlary girizýär, okyjyny pikirlenmäge, halk mirasy bilen has içgin gyzyklanmaga, öwrenmäge, döretmäge çagyrýar.

Ýyllar şöhrata beslenýär

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, her bir ýyl uly üstünliklere, täze rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgämiz üstünlikli durmuşa geçirilip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri barha gowulanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalary gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy halk hakyndaky aladanyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ýurdumyzyň parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň hem-de ynanyşmagyň Watanydygyny görkezýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistan sebitde durnuklylygyň, täze başlangyçlaryň hem ösüşiň merkezi hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu zatlaryň ählisi bolsa, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde öňe çykýar. 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem, bu ugurda ýurdumyzyň te

Baky bagtyýarlygyň Diýary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz gözümiziň alnynda ösüp, tanalmaz derejede özgerýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygynyň, ýaş nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň belent ýaňlanýandygynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Eziz Diýarymyzda höküm sürýän asudalygyň, abadan durmuşyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle eşretli durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek, gurmak, döretmek Arkadagly döwrümiziň ildeşlerimize eçilen ajaýyp peşgeşidir. Bu gün Diýarymyzyň ähli sebitleri gyradeň ösýär. Prezident Maksatnamasy esasynda gurulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalar sebitleriň mundan beýläk-de özgermegine, döwrebap keşbe girmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Kaka etrabynda hem iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygy bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda etrap merkezinde gurluşygy alnyp barylýan iri dokma toplumyny, Gowşut geňeşliginde gurulýan täze, döwrebap obany agzamak örän ýakymlydyr.