"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Hukuk düşünjeleri artdyrylýar

Ýurdumyzda ykdysady, maşgala, hojalyk we beýleki gatnaşyklara degişli halkyň milli ruhundan ugur alýan kämil kanunlar kabul edilýär. Adamyň esasy gymmatlyk hökmünde öňe sürülýän ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar raýatlaryň erkin ýaşamagy, döretmegi, erkin ýuridik taraplary döredip, ýurduň ykdysadyýetine goşant goşmagyna oňaýly şert döretmek baradaky talaplardan ugur alýar. Garaşsyz ýurdumyzda her bir kabul edilýän kanun raýatlaryň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde iňňän uly wezipeleri goýýar. Şunda diňe bir hereket edýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak ýeterlik däldir. Raýatlaryň  hukuk düşünjeliligini artdyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurduň her bir raýatynyň döwletiň kabul edýän kanunlaryna bolan hormaty watançylyk duýgusyndan gözbaş alýar. Watany söýýän her bir raýat onuň kanunlaryny hormatlaman bilmeýär.

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alyp, atyzlara gelşik berýän gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar. Etrabyň gowaça meýdanlaryna ene ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen ösüş suwy tutulýar. Şunda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Her bir suw soruja jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olaryň saz-gurat işlemegini gazanýarlar. Gowaça meýdanlaryna suw tutmak işlerine daýhan birleşikleriniň topar ýolbaşçylary, miraplary gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, her gün 600 gektara golaý ýerde gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Akderýa», «Galkynyş», «Bereket», «Pagtaçy» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar.

Ökde türgenleriň ýeňşi

Ruhubelent etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň sport zalynda sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça mekdebiň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa sport mekdebiň oglan-gyz türgenleri gatnaşdy. Netijede, Orazgeldi Gurbanazarow 35 kg, Aýjahan Annaýewa 42 kg, Gülnur Saparowa 32 kg agramda 1-nji orna, Agajan Täçmyradow 38 kg, Almira Zafarowa 33 kg, Penageldi Annaýew 28 kg agramda 2-nji orna, Alihan Zafarow 27 kg, Gülnäz Bäşimowa 20 kg agramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere mekdebiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar Daşoguz şäherinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlanýarlar.

Bildirişler

Dalaşgärleriň dykgatyna!

Bildiriş

Ylymlar dünýäsinde täze basgançak

Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öňümizde duran okuw ýylyndan başlap, diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda däl, eýsem, ýurduň Ahal we Balkan welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýan ýaşlara hem mugallymçylyk hünäri boýunça bilim berip başlar. Dalaşgärlerden resminamalar ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kabul ediler. Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden bolan dalaşgärler resminamalaryny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tabşyryp bilerler. Resminamalary kabul edişlik 15-nji iýulda başlanyp, 28-nji iýulda tamamlanar. 31-nji iýuldan 17-nji awgust aralygynda bolsa giriş synaglary geçiriler. Giriş synaglary Türkmenabat şäherinde geçiriler.

Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Ony biziň bölümimiz bilen welaýat baş bilim müdirligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Öňde goýulýan belent talaplardan ugur alyp, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy göreşmek boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen degerli işler alnyp barylýar. Munuň üçin okuwçy ýaşlaryň arasynda ýangyn-amaly sporty giňden ýaýradylýar. Bu geçen bäsleşik ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli boldy.

Bäsleşik geçirildi

Golaýda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda «Datly tagamlar» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady gyzlaryň ýaşlykdan türkmen milli tagamlary bilen giňden tanyşmaklaryny, olaryň taýýarlanyş usullaryny özboluşly öwrenmeklerini hem-de dynç alyş döwründe boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Emin agzalarynyň ses bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Netijede, birinji orna etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Roza Azadowa, ikinji orna Aýnura Şakirjanowa, üçünji orna bolsa Arzuw Babamuradowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Medeniýet — bir milletiň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan, onuň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň jemidir. Halkyň kalby hasaplanýan medeniýet, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda özara baglanyşygy we agzybirligi gorap saklaýar. Medeniýet halkyň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, dilini, sungatyny, edebiýatyny we ylym-bilimlerini öz içine alýan giňişleýin düşünjedir. Ol jemgyýetiň döredijilik we intellektual mirasy bolup, nesillerden-nesillere geçirilip, durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar. Medeniýet, jemgyýetiň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Halkyň dünýäni nähili görýändigini we kabul edýändigini görkezýär. Halkyň baýramçylyklary, toý-dabaralary, ýagşy ýörelgeleri, sungat eserleri we edebiýatlary arkaly onuň dünýägaraýşy we ruhy gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, medeniýet halkyň özboluşlylygyny we aýratynlygyny hem öňe sürýär. Medeni mirasy gorap saklamak we ony ösdürmek, nesilleriň arasynda ruhy baglanyşygy üpjün edýär.

Olimpiýa şäherçesiniň mümkinçilikleri ykrar edilýär

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänama gowşuryldy. Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Şöhratly taryhymyza sarpa

Ajaýyp döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasy kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy bu halkara düzümiň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşykl

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň täze sahypasy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysalydyr. 2024-nji ýylyň 5 — 7-nji  iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri bo

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 16/07/2024

Grigorýew Wiktor Sergeýewiçiň adyna Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 12-nji “A” jaýynyň 24-nji öýüne berlen tükelleýiş işiniň, şertnamasynyň, kararynyň we  0002274 hususy eýeçilikdäki gozgalmaýan emläge bolan hukugy hakyndaky şahadatnamasynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Wagyz-nesihat çäreleri

Halal zähmetiň guwanjy TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrabyň “Akýap” daýhan birleşiginiň bilelikde guramagynda “Halal zähmet bilen gazanylýan üstünlikler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan daýhan birleşiginiň edara jaýynda geçirilen bu çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, şu daýhan birleşiginiň kärendeçileri we Gumgüzer geňeşligiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Sport

Ezberler ýeňiş gazandylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasaty bu ugurda durmuşa geçirilýän netijeli işlerde üstünliklere beslenýär. Türkmen türgenleriniň dürli derejelerdäki şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle ýeňişli gadamlar bolsa, gözbaşyny sport mekdeplerinde, türgenlere berilýän tälimlerden, türgenleşiklerden alýar.

Bildirişler

Aýjeren Amangeldiýewna Japarowanyň adyna berlen № 0000479 hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky, № 0000777 fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulandygy hakynda şahadatnamalarynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Bildirişler

Halaç etrabyndaky R.Seýidow adyndaky 1-nji orta mekdepden Solmaz Jumanazarowna Hojanazarowa berlen A № 050692 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borç

«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi

14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy. Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.   Onunjy tapgyr marafon görnüşinde geçdi: mehanikleriň hem-de kömekçi wekilleriň galandygy sebäpli, türgenler ýüze çykan näsazlyklary özbaşdak bejermeli boldular. Şol bir wagtyň özünde hem, tapgyryň menzilleri sürüjileriň hem-de şturmanlaryň örän ünsli bolmagyny talap edýän diýseň ýokary tizlikde geçilmeli sähra ýollaryndan we daşlyk ugurlardan uzady.