"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Täze ýyl, gel, garaşýarys!

Gel, küýselýän myhmandansyň, ornuň gözleň üstündedir,Mübärek gadamyň alna sylasy gelýär adamlaň.Biz — aşyk biz, a sen bolsa misli magşuk kysmyndasyň,Seniň bilen has bagtyýar bolasy gelýär adamlaň. «Hakyda göwheri» — baýlyk. Senem sakçysy hazynaň,Guýrugyňdan basmarys biz. Basanlar özüni gynar.Seniň hazynadardygňa, elbetde, düşüner synan,Halal zähmet bilen has baý bolasy gelýär adamlaň.

Baýramçylyk arzuwlary

Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara,Ilime berjegiň gowulyk bolsun.Ähli pasyllaryň bahara meňzäp,Her öýe aýdym-saz hem şatlyk dolsun. Zürýatsyz maşgalaň perzendi bolup,Ýatyrmasyn sallançagyň badyny.Ogul atasynyň yzyn göterip,Alawlatsyn ojagynyň oduny.

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly. Otagda guradylan üzärlik tütetmeli we çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly.

Täze ýylyň bosagasynda

Täze ýylyň has bagtly gelmegine garaşyp, biz süýjüden-süýji arzuw edýäris. Dünýäde adamlaryň iň köp arzuw edýän güni, megerem, Täze ýylyň baýramçylyk güni bolsa gerek. Täze ýylda arzuw etmek il içinde däbe öwrülipdir. Bu bagtly pursatlary paýlaşmak üçin biz biri-birimiziň öýlerimize myhmançylyga barýarys. Birek-biregi dürli sowgatlar bilen gutlaýarys. Eýsem, täze ýylda arzuw etmek däbi nirede, haçan döredikä? Ilkinji täze ýyly bellemek däbi nireden geldikä? Geliň,  taryha ýüzleneliň! Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň taryhy gadym döwürlerden başlaýar. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilendigi baradaky ilkinji tapylan subutnamalar miladydan öňki III müňýyllyga degişlidir. Ýöne taryhçylar bu baýramy ondan hem has irki baýram diýip hasaplaýarlar.

Käbäme sowgat

(Şahyrana oýlanma) Salam, eje! Galamy elime alan ilkinji günümden sen hakda ýazyp başlasym geldi. Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda, ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli günüm dertdeşim, şirin duýgularyma syrdaşym sen, käbäm! Käbäm, meniň saňa meňzäsim gelýär! Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam nahar bişirýärin.

Sekiz zat

Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi  täsin,  ýöne  ynsanyň  muňa  asla  ähmiýet  bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin. Kyn günlerde sabyr etmek agyr, emma  ondan  gazanjak  sogabyňy  zeýrenç  arkaly  ýele  gidirmek, ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma duýup bilýän adam üçin olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».

Nurana bezegli arçalar

Däp bolup gelýän Täze ýyl baýramçylygy bosagada. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk toý arçasyny bezemekden we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekden başlanýar: — Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidilip oturdylmalydyr;

Ýylan ýylynda doglanlar

Biz 2025-nji ýylyň bosagasynda ýylan ýylynda doglan meşhur şahsyýetleriň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Fýodor Dostoýewskiý, 11.11.1821. Hünäri boýunça inženerdigine garamazdan, meşhur rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň ady dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň sanawynda ilkinjileriň hatarynda tutulýar.

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baý

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 26/12/2024

Myradow Şamyrat Şadurdyýewiçiň adyna berlen TM № 1427112 sürüjilik şahadatnamasynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Geçmişiň buýsançly kelamy Ýakynda welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen dabara welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramynyň dabaralary

Arzuwlaryň şowhunly toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmen halky 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti we ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde “Tarypyň dillerde dessan, eziz Watanymyz jan Türkmenistan!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleri aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Bildirişler

Jumageldi Öwezgeldiýewiç Nazarowyň adyna berlen “Elwes Mikro F” kysymly gözegçilik-pulhana abzalynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Sagdyn ruhly nesiller

Welaýatymyzyň etraplarynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän mekdep sport festiwaly ruhubelentlige beslenýär. Bu hakykata Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçirilen mekdep sport festiwaly hem subut etdi. Etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu çäre ýaş nesil üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan guralan mekdep sport festiwalynda okuwçy ýaşlar woleýbolda, tanap çekmekde, şeýle-de keçe-keçe oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler.

Täze ýyl arçasyndaky şatlyk

Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň öňündäki Täze ýyl arçasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabara bagtyýar çagalar gatnaşdy. Bezemen arçanyň töweregini şatlyk-şowhun gurşap aldy. Çagalar el tutuşyp aýdym aýtdylar, labyzly goşgy okadylar, şatlandylar. Ýaş nesliň kalbynyň joşgunynyň beýany bolup dabaralanan çykyşlar giň toý meýdançasyndaky ruhubelentligi belende göterdi. Şeýle şatlykly pursatlar eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Täze ýyl arçasyndaky dabara hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Geljek ýylyň bol hasylynyň aladasy

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler möwsümleýin oba hojalyk işlerine uly ähmiýet berýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini alyp barmakda daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň her birinde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşilýär. Bu işlerde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerilýär. Etrabyň “ak altyn” ussatlary hem geljek hasylyň aladasy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäginde topragy fosfor döküni bilen gurplandyrýarlar, sürüm, tekizleýiş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu zatlar etrabymyzyň oba zähmetkeşleriniň geljek, 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrundaky tutanýerli işleýändigini görkezýär.

Arkadag şäheri «ESQR Quality Choice Prize» ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ar­ka­dag şä­he­ri ESQR — Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schönb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re «Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch» (ESQR) ta­ra­pyn­dan gura­lyp, şä­her ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.