"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

Datly miweleriň mesgeni

Bagbançylyk bilen meşgullanýanyma 24 ýyl bolupdyr. Şol ýyllaryň aglaba bölegini ýylylygy gowy görýän tropiki we subtropiki agaçlary idetmäge bagyş etdim. Biziň kärhanamyzda ýyladyşhanalaryň birnäçesi bolup, olarda gök-miwe önümleri bilen bir hatarda limon, papaýýa, banan, zeýtun ýaly ösümlikler hem ýetişdirilýär. Geçen ýyllarda limon, papaýýa agaçlaryny ýetişdirip, hasyl almakda baý tejribe topladyk. Ýyladyşhana şertlerinde limonyň 80, papaýýanyň 200 düýbüne ideg edilýär. Häzirki döwürde bananyň 25, zeýtun agajynyň 2 düýbi ekilip, synagdan geçirilýär. Biziň tebigy howa şertlerimize mahsus bolmasa-da, ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçiligimiz bolan täsin ösümliklere ünsüňizi çekesim gelýär. Şolaryň biri-de papaýýa agajydyr. Başgaça, papaýýa «gawun daragty» hem diýilýär.

Düýedarçylyk — bereket çeşmesi

Türkmen halky düýedarçylyk bilen örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Bu gadymy hünär biziň günlerimizde-de döwrebap derejede dowam etdirilýär. Düýedarçylygyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde Garagumuň giň sährasynda bu «çöl gämileriniň» sürüleri ýylsaýyn köpelýär. Düýeleri idetmekde we olaryň sanyny köpeltmekde Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň düýedarçylyk hojalygynda hem gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Hojalygyň Garagum sährasyndaky «Goşaýry», «Sanaçly», «Aşyrabat», «Böwrügyşyk» ýaly guýularynyň golaýynda ýerleşýän sarwanlaryň goşlarynda häzirki wagtda düýeleriň 700-den gowragy idedilýär. Çopan goşlarynyň käbirlerine Gün batareýalary oturdylyp, şol goşlardaky sarwanlaryň elektrik energiýasyndan bökdençsiz peýdalanmaklaryna-da mümkinçilik döredilipdir. Galan goşlary hem şeýle döwrebap derejä ýetirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Ýene-de bir aýratyn nygtamaly ýagdaýlaryň biri hem bu goşlardaky sarwanlaryň aglabasynyň bir maşgalanyň agzalary bolmagydyr. Ýagny olar Mansur, Mimat, Narkuly Hojyýewler we Hojahmet Tölegbaýew dagydyr. Bu sarwanlaryň ählisi hem ata-baba kärini dowam etdirýän we düýe idetmekde baý tejribe toplan göreldeli çopanlaryň hatarynda tanalýar.

Balkanyň ak pagtasy

Öňňin, 11-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Balkan welaýatynyň edermen daýhanlarynyň pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň daýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi bol hasyla goşandy bolan ähli daýhanlaryň buýsanjyna buýsanç goşup, göwün guşuny göge uçurdy. Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasyly 16 müň tonnadan hem geçdi. Welaýatda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň şanyna düýn Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda giňden tutulan dabarada çykyş edenler hasyl ussatlaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gyzgyn gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde möwsümde has ýokary sepgitleri eýelemegi başaran pagtaçylara we mehanizatorlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy hem ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Dabaranyň geçýän ýerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýä

Altyn güýzüň aladalary

Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin 3800 gektar meýdanda däne ekişini geçirip, oňat gögeriş gazandylar. Häzir daýhan birleşiginiň däneçilik toparlarynyň 23-sinde hem ýaşajyk maýsalaryň ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. — Täze ýylyň hasyly üçin daýhan birleşigimiz boýunça gallaçy kärendeçileriň 316-sy bilen özara şertnama baglaşdyk. Şu günler gallaçy kärendeçilerimiz ýaşajyk maýsalary altyn güýzüň aladalary bilen gurşaýarlar. Maýsalara ideg etmekde kärendeçilerden Öwez Agalykow, Arslan Nepesow, Bossan Nurlyýewa, Dörtguly Atalyýew, Amanjahan Jumaýewa, Annameret Atalyýew, Orazmämmet Baýramgeldiýew dagy has-da tapawutlanmagy başarýarlar. Ýeri gelende, daýhan birleşigimiziň guwanjy bolan bu kärendeçileriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen jemländiklerini-de guwanç bilen belläsim gelýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygynyň däneçilik işleri boýunça orunbasary Jumamyrat Nurlyýew gürrüň berdi.

Işi rowaç belent maksat tutanyň

Beýik döwrüň maksady hem belent bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatly halkymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýar. Arzyly maksada ýetmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda giň gerim bilen alnyp barylýan köptaraply işler möhüm ähmiýete eýedir. Muňa ýokarda atlandyrylan Maksatnamalarda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň hem-de gazanylýan üstünlikleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bagban hurma ýetişdirýär

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy Atajan Babanazarowyň mellegi goňşularynyňkydan has üýtgeşik. Çünki bu mellekde ýerli bolmadyk del miweli agaçlar hem ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň köpüsi subtropik howa şertlerine laýyk gelýän miweli baglar. Şeýle-de bolsa Atajan olary biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyryp, ösdürip ýetişdirýär. Hurma, beýleki miwelerden tapawutlylykda, güýzdür gyşyň önümi. Onuň saglyk üçin hem peýdasy köp. Şol sebäpli biz bagbanyň hurmany ýerli şertlerde haýsy usullary ulanyp ýetişdirýändigi bilen gyzyklandyk. Şu ýyl Atajan Babanazarowyň 0,20 gektarlyk melleginde hurma agaçlary bol hasyl getiripdir.

Öňde möhüm wezipeler dur

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň agzybir işgärleri şu ýyly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin joşgunly zähmet çekýärler. Işeňňir adamlaryň 14-sini özünde jemleýän önümhananyň işçi-hünärmenleri telekeçilerdir daýhanlardan, içerki bazarlardan amatly nyrhlardan satyn alynýan pomidor, hyýar ýaly gök önümleri, şeýle-de işgärleriň miweleri aýna gaplara gaplap, ilatyň gaplama önümlerine bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. — Önümhanamyzyň işgärleriniň hemmesi öz işine ussat, işeňňir adamlar. Şolardan Begenç Saryýewiň, Güljeren Hotjyýewanyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda agzasym gelýär. Ady agzalan bu işçiler diňe bir göreldeli zähmet çekmek bilen çäklenmän, eýsem birleşigimizde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nusga alarlyk derejede dowam etmegine-de netijeli täsirlerini ýetirýärler — diýip, birleşigiň önümçilik boýunça hünärmeni Begenç Pendigulyýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Gyşa taýýarlykly barýarlar

Ýurdumyzda ilaty özümizde öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri bilen ýylyň ähli paslynda üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň, gök-bakja önümlerini, miwedir ir-iýmişleri saklamak üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de tassyklaýar. Şeýle desgalaryň biri-de, Daşoguz welaýatyndaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmek we saklamak üçin gurlup, ulanylmaga berlen ammarydyr. Bu ammaryň umumy göwrümi 3 müň tonna barabar bolup, onda gök we bakja, miwe önümleriniň ýylyň dowamynda ilata terligine ýetirilmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu ýerde daýhan hojalyklary, kärendeçiler bilen ýylyň başynda şertnama baglaşylyp, olardan dürli gök-bakja önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirilýär. Hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ýerden bol hasyl alýan ýer eýeleriniň we kärendeçi daýhanlaryň bu iş bilen meşgullanmaga islegini artdyryp, işjeňligini ýokarlandyrýar. Häzirki döwrüň ösen kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we niýetlenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär.

Gant şugundyrynyň ýygymy güýçlenýär

Mary welaýatynyň ekerançylary şu ýyl bugdaý hasyly ýygnalandan soň, 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekip, onuň 224 müň tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler. Turuwbaşdan alada bilen gurşalyp, talaba laýyk idegi ýetirilen bu ekin altyn güýzi berekede besledi. Ekin meýdanlarynda gant şugundyrynyň görseň gözüňi dokundyrýan hasyly kemala geldi. Şu günler bu aralyk ekininiň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak bilen baglanyşykly işler günsaýyn güýçlenmek arkaly dowam edýär. Bu işde welaýatyň Baýramaly, Murgap, Wekilbazar etraplarynyň gant şugundyrçylary işjeňlik görkezýärler.

Damjalaýyn suwaryş usuly

Halk arasynda ulanylýan «Ekini bitirýänem suw, ýitirýänem» diýlen dana sözler ata-babalarymyzyň ir döwürlerden bäri suwa uly hormat goýup gelendiginden mysaldyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýer-suw baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde suwlary tygşytly ulanmagyň ugurlarynyň biri-de, suwaryş ulgamynyň işini sazlamakdyr. Häzirki döwürde ýerleri damjalaýyn usulynda suwarmaklyga uly üns berilýär. Hakykatdan hem damjalaýyn suwarmak oba hojalyk ekinlerini suw bilen yzygiderli üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalyk ekerançylygynda möwsümleýin däne ekilen ýerlere damjalaýyn suwarylýan enjamlaryň ornaşdyrylmagy ekinlerden bol hasyl almaga, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga itergi berýär. Damjalaýyn suwarmak usulynyň esasy artykmaçlygy suwuň örän tygşytly ulanylmagydyr. Ekinler ekiliş usulyna görä, damjalaýyn suwarylanda, suw beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirilende, 2 – 4 esse az sarp edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ekin meýdanlaryny suw bilen üznüksiz ýagdaýda üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda önümçiligiň ähli ugurlaryny döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, şeýle-de ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak,

Ekin ýerleriniň gadymy atlary

Çagat — gadymy sözleýiş medeniýetimizde ekişe ýaramsyz, daşly, çagylly, çägeli, şor ýa-da tekiz däl diýen manyny aňladýar. Şeýle ýerlere çagat ýer, çagan ýer, käbir şiwelerde çagşak ýer hem diýilýär. Alymlaryň ylmy seljermelerine görä, çagan, çagat, çagşyk sözleri bir kökden döräpdir. Çagşak sözüni Mahmyt Kaşgarly «dagyň daşly, çagylly ýeri» manysynda ulanyp, oňa degişli «Çagşak üzre ot bolmaz» diýen nakyly mysal getiripdir. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň sözlüginde çagat sözüniň «çagşyldy» diýen ses meňzetmesine ýakynrak sözden emele gelendigi nygtalýar. Käbir şiwelerde «çagat» diýlip, geçmesi kyn, ot-çöp bitmeýän daglyk ýerlere hem aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagat sözi bilen bagly ýer-ýurt atlary döräpdir. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda meýdany 10 gektara barabar bolan köl, kölden gözbaş alýan zeýkeş, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Hojapil obasyndaky ýaýla Çagat diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, Daşoguzdaky Çagat kölüniň kenaryndaky oba Çagatsaka, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky jülge Çagatlydere jülgesi diýlip atlandyrylýar.

Hasylly sütün

◊ Tejribeli türkmen daýhanlary şalynyň ýetişmegi üçin azyndan 120 günüň gerekdigini belleýärler. Olar ekiniň 90 gün suw içinde ýatyrylýandygyny, 30 gün galanda bolsa suwy kesilip, hasylynyň bişerine garaşylýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de adaty wagtdakydan aralyk ekin hökmünde ekilýän şalynyň birneme köp tohum talap edýändigini nygtaýarlar. Onuň sebäbini gijräk ekilen şalynyň sowuk suwda ýatýandygy zerarly açylyp ýetişmeýändigi bilen düşündirýärler. ◊ Sogan düzüminde almadan we armytdan has köp tebigy şeker saklaýar. Onuň bir gatynda 6 göterim şeker bar. Ol gowrulanda ilki düzümindäki ajylyk bugarýar we süýji tagama eýe bolýar.

Rysgal-berekediň mekany

Geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzda Hasyl toýy uludan bellenip geçildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarda giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylyp, oňa edermen daýhanlarymyz toý sowgatlary — zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Munuň özi Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda-da giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilip, uly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak hem-de oba hojalygyny iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda toplumyň agzybir işgärleri öndürijilikli zähmet çekýärler. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylda edermen gallaçy daýhanlarymyzyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, ýurdumyzyň ýüpekçileriniň bolsa 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etmekleri aýdyň mysallardyr.

Halal zähmetiň belent sarpasy

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýekşenbe gününde ― 10-njy noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýunyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Çekseň zähmet — ýagýar rehnet

Ene topragyň rysgal-berekediniň we daýhan yhlasynyň sarpalanmasynyň nyşany bolan Hasyl toýy halkymyzyň uly ruhubelentlikde belleýän baýramlarynyň biridir. Bereketli toprak bilen yhlasly zähmetiň sazlaşygynyň ynsanyň bolelin durmuşynyň güwäsidigine pugta ynanýan il-ulsumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýramy bagtyýarlyga besläp, uly dabaralar bilen belläp geçdi. «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýen parasatly pähimi döreden milletimiz ähli döwürlerde daýhançylyga iň asylly kärleriň biri hökmünde uly sarpa goýupdyr. Ajaýyp zamanamyzda hem oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmelerden, döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan edermen babadaýhanlarymyz däneli ekinleriň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň, miwedir ir-iýmişleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berkarar Watanymyzda örküni topraga baglan oba hojalykçylaryň halal zähmetiň hözirini görmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyr

Açyşlary bilen abraý alan

(Oçerk) Üstünden esli ýyl geçensoň, sahypalary saralan gazetlere göz aýlaýaň weli, şol ýyllaryň wakalaryna dolananyňy duýman galýaň. Bu gezegem şeýle boldy. Wah, ýogsam, orta boýludan deşli, tegelekden bugdaýreňk ýüzi hemişe ýylgyryp duran adamy men 20 ýyl bäri tanaýan. Birini taryplaberseň: «Goňşy oturypmydyň? Ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýlip soralagan bolýar. Ýolda ýoldaş bolanym-a hak. Özem nijeme gezek. Bäri-bärem däl. «Altyn asyr» Türkmen kölüne, onuň baş akabalarynyň boýlaryna, ýurdumyzyň çägindäki suw howdanlaryna. Ýadarsyň, üst-başyň, ýüz-gözüň çaňjaryp durandyr, tot-tozandyr, ýöne keýpiň topugyňdan dökülýändir. Sebäbi saňa ýolbeletlik eden adam şu ugurdaky edaranyň ýolbaşçysy, özem şeýle bir aladaçyl, galdaw, guramaçy, barlan, görlen ýerlerdäki işlere bäş barmagy ýaly beletdir weli, sen: «Hernä, oňuna bolaýsady-da?!» diýip, ugran işiň göwnüňdäkidenem aňry bolup biteni üçin argynlygy duýmarsyň. Kiçigöwün bu adam bilen hoşlaşanyňda bolsa: «Wah, hemme kişi şeýle bolaýsady!» diýip oýlanarsyň.

Hasyl toýy dabaraly bellenilip geçildi

Baýramçylyga bagyşlanyldy Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem edermen babadaýhanlaryň yhlasly zähmetiniň şanyna Hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Welaýatymyzdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda guralan baýramçylyk dabarasyna welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaş nesiller gatnaşdylar. Hasyl toýunyň giňden dabaralanýan meýdançasy bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş-töweregi baýramçylyk gününde has ajaýyp, owadan görnüşde görünýär. Ak öýüň ýanynda bereketli topragymyzdan alynýan gök önümleriň, bakja ekinleriniň sergisiniň guralmagy, milli tagamlaryň taýýarlanylmagy dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Pälwanlaryň göreş tutmagy hem diýseň gyzykly boldy. Gülläp ösýän ýurdumyzy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyndaky özgertmelerini, babadaýhanlaryň yhlasly zähmetini wasp edýän aýdym-sazlar, folklor çykyşlar bu ýere gelenleriň ruhuny göterdi.

Baýramçylyk dabarasy

Dabarasy dag aşan toý TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagy TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda Hasyl toýy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň beýanydyr

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmen topragynyň berekedi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Halkymyzyň öňden gelýän dessurlaryna esaslanyp, bereket-bolçulygyň, agzybirlikli zähmetiň şanyna tutulýan Hasyl toýy uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen mukaddes topragymyzdan bol hasyl alýan babadaýhanlarymyza päk zähmetiniň miwesini görmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Bereket-bolçulygy, päk zähmete goýulýan belent sarpany alamatlandyrýan Hasyl toýunyň dabaralaryna bagtyýar ildeşlerimiz şatlyk we ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.