"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

«Arkadag» ýyldyzy ― eýýamyň altyn öwüşgini

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Uly ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bi­len dün­ýä­ni özü­ne çek­ýän, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň sy­lag-hor­ma­ty­na my­na­syp bol­ýan döw­le­ti­miz­de her gü­nü­miz bi­ri-bi­rin­den zy­ýa­da şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da bag­tyň hem gel­je­giň şä­he­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­mi­ziň açyl­ma­gy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­tyn­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar her bir türk­men ra­ýa­ty­nyň toý şat­ly­gy­ny art­dyr­dy.

Garaşsyz Türkmenistan — biziň beýik döwletimiz

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da boldy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi tara­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ak ýol­lar aba­dan bol­sun!

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň jan sag­ly­gy­na, howp­suz­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk hal­ky­my­zyň ra­hat, asu­da dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýol­la­ry­myz he­re­ke­ti düz­gün­leş­di­ri­ji iň hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar. He­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len äh­li şert­ler dö­re­di­lip, ýe­ras­ty py­ýa­da ge­çel­ge­le­ri, ýan­ýo­da­lar gu­rul­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy üçin hyz­mat ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy taý­dan mun­dan beý­läk hem gül­läp ös­me­gin­de, ýur­duň içer­ki amat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de, ýük da­şa­mak, ýo­lag­çy gat­nat­mak iş­le­ri­ni do­ly de­re­je­de ka­na­gat­lan­dyr­mak­da aw­tou­lag ýol­la­ry il­kin­ji ze­rur­lyk­dyr. Türk­men döw­le­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň, mad­dy-hal ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy bi­len ýur­du­myz­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän iki ta­rap­la­ýyn ga­ra ýol­lar, şä­her­dir et­rap­lar­da tä­ze-tä­ze kö­çe­ler, şa­ýol­lar peý­da bol­ýar. Şu aja­ýyp za­ma­na­nyň asu­da­ly­gy­ny go­ra­mak, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek her

Göz­baş­la­ra na­zar aý­la­sak

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 50-nji ýyl­lar­da Ýu­liý Se­zar Ri­miň kö­çe­le­rin­de bir­ta­rap­la­ýyn he­re­ket düz­gü­ni­ni gi­riz­ýär. Gün do­gan­dan ga­raň­ky dü­şe­re iki sa­gat gal­ýan­ça (iş gü­nü­niň ta­mam­lan­ýan wag­ty) kö­çe­ler­de hu­su­sy ara­ba­ly we ko­les­ni­sa­ly he­re­ket ga­da­gan edi­lip­dir. Şä­her­de ýa-ha py­ýa­da, ýa-da tag­ty­ro­wan­da he­re­ket et­mek rug­sat ber­lip­dir. Ulag­la­ry şä­he­riň da­şyn­da goý­ma­ly edi­lip­dir. Şä­her­de ýol he­re­ke­ti­niň düz­gü­ni­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän ýö­ri­te gul­luk­lar bo­lup­dyr.

Şanly toýuň bosagasyndaky baýram

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ýur­du­myz­dan alys ýer­ler­de — da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýan wa­tan­daş­la­ry­myz bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dün­ýä döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dür­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýan türk­men­ler ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­na we ge­çi­ril­ýän köp­san­ly çä­re­le­re iş­jeň gat­na­şyp, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Wa­ta­ny­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň şa­ýa­dy bol­ýar­lar.

Bitaraplyk — mukaddes gymmatlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» hak­da Re­zol­ýu­si­ýa ka­bul edi­lip, on­da dün­ýä­niň 185 döw­le­ti Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ni bi­ra­gyz­dan yk­rar et­di. Bu ýag­daý hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyn­da tä­ze bir sa­hy­pa­nyň açy­lan­dy­gy­ny buş­la­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da ge­çi­ri­len 69-njy mej­li­sin­de 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gyn­da ikin­ji ge­zek «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly tä­ze Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek işi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­ga, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge ukyp­ly döw­let hök­mün­de ab­ra­ýy­nyň bü­tin dün­ýä­de yk­rar bol­ma­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly we iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de onuň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm go­şant goş­ma­gy­ny do­wam et­di­rip gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň, deň­hu­kuk­ly dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni öňe sür­ýän Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de he­mi­şe ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. 2025-nji ýyl­da Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Döw­le­tiň anyk ädim­le­ri BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň köp­çü­li­ge ýe­tir­jek ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ryn­da-da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Asyl­ly iş­le­riň sa­ka­sy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gys­ga ta­ry­hy wag­tyň için­de dün­ýä de­re­je­sin­de ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de — ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­zyň tä­ze bir döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li, yn­san­per­wer­lik­li da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä esas­lan­ýar.

Dil­de se­nam ― Türk­me­nis­tan

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny 1991-nji ýyl­da ga­zan­dy. Her ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­dir.

Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Garaşsyzlyk asyrlar aşyp hasyl bolan arzuw

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ga­raş­syz­lyk ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ne­sil­le­ri­ne ar­zuw­lan be­lent mak­sat­la­ry­dyr. 1991-nji ýy­lyň güý­zün­den soň­ky bagt­ly ýyl­lar için­de ga­za­ny­lan aja­ýyp ýe­ňiş­ler, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni hem-de dur­muş ugur­la­ry bo­ýun­ça ägirt uly ösüş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi, ha­lal we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ga­raş­syz­ly­gyň be­ren mi­we­le­rin­den er­ka­na ga­nyp boý alan türk­men ne­sil­le­ri öz geç­miş­dä­ki be­ýik iş­le­ri bi­ti­ren ata-ba­ba­la­ry­nyň eder­men­lik­le­ri­ne, ola­ryň wa­tan öňün­dä­ki be­ýik söý­gü­si­ne gu­wa­nyp ýa­şa­ýar­lar. Bu be­ýik ger­çek­le­riň bi­ti­ren iş­le­ri ta­ryh­da ýal­kym sa­çyp, türk­men mil­le­ti­niň as­ly­nyň be­ýik halk­dy­gy­na şa­ýat­lyk eder.

Çüwen bagtym — Garaşsyzlyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Watanyňy söýüp, onuň barlygyna guwanyp ýaşamak, her bir üstünligine buýsanyp, oňa öz sesiňi goşup bilmek bagtyň ulusydyr. Aslynda, ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň hemmämiz üçin iň mukaddes gymmatlykdyr. Eziz Watanda her günüň gadyryny bilip, bagtly, eşretli durmuşda ýaşamak, päk hem-de arassa zähmet çekmek ynsan ömrüniň manysyny düzýär.

Ýa­şu­lu­la­ra be­lent sar­pa

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Türk­men hal­ky ylym-bi­lim taý­dan ýü­ki ýe­tik, il bäh­bi­di­ni öz bäh­bi­din­den ile­ri tut­ýan, pä­him-paý­has eýe­si bo­lan il ýa­şu­lu­sy­na äh­li dö­wür­ler­de-de uly hor­mat go­ýup­dyr. Pa­ra­sat­ly, her bir çyl­şy­rym­ly me­se­le­den akyl­ly-baş­ly ne­ti­je çy­kar­ma­gy ba­şa­ran, il-ulu­sy bir sa­ça­gyň ba­şy­na jem­län, il-hal­kyň, Wa­ta­nyň yk­ba­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly gö­reş­ler­de türk­men ýi­git­le­ri­ni ýeň­şe ruh­lan­dy­ran pa­ra­sat­ly türk­men ýa­şu­lu­la­ry­nyň do­wa­ma­ty bo­lan bu gün­ki ak­sa­kal ýa­şu­lu­la­ry­my­za Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz uly sy­lag-sar­pa goý­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­şu­lu­la­ry­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen hor­mat­ly at­la­ryň ýur­du­myz­da iň bir hor­mat­la­nyl­ýan, iň bir sy­lan­ýan adam­la­ra da­kyl­ma­gy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ola­ryň mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­mek bi­ze pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan iň asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň bi­ri­dir.

Arkadagdan arkaly şäher

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Adam yhlasyna, zähmetine taý geljek hiç bir güýç ýok. Onuň yhlasy hasyl bolanda, elinden dür dökülende bitmän galjak iş, ýetilmejek menzil bolmaýar. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, irginsiz zähmetinden bina bolan, mähir-söýgüsinden kemala gelen täze «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gözelligini, döwrebaplygyny synlanyňda, buýsanjyň hem guwanjyň artyberýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Şu gün bellenilýän uly baýram biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýedir. Sebäbi ol özünde birnäçe ajaýyp taryhy wakalary jemleýär. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni uludan toýlandy. Bu baýram halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Her bir şanly senäni ajaýyp zähmet ýeňişleri, dabaralary bolsa ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Ine, şu günki baýramçylyk çäreleri-de Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Garaşsyzlygyň ilkinji buşlukçysy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Ata Wa­tan. Bu jüm­le her bir yn­sa­nyň kal­by­nyň tö­rün­de orun alan diý­seň uly baý­lyk. Is­len­dik ül­ke­de bol­saň-da özüň­ki ýa­ly­sy tap­dyr­maz. Mun­da dog­lan adam mun­da git­me­giň ar­zu­wyn­da. Şahyr gur­sa­gy­nyň iň eziz ýe­ri­niň eýe­si Wa­ta­ny­nyň agy­sy­na ag­lap, gül­kü­si­ne gü­len adamdyr. Şeý­le şahyr ýürekli yn­san­la­ryň bi­ri 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de türk­me­niň bag­ty bo­lup do­gan ku­ýa­şyň il­kin­ji buş­luk­çy­sy. Ol — Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ata­my­rat Ata­ba­ýew. Şa­hy­ryň güýz pas­lyn­da ýa­zan «Ga­raş­syz» at­ly goş­gu­sy bi­ziň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ha­kyn­da ka­gy­za ge­çi­ri­len il­kin­ji şy­gyrlaryň biri hasaplanýar. Bu şol wagt baý­ram­çy­lyk üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gat bo­lup­dyr. Hä­zir bol­sa Ata­my­rat aga­nyň şol şyg­ry aýdym bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjym

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Halkymyz Watany başyň täji hasaplaýar. Başyň täçli bolmagy seniň öz ýurduňda azat adamdygyňy, Watanyň barlygyny duýup, ony söýüp ýaşamak bagtynyň eýesidigiňi aňladýar. Bu duýgyny hem söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmaz. Bu duýgynyň süýjüligi we lezzeti bilen dünýäniň hiç bir zady deňleşip bilmez. Sebäbi ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň üçin iň mukaddes gymmatlykdyr.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramynyň dabaraly ýörişine gatnaşdy

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada uly dabaralar geçirildi. Baýramçylygyň esasy pursatlarynyň biri ýurduň öňdebaryjy ulag agentlikleriniň gazananlaryny we üstünliklerini şöhlelendirýän bezegler bilen bezelen awtoulag platformasy boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary» we «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri bilen bilelikde ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini görkezdi. Ajaýyp bezelen platformalar Türkmenistanyň awtoulaglary bilen ýük gatnatmakda we ýol gurluşygynda gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezdi.