"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Daýhançylyk hakynda

Edenli adam topragy altyna öwrer. ***

Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Oba hojalyk habarlary

OŇAT HILLI TOHUM — ÝOKARY HASYLYŇ KEPILI Welaýatymyzda ýetip gelýän ekiş möwsümine ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Ekiljek tohum degişli gulluklaryň barlaghanalarynda görnüşleriniň arassalygy, gögerijiligi we beýleki häsiýetleri boýunça barlagdan geçdi. Tohum ätiýaçlyklary özüniň kesellere durnuklylygy, zyýan berijilerden we haşal otlardan goraglylygy boýunça ýörite dermanlar bilen ygtybarly işlenildi. Bu tohum önümleri «Daşoguzpagta» welaýat önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 9-synda taýýarlanyldy. Şeýle oňat hilli tohumyň Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda-da belli mukdarynyň taýýarlanandygyny bellemek gerek.

Zeminde jenneti dörediji

Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, oňa ideg etmek sogaply hem haýyrly iş hasaplanýar. «Bir nahal ekseň, ömrüň baky» diýip, Gorkut atamyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz bag idetmegiň edil bir perzendi terbiýeläp ýetişdiren bilen deňdigini, oňa mähir bilen seretmegiň gerekdigini nygtapdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem bag baradaky pähimlerdir paýhasly sözlere giň orun berilýär. «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç gatysy soky bolar», «Agaç tutan ýeriňden döwülmez», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa» ýaly parasatly jümleleriň pederlerimiz tarapyndan döredilmegi halkymyzda bag ýetişdirmäge uly ähmiýet berlendigini aňladýar. Häzirki döwürde bagbanlar miweli hem-de saýaly baglary ösdürip ýetişdirip, bu ugurda özgertmeleri, döredijilikli işleri durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzda tejribeli bagbanlar juda köp. Şolaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Tagan Orazdurdyýewdir.

Topraga bereket tohumy sepilýär

Düýn, her ýylda däp bolup gelşi ýaly, il sylagly ýaşulularymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Her bir tohumyň müňlesin!» diýen sözleri Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde daýhanyň yhlas-mähri siňen giň meýdanlarda ýene-de hyruç bilen ruhubelent ýaňlandyryp, möhüm möwsüme başangyç berdiler. Milli bahar baýramyny dabaraly ýagdaýda bellän ilimiziň kalbyny şatlyga besleýän şanly wakalar, elbetde, bu barlygyň bize eçilen bagtly pursatlary, goşa-goşadan tirkeşip gelip dur. Bagtly iliň günleriniň toýlara ulaşýandygy hakynda aýdylanlaryň ýöne ýerden däldigine tirkeşip gelýän toýlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynha, daýhanlarymyzyň durmuşynda iň bir möhüm günleriň başlaýandygyny habar berýän gowaça ekişi ýetip geldi. Irden welaýat häkimliginde gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly geňeş-maslahat boldy. Lebaply babadaýhanlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şu bereketli ýylynda 130 müň gektarda gowaçanyň gymmatly çig mal hasaplanylýan hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu maksada üstünlikli ýetmek üçin zerur bolan meseleler birin-birin seljerildi. Geňeş-maslahatda çykyş edenler «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem gowaçadan bol hasyl ýygnamak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.

Taryhy gymmatlyklar arzylanylýar

Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşligi maldarçylyk hojalygynda idedilen garaköli we sur goýunlary bilen meşhurlyk gazandy. Bu hojalygyň adyny dünýä çykaran wakalaryň biri hem mundan 40 ýyl ozal ― 1980-nji ýylda geçirilen halkara sergi-bäsleşigi boldy. Tallymerjenli maldarlar şol halkara sergi-bäsleşigine sur goýunlarynyň we geçileriň gatyrylan görnüşi bilen gatnaşypdylar. Günorta-gündogar Türkmenistandan baran maldarlaryň sergä hödürlän gymmatlygy uly gyzyklanma döredipdi. Olar ýörite Hormat haty we sergi-bäsleşigiň bürünç medaly bilen sylaglanypdylar.

Welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçylary Gahryman Arkadagymyzyň berýän hemaýat goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýylyň başyndan tutanýerli girişdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy martynda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 31-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.

Taýýarlykly gelindi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň gowaça ekişi möwsümi hem ýetip geldi. Bu möhüm çärä ähli obahojalyk zähmetsöýerleri bilen bilelikde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň işgärleri hem ähli tarapdan taýýarlykly geldiler. Toprakdan bol hasyl almak üçin esasan ýokary hilli tohuma daýanylýar. Bu babatda welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda hasyl berijiligi ýokary bolan tohumlar taýýarlanylýar. Welaýatymyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy bolup, olarda işler utgaşykly alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçilerimiziň «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy üçin olary ýokary hilli gowaça çigidi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Muňa oňat düşünýän kärhanalaryň agzybir işgärleri bu ugurda sazlaşykly zähmet çekýärler.

Berekede badalga

Ertir welaýatymyzda gowaça ekişine girişiler Ertir çarşenbe. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji, baharyň bolsa dördünji çarşenbesi. Ertirki gün bereketli türkmen topragynda ýene bir uly tutumyň ― gowaça ekişiniň sähedi bolar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu möhüm oba hojalyk möwsümine taýýarlykly gelindi.

Ýüpekçilik — bereket çeşmesi

Bu gün türkmen bazarlaryndaky nepis haly, ýüň-ýüpek önümlerini görmäge göz, waspyny ýetirmäge söz gerek. Biri-birinden owadan öýmelere, gyňaçlara, köýneklik matalara, atlazlara, ýüpek ketenilere gözüň düşende, Diýarymyzda dokmaçylygyň günsaýyn ösýändigine has-da göz ýetirýärsiň. Ýüpek fabriginde öndürilýän ýüpek halylar, sowgatlyk önümler, dürli ýüpek matalar daşary ýurtlaryň harydyny küýsederli däl. Bu zatlary aýtmak bilen, öndürilýän şeýle ajaýyplyklaryň çig maly bolan ýüpegi berýän, göwnüne ýetibilseň girdejisiniň berekedi egsilmeýän ýüpek gurçugy barada söhbet açmakçy bolýarys. Bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalygynda işleýän adamlaryň, çarwalaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem iş-aladasy artýar. Eýýäm fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri geçirilýär. Olaryň saklanyljak jaýlarynyň ýylylyk, çyglylyk derejesiniň talabalaýyk bolmagyny, guşlardan goraglylygy gazanylyp, ýüpek gurçuklaryna zyýan berip biljek mör-möjeklerden goramak üçin dermanlanylýar, üzärlik tütedilýär. Ýylyň gelşine görä, mart aýynyň aýagynda — aprel aýynyň birinji ýarymynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gyzgalaňly başlanýar.

Tekerlerdäki dron — daýhanyň kömekçisi

Sidneý uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen «tekerlerdäki dron» oba hojalyk roboty ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi. Günorta Uelsde synagdan geçirilen täze robot eýesine arzan düşýändigi bilen tapawutlanýar. Bu gezek asmana uçman, tekerleriň üstünde hereket etmegi saýlap alan dronuň esasy başarnygy nämede? Ol ekiniň ösüşini ölçeýär we haşal otlaryň ýaýramagynyň öňüni alýar. Gerek bolsa, ýeri bu otlara garşy dermanlap çykýar.

Marsda ýeralma ýetişdirip bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NASA guramasy peruly alymlar bilen birlikde kosmos şertlerinde ýeralma ýetişdirmek boýunça gözlegleri geçirdi. Munuň üçin Perunyň paýtagty Lima şäherinde döredilen «Älem ýyladyşhanasynda» synaglar geçirildi. Ýyladyşhanada howanyň ýylylygy 0 derejeden pese düşürilip, güýçli howa basyşy emele getirildi. Garaz, alymlar Marsdaky şertleri döretmek üçin ähli tagallalary etdiler. Limadaky «Marsyň» ýagtylygy hem hakyky Marsyň gije-gündiz çalşygyna laýyklykda düzüldi. Ýyladyşhana diňe howa babatynda däl, toprak babatda hem ýer bilen bütinleý çapraz gelýän şertlere eýe.

Bal arylaryň «ylham» gülleri

Awstraliýaly dizaýner tarapyndan işlenip düzülen «sintetiki tozanlandyryjy» oba hojalygyndaky öndürijilige goşant goşýan bal arylaryň sanyny köpeltmäge ýardam berer. Bal arylaryň sanynyň azalmagy diňe bir biodürlülige däl, eýsem, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligine-de täsiri uly. Munuň üçin olaryň sanyny köpeltmekde täze teklipler öňe sürülýär. Şol teklipleriň biri hem awstraliýaly dizaýner Maýkl Kendä degişlidir. Ol bu meseläni çözmek üçin täze tehnologiki oýlap tapyş etdi. Onuň 3D çap ediji arkaly işläp düzen robot gülleri emeli tozanlanmak bilen bal arylary hem bu işe çagyrýar. Bal arylar adaty güller bilen bir hatarda robot güllere hem gonup, iş öndürijiligini artdyryp bilerler.

Nabat bagban

Oba adamlarynyň iş guraýyşlary howa ýagdaýyna, möwsüme görä bolýar. Daýhanlar häzirki bahar maýylganlygynyň her sagadyny ýerlikli peýdalanmakdan ötri, meýdan işlerine doly girişdiler. Hawa, häzir bagban Nabat Hanabaýewanyň her sagady gymmatly. Çünki 67 ýaşly Nabat daýza bagbançylygyň baglary sapmak ýaly çylşyrymly we hysyrdyly pişesi bilen 10 ýaşyndan bäri meşgullanýar. Günorta dynç alyş mahaly onuň bilen sähel salymda bu ugurda esli zadyň gürrüňini edip ýetişdik. Ol maşgalasy bilen her ýyl bag sapyp ýa-da çybykdan nahal alýan möçberiniň 50 — 60 müňe ýetýändigini aýdýar. Munuň üçin noýabr aýynda ýere şänik atyp, gögeren nahaly bir ýyla ýakyn mahaldan — indiki ýylyň sentýabr aýynda sapýar. Sapylan nahal şondan soňam bir ýyl gögerip oturýar. Şeýdibem, iki ýyla ýetip-ýetmän, ekişe taýýar bolýar. Nahallaryň haýsysy bilen haýsysynyň sapmaga laýykdygy barada sowaly berjegimizi bilen ýaly, ol erik bilen erigi, alma bilen almany sapmagyň netijelidigini aýdýar. Behi bilen armydyň gowy «oňuşýandygyny» belleýär. Bagban zenan subtropik agaçlardan injiri hem sapýan eken.

Ýüpekçilikde möhüm möwsüm

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigata jan girdi. Daragtlar pyntyklap, gülläp, ýaprak ýaýyp başladylar. Tut agaçlary-da özüniň ýüpek ýapraklarynyň ujuny görkezdi. Şeýle günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda 2021-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekmegi ýüpekçileri örän begendirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 2100 tonna çig pile öndürmek baradaky wezipe ýurdumyzyň ýüpekçileriniň öňünde belent borç bolup durýar. Halkymyz bu pudagy üstünlikli alyp barmak bilen, baý tejribe toplady. Ata-baba ýörelgesini dowam etdirip, ýüpekçilerimiz pileden diňe bir ýüpek matalary, halylary dokamak bilen çäklenmän, onlarça görnüşli önümleri öndürmegi hem ýola goýdular.

Ýer bilen baglanyşykly sözler

Par — öňki ýyl sürlen ýer.Atyz — daş-töweregine çil çekilen ýer.Ýanaw — ýapgyt ýer.Çeltik — şaly ekiljek yzgarly ýer.Depiz — sähralarda ýerleşýän daş-töweregini gum gurşap alan şor ýer.Ala — üstüne gyrymsy çöp biten çäge gatyşykly takyrlar.Aklaň — üstünde selçeň ösümlik bitýän ullakan çägeli depe.Daz — ösümlik bitmeýän şor ýer.Şirem — iki derýanyň arasyndaky ýer.Akyn — ýagyş suwunyň akan ýeri.Peýkal — bölek ekin meýdany.Pyşda — joýanyň arasyndaky boş ýer.Nurhorda — dökün dökülen ýer.Tagta — tekiz düzlük, iki jülgäniň aralygyndaky tekizlik.Bil — görnüşine görä ýer.Guzaý — bir tarapyna Gün düşýän ýer.Çagat — ösümligi az otly ýer.Ýazy — sähralyk otuň bol ýeri.Şüdügär — sürlüp goýlan ýer.Kak — takyrlarda ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri.Jezire — dört tarapy suw bilen gurşalan ýer.Ak gaýyr — derýanyň suwunyň çekilen ýeri.

Azyk berekedi ugrunda

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkanazyk» önümçilik birleşiginiň Serdar şäherindäki azyk önümleri kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda öwgä mynasyp işler bitirildi. Has takygy, geçen iki aýda bu ýerde gaýtadan işlenen 2 müň 417 tonna pagta çigidinden 375 tonna ýokary hilli azyklyk ýag taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we süýt önümlerine bolan isleg hem barha artýar. Muňa geçen hasabat döwründe söwda nokatlaryna 20 tonna et we 27 tonna süýt önümleriniň göze gelüwli gaplara gaplanylyp ugradylmagy hem aýdyň görkezýär. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Önümçilik işleriniň amala aşyrylmagy bilen gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 1 million 294 müň manatdan hem köp boldy.

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmekde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmekde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Bu babatda mehanizatorlar daýhanlaryň iň ýakyn ýardamçylarydyr. Görogly etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndüren «Case», «CLAAS», «Ahion-850», «John Deere», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 47-si, şeýle-de «СLAAS AHOS-340» bejergi traktorlarynyň 39-sy, däne we pagta ýygnaýan kombaýnlaryň 69-sy bar. Olaryň kömegi bilen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda etrapda galla hem-de pagta meýdanlarynda düzlemek, sürüm, ekiş, hatarara bejeriş-ideg, ýygym işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Şol sanda abatlaýyş ussahanasynda we beýleki ýerlerde işler talabalaýyk ýerine ýetirildi.

Daýhan ýörelgesi

Geçen ýyl Hasyl toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda oňa ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Bu onuň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine, yhlas-başarnygyna berlen ýokary baha, kalbyny guwançdan dolduran waka boldy. Elbetde, beýleki kärlerde bolşy ýaly, daýhançylykda hem şeýle ýakymly pursatlara, uly tejribä ýetilýänçä ýadawsyz zähmet çekmeli  bolýar. Dogry, bir ýylyň dowamynda-da ýerden bol hasyl alyp, ýokary netije gazanmak mümkin. Ýöne bu entek hakyky daýhan bolandygyňy aňlatmaýar. Ol diňe uly ýoluň başlangyjy bolup biler. Soň şol ýol bilen irginsiz hem-de dogry ýörän adamyň şeýle derejeleriň buýsanjyny başdan geçirjekdigine şübhe ýok.

Oba hojalyk habarlary

TEHNIKALAR MÖWSÜME TAÝÝARS.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bagtyýarlyk döwrümiziň her ýylynda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Munuň özi hojalykda ýylyň dowamynda derwaýys çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer kärendeçileri, mehanizatorlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň golaýlap gelýän gowaça ekişi möwsümine hem oňat taýýarlyk görýärler. Olar şu günler ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işleri talabalaýyk alyp barmak bilen, onuň ilkinji pursatlardan ýokary depgine eýe bolmagyna şert döredýärler.