"Nebit-gaz" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmengaz" döwlet konserni
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56-njy jaýy
Telefon belgileri:44-08-50

Habarlar

«Ame­ri­ka Açy­gyň» tä­ze çem­pi­on­la­ry

Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şy bo­lan «Ame­ri­ka Açyk» bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. Umu­my baý­rak ga­z­na­sy 75 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan we 144-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňi­ji bol­dy. Ola­ryň iki­si-de fi­nal­da ame­ri­ka­ly ten­nis­çi­ler­den üs­tün çy­kyp, 3,6 mil­li­on dol­lar­lyk pul baý­ra­gy­ny ga­zan­dy. 1988-nji ýyl­dan soň bir ýy­lyň do­wa­myn­da ga­ty ör­tük­li (hard) meý­dan­ça­da­ky 2 «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şyn­da-da («Awst­ra­li­ýa Açyk», «Ame­ri­ka Açyk») er­kek­ler­de­nem, ze­nan­lar­da­nam şol bir ten­nis­çi ýe­ňi­ji bol­dy. Iki ten­nis­çi-de kar­ýe­ra­la­ryn­da­ky 16-njy ku­bok­la­ry­ny ga­zan­dy. Ilkinji italiýaly erkek tennisçi

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13-nji sentýabr (anna) Borussiýa D – Haýdenhaým (23:30)

Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2 du­şu­şyk­da 12 gol ge­çir­di

Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň Azi­ýa zo­la­gy bo­ýun­ça 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň 1-2-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. 1-nji du­şu­şyk­la­ryň kä­bi­rin­de ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. «A» to­par­ça­da Öz­be­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny Ma­şa­ri­po­wyň 20-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 hasabynda ýeň­di. Eý­ran hem şol ha­sap bi­len Gyr­gy­zys­tan­dan üs­tün çy­kyp, ýe­ke-täk go­ly 34-nji mi­nut­da Meh­di Ta­re­mi ge­çir­di. Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy­nyň öz meý­dan­ça­syn­da BAE-den 3–1 hasabynda utul­ma­gy ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je bol­dy. 1-nji ýa­rym­da Al-Has­sa­nyň go­ly bi­len öňe ge­çen ka­tar­ly­lar 2-nji ýa­rym­da 3 gol ge­çirt­di­ler. BAE-niň ýy­gyn­dy­sy­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ab­dal­la (68), Ib­ra­him (80) hem-de Sa­leh (90+4) ge­çir­di. 2-nji du­şu­şyk­lar­da Öz­be­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da Gyr­gy­zys­ta­ny ýer eýe­le­ri­niň 2 ge­zek öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di (Ko­žo 15, Ab­du­rah­ma­now 35 — Şo­mu­ro­dow 17, Ali­ku­low 45, Uru­now 72). Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy bu tap­gyr­da-da iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, olar myh­man­çy­lyk­da BAE-ni Ga­ýe­di­niň 45+3-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.

Türgenlerimiziň guwandyryjy üstünlikleri

Şu günler Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 2 sany hem bürünç medal gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar. Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Ýurdumyzyň guşakly göreş boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Alyş — bu türkmen göreşine meňzeş sport görnüşi bolup, ol, esasan, gyrgyzlarda has meşhurdyr. Türkmenistanly türgen öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşdy. Jemleýji tutluşykda ildeşimiz özbegistanly türgeni ýeňmegi başaryp, altyn medala eýe boldy.

Ýaşyl meýdançanyň ezberleri

Millionlaryň söýgüli oýny bolan futbol bütin dünýäde sportuň iň meşhur görnüşidir. Şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen «AFL Kids Сup — 2024» atly halkara futbol ýaryşynda türkmenistanly toparlaryň üstünlikli çykyş etmegi sportuň bu görnüşiniň ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Bizem ýakynda şol ýaryşda 2012-nji ýylda doglan futbolçylardan düzülen toparlaryň arasynda ýeňiji bolan «Batly» toparynyň türgenleşigine gatnaşyp, gaýyş topa göwün beren ýaş zehinler bilen ýakyndan tanyşdyk. Futbol topary tälimçiden başlanýar. Ussat tälimçiler öz şägirtlerine bu jadyly oýnuň inçe tilsimlerini öwredip, ýeňiş ugrunda göreşmäge we üstünlige ýetmäge kömek edýär. 12 ýaşa çenli oglanlardan düzülen «Batly» toparyna tälim berýän Gahrymanberdi Çoňkaýew hem ýurdumyzyň güýçli toparlarynyň ençemesinde, şeýle-de Gazagystanyň «Okžetpes» toparynda çykyş edip, abraý gazanan meşhur hüjümçidir. Ol öz şägirtleriniň Özbegistanda gazanan üstünligi barada şeýle gürrüň berýär: «AFL Kids Сup-2024» atly halkara futbol ýaryşy toparymyz üçin örän şowly geçdi. Geçen ýyl şol ýaryşda ikinji orny eýelän bolsak, bu ýyl Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň ýetginjeklerinden düzülen toparlar bilen geçirilen 5 duşuşykda 4 gezek ýeňiş gazanyp, bir oýny deňlikde tamamladyk. Bu netije bize ýaryşyň ýeňijisi bolmaga mümkinçilik berdi. «Batlynyň»

Sport arkaly dostluk köprülerini berkidip

Şu günler Gazagystan Respublikasynda «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary astynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary dowam edýär. 8-nji sentýabrda onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. 8-nji sentýabrda «Akorda» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we ony has-da ösdürmäge çalşylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Kikboksçulardan 5 medal

Türkmenistanly ýetginjek kikboksçular Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen çempionatda bir altyn, bir kümüş we üç sany bürünç medala mynasyp boldular. Dünýä çempionaty 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgeni özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysyna bolsa 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz kikboksuň «kik-laýt» we «full-kontakt» görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda 37 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jasurbek Ahmedow geçiren dört tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Türkmen ýygyndysynyň kümüş medalyny 51 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Bekenow gazandy. Ol dünýä çempionatynyň dowamynda güýçli garşydaşlarynyň üçüsinden üstün çykdy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bolsa üçünji orundan paýly boldular.

Arkadag taglymaty — sport diplomatiýasyň binýady

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitleri nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň aýratyn üns merkezinde saklanylmagy bu ulgamyň ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň, zyýanly endikleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň ygtybarly usuly hökmünde öňe sürülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy barada döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar.

Ýarym finalda

«Türkmenistanyň Kubogy — 2024» ugrundaky duşuşyklar örän çekeleşikli dowam edýär. Ýakynda ýurdumyzyň Kubogynyň häzirki eýesi «Arkadag» futbol topary çärýek finalyň jogap duşuşygynda Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadama» myhman boldy. Oýun 3:1 hasabynda arkadaglylaryň peýdasyna tamamlandy. 11-nji minutda «Arkadagdan» Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. Duşuşygyň 20-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanan Daýanç Durdyýew hasaby deňlemegi başardy. Çekeleşikli dowam eden duşuşygyň birinji ýarymy 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Şu hasap bilen arakesmä çykan toparlar ikinji ýaryma-da depginli başladylar. «Arkadag» topary oýnuň 47-nji minutynda Begmyrat Baýowyň goly bilen täzeden öňe saýlandy. 68-nji minutynda bolsa Altymyrat Annadurdyýew arany açmak bilen, özüniň şu oýundaky ikinji, toparynyň üçünji goluny geçirdi.

Sportuň belent ruhy bilen

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan şu günler orta mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiadanyň täze möwsümine taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Bölüm tarapyndan sport ýaryşlarynyň täze möwsüminiň meýilnamasy taýýarlanylyp, olary etrap bilim bölümlerine paýlap bermek işleri alnyp barylýar. Sport ýaryşlarynyň täze möwsümine şu ýylyň oktýabr aýynda badalga berlip, möwsüm geljek ýylyň aprel aýynda tamamlanar. Şol döwrüň içinde bilim işgärleri sportuň 9, mekdep okuwçylary bolsa 12 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Ýaryşlaryň ilkinji tapgyrlarynyň netijesinde etraplaryň, soňra-da welaýatymyzyň ýygyndy toparlary düzülip, olar döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşdyrylar.

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, türgenlerimiz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Futbol täzelikleri

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda paýtagtymyzda «Altyn Asyr» bilen duşuşan Balkanabadyň «Nebitçi» topary uly hasapda ýeňildi. Aşgabatlylaryň gollaryny 21-nji minutda Serdar Annaorazow, 33-nji minutda Selim Nurmyradow, 49-njy minutda Söhbet Durdyýew, 83-nji, 87-nji minutlarda Mihail Titow derwezä girizdiler. Aşgabadyň «Köpetdagyny» kabul eden Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy», kynlyk bilenem bolsa, ýeňiş gazanmagy başardy. Myhmanlaryň derwezesinden ýeke-täk pökgini 50-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrow geçirdi.

Netijeli gatnaşyklary ösdürip

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýakynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen Baş Assambleýasyna gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çärä yklymyň ähli künjeginden wekiller gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Baş Assambleýanyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda türkmen tarapy ýurdumyzyň yklymda sporty mundan beýläk hem ösdürmek babatdaky başlangyçlara ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady.

Nebitçileriň arasynda bäsleşik geçirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jeminde «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň tehniki-önümçilik bölüminiň inžener-tehnology Kemal Aýjanow I orna, «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň mehaniki abatlaýyş bölüminiň slesar-abatlaýjysy Sapargeldi Täçberdiýew II orna we Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň hukuk, talap we gümrük işleri boýunça bölüminiň deklaranty Leýli Gubanowa III orna mynasyp boldy.

Ispaniýada gazanylan altyn medal

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu ýurdumyzyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr. Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Ol saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy. Soňra ildeşimiz şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy. Ildeşimiz final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.

Sobolenko «US Openiň» çempiony

Dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenko (Belarus Respublikasy) «US Open» uly tuwulgasynda ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda WTA reýtinginde ikinji orunda barýan Arina ýaryşyň finalynda dünýäniň altynjy raketkasy amerikaly Jessika Pegulany ýeňlişe sezewar etdi. 1 sagat 54 minut dowam eden oýun 7:5, 7:5 hasabynda Arina Sobolenkonyň peýdasyna tamamlandy.  Şeýlelikde, Arina Sobolenko bu möwsümde ikinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň çempiony boldy. Mundan ozal, ol şu ýylyň ýanwar aýynda «Austrailan Open» «uly tuwulgasynda» hem çempion bolmagyň hötdesinden gelipdi. 26 ýaşly tennisçi «US Opendäki» çempionlyk üçin 2 müň reýting utugyny hem-de 3 million 600 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyny gazandy.

«Galatasaraýdan» garaşylmadyk transfer

Tomusky transfer möwsüminde iň garaşylmadyk ýöriş Türkiýäniň «Galatasaraý» kluby tarapyndan amala aşyryldy. Has takygy, türk kluby tutuş tomus Ýewropanyň top klublaryndan şertnama hödürlenilen, Saud Arabystanynda uly möçberdäki zähmet haklary teklip edilen ýyldyz hüjümçi — Wiktor Osimheni düzümine goşmagy başardy. «Galatasaraý» Osimheni «Napoliden» bir möwsümlik kärendesine aldy. «Daily Sport» neşiriniň ýazmagyna görä, «Galatasaraýyň» Osimhen we «Napoli» bilen baglanyşan şertnamasynda oýunçyny satyn almak hukugy barada hiç zat ýazylmandyr. Emma «Galatasaraý» öňdebaryjy klublardan teklip gelip gowşan halatynda gyşky transfer möwsüminde oýunçyny goýbermäge razylaşypdyr.

Ronaldu gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi

Portugaliýaly 39 ýaşly hüjümçi Kriştianu Ronaldu resmi oýunlardaky gollarynyň sanyny 900-e ýetirdi. Onuň ýubileý goly UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyryndan orun alan Portugaliýa — Horwatiýa oýnunda derwezä gönükdirildi. Oýun Portugaliýanyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Ronaldu resmi oýunlarda öz adyna 900 gol ýazdyran taryhdaky ilkinji oýunçy boldy. Ol 5 goly «Sportingiň», 145-sini «Mançester Ýunaýtediň», 450 goly «Realyň», 101 goly «Ýuwentusyň», 68 goly «Al-Nassryň» hem-de 131 goly Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde geçirdi.

Taryhdaky ilkinji resmi ýeňşini gazandy

5-nji sentýabrda San-Marinonyň ýygyndysy UEFA-nyň Milletler Ligasynyň 1-nji tapgyrynyň oýnunda Lihtenşteýni 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. San-Marino ýeňiş getiren ýeke-täk gol 19 ýaşly Niko Sensoli tarapyndan derwezä gönükdirildi. Gyzykly tarapy, bu ýeňiş San-Marinonyň milli ýygyndysy üçin taryhdaky ilkinji resmi üstünlikdir. Halkara meýdançada 34 ýyl bäri çykyş edýän bu ýygyndy mundan ozal diňe bir gezek, 20 ýyl öň ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazanyp görüpdi. Ýeri gelende bellesek, San-Marino häzirki wagtda UEFA-nyň reýtinginde iň aşakdaky orny eýeläp dur. FIFA-nyň reýtinginde bolsa bu ýurt 210-njy basgançakda barýar.

«Altyn topa» dalaşgärler yglan edildi: sanawda Messi hem, Ronaldu hem ýok

«France Football» žurnaly ýyly tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Sanaw 30 oýunçydan ybarat bolup, ondan soňky 21 ýylda ilkinji gezek Lionell Messiniň we Kriştianu Ronaldunyň ady orun almady. Hünärmenler bu ýyl «Altyn topa» «Realyň» oýunçylary Winisius Žuniory we Jud Bellingemi, «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamaly esasy dalaşgär hasaplaýarlar. Ýeri gelende bellesek, «Altyn topa» iň köp mynasyp bolmak boýunça rekord Argentinanyň milli ýygyndysynyň we ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionell Messä degişli — 8 gezek. Bu ugurda ikinji orny 5 gezek bu baýragyň eýesi bolan Kriştianu Ronaldu eýeläp dur. Maglumat üçin, «France Football» neşiri tarapyndan döredilen «Altyn top» baýragy 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Bu ýyl 68-nji gezek onuň eýesi yglan edilip, gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižiň «Şatle» teatrynda geçiriler.