"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Gymmaty egsilmeýän eser

Hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ensiklopedik eseriniň XII jilti bütin halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Diýarymyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamasy kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Kitabyň XII jilti 2 bapdan, 348 sahypadan ybaratdyr. Onuň birinji baby «Dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasy», ikinji baby «Maglumatnama» diýlip atlandyrylýar.

Ýylyň iň göreldeli okyjysy

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Biz muňa bäsleşigiň ýeňijisi bilen söhbetdeş bolanymyzda doly göz ýetirdik. -Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir-diýip, ýylyň iň göreldeli okyjysy Täjigül Abdykerimowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Saçaklaryňyz toýlara ýazylsyn!

Saçak keramata, mukaddeslige deňelýär. Saçak egsilmez berekediň çeşmesidir, bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Çünki biz oňa Güneşe çalymdaş mele-myssyk çöregi dolaýarys. Saçagy mukaddeslige deňeýän pederlerimiz onuň başynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny hem döredipdirler. Türkmençilikde çagyrylmazdan öň saçak başyna gelmeklik, saçak başynda eliňi ýere diräp oturmaklyk, nahary çep eliň bilen iýmeklik halanylmaýar. Bu talaplar dürli yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen ýaş nesillere öwredilipdir. Saçak başynyň kadalary perzentleriň ýaşlygyndan gursagyna guýlup, aňyna berk ornap, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimizde-de derwaýyslygyny ýitirmän gelýär. Halkymyzyň saçak ýazmak ýörelgesi gelen myhmana goýýan çäksiz hormatyny aňladýar. Myhman hem özüne edilen hezzet-hormata: «Saçagyň berekedi artsyn!», «Saçaklaryňyz hemişe toýlara ýazylsyn!» diýen ýaly ýagşy dilegleri edýär. Bu bolsa sahawatly saçagyny göwni ýaly giňden açan adama egsilmez rysgal-bereket dilemegi, onuň öýüniň, maşgalasynyň abat bolmagyny aňladýar. Halkymyzyň saçak ýazmagynda şeýle çuň we uly many bar. Myhmanyň öňünde saçak ýazylmagy birek-birege sarpanyň, sahawatlylygyň, gadyr-gymmatyň we päk ýürekliligiň alamatydyr. Türkmen üçin saçaga sarpa goýmak maşgala, ynsana hormat goýmagyň alamaty hasaplanylýar. Çünki her bir türkmen gelen myhmana saçak ýazmak arkaly oňa öz sylag-sarpasyny, yn

Agyz-burun örtüklerini ulanmak öz saglygyňy goramakdyr

Şu günler howanyň sowamagy netijesinde, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynyň we möwsümleýin ýokanç keselleriň has ýygjamlaşýan döwrüdir. Howanyň üýtgemegi bilen dürli tozan bölejikleriniň, kesel dörediji mikroblaryň, wiruslaryň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak hemmämiz üçin zerurdyr. Agyz-burun örtügini eliňe almazdan ozal, eliňi hökman sabynlap ýuwmaly we zyýansyzlandyrmaly.

Beýni we akyl-paýhas oýunlary

Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli türgenleşik bolar. Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.

Bitaraplyk ýörelgesine eýerip

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Halkara diplomatiýada onuň «Aşgabat jemleýji resminamasy» diýlip atlandyrylandygyny bellemeli. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Danalar kitap hakynda

Her bir sahypasy misli bir aýna,Dünýäni görkezer, açan ynsana.Resul Gamzatow. * * *

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Rysgal-döwletiň nyşany

Uly ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenip gelen Täze — 2021-nji ýyl gadymy Gündogar senenamasy boýunça sygyr ýylyna gabat gelýär. Dünýä taryhynda uly yz galdyran Oguz türkmenleriniň döwrüne degişli taryhy çeşmelerde Oguzlaryň hojalygynda maldarçylygyň uly orun tutandygy köp gezek ýatlanylýar. Dana pederlerimiz ähli döwürlerde hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, onuň beren baýlyklaryndan aýawly peýdalanyp gelipdirler. Etinden, süýdünden dürli görnüşli azyk önümleri taýýarlanylyp, derisinden egin-eşikler we esbaplar ýasalan iri şahly mallar ekerançylyk işlerinde hem giňden peýdalanylypdyr. Umuman sygyr, öküz ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan halklaryň durmuşynda bereket-bolçulygyň, egsilmez kuwwatyň nyşanyna öwrülipdir.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

«Bagabat» — ajaýyp mekan

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde döwrebap saglyk düzümini kemala getirmek işi dowam edýär. Her ýyl täze lukmançylyk hem-de şypahana-dynç alyş ugurly desgalar — sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem-de dynç alyş öýleri ulanylmaga berilýär. Şolar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýädäki şeýle desgalardan birjikde pes durmaýar. Ajaýyp künjekde gurlan «Bagabat» şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Täze ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän bu şypahana bardylar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Gar nädip emele gelýärkä?

Gar tozgajyklary gyş paslynyň bezegi we nyşany hasaplanylýar. Bu tozgajyklar ýerde bugaryp, ýokary galan suwuň bölejikleridir. Olar asmana göterilip, sowuklygy 40 gradus bolan bulutlara ýetende doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýär. Şunlukda ýere gar ýagýar. Garyň 95 göterimi howadan düzülendir. Gar tozgajyklary alty burçly kristal bölejikleriniň şekilini emele getirýär. Olar ýokardan aşak gaýdanda 0,1 millimetr diametrli bolup, howa bilen garyşyp ýere düşýänçä ulalýar. Taryhda garyň diňe bir ak däl, eýsem, gyzyl, ýaşyl, gök, çal, hatda gara reňkli bolup ýagan wagtlaryna-da gabat gelnipdir. 1969-njy ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Şwesiýada gara reňkli gar ýagypdyr. Barlaglaryň netijesine görä, garyň gara reňke boýalmagy daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana ştatynyň ýaşaýjylary iň uly gar tozgajygynyň ýaganyny synlapdyrlar. Onuň ölçegi 15x8 dýuým ýagny, 28 santimetre deň bolupdyr.

Giň dünýäniň geň habarlary

Edil aýna ýaly Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Kanagatly kişi

Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Halaç etrabynyň Etbaş obasynyň bir çetinde Hudaýguly atly ezber bagban ýaşapdyr. Onuň uly bagy bar eken. Miweli daragtlar hasyl berip başlandan soň obanyň käbir ýaş-ýeleňleri gijelerine baga girip, bibaşlyga ýüz urup başlapdyrlar. Ýere garylyp depgilenilen miweleri, döwlüp ýerde ýatan şahalary görüp, bagbanyň nebsi agrapdyr. Ol obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, her günki ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir, ýöne ogrynyň kimdigini bilmek islemeýändigini aýdypdyr. «Olar öz obamyzyň oglanlarydyr, soň men olary ömürlik ýadymdan çykaryp bilmän kösenerin. Şonuň üçin hem sizden bir haýyşym bar. Kime alma, erik, garaly, üzüm ýa-da başga miwe gerek bolsa ýanyma gelibersin. Men olara daýhanyň, Hudaýyň haky üçin mugtuna bererin. Ýöne gijelerine gelip, agaçlaryň şahalaryny döwmesinler. Şu habary adamlara ýetirip berseňiz!» diýip, haýyş edipdir. Obanyň kethudasynyň we ýaşulularyň kömegi bilen bu habar tizden il arasyna ýaýrapdyr. Şondan soň ogurlyk edilmändir. Uly-kiçi bagbanyň ýanyna gelip, gerek miwesini sorap mugtuna, köpräk gerek bolsa arzan bahadan satyn alyp başlapdyr.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Şöhrat - şana beslenen aý

Şeýlelikde, Täze, 2021-nji ýyl hem ýetip geldi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylyň soňky aýynyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakalary barada ýatlatmak ýerlikli bolardy. 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, gündelik ulanýan öý goşlaryňyzy we zähmet gurallaryňyzy hem päkize saklaň! Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Ýüzüňizi ellemegi endik edinmäň!

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly drony Amerikanyň «Aevum» hususy kompaniýasy dünýädäki iň uly drony öndürdi. «Ravn X» atly bu dron emeli hemralary ýer togalagynyň orbitasyna çykarmak üçin ulanylar. Doly özbaşdak işleýän, uçarmansyz dron 1,6 kilometr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolaklaryndan uçmaga we özbaşdak gonmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «Ravn X» dronynyň uzynlygy 24 metre, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 18 metre barabar bolup, ol islendik howa şertlerinde uçmaga ukyplydyr.