"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Bagtyýar ýaşaýşyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 12-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde berlen maglumatlar berkarar döwletimiziň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol maglumatlaryň her biri watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasydyr. Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Baýramgül Amanowanyň adyna resmileşdirilen A 1888470  belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkanabat şäher salgyt bölümi tarapyndan 2024-nji ýylda Baýramgül Amanowanyň adyna berlen A 0089655 belgili hususy telekeçiler tarapyndan girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamanyň ýitirilendigi habar berilýär.***                                                  Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Baýramgül Amanowanyň pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Rakat Aýapbergenowiç Munalbaýewiň adyna resmileşdirilen A 0551290 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkanabat şäheriniň pensiýa gaznasy tarapyndan 2024-nji ýylda Azima Gaýypowanyň  adyna berlen 0058559  belgili fiziki şahsyň (telekeçiniň we özbaşdak iş bilen meşgullanýanyň) ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakyn

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 18/07/2024

Miras emläginiň her haýsy deň paýda mirasdarlary: Hojamedow Welmyrat Atamyradowiçiň we Hojatow Begli Nurgeldiýewiçiň atlaryna goýlan Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 35-nji jaýynyň 6-njy öyüne berlen öý kitabynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Wagyz-nesihat çäreleri

Degerli düzgünler düşündirildi Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edip, çagalaryň köp sanlysy dürli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şol merkezlerde çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Dessançy bagşy Gurt Ýakubowy ýatlap...

Golaýda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, dessançy Gurt Ýakubowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli aýdymçylaryň, sazandalaryň we welaýatyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Ýolöten şäherinde — Gurt Ýakubowyň doglup, ýaşan öýünde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen duşuşyga meşhur kyssaçy bagşy Gurt Ýakubowyň çagalary, agtyklary, dogan-garyndaşlary we aýdym-saz muşdaklary hem uly höwes bilen gatnaşdylar. Duşuşykda meşhur dessançy bagşynyň şägirtleri — bagşylar, dessançylar halypa bagşy Gurt Ýakubowy ýagşylykda ýatlap, onuň bilen baglanyşykly ýatlamalary, ajaýyp pursatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de, halypanyň şägirtleri onuň aýdan aýdymlaryny, dessanlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Gyz edebi zenan gözelligidir

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi. Oňa etrabyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Bu çäre maşgala ojagyna wepadarlyk, zenan edebi, zenanlara goýulýan sarpa ýaly meselelere bagyşlanyldy. Maslahatda “Baýramaly” daýhan birleşiginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygynyň orunbasary Oraznabat Esenowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň etrap birleşmesiniň hünärmeni Aýbölek Beknepesowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda zenan edebi we mertebesi, ony saklamak, maşgala mukaddesligi, zenan adyna şek ýetirjek ýaramazlykdan gaça durmak, nesil terbiýesinde ruhy-ahlak ýörelgelerimize salgylanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

El hünäri — il gezer

Sergi guraldy TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda “El hünäri — il gezer” atly sergi guraldy. Oňa TKA-nyň Sakarçäge, Türkmengala, Baýramaly etrap hem-de Baýramaly şäher birleşmeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, medeniýet işgärleri hem-de eli hünärli ildeşlerimiz gatnaşdylar. Sergide, ilki bilen, Sakarçäge etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýnabat Çaryýewa özüniň agaçdan ýasaýan dürli görnüşli çemçeleridir okaralary, şu etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Gowşut Gapurow türkmeniň milli saz guraly bolan dutaryň ýasalyşy barada çykyş etdiler.

Çagalar özara bäsleşdiler

Ýakynda welaýatymyzda hereket edýän “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Sport parahatlykdyr, dostlukdyr, sagdynlykdyr we gözellikdir” atly hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary derejede geçirilen sport ýaryşyna “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Ýaryş, diýseň, gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda çagalar özara bäsleşip, hereketli oýunlar boýunça özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede, “Watan” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Arkadagyň nesli biz” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Aýdym-sazly dabara

Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy Golaýda etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň, etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Arkadag ýyldyzy — geljegiň ýagty ýoly Şeýle at bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat hem-de şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabara

Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri Golaýda TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 3-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 3-nji, 5-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Meýlis Döwletgeldiýewiç Kerimowyň adyna resmileşdirilen A 1527767 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Bagtly çagalygyň mekany

Güneşli Diýarymyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly we netijeli geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Çagalar ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, wagtlaryny manyly geçirýärler. Mekdep okuwçylarynyň uly topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki, şeýle-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde şadyýanlykda dynç alýarlar, saglygyny berkidýärler. Tejen etrabynyň mekdep okuwçylarynyň onlarçasy Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp geldiler. Möwsümiň ýakyn günlerde badalga aljak üçinji tapgyrynda hem çagalaryň uly toparyny agzalan merkeze ugratmak meýilleşdirilýär. Gökdere jülgesindäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglygyny berkitmek bagtyna eýe bolan çagalaryň sany hem az däl. Bu zatlar çagalara täze okuw ýylynda täze güýç bilen barmaga itergi berýär.

Duşuşyk işjeňlikde geçdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň edara jaýynda ilkinji guramalaryň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady etrapda ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmakdan we işjeňligini artdyrmakdan ybarat boldy. Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän häzirki eşretli günlerimizde ýaşlaryň aýratyn alada bilen gurşalandygy, olaryň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda ajaýyp mümkinçilikleriň bardygy, şolardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Duşuşykda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmagyň ýollary barada çykyşlar diňlendi hem-de ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

17-nji iýul hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.