"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Bilermenler toparyna Natalýa Tamirisa ýolbaşçylyk etdi.

Ýylyň şygary — döwrüň çyragy

Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen nurana at, belent şygar berildi. Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde öňe sürmek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin iň zerur ýoluň nämedigini anyk kesgitläp bilmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen jümlede uly many bar. Ol parahatçylyk, ynanyşmak ýaly düşünjeleriň kök uran, ýaýran asyl mekanynyň şu toprakdygyny tekrarlaýar. Muňa bolsa şanly taryhymyz şaýatlyk edýär. Şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösýän, özgerýän ýurdumyz adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň ençeme ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýäde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşleriň bähbitlerine gönükdirilendir. Muňa ýurdumyzyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Ýewropa Öýüniň hereket etmegi, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň, iri halkara guramalarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň uly hormatyna mynasyp bolan Bitarap Türkmenistanyň dünýäde abraý-mertebesiniň örän ýokarydygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugynyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşy pugtalandyrmakda, döredijilikli ösüşleri gazanmakda möhüm orun eýeleýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasatda, ykdysadyýetd

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy.

Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän oňyn syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda hakyky nusga bolup, özüniň netijeliligini görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek wise-başlyklygyna saýlanylmagy, olarda hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, goldanylmagy munuň aýdyň subutnamalarydyr. Parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly Türkmenistan döwletimiz taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Ösen senagaty, innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryny ugur edinýän önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ösdürýän döwlete öwrüldi.

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

Milli Liderimiziň ynsanperwer işleri dünýäde goldanylýar 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň netijeleri ynsanperwer ulgamyň Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de onuň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezdi.

Döwletli işler rowaç bolar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly taryhyna zer harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip, uly üstünliklere ýetildi. Döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmeginiň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giňden ýaýbaňlandyrylyp, halkara ähmiýetli taslamalara badalga berildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň hem umumadamzat bähbitli tutumlaryň rowaçlyga beslenjek, ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrjak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny üpjün etmek we Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň uly ykrarnama, goldawa eýe boljak ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris».

Adalatyň dabaralanýan döwri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli babatda ösen ýurda öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistan köp döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda, şol sanda halkara hukuk ulgamynda-da işjeň hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolup, milli kanunçylygymyz bilen dürli ugurlardaky halkara hukuk resminamalaryny sazlaşdyrmak, halkara konwensiýalaryna goşulyşmak, ikitaraplaýyn halkara resminamalary ykrar etmek işleri hem ulgamlaýyn amala aşyrylýar.

Şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen welaýat birleşmeleriniň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin söhbet edilen maslahatda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreleriň ýokary derejelere beslenmelidigi aýratyn nygtaldy. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda goýuldy. Ýaşlaryň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmegiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda, ata Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe gitmeginde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Parahatçylygyň we ösüşleriň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini, ähmiýetini doly açyp görkezýär. Döwlet Baştutanymyz golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze kitabynyň mazmuny hakynda söz açyp: «Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär» diýip belledi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, ajaýyp ýörelgeleri öz içine alýar. Türkmen Bitaraplygy harby bileleşiklere gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de halkara derejesinde emele gelýän kynçylyklary gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.

Bagtyýarlyga beslenen menzillerde

Biz «Dünýä biziň gözlerimiziň öňünde ösýär, özgerýär» diýmäge endik edinipdiris. Bu, elbetde, dogry, ýöne döwür öz-özünden ösüp-özgeribermez. Islendik närse beýleki bir närsäniň täsiri bilen hereketde bolýar. 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halky özüniň ençeme asyrlap arzuw eden Garaşsyz döwletini esaslandyrdy. Ilkinji ädimler her bir täze dörän döwletden eserdeňligi, hatyrjemligi we şol bir wagtda-da öz öňünde aýdyň maksatlar goýup, şol maksatlara tarap okgunly we ynamly hereket etmegi talap edýär. Elbetde, Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu wakalar taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasydyr. Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi.

Sahawatyň topragydyr bu watan!

Ynsanperwer türkmen halkynyň merdana pederleri, meşhur taryhçylary, akyldarlary, syýahatçylary, halkymyzy dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji, ylymly-bilimli, dana milletleriň biri hökmünde tanadýan, ýakyn-u-alys, goňşy-garyndaş halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda, medeniýetleriniň baýlaşmagynda mynasyp ornunyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar sanardan has köpdür. Eziz Watanymyz gadymy döwürlerden bäri hoşgylaw, hormat goýujy we ylalaşykly ilaty, şirin aýdym-sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri, joşgunly toýdur baýramlary bilen özüne bendi ediji güýç-gudrata eýe ülkedir. Ynsanperwerligi bütin durky bilen kabul eden halkymyzyň dünýä bilen ýaşytdaş naýbaşy gymmatlyklary — olar zähmetsöýerlik we hoşniýetlilik, sahylyk we myhmansöýerlik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, päkniýetlilik ýörelgeleridir. Halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän bu häsiýetleri bolsa Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň nusgalyk mekdebidir. Dünýäniň çar künjeginde ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we hoşniýetli daşary syýasaty uly orny eýeleýär. Bu adyl syýasat bolsa türkmen halkynyň Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr, hiç bir düşündirişi talap etmeýän bakylyk mertebämizdir.

Zenan sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde her bir maşgala ojagynyň görki bolan zenanlarymyza uly sarpa goýulýar. Çünki gender deňligi — durmuşyň ähli ugurlarynda aýallara, şeýle hem erkeklere deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanylandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar.

Göwünlere ganat, döwre şan beren

Her bir günümiziň ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus aýratynlyklarynyň biridir. Munuň özi agzybirlikden döwlet tapan, halallyga, adalata, dost-doganlyga gol beren halkymyzyň döwletli döwrana ýetenliginiň güwäsidir. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirilýän bu asylly işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biz hem ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen döwrebap binalar dogrusynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny halkymyza ýetirmegi makul bildik.

Merdanalygyň belent sarpasy

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik babatda bize görelde bolup durýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda gahrymançylyga beslenen baý taryhymyzy, pederleriň beýik watançylyk mekdebini, Garaşsyz döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň geçen ýoluny örän ussatlyk bilen seljermek hem-de beýan etmek bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, bilim almaga, hünär edinmäge bolan hukuklary amala aşyrmak ýaly ugurlara uly ähmiýet berilýär. Halkymyz Watany owal-ahyr beýik mukaddeslik saýyp, nesillerini hut şu ruhda terbiýeläpdir. Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanýan, eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy-da mukaddesdir. Her ýylyň 27-nji ýanwarynyň Watan goragçylarynyň güni hökmünde giňden, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýedir.

Ýyl ýylydan başlanandyr, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň goldamagy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyny dakynan täze ýylymyzyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Ýyl adyna eýe bolsun! Saglyk, salamatlyk, abatlyk, rahatlyk dowam bolsun! Ýüzüni açan günleriniň ajaýyp wakalar bilen başlanmagy juda ýakymly. Hormatly Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň ilkinji sahawatly iş saparynyň Günüň dogýan ýerinden, ýagny Lebap welaýatynyň çäklerinde başlanmagynda uly many bardyr. Akylly baş oýlanyşykly oýunyň çuňdan alýan pikiriniň esasynda guraýandyr. Rysgaldan, döwletden alamat bardyr. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýýändir türkmen.

Sungat eserlerinde parahatçylyk

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sungat eserleriniň sergisi hem ýylyň şygaryna bagyşlandy. Sergide ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri sergilendi. Dürli keramika eserleri bilen milli şaý-seplerimiz hem serginiň bezegine öwrüldi.

Oguz hanyň sekizburçluk nyşany

Soltan Sanjaryň kümmetiniň gümmezindäki sekizburçlugyň, ondan bölünip gidýän şahalaryň şekili Oguz hanyň ýyldyzynyň we nesilbaşymyzyň nesil şejeresiniň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen bina edilen Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilindäki täze gurlan «Mahabat» binasy atalarymyzyň ruhy siňen döwletlilik ýörelgelerimize täze röwüş — döwrebap öwüşgin çaýýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ähli şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin iň zerur şertleriň biridigini doly subut edýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi hemişelik Bitaraplygymyzyň daşary syýasatymyzdaky beýanydyr. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklara giň orun berýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk