"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

«Kompozitor» — kämil film

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kompozitor» atly kinofilminiň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi. Çäräniň dowamynda filmdäki kompozitoryň çagalykdaky we uly ýaşdaky keşplerini döreden aktýorlaryň öz keşbini doly duýmagy başarandyklary filmi has-da özüne çekiji edýändigi barada kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew aýdyp geçdi. Türkmenistanyň halk bagşysy Şemşat Hojaýewa we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Kompozitor» atly filmiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kino sungatynyň şowly eserler bilen baýlaşýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, filmde ýaş kompozitor Merdan Hudaýberdiýewiň durmuş ýoly, saza çagalygyndan imrinişi beýan edilýär.

«Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine»

XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyraga bagyşlanan köp sanly ajaýyp eserleri döretdiler. Şolaryň hatarynda türkmeniň kalbyna ýakyndan aralaşmagy başaran ussat şahyr Gurbannazar Ezizow «Pikir derýasynda akyl gämisi» atly poemasyny tutuş Magtymguly Pyraga bagyşlaýar. Poemada beýan edilişine görä, Magtymgulyny G.Ezizow özüniň ruhy halypasy saýypdyr.

Akyldara sarpa

Ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Magtymguly Pyragy — dünýä danasy» atly sergi we döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa «akylly» şäherde zähmet çekýän hünärmenler, şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen eserleri, akyldar şahyryň heýkeliniň hala çitilen keşbi, şekillendiriş sungatynyň eserleri we muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar sergilendi.

«Arkadagly ýaşlar — döwrümiziň waspçylary»

Şeýle at bilen ýakynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Mugallymçylyk mekdebi bilen «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygyna bilim işgärleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş-özgerişlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda ýaşlaryň bilim, ylym, sport we beýleki ugurlar bilen birlikde döredijilik dünýäsinde gazanýan üstünlikleri örän buýsandyryjydyr. Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň döwrümizi wasp etmekde möhüm orun eýeleýändikleri nygtaldy.

Geljegiň binýady

Golaýda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Pyragynyň eserleri — dost-doganlygyň nusgasy, parahatçylyk — beýik geljegiň binýady» atly maslahat geçirildi. Bu maslahata TDP-niň Arkadag şäheriniň komitetiniň işjeň agzalary hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan parahat durmuşynda ýaşamaklygyň aýratyn gymmatyny belläp geçdiler. Bitaraplyk syýasatymyzyň dabaralanmagy bilen 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler dogrusynda hem aýdyldy.

Erjel sürüjiler

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar, «Türkmenawtoulaglary» hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentlikleriniň bilelikde yglan etmeginde «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bu hünär bäsleşigine «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky ähli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri gatnaşdylar. Bäsleşikde Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginde zähmet çekýän sürüji Guwanç Owganow ýolagçy awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda tapawutlanyp, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy.

Wi-Fi zolagy — durmuş döwrebaplygy

Öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Dünýä binagärliginde täze sahypany açan Arkadag şäherinde şähergurluşygynyň iň gowy däpleri dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi sanly we «akylly» tehnologiýalaryň şäheridigini aňladýar. Muňa mysal hökmünde «akylly» şäheriň edara binalarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda hem-de ähli bilim ojaklarynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini bellemek gerek. Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwrüne «Internet asyry», «Maglumat asyry» ýaly atlar berilmegi hakykatdan daş düşmeýär. Sebäbi biz gündelik durmuşymyzda häli-şindi sanly ulgam bilen ýüzleşip durýarys. Bu babatda ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar. «Akylly» şäherde sanly ulgamy şäheriň adyndan aýratynlykda göz öňüne getirip bilmeýäris. Çünki ornaşdyrylan mümkinçilikler şeýle diýmäge doly esas berýär.

Ady äleme ýazylan Arkadagyň şäheri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinden çykyp, günbatarlygyna sary ýola rowana bolarsyň welin, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, arhitektorlyk ussatlygyndan dörän Arkadag şäheri seleňläp görner. Bu ajaýyplygy ýazyjylar döredijilikli wasp etseler, şahyrlar şanyna goşgudyr gazal düzüp, şahyrana beýan edýärler. Ýol ýakalary al-elwan güllere, ýaşyl zolaklara beslenen aýna ýaly köçeleriň ugrunda bina edilen ýaşaýyş we edara binalary özüniň gurluş aýratynlygy taýdan akylyňy haýrana goýýar. Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok. Çünki şeýle mümkinçilikleri, sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, ekologik taýdan arassa şäherde söwda nokatlary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta mekdepler, kitaphana, teatr, medeni we durmuş maksatly binalar, elektromobillerdir elektrobuslar, mahlasy, ähli zat halkyň hyzmatynda.

Bagtyň şäheri — Arkadag

Şan getirdiň külli türkmen iline,Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.Nusgadyr türkmeniň ýüpek ýoluna,Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.Täze eýýam, täze wagtyň şäheri —Ömrüň uzar gider kän asyrlara. Bezäp gözel Köpetdagyň gujagny,Açyp bereketli türkmen saçagny,Ak ata ataryp türkmen Gerçegni —Pähim-parasatly başlaň şäheri,Arkadag şäheri — ýaşlaň şäheri —Baky nusga bolar kän nesillere.

Internet olimpiadalary üstünliklere beslendi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersinden açyk internet olimpiadasy geçirildi. Onda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň baýrakly orunlary eýelemekleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu olimpiadada weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýew 2-nji orna, sirk sungaty taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Lukmanhekim Garajaýew 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda geçirilen biologiýa dersinden III halkara internet olimpiadasynda weterinar we sanitar ekspertizasy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplary Gülsona Şihmämmedowa, Maýagözel Çommulowa, atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Aşyrmuhammedow, weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary Baýramhan Röwşenkulyýew, Resulmämmet Öwezmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bäsleşikler talyp ýaşlary ylym-bilim, döredijilik ýolunda ýeneki üstünlikli menzillere ruhlandyrýar.

Ýaş watansöýüjileriň joşguny

Düýn Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagyndaky «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Umumybilim berýän mekdepleriň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň gatnaşmagyndaky bu bäsleşikde merdana nesiller üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Şertlere laýyklykda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler.

Çaga dünýäsiniň päkligi

Ýakynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň hem-de çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» hem-de «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary we körpeler bilim edaralarynda miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň, gülleriň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de ideg edilişini wasp etdiler hem-de öz taýýarlan suratlaryny, fotoalbomlaryny, wideoýazgylaryny görkezdiler.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 30-njy noýabrda «Şowhunly tomaşa» — sagat 19:00-da;

Bulary bilmeli, berjaý etmeli!

Elektrik enjamlaryny gurnamaklyk işini diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler amala aşyrmaly, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlary gurnalanda elektrik ulgamy aýratynlykda özbaşyna geçirilip, elektrik geçirijiniň ugrunda goraýjy oturtmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik akymynyň garşylaýyn geçip, gyzmaklygynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli.

Innowasiýalar — üstünlikleriň möhüm şerti

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Ulag diplomatiýasy dabaralanýar

26–27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli guralan halkara derejeli forum ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini gözden geçirmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Myhmanlara söz berýäris:

Li HAIFENG,Hytaý Halk Respublikasy, «Yutong Bus» kompaniýasynyň hünärmeni:

Binagärlik dürdäneleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrülen, baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ýurdumyzyň täze taryhynda beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Adamzadyň gazanan ajaýyplyklaryny özünde jemleýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ak mermerli şäherimiziň birnäçe binalarynyň we desgalarynyň girizilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün gözel Aşgabadymyz tanalmaz derejede özgerýär. Şol bir wagtyň özünde geljegi nazarlaýan täsin hem-de innowasion şähergurluşyk-binagärlik taslamalaryň ýerine ýetirilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna aýdyň ýollar açylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hereket edýän ulaglaryň elýeterliliginiň, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygynyň, myhmansöýerlik medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy öz-özünden düşnüklidir.

Gözelligiň göwheri

Ak mermerli binalar, aýna ýaly giň we ýagty şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle-de paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet eçilýär. «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýip belleýän ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda baş şäherimiz Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň özeni il-günümiziň bolelin ýaşamagyna, ýaş nesilleriň belent ruhly kemala gelmegine, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda kuwwatlanmagyna, has-da berkemegine gönükdirilendir. Eşretli ýaşaýyş üçin döredilen şeýle binalar bilen bir hatarda, medeni-dynç alyş merkezleriniň hem onlarçasy halkymyza hyzmat edýär. Aşgabat — seýilgähler şäheri. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz diňe bir şähergurluşyk-binagärlik taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem dünýäniň iň abadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ekilýän müňlerçe düýp agaç nahallarynyň, yzygiderli döredilýän tokaý we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna Aşgabadyň häzirki keşbiniň agramly bölegini tebigatyň köpdürlüligi eýeleýär. Şäheriň iň bir gelim-gidimli ýerleri bolan gür bagly seýilgählere aýrat