"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň brendleme görnüşi. Ol, esasan, satuwy güýçlendirmek üçin däl-de, kompaniýany tanatmak üçin hereket edýär. Ruçka (syýa galam), kürüşge, ýandepderçe we ş.m. görnüşindäki mugt kiçijik ýadygärlikler müşderini mahabat berijä has gowy çeker we oňa şol kompaniýany ýatda saklamaga kömek eder. Eger brend eýýäm tanalýan bolsa, onda ol ýadygärlik önüm imiji saklamaga ýardam eder.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 4. Marketing ulgamynda isleg we teklip

Jemi içerki önümi boýunça öňdebaryjy ýurtlar

«Visualcapitalist» portalynyň hünärmenleri Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna esaslanyp, dünýäde jemi içerki önümi boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň sanawyny düzdüler. Sanawda birinjiligi Hytaý eýýäm 10 ýyldan bäri elden bermeýär, ýurduň bu ýylky girdejisi 33,1 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Hytaýdan soňra sanawyň öňdebaryjy döwletleri şu yzygiderlilikde dowam edýär: ABŞ 29,2 trillion amerikan dollary, Hindistan 16 trillion amerikan dollary, Russiýa 6,9 trillion amerikan dollary, Ýaponiýa 6,6 trillion amerikan dollary, Germaniýa 6 trillion amerikan dollary, Braziliýa we Indoneziýa 4,7 trillion amerikan dollary, Fransiýa 4,4 trillion amerikan dollary, Beýik Britaniýa 4,3 trillion amerikan dollary, Italiýa 3,6 trillion amerikan dollary.

Kakao däneleriniň bahasy rekord görkezijä ýetdi

Geçen hepdäniň çarşenbe güni kakao däneleriniň bahasy rekord görkezijisini täzeledi. Onuň bir tonnasynyň nyrhy 12 müň 607 amerikan dollaryna ýetdi. Şu ýylyň başyndan bäri kakao däneleriniň bahasy üç esse gymmatlady diýip, «Market Watch» kompaniýasy habar berýär. Bu hadysa kakao-däneleriniň iň iri eksportçylary bolan Kot-d’Iwuarda we Ganada bolan gurakçylyk bilen baglydyr.

Jaý kireýi gymmatlaýar

Beýik Britaniýanyň «ONS» Milli statistika guramasynyň mälim etmegine görä, şu ýylyň başyndan bäri London şäherinde kireýne ýaşaýyş jaýlarynyň aýlyk tölegi rekord görkeziji bolan 11,6 göterim ýokarlandy. Ýurduň çäginde bolsa kireýne berilýän ýaşaýyş jaýlaryň aýlyk tölegi ýylyň başyndan bäri 9,1 göterim köpeldi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Londonda kireýne berilýän ýaşaýyş jaýlaryň aýlyk tölegi 2206 funta ýa-da 2795 amerikan dollaryna deňdir.

Ýewropa banklarynda üýtgeşmeler boldy

Italiýanyň «UniCredit» banky Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndaky paýyny artdyrdy. Indi italýan bankyna nemes bankynyň 28 göterim paýnamalary degişlidir. Şeýle-de italýan bankynyň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn wagtda «UniCredit» «Commerzbank» bankyndaky paýnamalarynyň göterimini 29,9-a ýetirmegi meýilleşdirýär. Russiýanyň «T–Bank» banky şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda girdejisini 41 göterim, «RosBank» banky bolsa 83 göterim ýokarlandyrdy. Bu görkezijiler, degişlilikde, 58 milliard rubla we 54 milliard rubla deňdir.

Girdejisi artýar

«MTS» aksionerler jemgyýetiniň 2024-nji ýylyň jemi boýunça girdejisi 15 göterim ýokarlanyp, 700 milliard rubldan geçer diýip, kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wýaçeslaw Nikolaýew 20-nji dekabrda geçen «Maýaçylaryň gününde» aýtdy. Şol gün kompaniýanyň wise-prezidenti bolsa 2025-nji ýylda «MTS-iň» girdejisiniň ýene 14 göterim artjakdygyny belledi. Şeýle-de kompaniýanyň maliýe ülňüsi 2027-nji ýyla çenli ýyllyk girdeji 1 trillion rubla ýeter diýip çaklamalaryny berýär.

Paýnamalar satyn alnar

«Prudential Financial» ätiýaçlandyryş fondunyň ýolbaşçylar düzüminiň mälim etmegine görä, kompaniýa 2025-nji ýylda 1 milliard amerikan dollaryna deň bolan paýnamalaryny satyn almagy meýilleşdirýär. «Prudential Financial» kompaniýasynyň geçen hepdäniň sişenbe güni geçiren goşmaça mejlisinde onuň paýnamalary 0,6 göterim gymmatlady. Kompaniýanyň bazar bahasy bolsa şu ýylyň başyndan bäri 17 göterim ýokarlanyp, 43,6 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Ýurdumyzda her bir ýylymyz, her bir günümiz uly üstünliklere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ösüşli ýyllaryň biridir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösdürilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ýurtda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek boýunça düýpli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan işleri sazlaşykly ýola goýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Aýratyn hem, ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine uly ähmiýet berilýär. Bu beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar ýola goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny görkezdi. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Döwür öňe tarap barýar, durm

Halk bäh­bi­di­ni na­zar­lap...

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­dumyzyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­myz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ry­nyň iş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­, nyrh­la­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­ halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň karz se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga we bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let býu­je­ti­niň Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň, Ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­le­ri mak­sa­da la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ma­li­ýe ul­ga­my­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek, Kons­ti­tu­si­ýa­my­za la­ýyk­lyk­da ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni eme­le ge­tir­me­gi çalt­lan­dyr­mak üçin göz öňün­de tu­tu­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy gör­ke­

Türkmenistan — egsilmez tebigy baýlyklaryň mekany

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli nebitgaz senagatynyň ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Şunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň işine uly orun degişli bolup, häzir onuň gury ýerlerde ýerleşýän ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar. Olarda nebitli, nebitgazly we gazly gatlaklaryň ýüzlerçesi bar. Konserniň kärhanalarynda çykarylýan uglewodorod çig malynyň alnyşyny durnuklylaşdyrmak, möçberini artdyrmak işleri ýataklaryň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmagyň, täze meýdançalary we düzümleri özleşdirmegiň hasabyna amala aşyrylýar. Nebitgaz toplumynda ylmyň soňky gazananlary we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Nebitli we gazly känlerde iş alyp barmakda baý tejribeleri bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan degişli känlerde nebitgaz çykarýan we gaz gysyjy desgalaryň, nebit ýygnaýjy nokatlaryň birnäçesi guruldy, ýokary basyşly gazlift usulynyň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirilýär. «Hazar», «Goturdepe» we «Serdar» gaz gysyjy desgalary gurlup, ulanyşa girizildi.

Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn ösüş we özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň möçberli işler döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Olar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze durmuş-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda maglumatlar makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalary işläp taýýarlamakda örän möhümdir. Olar ilatyň demografik görkezijilerini, iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş derejesini, şonuň ýaly-da, milli hasaplary, maliýe-maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önüm yzygiderli artýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanylýar. Ähli pudaklara sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzma

Öňdebaryjy kärhanada

Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem oňa göz ýetirmek bolýar. Fabrigiň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 156 million 256 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 154,45 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Kuwwaty ýylda nah ýüplügiň 8100 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy kärhanada, esasan-da, 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler öndürilýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri bu ýerde öndürilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply ýüplükler sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Sanly ykdysadyýete ynamly badalga

Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

Ýüz ýaşly kärhanada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen sahawatly topragymyzda ýetişdirilýän pagtany gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň işleriniň ilerlemegine gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çünki obasenagat toplumy, dokma önümçiligi milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Welaýatymyzyyň ähli pagta arassalaýjy kärhanalary bilen bir hatarda Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynda hem zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň ýetişdirýän gowaça hasylyny gaýtadan işlemekde uly üstünlikler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 100 ýaşy dolan bu kärhananyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn hormat-sarpa mynasypdyr. Olar geçen 2023-nji ýylda hem 39 müň 200 tonnadan gowrak pagtany gaýtadan işläp, 10 müň 600 tonna süýüm, 20 müň tonna golaý çigit,1 müň 42 tonna lint we 400 tonna golaý ulýuk almagy başardylar. Olar şu ýyl hem bu görkezijileri has-da artdyryp, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylaýarlar.

«Jeýhunda» işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletli tutumlar uly rowaçlyklara beslenýär. Bu babatda döwletimiz tarapyndan önümçilik kärhanalaryna berilýän yzygiderli goldawdyr kömekler, döredilýän uly ýeňillikler welaýatymyzda hem oňyn netijelerini berýär. Azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň hatarynda welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň «Jeýhun» miwe we gök-bakja önümlerini gaplaýjy kärhanasyny hem görkezmek bolar. Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana dünýa ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, uly önümçilik mümkinçilige eýe. Onda her gije-gündizde gök-bakja önümleriniň we miweleriň alty tonna golaýy gaplanylyp, gaplamalaryň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Iri pudagyň gadamlary Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýär. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, jins matasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HARYT-ÇIG MAL BIRŽASYNYŇ GEÇEN HEPDEDÄKI SÖWDALARY

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 167 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabatyň giňden ýaýran görnüşleriniň biri her bir adam üçin adaty bolan bannerler, bilbordlar (bildiriş tagtasy), afişalar (bildiriş plakatlary) we ýazgylardyr. Mahabatyň bu görnüşi köp adamyň görmegi üçin ýörite desgalarda, gurluşlarda ýerleşdirilýär. Bu görnüş diňe wizual (görüş) kabul ediş üçin niýetlenendir. Onuň oňyn taraplary her bir görkeziş üçin arzan baha, auditoriýany giňden gurşap almagy, täsiriň dowamlylygy, ýerleşdirmegiň köp görnüşliligidir. Mahabatyň bu görnüşiniň oňyn däl taraplary bolsa, desgalaryň döredilmeginiň gymmatlygy, howa, gurşaw şertlerine we günüň wagtyna baglylygy, maglumat möçberiniň azlygy bolup durýar.