"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Daşky gurşawy goramak ugrundaky tagallalar

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak çygryny halkara derejede dolandyrmagyň köpugurly guralyny Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri emele getirýär. Olar BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlykda ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmekde döwletleriň alyp barýan işlerine goşant goşmak bilen, wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler. Döwletleriň arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk saklamaga ýardam etmek işlerini BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy — ÝUNEP ýerine ýetirýär. Onuň ştab-kwartirasy Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär. ÝUNEP Baş Assambleýanyň «Daşky gurşawy goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça guramaçylyk we maliýeleşdiriş çäreleri» Kararnamasynyň esasynda, 1972-nji ýylda döredilip, onuň orny we mandaty birnäçe halkara resminamalar bilen tassyklanyldy. 1997-nji ýylda kabul edilen Naýrobi Jarnamasynda ÝUNEP-niň ählumumy daşky gurşaw çygrynda BMG-niň esasy düzümidigi aýdylýar. Onuň baş edarasy Dolandyryjylar geňeşidir. Ol 58 agza döwletiň wekillerinden düzülip, adalatly geografik wekilçilik ýörelgesi boýunça dört ýyl möhlete saýlanylýar. Dolandyryjylar geňeşi öz nutuklaryny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) üsti bilen ýetirýär. ÝUNEP-niň düzümindäki hemişelik wekilleriň komiteti we Sekretariaty öz işlerini Afrika, Aziýa we Ýuwaş umman, Günbatar Aziýa, Latyn Amerikasy, Karib

Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň bähbidi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, bu babatda ähmiýeti uly bolan başlangyçlary öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri has-da işjeň dowam etdirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilip, uly goldaw tapýandygy bu günki gün hemmelere mälimdir. Belli bolşy ýaly, ýurdumyz Amyderýadan Hazar deňzine, Aýböwür gyrlaryndan Köpetdagyň gerişlerine çenli aralykda giň meýdany eýeleýär. Başgaça aýdylanda, onuň meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, şonuň 80 göterimden gowragyny Garagum çöli, galan bölegini medeni zolaklar, suw mesgenleri tutýar. Şundan görnüşi ýaly, ata Watanymyz öz çäkleriniň giňligi boýunça dünýäde öňdäki hatarlarda durýar.

Daşky gurşawyň arassalygy — durmuşyň abadanlygy

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak babatda uly işler, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigata, daşky gurşawa aýawly çemeleşip, ony ähli taraplaýyn gorap, aýap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik abadançylyga aýratyn uly üns berlip, muňa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda her ýylda ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi, ýaşuly-ýaşkiçi raýatlarymyzyň olara ýokary ruhubelentlikde işjeň gatnaşmaklary halkymyzyň tebigata, daşky gurşawa söýgüsiniň bimöçberdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigini, munuň bolsa howanyň arassa saklanmagynda, eziz Diýarymyzyň gözelleşmeginde möhüm ähmiýetlidigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Hyzmatdaşlygyň beýik köprüsi

Ençeme müňýyllyklary öz goýnuna alýan gadymy taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalaryna ser salanymyzda, Hazar deňzi örän irki döwürlerden bäri taryhçylaryň, syýahatçylaryň we täjirleriň ünsüni özüne çekip, deňziň üsti bilen ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Deňziň töwereginde ýerleşýän ýurtlardyr şäherler, obalar, olarda ýaşaýan ilatlar özara düşünişmek arkaly ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Hazar deňzi hemişe parahatçylykly ösüşe ymtylmak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özboluşly belent köpri bolup hyzmat edip, Beýik Ýüpek ýolunyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň ýetmişden gowrak ady bolupdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, dostluk doganlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça täze söwda gatnaşyklaryny açmak barada ýerine ýetirilen ajaýyp işler hem bu gün döwrüň belentliklerine göterildi.

Tebigatyň tämizligi — durmuşyň gözelligi

Güneşli Diýarymyzda ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täsin tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüşi bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biri-de Hazar deňzi sebitidir. Hazar deňziniň kenarlaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri onuň esasy baýlyklarydyr. Hazar deňzi onuň kenarlarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydyr. Şu aýratynlygy nazara almak bilen, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda ýurdumyz esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri çözmekde täze usullary teklip edýär. Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap,

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet – gel­je­giň baş we­zi­pe­si

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Umuman, «ýaşaýyş», «ösüş» diýen düşünjelerde, ilkinji nobatda, parahatçylyk göz öňünde tutulýar. Çünki parahatçylyk bar ýerinde, birek-birege ynam berkeýär, ynam hem adamzady gurşap alýan daş-töweregiň gözelleşmegine, gözelligi duýmaga we lezzet almaga şert döredýär. Ynam — ýaşaýşyň manysydyr. Biziň berkarar döwletimizde hem parahat durmuş gün-günden joş alýar. Ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýän gül Diýarymyzyň islendik künjeginde arassa we amatly ekologik zolaklara gabat gelmek bolýar. Döwlet maksatnamalarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe hem — «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlende, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak bilen ykdysadyýetiň ähli ulgamynda daş-töwerege zyýan bermeýän, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýerlemek, sarp etmek arkaly ekologiýa deňagramlylygy saklamaga düşünilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy gaty giň düşünjäni özünde jemleýär, umumy maksat hem halkyň we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini artdyrmak bolup durýar. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň bütin dünýäde öňe sürülýän başlangyç bolmagynyň esasy sebäbi hem tebigy baýlyklaryň çäkliligidir. Çünki tebigy baýlyklary bisar

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan milli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigy gurşawy goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, sebitleýin we halkara derejesinde ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Çünki jemgyýetiň ösüşi bilen daşky gurşawy goramagy utgaşykly alyp barmak häzirkizaman siwilizasiýasynyň geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyz milli hem-de halkara derejesinde tebigaty we daşky gurşawy goramak, suw we beýleki tebigy serişdeleri, baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyp, olaryň rowaçlanmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde daşky gurşawyň goraglylygyna aýawly çemeleşmeklige, ýerleriň şorlaşmagyna, zaýalanmagyna we çölleşmegine garşy göreşmeklige, ýurduň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmeklige gönükdirilen giň gerimli we köpugurly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça hem-de Biodürlülik hakyndaky Halkara Konwensiýalaryna goşulyşmak bilen bu ugurdaky maksatnamalary berjaý etmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle hem halkara ülňülerine laýyk gelýän möhüm Kanunlar kabul edilýär.

Gözellige baý deňiz

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni Gojaman Hazar deňzi diňe bir gözýetime uzalyp ýatan mawy giňişlik däl. Ol ummasyz baýlyklary özünde jemleýär. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik häsiýete eýe bolup, olar sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Deňizde ýaşyl suwotularynyň 29, goňur suwotularynyň 22 görnüşi bar. Olar deňizde ýaşaýan jandarlara, balyklara, guşlara iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Awazanyň ajaýyplyklary

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasy we binagärlik tejribesi bilen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň gazanan ykdysady ösüşlerini, halkara derejedäki barha artýan abraýyny dünýä ýaýýar. Alym Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda durmuşa geçirilmegine badalga berlen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylan ägirt taslamalar ata Watanymyzyň dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne gönükdirmegi başarýan ýurtdugyny dünýä ykrar etdi. Sebäbi, Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, altynsow we gyzgyn çägeli deňiz kenary, jana ýakymly howa bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny iri halkara çäreleri geçirilýän we oňa gatnaşyjylaryň sapaly dynç alşyny, netijeli döredijiligini üpjün edýän ajaýyp mekana öwürdi. Ajaýyp Awazada Arkadagly eýýamymyzda uly üstünliklere beslenip geçirilýän sebit we dünýä derejeli iri halkara çärelerine gatnaşýan döwlet ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylary, işewürleri öz çykyşlarynda bu barada  öwran-öwran nygtaýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina edilen, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylan binalaryň   keşbinde milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de binagärlik, bezeg

Ekologiýa howpsuzlygy — derwaýys mesele

Darganata etrap häkimliginde hukuk goraýjy işgärleriň gatnaşmaklarynda ekologiýa meselelerine bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüň gozgaldy. Bu meseleleriň oňyn çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynda her kimiň jogapkärçiliginiň ýokarydygy nygtaldy. Çärä gatnaşan etrabyň edara-guramalarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýändigi barada düşünjeler berildi.

Elektrik energiýasy: tygşytly we netijeli sarp ediş

Häzirki döwürde adamyň durmuşyny ýeňilleşdirýän esasy serişdeleriň biri-de elektrik energiýasydyr. Sebäbi hojalyk durmuşynda peýdalanylýan enjamlaryň aglaba bölegi elektrik energiýasynda işleýär. Elektrik energiýasyny öndürmek üçin gazylyp alynýan ýangyçlar ýakylýar, derýalaryň öňünde böwetler gurulýar. Bu bolsa hem-ä ummasyz çykdajylary talap edýär, hemem ynsan we daşky gurşaw üçin zyýanly täsirlere getirip bilýär. Şonuň üçinem elektrik energiýasyndan oýlanyşykly peýdalanmak tebigatyň abadançylygyny üpjün etmekde derwaýys bolup durýar. Enjamlaryň dogry peýdalanylyşy

Daşky gurşawyň abadançylygy — derwaýys wezipe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan daşky gurşawy goramak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, janly tebigatyň biologik köpdürlüligini gorap saklamak wezipelerine jogapkärçilikli çemeleşýär we bu ugurda aýratyn işjeňlik görkezýär. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň bütin dünýäde öňe sürülýän başlangyç bolmagynyň esasy sebäbi hem tebigy baýlyklaryň çäkli bolmagydyr. Çünki tebigy baýlyklary bisarpa ulanmagyň, gereginden artykmaç sarp etmegiň diňe bir ekologiýa babatda zyýanly bolman, eýsem, geljekde ykdysady taýdan hem ýaramaz netijelere getirip biler.

«Akylly» şäher konsepsiýasy: döwrebap durmuş we durnukly ösüş

Halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň umumy meýdanynyň, takmynan, 1 göterimini eýeleýän şäherlerde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýar. Sarp edilýän energiýanyň we howa zyňylýan gazlaryň 75 — 80 göterimi hem şäherleriň paýyna düşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak meselesi ör-boýuna galýar. «Ýaşyl» çözgütlere esaslanyp, şäheri sazlaşykly hereket edýän bitewi ulgama öwürmäge gönükdirilen «akylly» şäher konsepsiýasy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. irleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2008-nji ýylda oba bilen şäher ilatynyň sany deňleşen bolsa, 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň, takmynan, 85 göteriminiň şäherlerde ýaşajakdygy çaklanylýar. Iki asyra barabar wagt bäri dowam edip gelýän senagatlaşma eýýamynyň netijesinde ýüze çykan şeýle ýagdaý mundan beýläk şäherleriň ösdürilişi bilen baglanyşykly wezipelere has-da oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.

Ekologiýa abadançylygy: geljege gönükdirilen tagallalar

Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi, megerem, älem-jahan döräli bäri dowam edip gelýän sazlaşygyň saklanmagyna bagly bolsa gerek. Taryhda «senagatlaşma eýýamy» diýlip atlandyrylýan iki asyra barabar döwürde adamzadyň tebigaty «boýun egdirmäge» ymtylyşy şol sazlaşygyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Dünýäde ilatyň artmagy, önümçiligiň ýokarlanmagy, sarp edişiň güýçlenmegi, bir tarapdan, durmuşymyza uly eşretleri eçilýän bolsa, beýleki tarapdan, tebigy baýlyklaryň ölçegsiz peýdalanylmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýüze çykarýar. Emma beýle diýildigi adamzadyň asyrlaryň dowamynda gazanan eşretlerinden ýüz öwürmelidigini däl-de, eýsem, ylmy-tehniki öňegidişlige daýanyp, emele gelen ýagdaýyň çözgüdini tapmagyň wagtynyň gelendigini aňladýar. Bütindünýä derejesinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde bütin dünýäde howanyň üýtgemegine bagyşlanyp guralan sammitde kabul edilen hem-de häzirki wagta çenli 200-e golaý döwlet tarapyndan tassyklanan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny bellemelidir. Bu resminama adamyň tebigata ýetirýän zyýanly täsiri netijesinde bütin dünýäde howanyň üýtgemegini göz öňünde tutup, açyk we durnukly ykdysadyýeti döretmek üçin dürli taraplaryň arasynda ylmy we tehniki meselelerde hyzmatdaşlyg

Gözel tebigatyň gujagynda

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar.

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlyk babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

«Ýaşyl» ösüş üçin hünärmenleriň taýýarlygy

Adamda işjeňligiň artmagy netijesinde, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklar ykdysadyýetiň gurluşyna täzeçe garamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ykdysadyýetiň «ýaşyl» hem-de galyndysyz nusgalaryna gyzyklanma barha artýar. Türkmenistanda hem «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň abadançylygy, raýatlaryň durmuşy üçin ekologik taýdan amatly şertleri üpjün etmek boýunça strategik wezipeler öňe sürülýär. Täze ykdysady wezipeleriň çözgüdine ýardam etmäge ukyply, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolsa şol maksatlara ýetmek üçin zerur bolan iň möhüm şertleriň hatarynda orun alýar. Soňky ýyllarda dünýäde işewürligi alyp barmakda tebigat bilen sazlaşyklylygy üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine uly üns berlip, bu babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şu ýerde «ýaşyl» ykdysadyýet düşünjesiniň üstünde aýratyn durup geçmek zerur. Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň berýän kesgitlemesine görä, «ýaşyl» ykdysadyýet daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiriň peselmegi netijesinde ekologiýanyň gowulanmagyny, şeýle hem ilatyň saglyk ýagdaýynyň, durmuş abadançylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan konsepsiýadyr. Şundan ugur alsaň, ykdysad

SUW ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Ata Watanymyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekologiýa syýasaty babatynda alnyp barylýan işler syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ajaýyp işler diňe bir türkmen halkynyň bähbidine däl-de, eýsem, bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

Döwletimiz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ýurduň öz çäginden çykyp, dünýä ýüzünde bitewi ekoulgamy döretmäge, ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ýaşaýşy işjeň wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar birleşdirilip, degişli kanunlar kabul edilip, bir bitewi jemgyýeti emele getirýän her bir raýatyň ekologiýa medeniýetine eýermegi zerurdyr. Çünki döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty hemişe bolşy ýaly, umumadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmat edýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň özüniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle hem BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna agzadyr. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, döwletimiz tarapyndan her bir raýatymyzyň sagdyn ýaşaýşy we ekologik howpsuzlygy üpjün edilýär.

Ekologiýa howpsuzlygy ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti

Adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryny paýhas eleginden geçiren ata-babalarymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýörelgesi milli mirasymyzda orun alypdyr. Pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi, topragymyzy abadanlaşdyrmak we ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmak babatynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän işleriň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň durmuş pelsepesi adamy diňe ýagşylyga, haýyr işlere atarýar. Haýyr işleriň mazmun çygry bolsa türkmençilikde giň düşünjäni aňladýar. Ýagny pederlerimiziň paýhas gorlary, durmuş hakykatlary seljerilende janly-jansyz ähli zatlara sylag-hormatyň nyşany duýulýar. Munuň düýp mazmunynda bolsa, giň dünýägaraýyş, ýaşaýyş-durmuşa gözellik bilen garamak we söýüp-söýlüp ýaşamak düşünjeleri bar. Başgaça aýdanymyzda, ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýän bu gymmatlyklar dünýäniň dörediliş manysyny beýan edýär. Bu giň dünýägaraýşyň içinde ata-babalarymyzyň tebigata bolan söýgüsi hem mynasyp ornuny eýeleýär. Çünki tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhy joşgunyny artdyryp, ömrüni uzaldýan güýç hasaplanýar. Daş-töweregiň arassaçylygynyň göwnejaý bolmagy bolsa, adamyň özüne goýýan sylag-hormatynyň dere