Sowgatly söwda merkezleri
Tamamlanyp barýan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl «akylly» şäheriň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şeýle üstünlikleri bagyş eden ýylyň ahyrky günleri has hem uly dabaralara beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda bu baýramy ikinji gezek garşylaýan Arkadag şäherinde hem täze, 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Şäherdäki belent arçany diýjekmi, baýramçylyk lybasyna giren şäheri diýjekmi, göçme söwda nokatlary diýermiň,.. garaz, sereden ýeriňde baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Söwda nokatlary bolsa hemişe köp adamly. Saçaklaryň berekedi bolan azyk önümlerinden, sowgatlyklardan torbasyny dolduran adamlary göreniňde ýüzlerinde şatlyk, baýramçylyk joşgunlary bar. Munuň özi ildeşlerimiziň halkymyzy ajaýyp döwürde, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsidir. Ynha-da, Arkadag şäheriniň «Gökdere» söwda merkezi. Baýramçylyk mynasybetli alyjylar üçin dürli amatlyklary we ýeňillikleri döredýän söwda merkezi öz işini dowam etdirýär. Döwrebap hyzmatlar, harytlaryň elýeterliligi bu merkezi alyjylaryň köp gelýän ýerine öwürýär. Harytlaryň köpdürlüligem üstesine. Täze ýyl arçalary, dürli bezegler üçin çyralar owadanlygy bilen nazaryňy egleýär. Şeýle-de dürli görnüşli azyk harytlary, gö