"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmenistan — Türkiýe: köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzak möhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.

«Bagabat» şypahanasy — melhemler mekanynyň giň mümkinçilikleri

Milli Liderimiz ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda Diýarymyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Baý durmuş tejribesi bolan parasatly aksakgal ýaşulularyň aýdyşy ýaly, ynsany tebigatyň özi bejerýär, munuň üçin oňa diňe mümkinçilik bermelidir, onuň bilen sazlaşykda ýaşamalydyr, tebigatyň tenekar güýjüni bedeniňde duýmalydyr. Hünär bilimlerine we başarnyklara eýe bolan lukman bolsa bu ýagdaýda ünsli araçy hem-de duýgudaş kömekçi bolup biler». Dogrudanam, ýurdumyzyň şypahanalary tebigy, şypahana we ykdysady kuwwatyň sazlaşygydyr. Ajaýyp tebigat, arassa howa adamyň saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, geçen ýyl ulanmaga berlen «Bagabat» şypahanasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Sanly ulgamyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak milli hem-de halkara gymmatlykdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär. Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Ruhy we döredijilik joşguny

Türkmeniň medeniýeti özüniň milliligi, gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu günki gün türkmen medeniýetine dünýä derejesinde uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda — 23-nji dekabrda mähriban Arkadagymyz wideoaragatnaşyk arkaly medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu iş maslahatynda öňde durýan wezipeler we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik ösüşiniň özeni hökmünde medeniýete aýratyn üns berip, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmakda-da onuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Kämil innowasion ösüş

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly reformanyň geçirilmegi — önümçilige iň täze we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, ýokary islegden peýdalanylýan gymmaty ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň dünýä bazaryndaky ornunyň berkemeginiň esasy şerti bolup durýar.

Parahatçylyk daragty: syýasy we ykdysady ösüşiň özeni

Taryhda giň Älem sahnasyna çykmagy başaran, mynasyp yz goýan oguzlar — türkmenler uly we kuwwatly döwletleri döretmegiň, ony dolandyrmagyň uly syýasy tejribesini toplapdyrlar. Şoňa görä, Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy meşhurdyr. Geçmişiň dürli döwürlerinde Parfiýa imperiýasy, Beýik Seljuk we Köneürgenç türkmen döwletleri ýaly azym-azym jahanşalyklar höküm sürdi, ykdysady taýdan kuwwatlandy, özüniň milliligini, medeniýetini kemala getirdi, olary dünýä ýaýmak arkaly ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşdy. Üçünji müňýyllykda bolsa baky Bitaraplygy bilen kuwwatly, dörediji, gurujy, ylalaşdyryjy merkeze öwrülen ata Watanymyz giň halkara jemgyýetçiligine ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda hem tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezdi, parahatçylyk ýolunyň kämil türkmen nusgasyny döretdi. Bu gün türkmeniň ykbally ogly — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, döwrümiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bütin dünýäde — giň Älemde dabaralandy. Parahatçylyk. Howpsuzlyk. Durnukly ösüş. Ynanyşmak. Bu düşünjeler häzirki zaman şertlerinde üns merkezinde duran, dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli tekrarlanýan düşünjelerdir. Megerem, olar bütin adamzadyň geljeginiň — umumy planetamyzyň ertirki ykbalynyň nähili boljakdygyny kesgitleýän düşünjeler bolsa gerek. Çünki ady agz

Bagtly günler ýardyr mydam ilime

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, eziz Diýarymyz ösüşli ýollarda bedew bady bilen öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasyp sowgatlar bilen garşylandy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça ýetilen sepgitleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň sanasaň sogaby kän. Halkymyzyň asuda, parahat ýurtda bagtyýar ýaşamagy üçin alnyp barylýan işler günden-güne, ýyldan-ýyllara has-da belent derejelere ýetýär. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we her bir raýatyň iş, okuw, ýaşaýyş şertleriniň öňküden-de gowulanmagy babatda gol çekýän Kararlarydyr Permanlary halkymyz tarapyndan goldanylýar. Her ýylyň başynda zähmet haklaryny, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny, pensiýalary 10 göterim galdyrmak barada karar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan däbe öwrülip durmuşa geçirilýän bu işler halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär we şeýle bagta mynasyp bolan ildeşlerimiz mähriban Arkadagymyzyň adyna bolan alkyşly sözlerini dile getirýärler:

Milli ykdysadyýetiň daýanjy

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalygy alyp barmagyň bazar ulgamynyň emele gelmegi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynda, önümçiligiň we dolandyrmagyň pudak hem-de sebit düzümini kämilleşdirmekde, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, harytlara we hyzmatlara bolan islegleri has doly kanagatlandyrmakda kiçi, orta kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna geçmekde telekeçiligiň ähmiýeti ykdysadyýetde bäsdeşlikli bazary emele getirmek we ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşe üns berýän hem-de täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleri hem-de innowasion kärhanalaryň ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion ösüşli döwürde ykdysadyýetiň telekeçilik işinden üzňe hereket etmegi mümkin däl. Telekeçilik işi bolsa hereket edýän kanunçylyk esasynda özbaşdak, üznüksiz peýda almaga gönükdirilen, emlägi ulanmak, harydy satmak, iş we hyzmat etmek bilen baglanyşykly kanunda rugsat berilýän hem-de kanunda görkezilen tertipde bellige alnan işdir.

Halkymyzyň döredijilik paýhasyndan kemal tapan ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ulgamlarda uly özgerişler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda geçirilýän özgertmeler öz oňyn netijelerini berip, içeri we daşary syýasaty durnukly alyp barmaklyga şert döredýär. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäniň iri döwletleridir guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, tutuş Ýer ýüzünde asudalygyň, parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl ýurdumyzyň taryhynda bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary birleşen tagallalaryň üsti bilen çözmek ugrunda ýurdumyz iri halkara guramalar, sebit we dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp bardy. Netijede, milli Liderimiziň oýlanyşykly we parasatly daşary syýasatynyň özeninde duran Bitaraplyk ýörelgesi tutuş dünýäde oňyn seslenme döredip, uly ykraryýete eýe boldy.

Şöhrata beslenýär şanly ýyllarymyz

Ata Watanymyz parahatçylyk arkaly ösüşli menzillere, şanly üstünliklere tarap ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biz päk niýetler, ýagşy umyt-arzuwlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji gatlaryny agdaryp başladyk. Ulus-ilimiziň göwni, nurana meňzi deý ýylgyryp gelen ýylymyzyň adynda çuňňur many-mazmun jemlenýär. Çünki parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk we hoşniýetlilik milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňe sürýän syýasatynyň, tutumly başlangyjynyň özenini düzýär. Dana pederlerimizden miras galan ýörelgelerde hem tekrarlanylyşy ýaly, halkymyz il-günüň abatlygynyň, dünýäniň parahatlygynyň gadyr-gymmatyny dünýe baýlygyndan ileri tutupdyr. Şu mukaddes ýol-ýörelge, asylly düşünje Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan we ileri tutulan ugurlaryň biri bolup, ol ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dostlukly, özara bähbitli gat

Melhemler mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy ösdürmegiň in zerur ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmaga, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlygyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen saglyk syýasatyny aýratyn uly orunda goýýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýa-da «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen halk pähimlerine eýerýär we bu parasatly pähimleriň hakyky mazmunyny iş ýüzünde amal edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanmaga berlen hem-de gurulýan lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil, iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri, Saglyk öýleri, şypahanalar, bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, suw çüwdürimleri, stadionlar, sport toplumlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aňryýany bilen subut edýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny berkitmekde tebigy serişdeleri giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Ilki bilen bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak ýerliklidir.

Şükürim kändir her demde

Beýik işlere buýsanyp,Hyjuw joşanda bedende,Diýýän gözel «Türkmenistan —parahatçylygyň weynanyşmagyň Watany»,Täze ruh, jandyr her demde. BMG-niň münberinden,Arkadag çykyş edende,Bitarap ýurt «Türkmenistan —parahatçylygyň weynanyşmagyň Watany»,Belent sarpamdyr her demde.

Resmi habar

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iň ýokary derejede syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara goldawyň ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

Täzelikler

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň başarjaň ussalary tamamlanylan ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Olar tarapyndan öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda öwgä mynasyp işler bitirildi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda guýy ussalarynyň birleşen tagallalary arkaly täze guýularyň 2-si gazyldy. Möhüm işler Hojambaz we Çärjew etraplarynyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bulardan başga-da geçen ýylda guýularyň 10-a golaýynyň durky täzelenildi. Degişli işleriň agramly bölegi Çärjew etrabynyň «Serdar», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynda berjaý edildi. Edaranyň iş öndürijisi Serdar Berdiýew tarapyndan baştutanlyk edilýän guýy ussalary täze başlanan ýylda hem maldarlaryň ýakyn hemaýatkärleri bolmagy maksat edinýärler.

Hukuk medeniýetli kämil ýaşlar

Häzirki wagtda milli Liderimiziň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň medeni ojaklarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde syýasy-jemgyýetçilik, hukuk düşündiriş çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kanuny sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmekde, döwrebap jemgyýetçilik garaýşy bolan nesilleri kemala getirmekde örän ähmiýetlidir. Esasy Kanunymyzda, şonuň ýaly-da milli kanunçylyk namalarymyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy kepillendirilýär. Muny türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmek we giňişleýin düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu babatda biziň Telekommunikasiýalar we informatika institutymyzda ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan işler hem bellärliklidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda

Bagt bakyp, döwlet ýoksun, il-günüm bagtyýar bolsun,Dostluk hakda söz sözläniň sözünde ygtybar bolsun,Zybanymda şirin kelam, serim bagtdan humar bolsun,Her gadamda, her tutumda ösüşler bize ýar bolsun,Älem içre parahatlyk hem dostluk berkarar bolsun,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda! Derýalarmyz bolsun joşly, çeşme-çaýlar tereň-tereň,Goý, eçilsin berekedin, goja Zemin-ene ýerem,Çogly bolsun tämiz sähram, Garagumum-Hydyr gören,Gunçalasyn hem gül açsyn gözel Diýar – bagy Erem,Ata Watan, öňküden-de men seni eziz görerem,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda!

Parahatçylygyň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Düýpli özgerişlikleriň berk binýady

Ata Watanymyz Türkmenistan gün-günden ösýär, özgerýär. Özgerýän döwletde raýat hukuklary hem döwrebap derejede goralýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanuny ― Konstitusiýasy ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşamagynyň, öndürijilikli zähmet çekmeginiň hukuk taýdan kepilnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanun çykaryjylygyň çeşmesidir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýurdumyzyň Baş Kanuny döwlet gurluşynyň, onuň dolandyrylyşynyň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esasy hukuk aňladyjysy hökmünde durmuş synagyndan geçdi. Oňa birnäçe gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň ösüşinde syýasy, hukuk, ykdysady taýdan uly özgertmeleriň bolup geçendigi bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy has hem güýçlendirildi. Il bähbitli kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän ol resminamalarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy, şeýle hem milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Şol kanunlar raýatlaryň hukuklaryny giňeldip, jemgyýetimize demokratiýanyň çuňňur ornaşdyrylmagyny üpjün etdi, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kämil binýadyny goýdy. Hukuk ulgamyndaky özgerişlikler ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli kanunçylyk binýadyny kämilleş