"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Danalardan dürdäneler

■ Saglyk isleseň — köp iýme, hormat isleseň — köp diýme. ■ Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz.

Diýarym

Bagt gülüp bakan eziz Diýara,Ýagyşy-ýagmyry nur bolup geler.Çar ýany bezenmiş güle, gülzara,Ähli pasyl göýä ýaz bolup geler. Seleň sähralary, ajap ýaýlasy,Çölüniň bezegi iner, maýasy,Aýrakly, jerenli daglaň gaýasy,Güneş nurun saçyp, çog bolup geler.

Gül roýuňa aşyk men!

Aşgabadym, ak şäherim, abadym,Beýik-beýik binalarňa aşyk men.Guwanjym sen, buýsanjym sen, bar zadym,Şan-şöhratly döwranyňa aşyk men. Gadymýetden gaýnap gaýtdy taryhyň,Şaha ýaýdy, kök uzatdy taryhyň,Gursagymdan çogup çykýar tarypyň,Ykbalyňa — gül çagyňa aşyk men.

Göwün gözgüsi (Hekaýa)

Adam şatlananda ýa-da gaýgylanan wagtynda durmuşynyň aýry-aýry pursatlaryny ýatlagyç bolýar. Bu gezek Kerim hem şeýle pursaty başdan geçirdi. Aýjemal baradaky süýji ýatlamalaryň täsirinden uzak wagtlap çykyp bilmedi. Ol kitaba güýmendi, bolmady. Telewizora seretdi, bolmady. Ahyry, sergin howada birsellem gezelenç etsem, belki, ünsüm sowlar diýip daş çykdy. Gijäniň bir mahaly bolansoň, köçä çykyp dursa gelişjek däl, howlynyň içinde-de bir zada güýmenmän ýöne otursa, gezelenç etse ejesidir kakasyny ünjä goýjak. Garaz «il ýatyp, it uklansoň» ýeke özüň howlynyň içinde maksatsyz aýlanyp ýörseň, alada basmarlan alaçsyz adama-da öwrülip barýaň. Kerim daşarda kän eglenmedi. Ol gapyny emaý bilen açyp, içerik girdi. Kakasydyr ejesi süýji ukuda ýatandyr öýdüp assa basyp, ýerine geçip gyşardy. Patma eje onuň ähli hereketlerini synlap ýatyşyna gapdalynda ähli zatdan bihabar kişi bolup ýatan Mergen agany yralady:

Şygryýet bossany

Meniň okan kitaplarym Durmuşda ak ýola salan,Meniň okan kitaplarym.Aldyrypdy ele galam,Meniň okan kitaplarym.

Eşek, horaz hem geçiniň döwleri aldaýşy

(Türkmen halk ertekisi) Eşek, horaz, geçi üçüsi dost bolupdyr. Bir köne horjunyň gözüni külden dolduryp, eşegiň üstüne ýükläp, üstüne-de horazy mündüripdirler. Geçi öňünden ýöräp, eşek üsti horazly yzragyndan gidip barýan. Bir galanyň içinde üç sany baý döw bar eken. Dostlar: «Heý, şulary aldap, zat alyp bolmazmyka?» diýşip, şolaryň üstüne ugraýarlar. Döw halky ynanjaň bolarmyş. Geçi eşek bilen horazdan ozup, galanyň içine girse, ynha, üç döwüň üçüsi hem otyr, üç gazan tüwi hem buglanyp duran eken. Geçi salam berip baran.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

Ýürekden işlemek hakyndaky hekaýatda dünýä meşhur türkmen alymy Abu Nasyr al Faraby barada söhbet açylýar. Alym köşkde iň hormatly adamlaryň biri bolandygy üçin, onuň isledigiçe bolçulykda ýaşamaga gurby ýetipdir. Ýöne ol gündeki iýjegine ýeter ýaly dört dirhem bilen gününi görüpdir. Dana kişi barja zadyny şähdaçyklyk bilen saçagynda goýar eken. Bir gezegem ol gaty çöregi çaýa ezip iýip otyrka, ýanyna tanyşlarynyň biri gelipdir. Ol: — Halypa, sen gaty çörek bilen oňňut etmeli adam dälsiň. Merwiň bazarynyň atly aşpezleri-de seniň diýen tagamyňy taýýarlap, öňüňde goýsalar, olaryň özlerinden göwünleri hoşal bolar. Sen welin, el ýaly çörek bilen oňňut edip otyrsyň. Şu bolşuňy men-ä oňlamaýaryn — diýipdir. Soňra onuň köşge baryp, wezirden özi üçin şert döretmegi soramalydygyny aýdypdyr. Alym ony sesini çykarman diňläp oturypdyr. Ahyrynam:

Goşgular çemeni

Watan waspy Arkadagly WatandaJoşýar aýdym-mukamym.Dost-doganlyk ýurdudyrNebit-gazly mekanym!

Çaga kalbynyň owazy

Pasyllar Gyş geldi, aklyk bezedi, Älemi, belendi-pesi. Ýaz gelende güller açan Tebigat geýdi begresi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

DÖWRÜMIZIŇ GANATY SIZ, ARKADAG! Asuda asmanly Garaşsyz ýurdum,Döwrümiziň ganaty Siz, Arkadag!Zemine behişdiň nuruny çaýdyň,Döwrümiziň ganaty Siz, Arkadag!

Aždar

Hekaýa Döwli çopan dagy onunjy gün diýlende goşlaryna gaýdyp geldiler. Ýöne eşegiň üstünde çopan taýagyny gujaklap, kese oturyp gelýän baş çopanyň ýüzünden gar ýagaýyn diýýärdi. Olaryň gelýänini uzaklardan gören Akbilek ýatan ýerinden sürä tarap ok bolup, atylyp gitdi. Muny görüp, süri bilen gelýän itler «wowf-da-wowf» boluşdylar. Itler bir salym biri-biri bilen ysgaşyp duransoňlar, Akbilek Döwli çopana golaýlaşyp, onuň eşeginiň daşyndan naýynjar çyňsap, aýlanyp başlady. Muny gören goja çopan eşeginden böküp düşüp, itiniň başyny sypalap:

Şäherli myhman (Hekaýa)

Şäherli garyndaşlarynyň oguljyklary Şöhrady-da alyp, myhmançylyga gelmekleri Sährajyk bilen jigilerini örän begendirdi. Çagalar hezil edip oýnadylar. Şöhratjyk üçin oba durmuşy diýseň gyzyklydy. Dodaklary salpy, haýbatly düýeleri, şahlary burum-burum gaharjaň goçy, gölejigini gabanyp, golaýyna goýbermeýän ala sygry, hatda petekesini gaýşardyp, towuklary gorap ýören gopbamsy horazy gören Şöhratjygyň birbada sussy basylan ýaly boldy. Sährajyk oňa saklaýan öý haýwanlarynyň içinde iň gaharjaňy şol gopbamsy gyzyl horazdygyny gürrüň berdi. Beýlekileri bilen basym dostlaşyp bolýandygyny aýtdy. Şöhratjyk bolsa: «Be, ullakan haýwanlardan gorkman, men indi şu horazdan gorkmalymykam?! Sähra meni aldaýan bolaýmasa» diýip, pikir etdi. Şol pikir bilen hem Sährajyga özüniň bu gopbam horazdan birjik-de gorkmaýandygyny subut etmek üçin herekete geçdi. Ol özüne göwni ýetýän şol gyzyl horazy gorkuzmak üçin amatly pursat gözledi. Myhman oglanjyk hemmeleriň içerde güýmenýän wagtynda howla çykdy-da, şol horazy tutup, Sährajygyň öňünde: «Şumy siziň gaharjaň horazyňyz?!» diýmek maksady bilen, gyzyl horazy kowalap ugrady. Horaz birbada gaçmaga hyýallananam bolsa, birden aýak çekdi-de, Şöhratjygyň garşysyna geçdi. Iki garşydaş bir-biri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Birdenem, gorkunç sesi bilen «Wagyr-wagyr» edip, hüžžerip özüne topulan horazy gören Şöhratjygyň zähresi ýarylan ýaly boldy. Hamana diýersiň, bu ga

Täze hat (Hekaýa)

Jerenjik Aýazbaba sargan sowgadyna gününi sanap garaşypdy. Şol sebäpli hem Jerenjik bu gün säher bilen oýanyp, ejesiniň ýanyna ylgady. Ejesi Maral gelneje baýramçylyk saçagy üçin dürli tagamlary bişirip başlapdy. Gyzjagazyna gözi düşen ejesi: — Näme beýle ir turduň, balam? Entek ir-ä, ýatybermeli ekeniň-dä — diýdi.

Goraghanadaky sapak (Hekaýa)

Hemişeki ýaly okuwdan gelşine, ylgap gapydan giren Ahmet öýde kakasynyň kimdir biri bilen gürleşýän sesini eşidip, biraz diňşirgendi. «Beh, öz-ä tanyş ses. Kakam kim bilen gürleşýärkä?» diýip, içini gepletdi. Birdenem tebigaty öwreniş dersinden okadýan Myrat mugallymdyr öýdüp, ziňkildäp gitdi. «Eý-waý, indi näderkäm?! Myrat mugallym meniň ikiligim barada kakama aýtmaga öýe geläýipdir» diýip, öz otagyna tarap ýöneldi. Ahmetjik mugallym gidýänçä öz otagynda ümsüm oturdy, emma ýerinden turanda, hälki ýere oklan ýantorbasyna büdräp ýykylmagy jaýyň içindäkileriň ünsüni özüne çekdi. Gapydan kakasynyň seredip durandygyna gözi düşeninden Ahmet tisginip gitdi. Kakasy:

Sen tapmaça çözýärmiň?

Tapmaça çözmek boş wagtyňy gyzykly geçirmegiňe ýardam edýär. Ondan başga-da, tapmaça çözmekligiň ähmiýetli taraplary köpdür. Has takygy, edil fiziki türgenleşikde adam bedenindäki myşsalaryň ösüşi ýaly, tapmaçalar hem aň-beýni ulgamynyň kämilleşmegini, ýatkeşligiňi has-da gowulandyrýar. Eger adam çylşyrymly meseleleri çözmek bilen beýnisini yzygiderli türgenleşdirýän bolsa, onuň aň işjeňligi öňküsinden has ýokarlanyp başlaýar. Tapmaça çözmek hem edil şol usula görä, beýni üçin ýerine ýetirilýän maşk kysmy bir hereketdir. Bedenterbiýe maşklaryndaky her hereketiň belli bir beden agzasyna täsir edişi ýaly, dürli görnüşli tapmaçalar hem beýniniň dürlüçe böleklerini ösdürmäge ýardam edýär. Mysal üçin, «Towşanjyga käşiri almaga kömek et!» diýen ýaly labirintli tapmaçalar giňişlikde ugur kesgitlemegi öwredip, nätanyş şäherlerde ýa-da sähradyr tokaýda azaşmazlygy öwredip biler. Galyberse-de, şeýle tapmaçalar kiçijik çagalaryň barmaklarynyň işjeňligini artdyrýar.

Baky nebisjeň (Türkmen halk ertekisi)

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir çopanyň bäş sany ogly bar eken. Bu oglanlaryň dördüsi çopanyň özi ýaly elaçyk, göwnaçyk ýigit bolup ýetişipdir. Olaryň bäşinjisi bolsa husyt, nebsiniň ugrunda hallan atyp ýören ýigit bolup çykypdyr. Onuň gylygyndan heder eden çopan: «Doganlaryna bir kösti ýetmesin» diýip, ony ur-tut öýeripdir-de, öýüni aýrypdyr. Bu oglanyň ady Baky eken. Baky atasynyň beren dört sany dowarynyň sanyny bir ýylda on bäşe, iki ýylda otuza, bäş ýylda ýüze ýetiripdir. Onuň küýi-köçesi baýlyk toplamak bolupdyr. Il ýaly ne iýipdir, ne-de geýipdir. Şeýdip, elli ýaşa ýetende, bäş süri goýnuň eýesi bolupdyr. Il-gün her kimiň gylygyna görä lakam goýýar. Bakynyň adynyň yzyna hem ol entek otuz ýaşyna ýetmänkä, «nebisjeň» diýen lakamy tirkäpdirler.

Syrly gar (Ýapon halk ertekisi)

Gadym döwürde bir daglyk ýerde garypja oba bar eken. Golaýdaky dagda üç ýyl owalky atylan wulkanyň Göge sowran külleri zerarly, obanyň ekin meýdanlary hasyl bermez hala gelipdir. Bir gezek bu oba açlykdan taby gaçan bir jahankeşde gelipdir, emma oba adamlarynyň onuň bilen azygyny paýlaşmaga ýagdaýy ýok eken. Açlykdan surnugan jahankeşde ahyrynda obanyň çetinde özünden gidip ýykylypdyr. Şol ýerden geçip barýan garryja aýal jahankeşdäni öýüne getirip, oňa odur-budur hödür edipdir. Ýöne ýekeje lukma az bolup, öý bikesi myhmany ýene biraz naharlamak isläpdir. Şeýlelikde, garry aýal goňşusy Şoýanyň ekininden turp köwläpdir-de, ondan turp şiresini taýýarlap, myhmanyna hezzet edipdir.

Tapmaçalar

1) Ol otagyň içinde, otag onuň içinde. 2) Şekere meňzär, tagamy ýok, Gökde gaýar, ganaty ýok.

Ýalňytmaçlar

Ilerden gelýän bir topar garaman garaloňk gara garga. Gaýradan gelýän bir topar garaman garaloňk gara garga. Indi sen şu ýerde meniň bilen garaman garaloňk gargalaşsaňam garaman garaloňk gargalaşarsyň, garaman garaloňk gargalaşmasaňam, garaman garaloňk gargalaşarsyň. Şeýdip, ikisi şol ýerde garaman garaloňk gargalaşyp başladylar. * * *

Söýgi haty (Gülküli hekaýa)

Garagolluk nämeleri etdirmeýär?! Orta mekdebiň ýedinji-sekizinji synplarynda okap ýören ýetginjekdik.