"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Eneleriň kesbi çeper ellerde, eneleriň waspy şirin dillerde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bu çärä talyp gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eseri görelde nusgasy boldy. Mugallymlar kitapda ene hakynda aýdylan öwüt-ündewler, olaryň waspy barada bu ýere ýygnanan talyplara gürrüň berdiler, manysyny düşündirdiler. Enelere degişli rowaýatdyr tymsallary mysal getirdiler. Gelin-gyzlar üçin el-işleriniň we öý işleriniň möhümdigi, arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Wa­tan­per­wer­li­giň baý­ra­my

Düýn paýtagtymyzda Watan goragçylarynyň güni ir-säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýmakdan başlandy. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde dabaraly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Soňra dabarada watansöýüjilige ýugrulan çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda ýurt goraýan gerçekleriň ata Watanymyzyň goragynda mydama sak durjakdygy, ýurt asudalygynyň, il abadançylygynyň bar zatdan ileridigi, Watany goramagyň iň belent hem-de mukaddes borçdugy nygtaldy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi okaldy. Dabaraly maslahat baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.

Toý şatlygyny artdyran binalar

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyza ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Bu ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ýokary derejede belleniler, il bähbitli, taryhy ähmiýetli işler amal ediler, kaşaň-kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga berler. Düýn, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ata Watanymyzyň polat galkany hasaplanýan Watan goragçylarynyň güni ýokary derejede bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ajaýyp binalar açylyp, ulanylmaga berildi.

Abadan diýaryň goragynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň goraglylygyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli harby syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk taglymaty harby gullukçylar bilen geçirilýän dabaralaryň, duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sapaklaryň we harby-döredijilik işleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Mukaddes borja wepalylyk

Dünýäde iň gowy, asylly işler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watana söýgi maşgalanyň agzybirligidir, ýurduň parahatçylygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we beýleki kitaplarynyň merdana harby gullukçylary taýýarlamakda, olara watançylyk terbiýesini bermekde aýratyn orny bardyr. Watançy gerçekleriň synmaz gaýraty her bir döwürde ýaşlarymyz üçin nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda: “Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär» diýip belleýşi ýaly, hakyky Watan ogullaryny terbiýelemek, olarda ata Watanymyza, ene topragymyza, parahat ýurdumyza söýgi döretmek harby serkerdeler tarapyndan söweşjeň we gumanitar okuw sapaklarynyň gidişinde ýylyň dowamynda işjeň alnyp barylýar.

Täze jaýlarda — durmuşyň höziri

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan, şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanylmaga berildi. Welaýat merkeziniň günbatar künjegindäki Nowruz — 2 ýaşaýyş jaý toplumynda bina edilen her biri 24 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Häzirki zaman durmuş ulgamynyň kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynyň döwrebap desgalarynyň, belent başly binalarynyň hataryna goşulan bu jaýlaryň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň dowamynda jaýyň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Berkarar Diýar saýlawlara barýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda halk häkimiýetiniň, asyrlardan dowam edip gelýän milli demokratik däplerimiziň häzirki zaman öwüşgininde belentden dabaralandyrylar. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäre döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda, döwlet bilen raýatlaryň gatnaşyklaryny ysnyşykly alyp barmakda, jemgyýetimiziň ahlak sütünlerini, ynsanperwer ýörelgelerini saklamakda we ösdürmekde, Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda ýeten ýokary derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmakda jemgyýetimiziň kämilligini dünýä äşgär eder. Baş Kanunymyzda we beýleki kanunçylyk namalarymyzda adam iň gymmatly baýlyk bolup, şahsyýetiň mertebesini dünýewi, demokratik ýörelgeler arkaly goramak kepillendirilendir, onuň hukuklary, erk-islegleri hem-de syýasy garaýyşlary giňden beýan edilendir.

Maslahat

Işjeňligiň döwrebap nusgasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler bilen jemlenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýat zenanlar bölüminiň, şäherdir etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň ähli pudaklaryndan ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, RÝNÝ bölümleriniň müdirleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän, şeýle hem öý hojalykçy zenanlar, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Belent ynam bilen ýagty geljege

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýyl boýunça ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky giň gerimli özgertmelere täzeçe badalga boldy. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp netijeler bilen dabaralandyrmakda ýaşlarymyzy belent sepgitlere ruhlandyrdy. Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. 2013-nji ýylda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda esasy hukuk resminamasy bolup hyzmat edýär. Ýaşlar syýasaty boýunça geljek bäş ýyla niýetlenen tä

Hikmet hoşalary

■ Adamlaryň köpüsinde şeýle häsiýet bar: kimi-de bolsa birini öz nukdaýnazaryna çekjek bolanlarynda, olaryň özleri juda köp gürleýärler. ■ Dünýäde altyn kän-de, altyna berimsiz dostlar az.

Nurly binalaryň öwüşgini

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işleriň netijesinde kemala gelen merjen şäherimiziň täsin binagärlik keşbi halkymyzyň göz-guwanjyna öwrüldi. Soňky ýyllarda bina edilýän desgalaryň hasabyna paýtagtymyzyň çägini giňeltmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly bolsa gojaman Köpetdagyň etegindäki gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan desgalar toplumynda hem duýulýar.

Ýol hereketine bagyşlanan bäsleşik

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek biziň borjumyzdyr!» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda harby okuwçylar ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny bilmek we berjaý etmek boýunça nazaryýet we amaly-tejribe usulynda bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiş gazanan harby okuwçylara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýylyň şygary — Watan goragçysynyň ruhy goldawy

Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde we ähli pudaklarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde täze ýylyň şygaryna hem-de bäş sany iri göwrümli taslamanyň amala aşyrylmagyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylarymyz, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, harby aýdym-saz toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler täze ýylyň şygarynyň her daban topragyny gözüniň owasy deýin ezizleýän Watan goragçylary üçin ähmiýetiniň has uludygyny bellediler. Sebäbi parahatçylygy goraýjylar — Watan goragçylary. Bir hakykat bar: erkinlik, Bitaraplyk ähli döwürde-de Watan goragçylarynyň milli taglymy bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze şygarda üstünlikli geçen ýylymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşma

Watana wepalylygyň buýsanç aýdymy

Ömürleriň badalgasy, barlygymyzyň binýady, müdimiligiň mesgeni bu Watandyr. Watan beýiklikleriň baş ölçegi. Ýogsam pederlerimiz hem bu düşünjäni keramat saýyp, onuň üçin gara başlaryny orta goýup, özlerine berlen iň gymmatly baýlygy — ömürlerini töwekgellige salmazdylar. Elbetde, türkmen ýigidi gerek bolsa şirin janyny ähli zatdan gymmatly keramata bagyş edip biljek merdanadyr. Hawa, Watan, ýurt, toprak barada ýazylanlaryň we onuň waspyna düzülen şygyrlaryň sany-sajagy, belli hasaby ýok. Belli bahasy bolmadyk, hasapsyz gymmatlygy söýmek, ony gözüň göreji deýin goramak bu günki nesilleriň mukaddes borjudyr. Geçmişde ata-babalarymyz mukaddes Watanyň goragyny özleriniň gerçek ýigitlerine, merdana perzentlerine ynanypdyrlar.

Bäsleşikleriň jemi jemlenildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň psihology» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Harby bölümleriň serkerdeleriniň işjeň gatnaşan bu bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirildi. Onuň baş maksady, terbiýeçi hem-de psiholog serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzüm bilen işleşmegi içgin öwrenmegi gazanmak, olaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, şeýle hem hünärine ukyply, ezber serkerdeleri ýüze çykarmak, tapawutlanan harby gullukçylara mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bäsleşiklerde serkerdeler harby bölümlerinde ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemi boýunça harby düzgün-tertibiň ýagdaýy, geçirilen terbiýeçilik, wagyz-nesihat hem-de ahlak-psihologik çäreleriň netijeleri, köpçülikleýin çärelerini geçirýän otaglarynyň ýagdaýy, şeýle-de paýlanyp berlen mowzuklar boýunça taýýarlan referatlaryny aragatnaşyk tory arkaly hödürlediler. Hödürlenen işler, ýazylan referatlar eminler topary tarapyndan seljerilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Ýeňiji bolan serkerdelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Watana sungatdan serpaýyn ýapan, harby gulluk bilen mertebe tapan

Hünäri boýunça inžener geodeziýaçy bolsa-da, harby ulgamda işlemegi özüne mertebe bilen serhetçi serkerde 1976-njy ýylyň 21-nji noýabrynda gadymy Tejen topragynda dünýä inýär. Bu gün oňa Serhet goşunlarynyň ähli şahsy düzümi uly hormat bilen «Ýoldaş polkownik!» diýip ýüzlenýär. ...Maşgalada on çaganyň içinde ösüp-ulalan, edil beýleki oba oglanlary ýaly, malyň yzynda çörňeşip, daýhançylyk işinde taplanan, ata-enäniň terbiýe mekdebinde terbiýelenen Çarymyrat ýigit çykanda Aşgabada ýokary bilim almaga gelýär. Ýokary okuw mekdebinde bilime teşne ýigit ugurtapyjylygy bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başarýar. Ol şol döwürlerde hem aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine we ýörite gurnaklara gatnaşýar. Okumyşlygy bolsa, geljekki şahyr ýigidi gündogar we dünýä edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga itergi berýär. Heniz talyplyk ýyllarynda sungatyň inçe ýoluna düşen Çarymyrat kämilligiň mertebeli menzillerini nazarlaýar.

Watana wepaly merdana nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen täze sepgitlere ugur aldy. Geçen 2020-nji ýyl hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Gyzyl meýdançada» merdana türkmen ýigitleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bilen Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guralan dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Bu ýörişden dabaraly ýagdaýda geçen Watan goragçylary ildeşlerimiziň merdana watan gerçeklerine bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy. Çünki Watanymyzyň bagtyýarlygy, biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Mähriban Watany bagtyýar etmek bolsa, onuň merdana ogullarynyň gerdenine düşýär. Ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyna sowgat eden kitaplarynyň ählisi terbiýeçilik temasynda bolup, olar harby gullukçylaryň gündelik durmuşynda ulanýan gollanmalaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ömrüň manysy — Watanyň rowaçlygynda» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçly ýollara beslenip, täze ýeňişle

«Iň göreldeli serhet gala»

Ýakynda şeýle at bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesi boýunça «Iň göreldeli serhet gala» adyna podpolkownik Azat Almazowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Döwlet Hallyýewiň serkerdelik edýän serhet galasy mynasyp boldy. Şeýle hem podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Agamyrat Baýryýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 2-nji, maýor Amangeldi Ilmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Kerim Töräýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 3-nji orny eýelediler. Maksatmyrat ATABALOW,maýor.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — durnukly ösüş ýoly» diýen at bilen tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Ene mähri» merkeziniň işgärleri we Daşoguzyň B. Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagly Watanymyzyň içeri we daşary syýasatda alyp barýan ynsanperwer ýörelgeleri, ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli anyk işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada birin-birin durup geçdiler.

Edep başy salamdyr

Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Türkmen asylzadalygy, ynsanperwerligi, edep-ekramy müňlerçe ýylyň dowamynda kämilleşip, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzda we milli ýol-ýörelgelerimizde halkymyzyň ynsan gatnaşyklary bilen bagly belent adamkärçilik sypatlary açylyp görkezilýär. Toý däpleriniň halkymyzyň göwnaçyklygyny, jomartlygyny, şahandazlygyny, maşgala dessurlarynyň bolsa, lebzihalallygyny, agraslygyny örän aýdyň görkezişi ýaly, türkmeniň salamlaşmak bilen bagly edep kadalary hem il-günümiziň milli medeniýetini, baý mirasyny, mähirliligini, açyklygyny äşgär edýär. Salamlaşmak özboluşly sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen özüne mahsus ýörelgeleri, däpleri bar.