"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Baş ýörelge — ynsanperwerlik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi örän çuň mana eýe. Jemgyýetiň ilkinji basgançagynyň we iň kiçi gurluşynyň maşgaladan başlanýandygy hemmelere mälim. Şonuň ýaly-da, döwletliligiň, döwlet gurluşynyň hem ilkinji basgançagy maşgaladan başlanýar. Maşgala döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy emele getirýär. Döwlet düşünjesi jemgyýet düşünjesinden has uly bolup, onuň esasyny ençeme iri we ownuk jemgyýetler düzýär. Şu ýerde ýene bir zady — döwletiň iň uly gymmatlygynyň adamdygyny aýratyn nygtamak gerek. Çünki döwlet hem, jemgyýet hem adam üçin hereket edýär. Dünýä meşhur fizik Albert Eýnşteýn: «Adam durmuşyň manysyna diňe özüni jemgyýete bagyş edende düşünýär» diýýär. Alym bu jümle arkaly alymlaryň hem täze ylmy açyşlary bilen jemgyýet üçin sahawatly we ynsanperwer iş edýändiklerini nygtaýar. Adamlar birek-birege meýletin goldaw berende, ynsanperwerlik kömegini edende, ylym, medeniýet we sungat hem, parahat durmuş hem gülleýär. Diýmek, jemgyýet bolmagyň aňyrsynda-da halk, döwlet bolmagyň aňyrsynda ýatan agzybirlik, dost-doganlyk, ynam ýaly mizemez düşünjeler bar. Bulary agzamak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň-de baş aladasynyň adamdygyna we onuň hem halkyň hyzmatyndadygyna üns çekmek isleýäris.

Abatlaýyş işleri geçirilýär

Baýramaly şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirip, olary gözel görke getirmekde Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işçi-hünärmenleri agzybirlikde netijeli zähmet çekýärler. Müdirlik tarapyndan şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 710-syna, öýleriň 6 müňden gowragyna hyzmat edilýär. Olar häzirki wagtda şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda bejeriş-abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Bulardan başga-da, şäheri arassa saklamak maksady bilen, lagym ulgamynyň işini-de talabalaýyk ýola goýdular. Müdirligiň hünärmenleri özlerine ynanylan her bir işi aýny wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu babatda olar dürli kysymly 13 sany kuwwatly awtoulagyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýeleri Çary Esenow, Çary Orazmämmedow ýaly tejribeli işgärleriň yhlasly zähmeti esasynda işler barha ilerleýär. Şu ýylyň on aýynda müdirlik boýunça meýilnama laýyklykda 3 million 78 müň manatlyk iş amal edildi.

Bagt ojagy

Türkmen halkynyň «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen iň arzyly arzuwlarynyň birinde onuň dünýägaraýşy, durmuş pelsepesi açylýar. Magtymguly Pyragynyň: «Her gün gursaň uly toýny,//Gitse ýürekleriň düwni» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň at çapyşykly, göreşli, bagşyly toýlary, olarda ýerine ýetirilýän toý däp-dessurlary ruhy medeniýetimiziň köpöwüşginliligini dünýä ýaýýar. Türkmen toýlary ruhubelentligiň, şahandazlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň esasylarynyň biri hem durmuş toýudyr. Ýaşlaryň iň ajaýyp günleriniň, durmuş toýlarynyň şaýady bolmak bagtyna eýe bolan Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň işgärleri-de her ädimde döwrümiziň toý ruhundan, joşgunyndan ylham alýarlar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ol dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2012-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen dabarada «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça «International Property

Gyzylbaýryň zeýtunlary

Halkymyzy ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndaky mes toprakly ýaýladan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan telekeçi Ymamberdi Jepbarowyň alyp barýan asylly işleri hem döwrebaplygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki günlerde bolsa bu ýerdäki bagçylyk bölüminde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bol hasyly ýygnalyp, ony sebitiň ak bazarlaryna elýeterli bahadan çykarmakda depginli işler alnyp barylýar. Her bir işi ýaşaýan ýaýlasynyň toprak-howa şertlerine görä, düýpli ylmy esasda hem-de öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenip alyp barmagy, beýleki ekinler bilen birlikde, miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi maksat edinen telekeçi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda «Gyzylbaýyr göwnüň açar...» diýlip wasp edilen bu jenneti künjekdäki zeýtun baglaryndan bol hasyl almagy başarýar. Işbaşarjaň telekeçiniň subtropik künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany 9 gektara barabardyr. Şonça meýdanyň belli bir böleginde 2016-njy ýyldan başlap ýaş nahallar oturdylyp, ese-boýa galan zeýtun agaçlarynyň umumy

Geçmişden janly ýadygär

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýeten batyrgaý alabaý itleri türkmen halysy, ahalteke bedewleri bilen deň hatarda halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysalydyr. Şundan görnüşi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky orny uludyr. Üstünden nijeme heňňamlar geçse-de, mizemän saklanan taryhyň küt-küt sahypalary türkmen alabaýlary hakda buýsandyryjy maglumatlary habar berýär. Bu hakda iň gadymy ýazgylar Marguş topragynda dörän otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby «Awestada» beýanyny tapypdyr. Kitabyň «Widewdat» bölüminiň «It» babynda itleriň adamzat üçin gününi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin döredilen jandardygy aýdylýar.

Döredijilik duşuşygy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Rejep Rejebow türkmen professional saz sungatyny ösdürmekde uly işleri bitirdi. Onuň eserleri diňe ýurdumyzda däl, daşary döwletlerde hem giňden tanalýar. Ol dürli žanrlarda eserleri döretdi: operalar, hor we kamera-instrumental eserleri, kino sazlary, romanslar, kantatalar, aýdymlar... Kompozitoryň fortepiano üçin kwinteti, kirişli saz gurallar üçin konserti, wiolonçel üçin sonatasy, goboý we orkestr üçin konserti, şeýle-de beýleki ençeme eserleri uly meşhurlyga eýe boldy. Ussat kompozitoryň döredijiliginiň uly bir bölegini kinofilmlere ýazylan sazlar eýeleýär. Ol 60-dan gowrak çeper filme saz ýazdy. Olaryň arasynda “Jemalyň daragty”, “Mährem çynar”, “Aýal ata çykanda”, “Yşkyň ýoly” ýaly ajaýyp filmler bar.

Pikir we tejribe alşyldy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Umumybilim maksatnamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň bilim başarnyklaryna bildirilýän halkara talaplaryň we milli ýörelgeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan maslahata öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýup, ilhalar ynsany hatyraladylar, mekdep muzeýine aýlanyp gördüler, ýörite guralan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bilim ojagynyň mejlisler jaýynda dowam eden usuly-amaly maslahatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere aýratyn üns çekildi. Onda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Döwri döwranly Diýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 4 — 6-njy dekabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny garşylamaga görülýän taýýarlyk, «Merdana nesil — 2024», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döredijilik — döwletlilik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň, Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hyzmatdaşlyk ilerledilýär

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Gurýan döwlet

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Bu ýerde alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Ösüşli ýollaryň ýalkymy

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi açyldy. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp geçirilen halkara derejedäki bu giň möçberli çärede ata Watanymyzyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary görkezijisine öwrülen, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň bu sergidäki pawilýony köpleriň ünsüni çekdi. Bu sergide «akylly» şähere wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Çerkez Annaýewiň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Innowasion özgertmeler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäre iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä Aşgabada gelen wekiliýet, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi: ylmyň soňky gazananlaryna esaslanyp

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny goramakda iňňän ähmiýetli merkezdir. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler hem giň gerime eýe bolýar. Muňa 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem aýdyň mysaldyr. Bu 400 orunlyk döwrebap merkezde ýurdumyzyň raýatlary gatnaw we ýatymlaýyn şertlerinde kabul edilýär. Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölümleriniň hünärmenleri häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanyp, anyklaýşyň, bejerişiň we dikeldişiň täsirli usullaryny ösdürmegi we durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Döwrebap merkezde newrolog, ortoped, kardiolog, terapewt, otorinolaringolog, oftalmolog, endokrinolog, neýrofiziolog, pediatr we nutrisiolog lukmanlaryň otaglary bar. Merkeziň çagalar we ulular üçin niýetlenen kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminde halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylyp, her bir näsag üçin şahsylaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş bejergisini geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite maşklar toplumy taýýarlanylýar. Bölümde näsaglara 3D wideo derňewini geçirmek üçin niýetlenen ýöreýiş barlaghanasy, näsaglaryň sinhron ýa-da asinhron ýöreýşi üçin ylgaw ýodasy, lokomotor bejergi otagy, gidroterapiýa otagy bar. Bu bolsa näsaglaryň oňurga we bogun kes

Söz — lukmanlardan

Barbara AÝDNER,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günsburg şäheriniň uniwersitet klinikasynyň fizioterapewtleriň hünär mekdebiniň direktory: — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde fizioterapiýa, dikeldiş bejergilerini talabalaýyk, meýilnamalaýyn guramak üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilen. Biz bu merkeziň açylyş dabarasyna hem gatnaşdyk. Onda yzygiderli hünär kämilleşdiriş okuwlary halkara derejede guralýar. Biziň hem esasy maksadymyz ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşmak. Şular ýaly döredilýän ähli amatly şertler üçin Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn.

Topraga togap — sogap

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Şol jähetden hem Arkadag şäherimizde bu günki gün daşky gurşawy goramak ýaly asylly işler giň gerimde alnyp barylýar. Tebigaty, Watany söýmek, öz ýaşaýan ýeriňe hormat goýmak, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly göz bilen garamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Bu topraga bag ekiň!

Parlap al-asmana galary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!Otly tomus saýa salary ýaly,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň! Elbetde, gözüňe görünýär yssyAtyzdaky, pellerdäki bar ekin.Hatar bolsun ýaplaň, pelleň gyrasy,Bu topraga agaç ekiň, bag ekiň!

Tbiliside kino günlerimiz

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň şol ýerdäki ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda türkmen kinolarynyň güni geçirildi. Onda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Dabara režissýor Maksat Gylyjowyň «Kompozitor» atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Film çärä gatnaşan köp sanly tomaşaçylaryň oňyn pikirlerine eýe boldy. Ýeri gelende ýatlasak, film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde düşürildi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary netijesinde döredilen film halkara ykrarnama eýe bolup, türkmen kino sungatynyň ösüşli menzillerdedigini görkezýär. Bu çäre türkmen-gruzin medeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny tassyklady.

«Kompozitor» — kämil film

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Kompozitor» atly kinofilminiň döredijilik topary bilen duşuşyk geçirildi. Çäräniň dowamynda filmdäki kompozitoryň çagalykdaky we uly ýaşdaky keşplerini döreden aktýorlaryň öz keşbini doly duýmagy başarandyklary filmi has-da özüne çekiji edýändigi barada kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew aýdyp geçdi. Türkmenistanyň halk bagşysy Şemşat Hojaýewa we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Kompozitor» atly filmiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kino sungatynyň şowly eserler bilen baýlaşýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, filmde ýaş kompozitor Merdan Hudaýberdiýewiň durmuş ýoly, saza çagalygyndan imrinişi beýan edilýär.