"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Galla — mukaddes baýlygymyz

Babadaýhan etrabynyň gallaçylary 30 müň gektarda guşgursak ak bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirip, şu günler orak möwsümini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Häzirki jogapkärli günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri gallaly meýdanlarda, şeýle-de meýdan düşelgelerinde bolup, gallaçy ýaşlar bilen duşuşýarlar, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar. Bu bolsa, gallaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrýar. Galla — ýurdumyzyň mukaddes baýlygy, azyk bolçulygynyň gözbaşy. Şoňa görä-de, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamak möhümdir. Gallaçy ýaşlar bilen bolýan duşuşyklarda hem bu hakdaky gürrrüňe aýratyn ünsi çekýäris. Şeýle duşuşyklar we höweslendiriş çäreleri galla oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de gallaçy kärendeçileriň, kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda ýaşlaryň köp sanlysynyň bolmagydyr. Olar häzirki jogapkärli günlerde päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler.

Gallaçylar bilen iş üstünde duşuşýarys

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň wekilleri galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde günortanky arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde, bol hasylly meýdanlarda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar, armasyny ýetirýärler, ýokary netije görkezýän gallaçylary sylaglaýarlar. Oba hojalygyndaky häzirki jogapkärli möwsümde kuwwatly kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Daýhan birleşikleridir hojalyklaryň ekerançylyk meýdanlarynda bolanymyzda, iş üstündäki duşuşyklarymyzyň barşynda mehanizatorlara möwsümde tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý etmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki gyzgalaňly günlerde mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýerip, kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmaklary möhüm bolup durýar.

Galla — 2024

Ak bugdaýyň bol hasyly Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Zähmetsöýer gallaçylaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada etraplaryň birnäçe daýhan birleşiklerinden hoş habarlar gelip gowuşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhan yhlasynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini görkezýär.

Şaly — 2024

Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär Welaýatymyzyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler we şu günler onuň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýyl Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary, degişlilikde, 4 müň 450 we 3 müň 150 gektar ýerde, etrabyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti 500 gektar ýerde şaly ekişini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Her bir ekiniň ýokary hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamak işleri irgözinden maksadalaýyk alnyp baryldy. Şu ýyl tohumlyk üçin kärhanada şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» ýaly görnüşleriniň tohumy taýýarlanyldy.

Höweslerine höwes goşulýar

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, şeýle hem daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Kararlary Kerki etrabynyň gallaçylaryny hem täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Olar şu ýylyň galla oragyny üstünlikli jemlediler. Etrabyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri zähmet ýeňşine uly goşant goşdular. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak baradaky Kararlaryndan ruhlanyp, 3190 tonnanyň ýerine 3449 tonna guşgursak bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrdylar.

«Nusgawy meýdanyň» bereketli hasyly

Galla — 2024 «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygy Bereket etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biridir. Ýaşy ýaňy dört onlugy tegeläp barýan, adygan daýhan, ussat ekerançy Azatgeldi Baýjanowyň tagallasy bilen döredilen bu hojalyk geçen bäş ýyla golaý wagtyň içinde köp öňegidişlikleri gazandy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, onuň hojalygyna 99 ýyla çenli peýdalanmaga 3215 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Beýik ösüşlere sary Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetinde obasenagat toplumy aýratyn orny eýeläp, bu pudagy depginli ösdürmek, sahawatly toprakdan öndürilýän hasylyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Bol hasylyň aladasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gowaçanyň bol hasylyny öndürip, şanly ýyly zähmet üstünligine beslemek hyjuwy bilen işleýän Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Şu ýylyň ýaz ekişi döwründe 21 müň 900 gektara gowaçanyň ýokary hasyl bermäge durnuklylygy bilen tapawutlanýan görnüşlerini eken etrabyň pagtaçy daýhanlary häzirki wagtda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini sazlaşykly alyp barýarlar. Etrabyň oba zähmetkeşleri pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlanýarlar. Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda bar bolan pagta ýygyjy kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda goýulýar. Kärhananyň bejeriji ussalary bu işde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa zähmetkeşleriň arasynda bolup, armalaryny ýetirýärler, öňdäki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Daýhany harman tanadýar

Ýaşaýyş üçin iň zerur — howanyň, suwuň, ýagtylygyň bol we mugt berlişi ýaly, adamzadyň iň mukaddes saýýan zatlary hem oňa aňsat hem arzan berlipdir. Ýer üstüniň ilatyny eklemek üçin aňrybaş derejede we ägirt uly möçberde zerur bolan bugdaýyň ideg-talaby hem «çyrçykly çaga ýaly» diýilýän köp sanly, ýetişdirmesi kyn ekinleriňki bilen deňeşdireniňde, has ýeňil. Ynsan gerek we zerur zatlarynyň hemmesini ekýär, döredýär, gazanýar. Yhlasy, azaby ýerine düşende-de, «aldym, tapdym» diýmän, berenine şükür edýär. Pikirlenseň, şükür etmezçe-de däl. «Uly iliň soltany» bugdaý hem Biribaryň eçilen iň naýbaşy nygmatynyň biri. Geçen altyn güýzde 170 müň gektar meýdana bugdaý tohumyny sepen Murgap jülgesiniň galladarlary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bitginli hem bereketli hasylyny ýygnamak işini ýokary depginde dowam etdirýärler. Galla oragynda işlemek üçin kemsiz taýýarlanan 500-den gowrak ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň her biri netijeli ulanyldy. Her bir kombaýn bilen möwsümiň başyndan bäri ýygnalan hasylyň möçberi geçen ýylky möwsümiň ortaça görkezijisinden eýýäm geçdi. Kombaýnçylaryň arasynda bu görkezijini häzire çenli 800 müň tonna ýetirenleri hem bar. Bu üstünligiň esasynda, ilkinji nobatda, hasylyň göwnejaýlygy ýatyr, galyberse-de, işiň bökdençsiz guralmagyna mehanizatorlaryň hünär taýýarlyklary bilen deň hatarda, ýerlerde döredilen 120 çemesi göç

Şahada düzüm-düzüm

Bahar paslynda gülläp, hasyla duran hatar-hatar baglar bu günki gün bol miweleri kemala getirdi. Şahalardaky düzüm-düzüm miweler bagbanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini görkezýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi guramaçylykly barýar. Netijede, bazarlarymyzdyr dükanlarymyz ir ýetişen erikden, üljeden, şetdalydan, garalydyr çereşnýadan bol. Bahalary-da elýeterli. Şeýle bolçulygy döretmekde türkmen işewürlerine uly orun degişlidir. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ösdürýär. Telekeçilerimiz bag nahallaryny Türkiýe, Özbegistan ýaly döwletlerden satyn alýar. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Kaka etrabynyň çäginde 1200 gektar meýdanda miwe ýetişdirýär. Geçen ýyl paýdarlar jemgyýeti miweleriň dürli görnüşleriniň 600 tonnadan gowragyny ýygnady. Şu ýyl bu sany has-da artdyrmak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Telekeçi Orazdurdy Amansähedow:

Öňdebaryjy usullardan peýdalanyp ýeralmanyň ýokary hasyly öndürildi

Ýeralma ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümidir. Ýurdumyzda bu ekiniň ekilişine we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip ilatymyza ýetirmekde Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň saldamly goşandy bar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ýeralmanyň ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde agzalan daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak miýesser etdi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewa bizi garşylap, şu günki iş-aladalary bilen tanyşdyrdy.

Üstünligiň eýeleri

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary şanly ýylymyzda 4 müň 130 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Däne oragynyň gyzgalaňly günlerinde birleşigiň Myrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Agzalan öňdebaryjy toparda işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, däne orujy kombaýnlaryň ýokary öndürijilikli işledilmegi netijesinde zähmet üstünligi gazanyldy. Olar galla harmanyna 8 müň 800 tonnadan geçirip däne tabşyrdylar hem-de şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Gazanylan üstünlikde kärendeçiler Kowus Öwezow, Kümüş Töräýewa, Agageldi Jumasahatow dagynyň mynasyp goşantlary bar.

Çopanlaryň her güni uly edermenlikdir

Maldarçylyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Baýramaly etrabyndaky «Üçajy» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer adamlary Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda dowarlara gowy garaşyk etmek bilen baglanyşykly aladalaryny has-da güýçlendirýärler. Özleriniň garamaklaryndaky bar bolan jemgyýetçilik mallaryny gyşdan ýitgisiz, orta semizlikde alyp çykmagy başaran maldarlar owlak-guzy almak möwsümini hem üstünlikli jemlediler. Öňki bar bolan goýunlarynyň üstüni 24 müň 270-den gowrak owlak-guzy bilen ýetirip, olaryň hemmesini ösdürime goýberdiler. Şeýlelikde, şu günki gün 57 müň 641 baş mala eýelik edýän üçajyly maldarlar tomus paslynyň özboluşly aýratynlyklaryny pugta nazara almak bilen, dowarlary göwnejaý bakmagyň hötdesinden gelýärler. «Çopanyň her güni uly edermenlik» diýleni hak. Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde maljanly çopanlar dowarlary bakmaga amatly, bol suwly guýularyň bar ýerlerindäki öri meýdanlary netijeli peýdalanmak bilen, mallaryň orta semizligini gazanýarlar. Elbetde, pasyllaryň hersiniň mal bakmak üçin özboluşly aýratynlyklara eýedigi hemmelere mälim hakykat. Şonuň üçin hem köpügören, tejribeli çopanlar häzirki – epgekli, gyzgyn howaly günlerde dowarlaryň gijelerine we yssy düşmänkä, gowy otlaýandyklaryny nazara almak bilen, ata-baba gelýän çopançylyk ýörelgelerinden netijeli

Gowaçalaryň idegi ýetirilýär

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Akdepe etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 320 müň gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşigi boýunça 800 gektar, «Hakykat» daýhan birleşigi boýunça 950 gektar, R.Ataýew adyndaky daýhan birleşigi boýunça 1 müň 500 gektar, S.Çerkezow adyndaky daýhan birleşigi boýunça 960 gektar meýdanda ekilen gowaça ideg edilýär. Bu daýhan birleşiklerinde ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bereketli hasyly kemala getirilýär. Daýhan birleşiklerinde şu günler gowaçalara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gowaçalary haşal otlardan arassalamak, hatarara bejergi geçirmek, iýmitlendirmek işleri öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, ähli daýhan birleşikleriň meýdanlarynda gowaçalar kadaly boý alýarlar.

Aralyk döwri

Ýyldyz senenamasynyň Aralyk döwri özboluşly aýratynlyklary bilen Ýyldyz senenamasynyň beýleki döwürlerinden tapawutlanýar. Eýsem, şol aýratynlyklar nämelerden ybarat?! Bu döwürde howada dürli üýtgeşmeleriň bolmagy ähtimal. Şol ähtimallygy nazara almak bilen, adamlar Aralyk döwründe nämelere has köpräk üns berseler, gowy boljak?! Ine, şeýle sowallar bilen, biziň öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutdy. Çerkez aga habarçymyzyň sowalyna şeýle jogap berdi:

Daýhançylyga degişli nakyllar we atalar sözi

Jepakeşi il tanar, çyn daýhany pil tanar. Harman aldym–gala aldym.

Üstünlige beslenýän netijeler

Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, her ýylda 100 müň tonna bugdaýy saklamaga we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen taslama kuwwatlylygy 5 müň tonna bolan tohumlyk bugdaýy arassalanýan we saklanýan bölümden ybarat bolan «Türkmenabat galla önümleri» kärhanasy ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Ýylyň başyndan bäri bu kärhanada jemi 19 müň 831 tonna un öndürilip, şondan 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa 1-nji hilli un önümi boldy. Şeýlelikde, kärhananyň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy.

Gallaçylaryň zähmet joşguny

Ak bugdaýyň bereketli hasylyny wagtynda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň edermen gallaçylary hem aýratyn tutanýerlilik görkezýärler.  Olar 1 müň 200 gektar ýerde bugdaýyň ähli ideglerini wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirip, guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şu günler bolsa ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap, galla kabul ediş bölümine tabşyrmak ugrunda gallaçy kärendeçileriň, hünärmenleriň, kombaýnçylaryň sazlaşykly zähmeti ähli ýerde joş urýar. Gallaçy kärendeçileriň arasynda başarjaňlygy we janypkeşlikli zähmeti bilen eýeçilik edýän ýerinden göwün diýen hasylyny öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýän guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Olardan Ogulhan Abdyýewa 20, Jemal Baýarowa 39, Myratguly Orazkulyýew 8, Öremyrat Muhammedow 6,4 gektar kärende ýerleriniň her gektaryndan 40 sentnerden geçirip  galla hasylyny ýygnap, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän ýygnap almakda kuwwatly tehnikalar daýhanyň esasy daýanjy bolup durýar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kombaýnçylary Gurbanmyrat Akmedow, Şirjan Kosmanow, Myrat Altyýew, Rejep Hajyýew dagy daşary ýurtlaryň kämil tehnikalaryny saz işledip, her biri günde 50 tonnadan gowrak «guşgursak» bugdaý hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýärler.

San­ly ul­gam bol ha­sy­lyň gi­re­wi­dir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ata-baba daýhançylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki günde ýerleri gurplandyrmak, baýlaşdyrmak, her bir ekilýän ekinlerden bol hasyl almak babatda uly aladalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly tehnologiýalara esaslanýan ekin dolandyryş ulgamy oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki döwründe önümçilik prosesleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli we ygtybarly önüm öndürmegiň täze ýollaryny we gurallaryny gözlemäge iterýär. Iň oňat tejribe, oba hojalyk önümçiliginiň sanlylaşdyrylmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we pudagy innowasiýa ösüş ýoluna geçirmäge kömek edýär. Sanly tehnologiýalar durnukly agrosenagat toplumynyň emele gelmeginiň, oba ýerleriniň ösmeginiň, topragy gurplandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň açarydyr. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga oba hojalygynda esasy ugurlaryň biri hökmünde seredilýär.

Harmanlar barha beýgelýär

Daşoguz welaýatynda galla oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, ilkinji zähmet ýeňşini gazanan daýhan birleşikleriniň hatary artýar, şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý eden kärendeçileriň sany köpelýär. Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşikleri welaýat boýunça öňdäkileriň hatarynda belent sepgide ýetip, şanly ýylyň toýly günlerini uly üstünliklere beslediler. Welaýatyň obasenagat toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat gallaçylary ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Şu ýyl hojalyk boýunça bugdaý ekilen 2420 gektar meýdandan 8 müň 524 tonna hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn tabşyryk 160 göterim berjaý edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň orak möwsüminde hojalygyň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmegi üçin degişli işler ýokary derejede guraldy. Bu paýdarlar jemgyýetinde işi ýöretmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryndan netijeli peýdalanylýar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň ýokary hasyl berýän täze görnüşleriniň ilkinji synaglary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň toplumlaýyn esasda aln