Sport ýaryşlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýar
«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyz sport döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliniň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmeklerini, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen indi ençeme ýyl bäri «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada we Uniwersiada sport ýaryşlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýär. Bu sport ýaryşlaryna ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar we özleriniň tejribelerini artdyrýarlar. Bu ýaryşlar däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralýar. Olar suwda ýüzmek, ýeňil atletika, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, 3х3 basketbol, kuraş, erkin göreş, grek-rim göreşi, futzal, basketbol, badminton, gandbol, welosport we boks ýaly sport görnüşlerini öz için