"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gel, Täze ýyl, töre geç!

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly geljege ynam bilen garşylandy 31-nji dekabrda — 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guraldy. Olar Täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi.

Gyş paslynyň ak sowgady (Oý­lan­ma)

Güýz paýawlaberende, enem pahyr miwelerden, ir-iýmişlerden ullakan gazanda toşapdyr mürepbe gaýnadardy. Bizem çür-çülpe çaga bolup gazanyň daşyndadyrys. Enem ullakan kepgir bilen gaýnap duran gazany bulap durşuna, wagtal-wagtal bize gatyrganardy: — Gazanyň daşynda kebeleklemäniňizde, oýnamaga başga ýer tapan dälsiňiz. Görýäňiz-ä, ulularyň işlidigini! «Gara gyş» gelýär. Bu zatlardan wagtynda ýüküňi tutmasaň, soň hezil bermez.

Zemin jümmüşine syýahat

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). DOKUZYNJY BAP

Zyýada ýyl — zerewşan

«Sypalasaň, ýumşak sypaň bolaryn. Silkeleseň, buýnuzym ýaly gaty tagta dönerin» diýýän sygyr malyny halkymyz rysgal-berekediň çeşmesi hasaplaýar. Gapysynda göleli sygry bar maşgala edil gyzylly humuň eýesi ýalydyr. Ertir bir bedre, agşam sagymynda hem şonçarak süýt berýän sygryň bolsa, bala-çaga birenaýy ýaýrap-ýaýnaýandyr. Süýt-gatygyň düzümindäki peýdaly ýokumlar çaga-çugadyr garry-gojalaryň süňk-süýeginiň berkemeginde, saglygynyň sazlaşmagynda bahasyz dermandyr. Şol sebäpli-de pederlerimiz elmydama sygyr ýylyny hoşnutlyk bilen garşylapdyrlar. Bereket-bolçulygyň edil süýt ýaly dolup-daşjagyna berk ynanypdyrlar. Sygyr ýylynyň ýagyş-ýagmyra baý bolmagy meýdanlarda ot-çöpi boladypdyr. Ekin-dikin leýsan bolup, mal-gara, guş-gumry köpelip-känelip, guzulap-owlaklap, jüýjeläp-jäjeläp, toýlary goşalandyrypdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda sähra-düzlerimize bereket nury bolup inen ak garyň galyňlygy hem şol ata-baba ýörelgeleriň tebigat bilen sazlaşykda dowamatlygyna güwä geçip, kalbymyzda ýüzläp-ýüzläp ýakymly ýatlamalaryň ýaňadan ýaşamagyna itergi berýär. Oba çagalarynyň arasynda daň säher bilen oýanyp, sygyrlaryny padymana goşup gelmegi arzuw etmeýäni bir barmyka?! Megerem, bu sözlere öz ýanyňyzdan bir ýylgyryp, gaýybana başyňyzy iki-ýana ýaýkansyňyz. Sebäbi, daňyň kuýaşy säher tämizligine ýaňy garyşyp ugrandan oýanmaga meýillisiň. Oýkanjyrap, eýläňe bir agdarylyp, beýläňe bir agdaryly

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Söz hem saz sungatynyň ussatlary

Saz bilen söz sungaty dörän gününden bäri «el tutuşyp» gelýär. Gadymyýetiň ozanlaram düzen gahrymançylykly hekaýatlaryny saza hiňlenip ýerine ýetiren bolsalar gerek. Žurnalyň bu sanynda biz söz bilen sazyň «başyny çatan» şahsyýetler barada söhbet açmakçy. Ýagny gürrüň diňe edebiýat bilen meşgullanman, saz sungatynda hem ussatlygyny görkezip bilen ýazyjy-şahyrlar ýa-da tersine, sazandarlykdan daşary söz sungatynda hem yz galdyrmagy başaran adamlar hakynda barar.

Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar bilen

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, mundan beýläk göni aragatnaşyklary hem-de alyşmalary höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Rysgal bolup geldi, bagt bolup geldi

welaýatymyzyň ilaty köne ýyl bilen hoşlaşyp, Täze, 2021-nji ýyly uly dabaralar bilen garşy aldy Güneşli Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen köne ýyly taryha ugradyp, Täze — 2021-nji ýyly garşylamaklyga bagyşlanan toý-dabaralar uludan tutulýar.

Täzelikleriň ýyly boldy

Ýyllaryň şöhraty goýnunda bitirilen işleriň derejesi bilen ölçelýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda hem ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda bitirilen işler, ýola goýlan täze önümçilikler barada aýdara-diýere zat kän. Gazetimiziň baýramçylyk sanynda biziň welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň önümçilik täzelikleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Merkezi Aziýada iň uly keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhana. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Halaç etrabynda açylan täze kärhanada keramiki-bezeg önümleriniň ýylda 200 müň tonna golaýyny öndürmäge mümkinçilik bolar. Muny täze kärhanadaky işleriň ilkinji depgini hem tassyklaýar. Işläp başlanyna heniz bir aý hem geçmedik kärhanada her gün 500 ― 550 tonna çenli önüm öndürilýär. Robot tehnologiýasy bilen işleýän kärhananyň önümlerine eýýäm daşary ýurtlardan isleg hem kän.

Täze ýylyň eýjejik bagty

Çagakak ürç edip okaýan Täze ýyl goşgularymyzyň biri: «Täzeden täze bagtyAlyp gelen Täze ýyl...»

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Agyz-burun örtügini

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen

Meýdançada jadyly gyş bagy döredildi. Şol ýerde neon bezegleri haýran galdyryjy keşbi emele getirýär.Ýeňiljek gurnamalar özboluşly seýilýodajyklaryň wezipesini ýerine ýetirýärler. Ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşany bolan şadyýan öküzjik ýurdumyzyň Baş arçasynyň özboluşly baýramçylyk bezegine öwrüldi. Her bir täze ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamak halkymyzyň ajaýyp däbine öwrüldi. Mähriban halkymyz 2021-nji ýyly hem geljege uly ynam bilen garşylady. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly uly baýramçylyk dabaralaryna besläp, ruhubelentlik bilen garşylady. Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär hem-de ýetip gelen ýylda täze wezipeler kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu hepdäniň çarşenbe güni, Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi.

Bagtyýarlyk mukamy

Mähriban halkymyz Täze ýyl baýramçylygyny uly şatlyk, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylady. Aýratyn hem, bu senä çagalar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar Aýazbabany we Garpamygy garşylamagy, oňa goşgy aýdyp bermegi arzuw edýärler. Täze ýyl baýramçylygynda gowşurylýan sowgatlar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Olara niýetlenen Täze ýyl sowgatlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli konditer önümleri bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Biz hem golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanada bolup, telekeçi Muhammet Amanow bilen bular dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet tarapyndan uly goldawlar berlip, telekeçileriň dürli önümleri öndürmekligine giň ýol açyldy. Bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz hususy telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen dolduryldy. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, dünýä bazarlarynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Biziň kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Häzirki wagtda kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanamyzda «Bars» haryt nyşanly owadan we gözegelüwli gaplara gaplanan süýjülikler, keksler, şokoladlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Biziň

Paýtagtymyzyň Täze ýyl öwüşginleri

Şu günler paýtagtymyz Täze ýyl baýramçylygynda has-da gözel görke eýe boldy. Şaýollardyr köçeleriň ugurlarynda, edara-kärhanalaryň töwereklerinde döredilen gözellikler mähriban ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň görkana baglary ak gara beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Täze ýyl baýramynyň öwüşginine beslenen, beýik ösüşlere eýe bolan ak şäherimiz bu günki gün ähli halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Golaýda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerde Gahryman Arkadagymyzyň agtygy bilen paýtagtymyzyň gözel ýerine, Köpetdagyň ajaýyp künjegine gezelenç etmegi hem mähriban ildeşlerimizde ýakymly duýgulary döretdi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerde ak şäherimize ak garyň bolluk bilen ýagmagyny hem mähriban halkymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen kabul etdi. Halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen pähim hem bar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallar üçin Täze ýylyň ilkinji ongünlügi gyzgalaňly geçer. Hünär-iş orunlarynda olar täze başlangyçlary öňe sürerler, işlerini batly depginlerde alyp bararlar. Hamallaryň öňünde hünär ugurlarynda kämilleşmek üçin giň mümkinçilikler açylar. Tejribeli hünärmenler bilen pikir alşyň. Hünär ugrunda ýörite edebiýatlary okaň.

Möwsümleýin näsaglykdan ägä boluň!

Ýylyň gyş paslynda möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin, ilki bilen ýyly geýinmeli, şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Munuň üçin daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy goranyş enjamy bolan agyz-burun örtüklerini öýden çykylanda hökman dakynmaly. Olary her 2 — 3 sagatdan çalşyp durmaly. Eger dokma senagatynda öndürilýän köp gezeklik örtükler ulanylýan bolsa, olary talabalaýyk arassalanandan soň, iki tarapyndan hem ütükläp dakynmaly. Örtük dakynylmazdan öň agyz boşlugyny duzly ergin bilen çaýkamak, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak maslahat berilýär. Öý we iş otaglarynyň temperaturasyna yzygiderli gözegçilik etmeli. Otaglary ýelejiredip, arassaçylyk işlerini geçirip, ýyly saklamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ähmiýeti beýan edilýän üzärlik ösümliginiň guradylan otuny tüsseletmek düzgünlerini berjaý etmeli. Lukmanyň maslahaty bilen buýan kökünden taýýarlanýan melhemlerden peýdalanmaly. Penjireleri, gapylary ýapyp, otaglarda üzärligi mazaly tüsseledip, birsalym goýmaly. Soňra penjireleri açyp, otagyň içiniň tüsse ysyny çykarmak bolýar. Bu arassaçylyk işini her günde ýerine ýetirmek peýdalydyr.

Lukman maslahat berýär

Kadaly we dogry iýmitlenmek adama güýç, saglyk berýär, sazlaşykly we doly ösüşi üpjün edýär, kesellerden goraýar we ýokanç kesellere garşy göreşmäge kömek edýär. Sagdyn bolmak üçin iýmit tertibiňize uly üns berip, dürli nygmatlardan her gün işdä bilen iýip durmaly, naharlananyňyzda sogan, sarymsak ýaly önümleri ulanmaly. Bugdaý unundan taýýarlanan içi ajy gyzyl burçly, sarymsak we süzme goşulan unaşy içmeklik möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak üçin peýdalydyr.