"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Parahatçylyga we dostluga çagyryş

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar» diýip belleýär. Öňňin — 2-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Saglyk ýoluna guralan köpçülikleýin ýöriş we onuň çäginde geçirilen ýaryşlar hem bu hakykaty nobatdaky gezek açyp görkezdi. Ildeşlerimiziň müňlerçesi bilen birlikde, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň wekilleri-de bu çärä işjeň gatnaşyp, sportuň we Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydyklaryny, döwletimiziň sport syýasatyny biragyzdan goldaýandyklaryny subut etdiler. Daşary ýurtly diplomatlar özboluşly sport baýramçylygynyň özlerinde galdyran täsirlerini gysgaça, ine, şeýle beýan edýärler: Narine SAAKÝAN,BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili:

Sport — rowaçlyklara badalga

Niçikmi, her gezek Saglyk ýolunyň menzillerini külterläp, tekiz ýere aýak basaňsoň, bir yzyňa gaňrylyp, geçen ýollaryňa nazar aýlarsyň. Ine, şonda kalbyňa täsin duýgular dolar: yzda galan menzilleri özüň üçin kiçijik hem bolsa üstünlik hasaplarsyň. Adam eli bilen gurlan hem bolsa, Saglyk ýolunyň beýikli-pesli menzilleri güýjüňi-gaýratyňy ýeterlik synaga salýar. Bu menzilleriň gyşyň aňzagynda geçseňem, burçak-burçak der berip, eşigiňi ýeňledesiň geliberýän ýerleri seýrek däl. 8 kilometrlik ýoly geçip, ýere aýak basarsyňam welin, goja Köpetdagyň özem ýeňsäňden dag howasy bilen sypap, «Berekella!» diýip, arkaňa kakýana çalymdaş. «Berekella!». Öňňin bu söz Saglyk ýolunyň eteginde, gör, näçe gezek ýaňlandyka?! BMG ýaly iň uly we iň abraýly gurama nobatdaky teklibini ykrar etdiren, şeýdibem, täze bir sport baýramçylygynyň — Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň ýola goýulmagyny gazanan ýurdumyz noýabryň ikinji gününde belent ykrarnamanyň we sportuň şanyna toý tutdy. Şol toýda-da halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen şanyna şan goşan perzentlerini sylaglady. Şol pursatlarda dabara gatnaşyjylaryň, bu pursatlar agşamlyk teleýaýlymlarda görkezilende bolsa ähli ildeşlerimiziň dilinde müňlerçe gezek: «Berekella!» sözi ýaňlandy.

Paýhas oýnunyň ýaş ussady

Sport — bedeniň terbiýesi, ýöne onuň käbir görnüşleri diňe bir bedeniňi däl, eýsem, paýhasyňy hem kämillige ugrukdyrýar. Şeýle häsiýetli oýunlaryň biri-de küştdür. Gözbaşyny uzak taryhdan alyp gaýdýan küşt bu gün sport dünýäsiniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň sport abraýynda-da küşt oýnunyň orny aýratyn. Şonuň netijesinde türkmen küştçüleri hem geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Mysal hökmünde küştçülerimiziň ýakynda gazanan üstünligini, ýagny Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen nobatdaky Bütindünýä küşt olimpiadasynda birinjiligi gazanandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda ýeňişleriň ýarany bolan ýaş küştçimiz Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Eneş Arazmedowanyň adyny agzamak biz üçin has-da ýakymly boldy. Eneşiň öz gürrüň bermegine görä, onuň küşt oýnamaga bolan höwesi başlangyç synpda döräpdir. Yhlasynyň aňyrdanlygyny duýan maşgalasy bolsa 9 ýaşly Eneşe goldaw hökmünde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebini saýlapdyrlar. Küşt çöplerini emel bilen tutup, akylly hereket edýän ýaş gyzjagazyň oýna bolan höwesiniň ýöne bir gyzyklanma däl-de, geljegi parlak küştçi bolmaga döwtalap türgendigini mekdebiň ussat tälimçileri wagtynda aňypdyr. Şonuň netijesinde Eneş ilkinji ädimlerinden başlap, dowamly üstünlik gazanmagy başarypdyr. Onuň küşt boýunça mekdep

Dogry göçümdäki ýeňiş

Adam aňynyň, pikir-düşünjesiniň ösmeginde küşt bilen şaşkanyň uly ähmiýeti bar. Ine, kiçiliginden sportuň şeýle görnüşleri bilen meşgullanyp, öz deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başarýan ýaşajyk ussatlaryň, ýetginjekleriň bardygyny görenimizde, olara bolan guwanjymyz has-da artýar. Sportuň şaşka görnüşi boýunça türgenleşip, birnäçe ýaryşlarda ýeňiş gazanýan ýaş türgenlerimiziň biri-de Pena Bagtyýarowdyr. Türkmengala etrabyndaky 12-nji orta mekdepde göreldeli okaýan Pena indi köpden bäri şaşka bilen meşgullanyp, göçümiň inçe syrlaryny, şaşkanyň täsin tilsimlerini öwrenip gelýär. Oňa bu meselede tälimçi mugallym Maýsa Artykowa halypalyk edýär.

Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu dabaraly çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýöriş aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu çäre Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

«Ashgabat Open 2024» tennis ýaryşy geçiriler

Şu hepdäniň anna güni — 8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly uly halkara ýaryş badalga alar. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçiriljek bu ýaryş 12 ýurtdan 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň 70-sini bir ýere jemlär. Ýaryşda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň tennisçileri özara güýç synanyşarlar. 17-nji noýabra çenli dowam etjek halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlar, Halkara Tennis Federasiýasynyň medallary we şahadatnamalar gowşurylar.

«Arkadag» topary yklym ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary özüniň ilkinji halkara ýaryşynda ýörişini üstünlikli dowam etdirýär. Has takygy, Arkadag şäheriniň adybir kluby geçen hepdede AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli tamamlap, «B» kwaretinde birinji ornuň eýesi hökmünde ýaryşyň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy. «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji oýnunda Maldiwleriň «Maziýa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan bolsa, ikinji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Atany» 2:0 hasabynda ýeňdi. Üçünji tapgyrda bolsa Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýer eýesi bolan Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen güýç synanyşdylar. Oýun 3:2 hasabynda «Al-Arabiniň» peýdasyna tamamlandy. Ýöne muňa garamazdan, türkmen topary 3 oýunda toplanan 6 utuk bilen «B» toparçasynda birinji orny eýeledi. Bu bolsa «Arkadag» klubuna ýaryşyň çärýek finalynda oýnamaga hukuk gazandyrdy. Ýaryşyň çärýek final oýunlary 2025-nji ýylyň mart aýynda, ýarym final duşuşyklary bolsa aprel aýynda geçiriler. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň final oýny geljek ýylyň maý aýynyň 10-una oýnalar. Ençeme futbol bilermenleriniň pikirine görä, «Arkadag» topary düzüminiň güýçlüligi babatda hem, ýola goýlan oýun taktikasy boýunça hem çempionlyga esasy dalaşgärleriň biri hasaplanylýar.

Ronaldu Rahman Myratberdiýewiň üstünligini gaýtalap bilmedi

«Altyn asyryň» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşy «Al-Taawun» topary Saud Arabystanynyň Patyşa kubogynyň 1/8 final tapgyrynda düzümi ýyldyzlardan doly bolan «Al-Nassry» ýaryşdan çykardy. Şol gün Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane, Otawio, Marselo Brozowiç we Taliska ýaly ýyldyzlaryň düzüminde hereket edendigine garamazdan, «Al-Nassr» öz öýünde «Al-Taawunuň» derwezesine ýol tapyp bilmedi. Hatda oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan 6-njy minutda Kriştianu Ronaldu 11 metrlik jerime urgusyndan gol urup bilmedi. Şeýlelikde, myhman topar Walid Al-Ahmadiň 71-nji minutda uran goly bilen ýeňiş gazanyp, çärýek finalyň ýollanmasyna eýe çykdy. Ýeri gelende bellesek, mundan ozal «Al-Taawun» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň üçünji tapgyrynda öz öýünde «Altyn asyr» bilen güýç synanyşypdy. Şol oýnuň 58-nji minutynda Rahman Myratberdiýewiň geçen hepde Ronaldudyr Maneniň başarmadyk işiniň hötdesinden gelip, «Al-Taawunuň» derwezesine gol urandygyny bellemek gerek. «Altyn asyr» bilen «Al-Taawunuň» arasyndaky jogap oýny 6-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.

«Altyn top» 64 ýyldan soň Ispaniýa dolandy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň  ýarym goragçysy Rodri «France Football» žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Geçen möwsümde «Mançester Sitiniň» düzüminde Angliýanyň premýer-ligasynyň çempiony, Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi bolan, sentýabr aýynda bolsa dyzyndan agyr şikes alan Rodri baýrak gowşurylyş dabarasynda sahna eli pişekli çykdy. Munuň özi tomaşaçylar üçin has-da tolgundyryjy boldy.

«Mançester Ýunaýtediň» täze baş tälimçisi Ruben Amorim bolar

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» kluby baş tälimçi Erik Ten Hagy işden boşadanyndan soňra, onuň ýerine Portugaliýanyň «Sportingine» tälim berýän Ruben Amorimi getirdi. Iňlis kluby munuň üçin «Sportinge» 11 million ýewro möçberinde öwez tölegini töledi. Ruben Amorimiň özi «Mançester Ýunaýtede» geçeninden hoşal, «Old Traffordda» onuň ýyllyk zähmet haky bolsa 3 esse ýokarlanar. 39 ýaşly portugaliýaly hünärmen 11-nji noýabrda «Mançester Ýunaýtedde» işe başlar. Ýeri gelende bellesek, Ruben Amorim «Sportingi» 2020-nji ýyldan bäri türgenleşdirýärdi. Ol şu wagta çenli Lissabon şäheriniň kluby bilen 2 gezek Portugaliýanyň çempiony boldy.

«Iň gowular» diňe «Barselonada» oýnaýarlar

Germaniýaly hünärmen Hans-Diter Flikden tälim alýan «Barselona» şu möwsümde Ispaniýanyň La ligasynda ähli toparlardan rüstem oýun görkezýär. Munuň netijesinde katalon kluby özboluşly rekord goýdy. Has takygy, Ispaniýanyň La ligasynda bassyr üç aý bäri, «Aýyň iň gowy oýunçysy» baýragyna diňe «Barselonanyň» oýunçylary mynasyp bolýarlar. Bu sylag awgust aýynda Rafinýa, sentýabr aýynda Lamin Ýamala, oktýabr aýynda bolsa Robert Lewandowskä gowşuryldy. Çempionatyň taryhynda hiç bir toparyň oýunçylary bassyr üç aýlap «Aýyň iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edilmändi.

Saglyk ýolundaky dabara

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş hem-de halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hal­ka­ra tä­lim­çi­ bilen söhbet

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­tiniň, Türk­me­nis­ta­nyň Gand­bol fe­de­ra­si­ýa­synyň, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­tiniň, Hal­ka­ra Gand­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gur­a­ma­gyn­da Weng­ri­ýa­nyň Hal­ka­ra Gand­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň lek­to­ry, be­den­ter­bi­ýe ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, dok­tor Zol­tan Mar­çin­ka­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Olym­pic so­li­da­ri­ty technical cour­se for coaches» ady bi­len spor­tuň gand­bol gör­nü­şi bo­ýun­ça tä­lim­çi­ler üçin hal­ka­ra okuw mas­la­ha­ty we ama­ly-tej­ri­be sa­pak­la­ry ge­çi­ril­di. Tej­ri­be sa­pa­gyn­da dok­tor Zol­tan Mar­çin­ka bi­len edi­len gür­rüň­deş­lik­de ol ilki bilen Türkmenistana gel­me­gi­niň sebäbini gürrüň berdi:

Ýurduny tennis arkaly tanatmak isleýän türgenler

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Is­len­dik ýur­duň ta­nal­ýan ra­ýat­la­ry bol­ýar. Ola­ryň ara­syn­da tür­gen­le­re aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Da­şa­ry ýurt­ly we­kil­ler Türk­me­nis­ta­na ge­le­nin­de hem il­ki bi­len meş­hur tür­gen­le­ri­niň at­la­ry­nyň tu­tul­ýan­dy­gy­na kän ge­zek şa­ýat bo­lan­sy­ňyz. Az­da-kän­de sport­dan ha­bar­ly adam Mag­nus Kars­len di­ýil­se Nor­we­gi­ýa­ny, Ro­nal­du­dan söz açyl­sa Por­tu­ga­li­ýa­ny, No­wak Jo­ko­wi­çiň ady tu­tul­sa Ser­bi­ýa­ny ýat­lar. Çün­ki olar öz­le­ri­niň gör­kez­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri bi­len öz ýurt­la­ry­ny dün­ýä ta­nat­ma­ga go­şant goş­du­lar. Pa­riž Olim­pia­da­syn­da Ser­bi­ýa­nyň ga­za­nan 3 al­tyn me­da­ly­nyň için­de iň ar­zy­ly­sy ten­nis bo­ýun­ça ga­za­ny­la­ny diý­mä­ge esas bar. Çün­ki Jo­ko­wi­çiň ýeň­şi­niň şa­ny­na Olim­pi­ýa oba­syn­da ser­bi­ýa­ly­la­ryň kon­sert gu­ran­dy­gy­ny ha­bar­lar­dan okap­dym.

Türk­me­nis­tan — iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ýur­dy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry de­re­je­li sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­niň ös­me­gi, şeý­le hem sag­dyn dur­muş yö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek üçin gi­ňiş­le­ýin çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let eda­ra­la­ry­nyň, ýo­ka­ry we or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da dür­li sport ýa­ryş­la­ry yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

«Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­syn­da

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny «Arka­dag» fut­bol to­pa­ry AFK-nyň Ça­gy­ryş li­ga­sy çä­gin­de Gyr­gy­zys­ta­nyň «Ab­dyş-Ata» to­pa­ry bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da 2:0 ha­sa­byn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ne­ti­jä­ni ga­zan­ma­ga Şä­mäm­met Hy­dy­row we Ab­dy Bä­şi­mo­wyň to­ra gi­ri­zen gol­la­ry mümkinçilik ber­di.

Ta­lyp tür­gen­ler jiu-jit­su bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Gre­si­ýa­nyň Irak­li­on şä­he­rin­de ta­mam­la­nan jiu-jit­su bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy ne­ti­je­li çy­kyş­la­ry bi­len be­gen­dir­di. Il­deş­le­ri­miz dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň do­wa­myn­da 5 al­tyn, 6 kü­müş we 10 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. Üs­tün­lik ga­za­nan tür­gen­le­riň ag­la­ba bö­le­gi­niň ta­lyp­lar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň bi­lim al­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, spor­tuň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça hem öz ukyp­la­ry­ny gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de beý­le­ki ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem ta­lyp­la­ry­nyň gör­kez­ýän ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň me­dal gaz­na­sy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Bu ha­ky­ka­ta Gre­si­ýa­da ta­mam­la­nan jiu-jit­su bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da no­bat­da­ky ge­zek göz ýe­tir­dik. Irak­li­on şä­he­rin­de gu­ra­lan ýa­ry­şa 72 ýurt­dan 1000 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy dün­ýä çem­pio­na­tyn­da «kon­takt» we «kom­bat» gör­nüş­le­rin­de ýur­du

Täze eýýamda sport ýaňy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe­ sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem­-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Golf — şähdaçyklygyň sporty

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Sport gör­nüş­le­ri­niň için­de golf oý­ny has hem gy­zyk­ly we tä­sir­li oýun­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu oýun bi­len meş­gul­lan­ýan adam­lar şäh­da­çyk hem şa­dy­ýan bol­ýarlar. Golf oý­ny dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da ösen sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Biz, esa­san, dur­muş­da golf oý­nu­ny spor­tuň hok­keý gör­nü­şi­ne meň­zed­ýä­ris. Ýö­ne golf hok­ke­ýe meň­ze­se-de bu­zuň üs­tün­de oý­nal­ma­ýan­dy­gy we beý­le­ki kä­bir düz­gün­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu oý­nuň oý­nal­ýan meý­dan­ça­sy ýa­şyl land­şaf­ty, gö­zel­li­gi we daş­ky owa­dan­ly­gy ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hem dün­ýä halk­la­ryn­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň 50 mil­li­on tö­we­re­gi bu oýun bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ýö­ne bu gör­ke­zi­ji gün-gün­den bar­ha art­ýar. Bu bol­sa golf oý­nu­na is­leg bil­dir­ýän adam­la­ryň sa­ny­nyň has-da köp­dü­gi­ne su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Her bir sport gör­nü­şin­de bel­li bir mak­sat bol­ýar, my­sal üçin, bas­ket­bol oý­nun­da pök­gi­ni se­be­te sal­mak, fut­zal­da pök­gi­ni der­we­ze­den ge­çir­mek bol­şy ýa­ly, golf oý­nun­da bol­sa esa­sy mak­sat, uzak ara­lyk­da ýer­le­şen öý­jük­le­re top­ja­ga­zy sal­mak­dyr.