"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, men jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär derejesi we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurduňyza rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Paýhas akabasynyň zerbap serpaýy

Türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň döredijilik kuwwaty gitdigiçe artýar, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar, gazanylýan ägirt uly netijeler täze buýsandyryjy sepgitlere ulaşýar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy tamamlanyp barýan 2024-nji şanly ýylyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli eseriň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda halkymyza peşgeş berilmegi at-abraýy dünýä ýaýran Türkmenistan döwletimiziň gadymy taryhynyň, baý medeniýetiniň, ummasyz miras gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan kitabynyň ilkinji nusgasyny pederlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormat bilen ibermegi, hormatly Prezidentimiziň hem şeýle ajaýyp eseri döredendigi mynasybetli Milli Liderimize mähirli gutlagyny ýollamagy mähriban halkymyzyň dowamatlyly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda  özara bähbitlilige hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet berkararlygynyň berk binýady

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyzyň parahat durmuşyna gönükdirýän tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işleri raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplaýan Watan goragçylaryny belent sepgitlere ruhlandyrýar. 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Resmi habar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 119 007 580,6 müň manat we çykdajylar boýunça 116 223 771,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitewi suw» sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi. Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Güljahan ALLABERDIÝEWA, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň uly döwlet bellige alyjysy: — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr teklipleri halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Biz muňa Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki çykyşynda nobatdaky gezek göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyz  çuň manyly çykyşynda Aksakgallar geňeşiniň çägindäki işlere giňişleýin seljerme berdi we möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiziň hödürlän teklipleri barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym: «Biz Gahryman Arkadagyň Aksakgallar geňeşiniň işini ilerletmekdäki tagallalaryna ýokary baha berýäris» diýip belledi. Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew hem Milli Liderimiziň Astanada geçirilen sammitde gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdan teklibiniň örän derwaýysdygyny nygtady. Eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: Habarlar

4-nji okt­ýabr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. 5-nji okt­ýabr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň ­Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň ýan­war-sent­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan­da howp­suz­ly­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, bu dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Bagtyýarlygyň hem gözelligiň mekany

Biz mu­ňa her ädim­de şa­ýat bol­ýa­rys Islendik halkyň ykbaly şol ýurduň döwlet Baştutanynyň öňe sürýän taglymatlary we başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çünki ol taglymatlar ýurduň içeri hem daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ata-babalarymyzyň nesilme-nesil geçirip gelýän hoşniýetlilik, dostluk ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu gün ol röwşen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar we Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite resminamalary arkaly berkidilýär. Çünki halklaryň arasynda parahatçylygy ýaýmak, özara düşünişmek hem ynanyşmak medeniýetini ösdürmek dünýäniň gün tertibinde duran esasy meseleleri çözmegiň ygtybarly gurallary bolup durýar. Şonuň üçin döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasaty onuň dünýädäki abraýynyň barha pugtalanmagyna getirýär. Şular dogrusynda söhbet açylanda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gazanan Bitaraplygymyzyň nä derejede uly ähmiýete eýedigi hakynda oýlanýarsyň. Baky Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolup, ony iki gezek ykrar etdiren ýurdumyzyň abraýynyň dünýä dolmagynda oňyn Bitaraplygyň örän uly ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy şanly wakalaryň birine öwrülip, ýokary derejede bellenip geçiler. Şunuň bilen bir

Magtymgulynyň ýoly mukaddesliklerden doly

2024-nji ýylyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şahyryň ömrüne, döredijiligine dahylly ylmy we edebi eserleriň has köp ýazylmagyna iterdi. Metbugatda we habar beriş serişdelerinde akyldar şahyryň manyly, çuňňur mazmunly hem-de hikmete baý, syrly setirleri dogrusynda söz açýan ylmy makalalar, ýörite kitaplar, gollanmalar yzygiderli çap edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, dürli halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi ýola goýuldy. Şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edilýär. Daşary ýurtlarda şahyryň terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly turuwbaşdan döredijiligiň, joşgunly ylhamyň ruhuny bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak bilen şahyryň umumadamzat bähbitli paýhaslaryny durmuş ýüzünde hasyl edýär. Şahyryň arzuwlaryny hakykata öwürýär. Şol paýhaslar, öwüt-nesihatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýär. Çünki Magtymguly şahyr şeýle hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip bilen, sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin gerek bolan edep kadalaryna, gylyk-häsiýetlerine Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler ol setirleriň bezegi.

Ady ebedi şöhrata beslenen akyldar

Türkmen topragynda üç asyr mundan ozal merdana halkymyzy, türkmen jemgyýetini bagtyýar durmuşa, berkarar döwletlilige, agzybirlige ruhlandyrjak öçmejek şamçyrag — synmaz ruhy sütün Magtymguly Pyragy dünýä inipdi. Bu beýik ynsanyň, kämil taryhy şahsyýetiň ynsanperwer garaýyşlary, dürdäne durmuş sargytlary, belent ynsanperwerlik häsiýetleri dogrusyndaky ündewleri ilden-ile, dilden-dile, nesilden-nesle geçip, asyrlar aşyp, türkmen jemgyýetini kämilleşdirýän, halklary ýakynlaşdyrýan umumy ruhy bitewülige öwrüldi. Akyldar şahyryň şygyrlary öz döwründe erkinlige, döwletlilige teşne kalplary gandyryp, şahyryň ýiti pähim-paýhasy tolkun ýaly bolup daşdy, mähek daşy ýaly hiç haçan gymmatyny gaçyrmajak ynsanperwer garaýyşlary bilen şaglap inen siller ýaly türkmen jemgyýetini ýaramaz we bigäne närselerden tämizledi, adamlara ynam, gujur-gaýrat paýlady, durmuş hakykatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Şahyryň täze, adalatly we ynsanperwer jemgyýeti döretmek, göwünlerde ýagşy umytlary we ajaýyp arzuwlary oýarmak ýaly edebi-poetik tilsimi beýik akyldaryň şygryýet äleminiň umumy mazmunyny emele getirýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky şol umumylyk we bitewülik ynsanlaryň ýüreklerine öçmejek uçgun bolup ornaýar. Bu bolsa wagt we çäk tapawutlylygyna garamazdan, haýsy döwürde, haýsy ýurtda ýaşasalar-da, şahyr bilen okyjylaryň arasynda janly ruhy baglanyşyga öwrülýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.