"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gyzykly geçen ýaryş

Etrek etrap häkimliginiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryş gyzykly oýunlary peşgeş berdi. Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalaryndan jemi 8 topar gatnaşyp, etrap bilim bölüminiň «Sagdyn nesil» topary onuň ýeňijisi bolmagy başardy. Ikinji orna etrap polisiýa bölüminiň «Galkan» topary mynasyp boldy. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Etrek stansiýasynyň «Menzil» topary üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri

1/8 finala barýan ýol UEFA Ýewropa Ligasy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 1/8 fi­na­lyň bi­je­le­ri çe­kil­di

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky duşuşyklar ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan 16 klub bel­li bo­lup­dy. Şol klub­la­ryň 4-si Is­pa­ni­ýa­dan bolup, Ita­li­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa­dan 3 klub ýa­ry­şy do­wam eder. Bu ýa­ry­şyň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan iň­lis klub­la­ry­nyň 2-si 1/8 fi­na­la çy­kyp, şu gör­ke­zi­ji soň­ky ýyl­la­ryň iň pes ne­ti­je­si diý­lip bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de, Da­ni­ýa­dan, Ni­der­land­lar­dan, Fran­si­ýa­dan hem-de Por­tu­ga­li­ýa­dan 1 klub 1/8 fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry­na ýe­ne-de ýe­ňil bi­je

«Baýer» toparynyň ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň iň esa­sy du­şu­şy­gyn­da — «Li­wer­pul» bi­len «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Bu deň­lik­den soň «Li­wer­pul» 2-nji or­na dü­şüp, «Braý­to­ny» Že­sus hem-de Ha­wert­siň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ar­se­nal» 1-nji bas­gan­ça­ga çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li hem-de dart­gyn­ly ge­çen oýun­da-da «As­ton Wil­la» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Brent­ford» to­pa­ry­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le-de, «Tot­ten­ham» myh­man­çy­lyk­da «Not­tin­gam Fo­res­ti», «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Şef­fild Ýu­naý­te­di» 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. «Nýu­kasl»–«Ful­ham», «West Ham»–«Wul­wer­hemp­ton» du­şu­şyk­la­ry-da ýer eýe­le­ri­niň 3–0 ha­sa­byn­daky ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 17-nji tap­gyr­da «Ži­ro­na» Dow­by­gyň (2) hem-de Por­tu­nyň gol­la­ry bi­len «Ala­we­si» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, bi­rin­ji­li­gi­ni sak­la­ma­gy ba­şar­dy. «Re­al Mad­rid» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Wil­ýar­re­al­dan» 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Go­rag­çy­sy Da­wid Ala­ba­nyň agyr şi­kes alyp, möw­sü­mi ta­mam­lan oý­nun­da «Rea­lyň» gol­la­ry­ny Bel­lin­gam, Rod­ri­go, Di­az hem-de Mod­riç ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Wa­len­si­ýa» bi­len utuk­la­ry paý­laş­dy. «At­le­tik» bi­len «At­le­ti­ko­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da bil­bao­ly­lar

«Na­po­li» bi­len «In­ter» ku­bok ýa­ry­şyn­dan ir çyk­dy

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­nal­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. «Se­rie A»-nyň soň­ky çem­pio­ny «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «Fro­zi­no­ne» to­pa­ryn­dan 4–0 ha­sa­byn­da utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­dy. «Fro­zi­no­ne» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Bar­re­ne­çea (65), Ka­so (70), Çed­di­ra (90+1 p) hem-de Har­rui (90+5) der­we­zä gi­riz­di. «Na­po­li» 65 ýyl­dan soň ku­bok ýa­ry­şyn­da 4 gol ara­ta­pa­wut bi­len ýe­ňil­di. 1/8 fi­na­lyň baş­ga bir du­şu­şy­gyn­da-da ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şy­gyň esa­sy wag­ty gol­suz ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da, has ta­ky­gy, 92-nji mi­nut­da «In­ter» Kar­los Au­gus­to bi­len öňe geç­se-de, «Bo­lon­ýa» yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­rip, çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Gol­la­ry 112-nji mi­nut­da Beu­ke­ma bi­len 116-njy mi­nut­da Ndo­ýe der­we­zä gi­riz­di.

Liga Kubogynda ýarym finalçylar belli boldy

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy (EFL Cup) ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Nýu­kasl» bi­len du­şuş­dy. 16-njy mi­nut­da Wil­so­nyň go­ly esa­syn­da öňe ge­çen gar­şy­da­şy­na oý­nuň 90+2-nji mi­nu­tyn­da Mud­ry­gyň go­ly bi­len jo­gap be­ren «Çel­si» du­şu­şyk­dan soň pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 4-2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. «Ewer­ton» bi­len «Ful­ha­myň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňi­ji 11 metr­lik ur­gu­la­ryn­dan soň kes­git­len­di. «Ful­ham» to­pa­ry 41-nji mi­nut­da Ki­niň aw­to­go­ly bi­len 1–0 öňe geç­di. Ýer eýe­le­ri 82-nji mi­nut­da Be­to­nyň go­ly bi­len ha­sa­by deň­le­di. Esa­sy wag­ty deň­lik­de gu­ta­ran oýun­dan soň pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 7–6 öňe saý­la­nan «Ful­ham» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ýa­ryş­da ýa­rym fi­na­la çyk­dy.

Fi­nal­da «Flu­mi­nen­se» bi­len «Man­çes­ter Si­ti» du­şu­şar

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Jid­da şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän 20-nji FI­FA Klub­la­ra­ra­sy Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly şu gi­je ge­çi­ri­ler. Şa Ab­dul­la­hyň ady­ny gö­ter­ýän sta­di­on­da Aş­ga­bat wag­ty bi­len 23:00-da baş­lan­jak fi­nal­da Bra­zi­li­ýa­nyň «Flu­mi­nen­se» to­pa­ry bi­len Ang­li­ýa­nyň «Man­çes­ter Si­ti» klu­by du­şu­şar. Iki to­par hem bu ýa­ry­şa il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. «Flu­mi­nen­se» to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da Af­ri­ka­nyň Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si, Mü­sü­riň «Al-Ah­li» to­pa­ryn­dan 2-0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Bra­zil klu­bu­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Arias (71 p) hem-de Ken­ne­di (90) der­we­zä gi­riz­di.

Kubok ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy

Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap du­şu­şy­gyn­da «Al­tyn asyr» to­pa­ryn­dan 4–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «Ar­ka­dag» to­pa­ry fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­dy. Du­şu­şyk­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny 3-nji mi­nut­da Na­zar To­wa­ke­low, 23-nji mi­nut­da Beg­my­rat Ba­ýow, 38-nji mi­nut­da Be­genç Ak­mäm­me­dow hem-de 70-nji mi­nut­da Ro­man Gal­kin der­we­zä gi­riz­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ýa­rym fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da-da «Ar­ka­dag» to­pa­ry «Al­tyn asyr» to­pa­ry­ny uly ha­sap bi­len (4–1) ýeň­li­şe se­ze­war edip­di.

Ýeňijiler saýlandy

Ruhubelent etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümiň meýilnamasy esasynda, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis we basketbol görnüşleri boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň sport mekdepleriniň türgenleri we orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Etrabyň 1-nji sport mekdebinde basketbol boýunça geçirilen ýaryşda şu mekdebiň türgenleri 1-nji, 2-nji sport mekdebiň türgenleri 2-nji, 3-nji orta mekdebiň türgenleri 3-nji orunlara mynasyp boldular. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 1-nji ýeri 2-nji sport mekdebiň türgenleri, 2-nji we 3-nji ýerleri, degişlilikde, 1-nji we 2-nji orta mekdepleriň okuwçylary eýelediler. Ýeňijilere etrabyň bedenterbiýe we sport bölümiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Sport

Dzýudoçylaryň üstünligi Berkarar döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Welaýatymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, golaýda Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça welaýatyň çempionaty uly şatlyk-şowhuna beslenip, çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçirildi. Ýaryş 2006-2007, 2008-2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda geçirildi. Sport mekdeplerinden ýaryşa gatnaşan oglanlaryň arasynda gazanan medallary boýunça Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň türgenleri 1-nji orna, Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgenleri 2-nji orna, Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň türgenleri 3-nji orna mynasyp boldular.

Çempion topar Kuboga hem ýakyn

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji finalçysy belli boldy. Ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Arkadag» topary «Altyn asyry» 4:0 hasabynda ýeňip, ilkinji finalçy hökmünde adyny ýazdyrmagy başardy. Duşuşyk paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Türkmenistanyň çempiony Kubok ýaryşynda-da finala çykmak meselesini eýýäm birinji ýarymda çözdi. Toparyň ussat oýunçylary Nazar Towakelowyň, Begmyrat Baýowyň we Begenç Akmämmedowyň geçiren gollary bilen 3:0 hasabynda öňe saýlandylar.

Futbol täzelikleri

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 25-nji tapgyrynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» janköýerleriniň hoşuna gelen oýny görkezmegi başardy. 23-nji minutda Magtymberdi Berenowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen «Nebitçi» öňe saýlandy. 49-njy minutda Gurbangeldi Batyrow hasaby 2:0-a ýetirdi. 51-nji minutda Ýeňiş Berdimyradowyň pökgini atanlykda öz derwezesine geçirmegi bilen, hasap balkanabatlylaryň peýdasyna 3:0 boldy. 71-nji minutda myhmanlardan Nepesmyrat Lallakow bir jogap pökgüsini geçirse-de, 80-nji minutda tapawutlanan Serdar Tukyýew «Nebitçiniň» ýeňşe bolan ynamyny has-da artdyrdy. Duşuşykdaky soňky goly 90-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren «Aşgabadyň» oýunçysy Hojanazar Gurbanow öz adyna ýazdyrdy. Şu ýeňişden soňra utuklarynyň sanyny 37-ä ýetiren «Nebitçiniň» çempionatyň jemi boýunça üçünji orny eýelemäge mümkinçiligi artdy. Häzirki wagtda dördünji orunda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary barýar we onuň 35 utugy bar.

Watana şan getiren pälwan

2023-nji ýyl we şanly ýylda türkmen sportunda gazanylan üstünlikler barada söhbet açylsa, ilki bilen paýtagtymyzda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionaty seriňe dolýar. Şol sport baýramçylygynda dünýä çempiony bolmagy başaran ildeşlerimiziň biri hem Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirowdyr. Ýurdumyzyň dünýä çempionatyna gatnaşan toparynyň düzümindäki ýeke-täk mugallym gazanan ýeňşi bilen kärdeşlerini hem, okuwçylaryny hem diýseň begendirdi. Indi kerkili okuwçylar bedenterbiýe sapagynda dünýä çempiony bolan mugallymyndan tälim alýarlar. Hut şu hakykatyň özi hem olary sporta has ýakynlaşdyrýar. Çempionyň okuwçysy bolmak, gürrüňsiz, özüňi hem çempionlyga höweslendirýär.

Sport

ÝEŇIŞLI ÝOLLAR Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen, bu meselede netijeli işlere badalga berdi. Hut şonuň üçin hem ata Watanymyzda bedenterbiýäni hem--de sporty ösdürmekde bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine sport mekdebimizde geçirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ýaş nesliň gujur- -gaýratly, ruhubelent, sagdyn bedenli zähmetsöýer, ata Watanymyza wepaly ýaşlar edip terbiýelenmeginde sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymlarynyň goşandy uludyr.

Sport mekdebiniň birinjiligi

Kaka etrabynyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçen ýaryşa oglanlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilen ýaryş ýaş türgenlere sport ussatlygyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýaşlar öz aralarynda geçiren çekeleşikli duşuşyklary arkaly hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketlerini ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini, sportda barha taplanýandyklaryny aýan etdiler.

Geljekki çempionlaryň mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň beýleki sport mekdeplerinde bolşy ýaly, Bäherden etrabynyň sport mekdebinde hem sagdynlygyň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolan bedenterbiýä we sporta aýratyn uly üns berilýär. Bu ýerde ruhubelent çagalar bilen tälimçileriň geçýän okuw-türgenleşik sapaklaryny synlanyňda türkmen sportuny şöhratlandyrjak ezber türgenleriň kemala geljekdigine uly ynam döredýär. Bu 350 orunlyk sport mekdebine ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnap, olar sportuň 8 görnüşi boýunça tälim alýarlar. Tälimçi-mugallymlaryň ýadawsyz zähmeti öz miwesini berip, sport mekdebiniň ýaşajyk we ýetginjek türgenleri welaýat, ýurt, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa tälimçileriň yhlasynyň ýerine düşýändiginden nyşandyr.

Futbol ýaryşy geçirildi

Kaka etrabynyň sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. Oňa mekdebimize gatnaýan ýaşlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Nobatdaky ýaryş ýaş türgenleriň arasynda sportuň futbol görnüşine gyzyklanmanyň we höwesiň uludygyny görkezdi. Çekeleşikli duşuşyklar şeýle diýmäge esas berýär. Şol duşuşyklar güýçli toparlary öňe saýlady. Netijede, mekdebimiziň futbol boýunça tälimçisi Dowy Hydyrowdan tälim alýan ýaşlar ýaryşyň ýeňijisi boldular. Ýaryşda ikinji orny Mekan Saryhanowyň, üçünji orny Orazaly Orazalyýewiň şägirtleri eýeledi. Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Ýaryş gyzykly geçdi

Gökdepe etrabyndaky 9-njy orta mekdepde stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde geçen bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşa orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Okuwçy ýaşlaryň ussatlygyny duşuşyklaryň her biri aýdyň ýüze çykardy.

Dünýä ýaň salan sport baýramy

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi Bu gün ak mermere bürenen Aşgabadyň ady dünýä dolýar. Nusgalyk derejesi, örän guramaçylykly geçirilmegi bilen halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni türkmen paýtagtynda jemlän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ussatlyk ýaşa bagly däl

Okuwçy gyzymyz «dünýä çempiony» diýen ada eýe boldy Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dabaralandyrýan nobatdaky taryhy waka boldy. Bu dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Ýokary derejede geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna 45 döwletden 181 türgen gatnaşdy. Juda çekeleşikli we tolgundyryjy pursatlara baý bolan çempionatda ezber türgenlerimiz jemi 15 medal gazanmagy başardylar. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bolsa bürünç medallardyr.