"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Mekdep okuwçylary erjelligini görkezdi

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylarynyň arasynda geçirilen şadyýan estafeta bäsleşigi hem uly gyzyklanma döreden ýaryşlaryň biri boldy. “Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşiginiň Babadaýhan etrap tapgyry etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçip, oňa orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaş nesliň sporta höwesiniň uludygyna, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerine bäsleşigiň barşynda göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýer eýeleri—19-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny eýeledi. Ikinji orna 17-nji, üçünji orna bolsa, 20-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Biz Oguzhan nesli

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Biz Oguzhan nesli” atly bäsleşigi “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi bilelikde guradylar. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylarynyň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşik ýaş nesle ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Uly gyzyklanma döreden bäsleşikde etrapdaky 29-njy orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” toparynyň resmi websaýty işe girizildi

Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi websaýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar. Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jikligi bilen gürrüň edilýär. Umuman, toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda “Altyn Asyr” topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de, oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

Küşt boýunça milli birinjilik

Aşgabatda 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligine bu oýna höwesjeňleriň 400-den gowragy gatnaşdy. Iň kiçi ýaş derejesindäki ýaryşlar paýtagtly Çaryhekim Çaryýewiň we maryly küştçi Anna Çaryýewanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Çaryhekim mümkin bolan 9 utugyň ählisini gazanyp, 100 göterimlik netije görkezen bolsa, Anna ýaryşy 8 utuk bilen jemledi. 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Maksat Awlýakulyýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, öz şahsy sport sene ýazgysyna ýene bir çempionlygy goşmagy başardy. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda lebaply Dünýä Ruslanowa taý tapylmady. Geçen ýyl hem çempion bolan zehinli gyz duşuşyklaryň birinde hem utuk ýitirmedi. Mary welaýatyndan Alyhan Batyrow 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda toplan 8,5 utugy bilen iň ýokary netije gazandy. Bu ýaşda gyzlaryň arasynda lebaply küştçi Aýýa Baýramowa iň ýokarky basgançaga çykyp, mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazanmagy başardy.

Gyzykly geçen ýaryş

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport kluby bilen dil we eşidiş taýdan şikesli mekdep ýaşly gyzlaryň arasynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Oňa gatnaşan gyzlar öz aralarynda çekeleşikli bäsleşdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna Gülasal Seýitmetowa, 2-nji orna Suraýýa Annamyradowa, 3-nji orna Malak Jumaniýazowa dagy mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Zehinli talyp, ezber türgen

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlara uly goldaw berilýär. Häzirki döwrümizde ýaş zehinli türgenlerimiziň biri-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwletgeldi Mamenowdyr. Döwletgeldi ýedi ýaşyndan bäri sportuň adaty karate görnüşi boýunça türgenleşip gelýär. Ol, ilki, etrap derejesinde, soňra welaýat, döwlet tapgyrlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldy.  Döwletgeldi Mamenow 2012-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşda şahsy kata görnüşde çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär. Soňra 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň XIX açyk çempionatynda şahsy kata görnüşi boýunça çykyş edip, 2-nji ýere mynasyp bolýar. 2015-nji ýylda bolsa Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň XIII kubagyny almak ugrundaky ýaryşda sportuň EN-BU görnüşi boýunça görkezme çykyş edip, 2-nji orny eýeleýär. 2016-njy ýylda hem Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolýar. Şeýle uly ýaryşlar Döwletgeldiniň sportda tejribesini has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň futbol federasiýasy möwsümiň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» atly baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy.

Şadyýan estafeta bäsleşigi

Sarahs etrabyndaky 26-njy orta mekdepde “Biz Oguzhan nesli” ady bilen şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşly okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy ýaşlar päsgelçiliklerden ylgap geçmek, toply ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňiji toparlaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Ilkinji üstünlik ― küştçülerden

Welaýatymyzyň ýetginjekler ýygyndysy 7 ― 17 ýaş aralygynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde 20 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda iň ýokary netijäni görkezdi. Şunda lebaply küştçüleriň 7-siniň altyn medala mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Gündogar sebitiň türgenleri 7 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ikinji we üçünji orunlary eýelän bolsalar, 9 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medallara mynasyp boldular. Bu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda Maksat Awlýakulyýew, gyzlaryň arasynda bolsa Dünýä Ruslanowa ýurdumyzyň çempiony boldular.

Täze ýyl: ilkinji halkara ýeňiş

Şu günler Omanyň Maskat şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşdan ilkinji hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy ýanwara çenli dowam etjek halkara ýaryşda türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri halkara giňişlikde ukybyny ykrar etdirip gelýän Ilima Omandaky ýaryşa çärýek finaldan girişdi. Miraly Gasanowyň zehinli şägirdi bu tapgyrda ýer eýeleriniň wekili Talýeý Al-Busaidini 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi.

Ýeňil atletikanyň taryhyndan

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Ýeňil atletika öz taryhyny örän uzak döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, ýeňil atletika boýunça ilkinji ýaryşlar biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirlipdir. Bu ýaryşlarda ýeňil atletika ylgamak, bökmek, zyňmak ýaly görnüşlere bölünipdir.

Agyr atletika

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Agyr atletika görnüşiniň döreýiş we ösüş taryhy öz köklerini gadymyýet çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Onuň ilkinji nusgasy Hytaýda — ýunanlylarda ýüze çykypdyr. Häzirki zaman görnüşi XIX asyryň ortalarynda kemala gelipdir.

Kiçi tennisiň ýaşajyk muşdagy

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Sport – peýdaly we gyzykly güýmenje. Sportuň gaty kän görnüşleri bolup, olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Özüm stol tennisi boýunça tälim beremsoň, onuň artykmaçlyklary hakynda dowamly gürrüň edip bilerin. Emma meniň esasy maksadym, ýaşajyk türgenleriň arasynda tapawutlanýanlary hakynda gürrüň etmegi makul bildim. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Hydyrowdyr.

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe-sport hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyklykda bina edilmegi bolsa ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşine has içgin girişmegine oňyn şert döredýär. Şeýle desgalaryň biri-de Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky 3000 orunlyk Ak bugdaý sport desgasydyr.

Küşt hakynda kelam agyz

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 Mary welaýatynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, küştçi zenan Merjen Ýalkanowa bilen taýýarlanylan gyzykly söhbetdeşligiň mysalynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary boýunça kämilleşýän okuwçylaryň kändigine, halypalarynyň olar hakynda çynlakaý yhlas edýändigine düşünmek kyn däl. Söhbetdeşligi taýýarlan talyp gyzyň redaksiýamyzyň işjeň okyjylarynyň biridigi üçin onuň okyjylar bilen nobatdaky gezek duşuşymagyna çynlakaý taýýarlanandygyny aýtmak isledik.

Hünär ýolunda üstünlikli möwsüm

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň hü­jüm­çi­si Di­dar Dur­dy­ýew ge­çen möw­sü­mi özü­niň hü­när ýo­lun­da iň ne­ti­je­li möw­süm ha­sap­la­ýar. Bu ba­ra­da ol türk­men met­bu­ga­ty­nyň we­kil­le­ri bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gin­de ha­bar ber­di.

Hokkeý: ilki çempionat, soňra halkara ýaryşlar

10-njy ýanwarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» hokkeý topary «Merdana» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Täze möwsümiň açylyş duşuşygy mundan 10 ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Bu toplum Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişlidir. Milli çempionatyň duşuşyklary bu toplumdan başga-da, paýtagtymyzyň Milli olimpiýa sport köşgünde we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Zehin zehinden zyýada

4 — 9-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş derejelerine laýyklykda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Iň kiçi ýaş derejesi bolan 7 ýaşa çenlileriň arasyndaky ýaryş ilkinji gezek geçirilýänligi bilen tapawutlandy we türkmen küştüniň täze zehinjiklerini ýüze çykardy. Oglanlaryň arasynda paýtagtly Çarykerim Çaryýew ähli döwlerini şowly tamamlap, ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda bolsa Mary welaýatyndan Anna Çaryýewa öňdäki orny eýeledi. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.

Ahalteke atlaryna sarpa

Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw mekdebi – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy topragynda açylan bu ýokary okuw mekdebimiz sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde ykrar edilip, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna mynasyp boldy. Ýokary bilim ojagymyzda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy.

Bedenterbiýe we sport

Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde futbol boýunça okuw-türgenleşikler ýokary depginde alnyp barylýar. Sport mekdebimizde tejribeli tälimçileriň 18-si zähmet çekýär. Olardan R.Waliýewiň, P.Podarowyň, W.Milleriň, Ş.Murhaliýewiň, D.Krohmalyň, R.Muhadowyň, T.Musaibowyň, Y.Öwekowyň, W.Myratjanowyň, S.Garajaýewiň atlaryny agzamak bolar. Futbol boýunça sport mekdebimizde türgenleşýän çagalaryň 370-e golaýy halypa tälimçilerden sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Okuw-türgenleşiklerinde toplanylýan tejribeler bolsa dürli ýaryşlarda toparlarymyzyň ýeňiş gazanmagyna ýardam edýär. Geçen 2023-nji ýylda mekdebimiziň «Batly» topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 2010 – 2012-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda baýrakly üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Gahrymanberdi ÇOŇKAÝEW,