Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti
Ertekiler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Olar köplenç, «Bir bar eken, bir ýok eken» diýen jümle bilen başlanýar. Ertekilerde halkyň oý-pikiri, dünýägaraýşy, duýgy-düşünjeleri beýan edilýär. Şeýle-de bolsa, biz ertekileriň diňe terbiýeçilik ähmiýeti hakynda oýlanyp, olaryň matematika we beýleki dersleriň hem usuly çeşmesidigi hakynda seýrek pikir edýäris. Ertekileri başlangyç synplarda we çagalar baglarynda matematika sapaklaryny okatmakda giňden ulanmak mümkin. Uzak taryhyň dowamynda adamlar durmuşyň dürli ugurlary hakynda gürrüň berýän ertekileri döredip, dilden-dile geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ertekiler hiç haçan könelmeýär, olar ýönekeýligi we çuňňur pelsepesi bilen adamlara emosional täsir edýär. Ertekiler matematiki düşünjeleri ýönekeý, haýran galdyryjy hyýaly görnüşde görkezýär. Ertekileri diňlemek we okamak bilen, biz ertekidäki gahrymanlaryň başdan geçirmelerini we dürli ýagdaýlaryny hyýalymyzda janlandyrýarys, bolup geçýän wakalara syn edýäris we dürli ýagdaýlaryň sazlanyşygyny ýada salýarys.