"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Dostlaryň dekabr duşuşygy

Dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini GDA döwletleri bilen taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz hem aýdyň görkezýär. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklaryň oňa agza ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerinden ugur alýandygy dostluk köprüleriniň barha mäkämleşmegine ýardam edýär. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapynda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy-da dostlukly gadamlaryň dowamly häsiýete eýediginiň beýanyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary halkara derejesinde birek-birek bilen ylalaşykly, özara goldaw bermek arkaly ýola goýlan hereketlere ygrarlydyklaryny subut edip gelýärler. Muňa BMG-niň çäklerindäki ses berlişiklerde GDA ýurtlarynyň özara goldaw bermek tejribesi hem guwandyryjy mysaldyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkara münberinden öňe süren başlangyçl

Rowan saňa, dowam saňa, Täze ýyl!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilen ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly Beýik Ogullar reýhana kalplarynyň beýany bolan şygyr bilen, aýdym bilen, mukam bilen mübärekleýärler. Nesip bolsa, geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanar, özi-de halkara derejesinde. Mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjekdiginiň özi nämä degmeýär?! Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler.

Däp bo­lan dost­lu­ga yg­rar­ly­lyk

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hormatly Prezidentimiz «Igo­ra» gyş­ky sport oýun­la­ry top­lu­my­nyň Buz­ly köş­gü­ne bar­dy. Bu iri top­lum ýa­ryş­la­ry we tür­gen­le­şik­le­ri, dür­li de­re­je­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin kö­pu­gur­ly meý­dan­ça bo­lup dur­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki Buz­ly köşk buz­ly meý­dan­ça­ny, mas­la­hat­lar za­ly­ny we beý­le­ki des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy. Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.

Baş mak­sat — il sag­ly­gy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 12-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Woz­rož­de­ni­ýe» tas­la­ma-gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Igor Bu­ka­to­ny ka­bul et­di.

Medeni habarlar

Bazar öwüşginleri Şu günler Täze ýylyň şatlygy paýtagtymyzdan başlap, welaýatlarymyza çenli ýaşyl arçalaryň reňbe-reň öwüşginlerine beslenýär. Ýöne bazarlardaky sowgatlyklardyr miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşli öwüşginleri has-da täsirli. Bazar içindäki bazary ýada salýan Täze ýylyň özboluşly bazarçalary owadan gutulardyr örme sebetlerdäki üýtgeşik sowgatlyklary bilen kalbyňy heýjana salýar. Ýaşyl arçalar, olaryň dürli bezegleridir jäjekler bazar bolçulygy bilen diýseň sazlaşýar.

«Akyl­ly» şä­he­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türk­menistan — Malaýziýa: ta­ry­hyň tä­ze sa­hy­pasy

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary hem türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açdy. Sy­ýa­sy dia­lo­gy do­wam et­di­rip

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

San­ly dün­ýä­niň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de «Akyl­ly» şä­her: do­lan­dyr­mak, san­ly, «akyl­ly» we eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, howp­suz­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de gu­ra­lan fo­ru­ma ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry, Awst­ri­ýa­dan, Bang­la­deş­den, Be­la­rus­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gru­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, Pa­kis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Uk­rai­na­dan, Fi­lip­pin­ler­den, Şri-Lan­ka­dan, Efio­pi­ýa­dan, Ýa­po­ni­ýa­dan hü­när­men­ler, öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­gam­lar, «akyl­ly» we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lyp, eme­li aň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Se­bit­de de­ňi-t

Şanly ýyldan Şa serpaýlylar

Toýguly JEPBAROW, Türkmenistanyň halk artisti: — Dana Pyragynyň goşgulary bagşylaryň şirin zybany bilen biziň günlerimize aýdyma öwrülip gelip ýetdi. Meniňem aýdym-saz gorumda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen «Pygan eglenmez», «Ýar gerekdir», «Söhbet ýagşydyr» ýaly aýdymlar bar. Özümem Pyragynyň «Gözüm düşdi», «Bilinmez» ýaly goşgularyna saz döretdim. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, oglum Gulberdi Jepbarow hem beýik akyldaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary aýdýar. Ýakynda Gulberdi bilen Magtymgulynyň birnäçe goşgusyna aýdylan aýdymlary täzeden işledik. Şol aýdymlarymyzy hem halkymyz gyzgyn garşylar diýip tama edýärin.

Işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iler­le­dip

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri şu ge­zek­ki sa­pa­ra ýur­du­myz­da ABŞ-nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­niň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Oňa gat­naş­mak üçin «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­tyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ame­ri­kan işe­wür­le­ri ýur­du­my­za gel­di. Çy­kyş­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy. Şol gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şun­da ta­rap­la­ryň söw­da, ma­ýa go­ýum işi, işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň äh­mi­ýet­li or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Çy­kyş eden­ler dün­ýä­niň iň oňat tej­ri­be­si­ni, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň çek­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­

Oňyn tej­ri­be­ler tä­ze tas­la­ma­la­ra ýol aç­ýar

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ýa­pon ko­mi­te­ti­niň 15-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin «ITOCHU Cor­po­ra­tion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji wi­se-pre­zi­den­ti, ma­şyn we en­jam­lar kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, bu ko­mi­te­tiň ýa­pon bö­le­gi­niň baş­ly­gy Hi­ro­ýu­ki Su­ba­ýyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Ýa­po­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň uly we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­za gel­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar döw­le­ta­ra dia­lo­gyň tä­ze tap­gy­ryn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny, ma­li­ýe-ma­ýa go­ýum gat­na­şyk­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar, önüm­çi­lik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Fo­ru­ma iki ýur­duň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry, iki ta­rap­dan hem işe­wür­lik dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we­kil­çi­lik et­di.

Bagtdan doly pursatlar

Hüseýin Käşifiniň «Muhsynynyň ahlagy» atly kitabynda: «Mähremlik we sahawatlylyk bazarynda söz sowgady ähli sowgatlardan ýagşyrakdyr» diýen ajaýyp setirler bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň kalbyma melhem bolup ornan pursatlarynyň iň gözelleriniň biri — Gahryman Arkadagymyzyň özüme bagyşlan goşgusyny okamagy. Şol güni ýatlanymda, häzirem gözüme ýaş aýlanyberýär. Şunça ýyllaryň dowamynda yhlasymy, zähmetimi, wagtymy, söýgimi siňdiren toparyma köşk salyp berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň dür dänesinden düzülen, mähir şerbetine eýlenen, altyn suwy berlen setirleri meni al-asmana alyp gitdi. Akyldar şahyryň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada, şeýle-de Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we ýadygärlik nyşanlar toplumyna mynasyp görülmegimi bolsa Arşdan gelýän owaza meňzetdim. Ynsan juda begenende hakyda aýnasynyň öňüni geçilen günleriň ýatlamalary tutar ekeni. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden bagt ganatlarynyň joşgunyna henizem gökde pelpelläp ýörşüme, toparymyz bilen Diýarymyzyň toýlaryna, halkymyzyň şatlygyna goşulyp geçilen menzilleri bir-bir gözümiň öňünden geçirýän. Yzda galan menziller barada pikirlendigimçe-de, wagtyň gymmatyna, ýerlikli peýdalandygymyzça, onuň bahasynyň artýandygyna göz ýetirýän. Aslynda ählimiziň Mugallymymyz — Gahryman Arkadag

Af­ri­ka yk­ly­myn­da be­ýik Py­ra­ga sar­pa

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýer ýü­zü­niň çar kün­je­gin­de — Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka yk­lym­la­ryn­da dür­li maz­mun­ly çä­re­le­riň 170-e go­la­ýy ge­çi­ril­di. Şa­hy­ryň gym­mat­ly mi­ra­sy ÝU­NES­KO, TÜRK­SOÝ ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­riň hem üns mer­ke­zin­de bol­dy. Şan­ly ýy­lyň ahyr­ky gün­le­rin­de-de türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň ady ýe­ne bir tä­ze meý­dan­ça­da — Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ICESCO) ştab-kwar­ti­ra­syn­da ýaň­lan­dy. Go­laý­da şol ýer­de ge­çi­ri­len çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ra­bat şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) adam­za­dyň mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni go­ra­mak, öw­ren­mek, wa­gyz et­mek ba­bat­da tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de iş alyp bar­ýan iň esa­sy dü­züm ha­sap­lan­ýar. Tür­ki gi­ňiş­lik­de bu we­zi­pä­ni Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ýe­ri­ne ýe­tir­se, mu­sul­man dün­ýä­sin­de Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­

Dünýä uzaýan milli edebiýat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meniň ykbalymda-da ýatdan çykmajak pursatlar az bolmady. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym ylhamyma ganat bekletdi. Golaýda bolsa maňa Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan «Dilde, pikirde, işde birlik. Türki dünýäsiniň edebiýaty (hekaýa) baýragyna» mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Onlarça ýurtdan ýazyjylaryň eserleri gatnaşdyrylan halkara edebiýat bäsleşiginde «Dünýäniň yşky» atly hekaýalar, nowellalar kitabym baýraga mynasyp görüldi. Türki dünýäsiniň görnükli döwlet işgärleriniň, edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen gowşurylyş dabarasynda «Janymyň jananasy», «Ýelpeselendi» ýaly aýdymlarymyzyň ýerine ýetirilmegi bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň, Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasynyň başlygy Derýa Örsüň, Türk dil guramasynyň başlygy Osman Merdiň çykyşlarynda-da, Azerbaýjanyň halk ýazyjysy, meşhur kinorežissýor, 88 ýaşly Anar Resul ogly Rzaýew bilen gürrüňdeşligimizde-de ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan dost-doganlyk syýasatynyň edebi gatnaşyklarynyň geriminiň giňemegine oňyn täsir edýändigi baradaky buýsançly pikirler orta atyldy. Şeýle pursatlarda milli edebiýatymyza dünýäniň giň gapys

Goň­şy ýur­duň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si

Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Ag­ro­food» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si, şeý­le hem onuň çäk­le­rin­de Türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Eý­ra­nyň döw­let hem-de söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň, oba ho­ja­lyk, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ryn­da, hi­mi­ki we gap­la­ýyş önüm­çi­li­gin­de, lo­gis­ti­ka, bank, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 60-a go­la­ýy­nyň we­kil­le­ri bar.

Döwrümiziň watançy şahyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Seýitnazar Seýdi ýaly serkerde şahyrlarymyz bar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Maksatmyrat Atabalowdyr. Maksatmyrat 1977-nji ýylyň 17-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ak altyn obasynda dünýä inýär. Çagalygyndan tebigy zehinli oglanjyk 4-5 ýaşlarynda Ata Salyhyň «Şagal we horaz» diýen basnýasyny ýatdan öwrenýär. Goňşy-golamlary Maksatmyrada: «Şagal bir gün ajykdyny» aýdyp ber, hany» diýip, oňa bu basnýany aýtdyrar ekenler. Heniz orta mekdebe barmanka, özbaşdak okamagy, ýazmagy öwrenen Maksatmyradyň mekdep ýyllarynda döreden «Obam» atly goşgusynda dogduk obasyny wasp edişi okyjyny biygtyýar ýatlama güzerine aýlaýar.

Halypalara 3 sowal

1. Täze ýyl gijesinde ýadyňyzda galan waka.2. «Hazyna eýesi» ýylan ýylyndan nämelere garaşýarsyňyz?3. «Bir arzuw aýt» diýseler...