"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Begligiň baş badalgasy

Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde ynsan saglygy ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip kepillendirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa öňdengörüjilikli kämil paýhasy bilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp paýhasy döwrüň ýörelgesine öwürdi. Ata Watanyny janyndan eziz görüp söýen merdana, gujur-gaýratly ýigitlere begler  diýipdir türkmen. Emma halkymyzyň begligiň baş badalgasy dogrusynda aýdan bir nakyly hem bardyr. Dogry, ol nakyl «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dört sözden ybarat müdimilik paýhasdyr.

Jemgyýetimiziň owadan keşbi

Maşgala mukaddesligi birek-birege bolan söýgi we hormat bolmak bilen birlikde, milli  gymmatlyklary, ahlak ýörelgeleri nesillerden-nesillere geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar. Maşgala toýlaryny halkymyzyň uludan tutýandygy, şowhunly belleýändigi hem özbaşyna bir söhbet. Şeýle toýlarda süýji ýatlamalar jemlenýär» diýip, maşgala dessurlarynyň milli köklerini açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maşgalanyň hukuk binýadyny berkidýän ýörelgeler we düzgünler döwletiň möhüm kanunçylyk ýörelgesi bolup durýar. Şunda  Maşgala kodeksi bagtyýar ojaklaryň döremeginiň, kemala gelmeginiň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmagyň tertibi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga  degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Milli gymmatlyklaryň halkara hukuk esaslary

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň maksatlarynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orunda durýar. Ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Göwün guşumyz ganatlandy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserler terbiýe mekdebi, paýhas ummanydyr. Ýakynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiz zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny taraşlap, bir kitaba jemländigini aýtdy. Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsiniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren ýakymly täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze «Hakyda göwheri» atly kitaby gymmatly gollanmalaryň üstüni ýetirdi. Bu hoş habar ildeşlerimiziň göwün guşuna ganat berdi. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, ajaýyp kitaplarynyň dowamy-dowam bolsun.

Şygryýet bossany

Alkyşnama Sag bol, Arkadagym, sözlän sözüňdeLagyl bar, göwher bar, merjen bar, dür bar.Ýurda mähir, halka söýgi gözüňde,Her bir jümläň dünýe malyna durýar.Älem baýlygyna durýar paýhasyň,Pähimiňden göwün güllär bag ýaly.Alyp munda ulus-iliň alkyşyn,Ömür güllär, döwür güllär ýaz ýaly.Size sylag-sarpa her bir ýürekde,Deňizleň joşguny, daglaryň sili.Barýar munda bagt ummanyn kürekläp,Ykbaly göterlen türkmeniň ili.Görogly hem Magtymguly, Nepesler,Kerim, Berdinazar, Gurbannazarlar,Munda Garaşsyzlyk, erkinlik isläp,Göreşenler hem-de şygyr ýazanlar,Aýdym döredenler, mukam çalanlar,Bu Watanyň, bu topragyň şanyna,Diňe haýyr işe şärik bolanlarTäzeden, täzeden, galkyp täzeden,Alkyş aýdýar, Arkadagym, adyňa!Alkyş aýdýar tutuş millet-il bolup,Arkadagly Gahryman Serdaryma!Ýedi arkaňyza, alkyş ömrüňe,Asyrlara uzap gitsin ak ýoluň!Ruh berip, nur çaýyp şanly döwrüme,Göterdiňiz bu türkmeniň ykbalyn!

Daglar göwünleri çaglar

Arkadag — Aşgabat ugry boýunça hereket edýän 100-lik belgili awtobus dag etegindäki ajaýyp ýoldan gatnaýar. Belent daglar, dag howasy, tebigatyň täsinligi — giden gözellik. Awtobusyň aýnasyndan synlanyňda, Arkadag şäheri aklyga hem päklige bürenip otyr. «Gudrat görseň — daglara bar» diýleni. Gojaman Köpetdag Arkadag şäherini bezese, Arkadag şäheri Köpetdagy bezäp, iki gözellik özara sazlaşýar. Awtobusyň radiosyndan «Pyragyny gören daglar» diýen aýdym ýaňlanýardy. Dag gözelliklerini synlap barýarkaň şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna dörän bu aýdym Magtymgulynyň gezen ýerlerini, gören daglaryny ýadyňa salýardy. Ýogsam näme, türkmeniň daglary dünýe döräp duran daglar. Müň asyry — müň hasraty gören daglar ahyryn.

Akyldaryň goşgularynda bedewiň keşbi

Türkmeniň  akyldar  şahyry  Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bedewlerimize aýratyn ähmiýet berilýändigini onuň şahyrana dünýäsi bilen ýakyndan tanyşlaryň hemmesi hem bilýär. Bu taryhy hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly akyldarymyz «Watan!» diýip, bedewine atlanan türkmen gerçekleriniň ýygnyny «Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar» diýip, buýsançly teswirleýär» diýen paýhasly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa topragymyzyň tebigy öwüşginini özünde jemleýän gamyşgulak dal bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen gerçekleri bilen bilelikde,  ýurdumyzyň goragynda sak durandyklaryny görkezýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen bedewleriniň wepadarlyk, edermenlik, dostluk ýaly duýgularynyň ýokarydygyny nygtaýar. Şahyr «Gyş bolar» we «Malyna degmez» atly goşgularynda bedew waspyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edýär:

Häsiýetnama

Häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi. Sebäbi öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da. Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil duran ýerim-dä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl eken. Onsoňam: «Kemçiliksiz adam ýok» diýleni. Işdeşleriniň käbir oňat häsiýetlerini kärdeşleriniň bilmeýän hem bolmagy mümkin. Belki, ol işgär öz gowy taraplaryny doly görkezip bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, ilki-ilkiler kimdir birine häsiýetnama ýazmaly bolsam, öňki ýazylan nusgalaryň birinden göçürip goýberäýýädim.

Syntgylanan setirler

• Gürlemekden öňürti, diňlemegi öwrenmeli. • Dogryny saýlamak egrä goýulsa, başarmaz, ol özüne meňzeşi gözlär.

Hormatly okyjylar!

2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny  ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat  gazetlerini hem okap bilersiňiz. Abuna ýazylmaga howlugyň! Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 38-62-75, 38-61-52.

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 28/11/2024

Ataýew Begençmyrat Ýazmyradowiçiň adyna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 28-nji orta mekdebi tarapyndan 2022 ý. berlen A № 2009545 orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitendigini habar berýäris. ***

Bildirişler

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Maýýa Garmämmedowna Purliýewanyň hususy eýeçiligindäki Türkmenbaşy şäheriniň Magtymguly köçesiniň 19-njy ýaşaýyş jaýynyň golaýynda ýerleşýän ýeňil awtoulaglaryň tekerlerini bejermek we patlatma işini ýöretmek üçin bölünip berlen ýeriň tükelleýiş işiniň ýitirilendigi habar berilýär.***Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Agajan Ruslanowiç Saryýewiň TM 1835676 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär.***Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy Hallybibi Bäşimowna Ataýewanyň awtoulagynyň B 9910 BN döwlet belgisiniň ýitirilendigi habar berilýär.***Gyzylarbat şäher salgyt bölümi tarapyndan 2024-nji ýylda Handurdy Ahmedowiç Kuliýewiň adyna berlen 0064005 belgili şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkan awtomobil ýollary ulanyş müdirligine degişli bolan «Kamaz-53215» kysymly awtoulagyň 7818 BNA, «Zil MMZ-554» kysymly awtoulagyň 2272 BNB döwlet belgileriniň, tehniki pasportlarynyň, «Kamaz-53229» kysymly awtoulagyň 3744 BND, «UAZ-31514» kysymly awtoulagyň 1813 BND, «Maz-551605» kysymly awtoulagyň 1782 BND, «Kamaz-65115» kysymly awtoulagyň 5503 BNB, «Gaz-3307» kysymly awtoulagyň 2275 BNB, «Zil MMZ-4502A» kysymly awtoulagyň 8330 BNB, «Maz-533702-246-600» kysymly awtoulagyň 2726 BND döwlet belgileriniň ýitirilendigi habar berilýär.***Balkanaba

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we kitap sergisi guraldy. Oňa welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphananyň işgärleri we bagtyýar ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Kitaphananyň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan ylmy-amaly maslahatda ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde we maşgala terbiýesinde kitap okamaklygyň ähmiýeti hakynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň täze taryhy döwrüň bagtyýar ýaşlaryny watançylyk, milli ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemekdäki ähmiýeti hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Ylmy-amaly maslahatyň çäginde guralan sergi has-da täsirli boldy.

Merdana nesil-2024

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry boldy. TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Ýaşlar» merkezinde geçirilen bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, okuwçylar, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda gazanylan üstünliklere ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler, ýekelikde şorta sözleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary uly ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler. Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşikde birinji orna 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Söýün Nazarmedow, ikinji orna 13-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Joşgun Pirnepesow mynasyp boldy. Ýeňijilere hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete galla tabşyrmak barada bellenen meýilnamany artygy bilen berjaý eden Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geljek ýylda hem bol hasyl ýetişdirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Birleşigiň kärendeçileri 900 gektar ýerde güýzlük bugdaýyň ekişini talabalaýyk geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Şu günler kärendeçi daýhanlar ýaşajyk bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler, ders çüýrüntgisi bilen iýmitlendirýärler. Şeýle hem olar atyzlaryň töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Göreldeli kärendeçilerden Baýramdurdy Gaýypow, Öremyrat Gurbanow, Arazmyrat Rejepow dagyny görkezmek bolar. Daýhan birleşiginde şu günlerde çekilýän päk zähmet geljek ýylda 1791 tonna galla hasylynyň kemala geljekdiginden habar berýär.

Gyzykly geçen ýaryş

Golaýda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly şygar astynda hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda welaýat maýyplar bedenterbiýe sport klubunda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň, Şabat etrap agyzsuw bölüminiň, Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň agyzsuw bölüminiň işgärlerinden düzülen ýygyndy toparlar gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň agyzsuw bölüminiň topary üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Şabat etrap agyzsuw bölüminiň topary ikinji, «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda üstünlikli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur mazmunly Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçmegi ugrunda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Size «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de forumyň ýokary derejede geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky başlangyçlaryňyzyň, ylmy diplomatiýada köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.