"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Küşt hakynda kelam agyz

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Mary welaýatynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, küştçi zenan Merjen Ýalkanowa bilen taýýarlanylan gyzykly söhbetdeşligiň mysalynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça kämilleşýän okuwçylaryň kändigine, halypalarynyň olar hakynda çynlakaý yhlas edýändigine düşünmek kyn däl. Söhbetdeşligi taýýarlan talyp gyzyň redaksiýamyzyň işjeň okyjylarynyň biridigi üçin onuň okyjylar bilen nobatdaky gezek duşuşymagyna çynlakaý taýýarlanandygyny aýtmak isledik.

Hünär ýolunda üstünlikli möwsüm

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň hü­jüm­çi­si Di­dar Dur­dy­ýew ge­çen möw­sü­mi özü­niň hü­när ýo­lun­da iň ne­ti­je­li möw­süm ha­sap­la­ýar. Bu ba­ra­da ol türk­men met­bu­ga­ty­nyň we­kil­le­ri bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gin­de ha­bar ber­di.

Hokkeý: ilki çempionat, soňra halkara ýaryşlar

10-njy ýanwarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» hokkeý topary «Merdana» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Täze möwsümiň açylyş duşuşygy mundan 10 ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Bu toplum Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişlidir. Milli çempionatyň duşuşyklary bu toplumdan başga-da, paýtagtymyzyň Milli olimpiýa sport köşgünde we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Zehin zehinden zyýada

4 — 9-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş derejelerine laýyklykda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Iň kiçi ýaş derejesi bolan 7 ýaşa çenlileriň arasyndaky ýaryş ilkinji gezek geçirilýänligi bilen tapawutlandy we türkmen küştüniň täze zehinjiklerini ýüze çykardy. Oglanlaryň arasynda paýtagtly Çarykerim Çaryýew ähli döwlerini şowly tamamlap, ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda bolsa Mary welaýatyndan Anna Çaryýewa öňdäki orny eýeledi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.

Ahalteke atlaryna sarpa

Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw mekdebi – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy topragynda açylan bu ýokary okuw mekdebimiz sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde ykrar edilip, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna mynasyp boldy. Ýokary bilim ojagymyzda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy.

Bedenterbiýe we sport

Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde futbol boýunça okuw-türgenleşikler ýokary depginde alnyp barylýar. Sport mekdebimizde tejribeli tälimçileriň 18-si zähmet çekýär. Olardan R.Waliýewiň, P.Podarowyň, W.Milleriň, Ş.Murhaliýewiň, D.Krohmalyň, R.Muhadowyň, T.Musaibowyň, Y.Öwekowyň, W.Myratjanowyň, S.Garajaýewiň atlaryny agzamak bolar. Futbol boýunça sport mekdebimizde türgenleşýän çagalaryň 370-e golaýy halypa tälimçilerden sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Okuw-türgenleşiklerinde toplanylýan tejribeler bolsa dürli ýaryşlarda toparlarymyzyň ýeňiş gazanmagyna ýardam edýär. Geçen 2023-nji ýylda mekdebimiziň «Batly» topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2010 – 2012-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda baýrakly üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Gahrymanberdi ÇOŇKAÝEW,

Salar pälwan hakda söhbet

Salar pälwan türkmeniň meşhur pälwanlarynyň biridir. Onuň nesil ugrundan bolan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Tilki obasynyň ýaşaýjysy Amanmyrat Ataýew hem-de Demirjenli Akga Çerre pälwanyň agtygy bilen bolan gürrüňçilikden soň, tanymal pälwan hakynda ýatlama makala ýazmagy makul bildim. 1891-nji ýylda Hasar dagynyň gatbar-gatbar dag kemerlerinden gözbaş alyp gaýdýan Goç çeşmesiniň, Goç we Awlak kärizleriniň suwlaryndan suwlanýan, bag-bakja bürenip oturan teke türkmenleriň wekil bölüminiň ýaşaýan mekanynda, daň säher bilen daýhan Sapar Salar oglunyň döwletli maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbejik dünýä inýär. Sapar aga oba ýaşulusyny çagyryp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, kakasynyň hormatyna Salar diýip at dakýar. Dowar soýlup, pişme bişirilýär. Salarjygyň geljekde bagtly bala bolmagy arzuwlanyp, uly toý tutulýar. «Iki aýakly iki günde» diýleni, ol ene-atasynyň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. Bedeni bekäp, ýumşa ýarap ugranyndan, öý hojalygynda we maşgalalarynyň ekin meýdanynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýollaryny öwrenip, zähmetde taplanýar. Kyblasyna mellek ýerlerinde ýer depmekde, tohum sepmekde, ideg etmekde, ýetişdirilen hasyly ýygnamakda el-aýak bolup, ýakyn kömekçi bolup ýetişýär. Hojalyk işlerinden eli sypyndygy, öz deň-duş oglanlary bilen türkm

Höwes, zehin, yhlas – üstünlikleriň gözbaşy

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen çynlakaý meşgullanmak, oňa durkuň bilen berilmek üçin hem çagalykdan höwes gerek. Ýöne diňe höwesiň ýeterlik däldigi, dogabitdi ukyp-başarnygyň, soňlugy bilen bolsa yhlasyň, hyjuwyň zerurdygy-da hemmä aýandyr. Biziň şu makalada söhbedini etjek türgenimiz hem özünde kiçiliginden sportuň boks görnüşine höwesiň dörändigini, ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde, şeýle-de, kakasynyň ýakyndan goldaw bermeginde sportuň bu görnüşi bilen indi birnäçe ýyl bäri çynlakaý meşgullanýandygyna buýsanýandygyny aýratyn nygtamak bilen aýtdy. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, sporty hemişelik hemra edinmekde, mahlasy, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli kämil adamlar bolup ýetişmekde öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny, zehinlerini aýamaýandyklaryny göreniňde, buýsanjyň bir gez belende göterilýär. Balkanabat şäherinde 2006-njy ýylda dünýä inen, häzirki wagtda bu şäherdäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Ýazmyrat Bäbişow mundan bäş ýyldan gowrak wagt ozal welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň işiginden uly umytlar bilen ilkinji gezek ätleýär. Bu sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewiň geçirýän türgenleşiklerine şondan bäri her gün höwes bilen gatnap ýören türgeniň ke

Türkmenistanyň futbol çempionaty - 2023:

sanlar we maglumatlar Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümi taryha girdi. Türkmen sportunyň taryhynda öz mynasyp ornuny tapan 2023-nji ýylyň futbol möwsümi täsirli duşuşyklaryň onlarçasyny öz içine aldy. Geçen ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň çempionatdakydyr Kubok bäsleşigindäki ýeňlişsiz ýörişi, «Altyn Asyr» toparynyň bassyr ikinji ýyl kümüş medala mynasyp bolandygy, 7 ýyldan soň hormat münberine çykan Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynyň netijeli çykyşy hakynda gazetimiziň şu sanynda gürrüň ederis.

Belent ynamdan galkynýan göwünler

Ähli ulgamlarda uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaş nesil üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara serginiň hem-de ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, tapawutlanan ýaşlaryň döwlet sylaglarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çap edilmegi kalbymyza ganat berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň goldaw-hemaýatlaryndan, beýik ynamyndan göwünleri galkynan ýaşlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýarlar. Mähriban ŞÖHRADOWA,

Taryhda şu gün

Şol wagta çenli onuň bu «görkezijisine» golaýlaşan futbolçy bolmandyr. Ýöne bu rekord 2009-njy ýylda Estoniýanyň futbol çempionatynda täzelenilýär. Şonda «Kuresaare» toparynyň goragçysy Ýanis Kriýska topy kellesi bilen derwezeçä geçirjek bolanda ýalňyşlyk goýberýär. Bu waka oýnuň 5-nji sekundynda bolup geçýär. Soňlugynda Kriýskanyň çykyş edýän topary «Lewadiýa» ýene-de 7 topy derwezesinden geçirdýär. Onuň üstesine ol oýnuň ikinji ýarymynda gyzyl petek alyp, meýdandan hem çykarylýar.

Ýaryş çekeleşikli geçdi

Mekdep okuwçylarynyň häzirki günlerde dowam edýän gyşky dynç alyş möwsüminde wagtlarynyň manyly we netijeli geçmegini gazanmak maksady bilen welaýatymyzda birnäçe täsirli çäreler geçirilýär. 14 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda guralýan şaşka ýaryşy hem şeýle çäreleriň biridir. Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen şaşka ýaryşy has-da uly gyzyklanma döretdi. Bu ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Ýaryşa etrapdaky mekdeplerden okuwçylar gatnaşyp, özara bäsleşdiler. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşda güýçlüler öňe saýlandy. Şeýlelikde, etrapdaky 21-nji orta mekdebiň topary birinji, 14-nji orta mekdebiň topary ikinji, 15-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle ýaryşlar beýleki etraplarda hem geçirilýär.

Talyp türgenlerimiziň üstünligi

Eziz Diýarymyzda sport desgalarydyr mekdepleriniň, şeýle hem stadionlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy hem-de onuň jemgyýetdäki orny aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda Uniwersiadalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadalaryň guralmagy talyp ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar.

Sport dünýäsine seýran

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli boldy Ýakynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda gyşky dynç alyş günlerini gyzykly geçirmek maksady bilen “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Oňa Mary şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylarynyň şaşka ýaryşy

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde 14 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Sarahs etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa ýaşajyk şaşkaçylar höwesli gatnaşdylar. Gyzykly geçen şaşka ýaryşynda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Onda etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Ýaşlar ussatlygyny görkezdiler

Bäherden etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň esasy maksady geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. “Türkmenistan—sagdynlygyň mekany” şygar astynda geçen ýaryşa ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde “Ýyldyz” topary birinji, “Galkynyş” topary ikinji, “Berkarar” topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Transfer täzelikleri

Tür­ki­ýä­niň «Be­şik­taş» to­pa­ry Por­tu­ga­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ozal­ky tä­lim­çi­si, 69 ýa­şyn­da­ky hü­när­men Fer­nan­do San­tuş bi­len 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Pre­mi­er Li­ga­nyň» we­ki­li «Tot­ten­ham» to­pa­ry ne­mes klu­by «Le­ip­sig­den» hü­jüm­çi Ti­mo Wer­ne­ri möw­sü­miň ahy­ryn­da trans­fer edip bil­mek müm­kin­çi­li­gi bi­len kä­ren­de­si­ne dü­zü­mi­ne goş­dy.

1-nji duşuşyklar geçirildi

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy­nyň (EFL Cup) ýa­rym fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. «Çel­si» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Middlsb­ro­dan» He­ki­niň 37-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da utul­dy. «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Ful­ham» to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da myh­man­lar Wil­lia­nyň 19-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe geç­di. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik «Li­wer­pul» to­pa­ry 2-nji ýa­rym­da yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­rip, ýeň­şi­ni baý­ram et­di (2–1). Gol­la­ry 68-nji mi­nut­da Kur­tis Jons, 71-nji mi­nut­da Ko­di Gak­po der­we­zä gi­riz­di.

«Lasio», «Atalanta» ýarym finalda

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy (Cop­pa Ita­lia) ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­la­ryň 3-si bel­li bol­dy. Rim der­bi­sin­de «La­sio» «Ro­ma­ny» 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 51-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Mat­tia Zak­ka­ni öz ady­na ýaz­dyr­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ry has-da dart­gyn­ly ýag­daý­da bol­dy. 90+6-njy mi­nut­da «La­sio­dan» Ped­ro, 90+10-njy mi­nut­da «Ro­ma­dan» Ser­dar Az­mun bi­len 90+11-nji mi­nut­da Jun­lu­ka Man­çi­ni gy­zyl kart al­dy. «Mi­lan» bi­len «Ata­lan­ta­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 45-nji mi­nut­da Ra­fa­el Leao­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, myh­man­lar Te­un Ko­op­maý­ner­siň 45+2-nji hem-de 59-njy (p) mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry esa­syn­da ýa­rym fi­na­la çyk­dy. 2018-nji ýyldan bäri finala çykyp bilmeýän «Milan» soňky gezek kubogy 2003-nji ýylda gazanypdy. Esa­sy hem-de goş­ma­ça wag­ty gol­suz ge­çen du­şu­şyk­da «Fio­ren­ti­na» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de «Bo­lon­ýa­ny» 5–4 ha­sa­byn­da utup, ýa­rym fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.