"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Uly aýlag sebitinden Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça ilkinji göni howa ýoly açyldy

23-nji iýulda «Türkmenhowaýollarynyň» akylly elektronika, egin-eşik we beýleki harytlary alyp barýan ýük uçary Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçdy. Bu uçuş Uly aýlag sebitinden Türkmenistana howa arkaly ilkinji göni halkara ýük ugrunyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy diýip, «CGTN» halkara teleýaýlymy ýazýar.

Lýuksemburgyň iri ulag kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen ýükleri daşaýar

Ýewropanyň Lýuksemburg döwletinde esaslandyrylan iri “Cargolux Airlines” ulag-logistik kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli ýük howan gatnawlaryny ýerine ýetirýär. 2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyk baglaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Lýuksemburg we Aşgabat şäherleriniň arasynda yzygiderli ýük howa gatnawlaryna badalga berildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dünýäniň birnäçe ýurdunyň iri şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şol şäherleriň arasynda London, Stambul, Deli, Pekin, Dubaý, Frankfurt, Kazan, Moskwa ýaly şäherler bar. Täze tertipde uçar gatnawlaryň uçýan güni, wagty, gonýan wagty ýaly maglumatlar beýan edilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibini şu salgy boýunça tanşyp bilersinňiz: https://tyy-news.gov.tm/post/5324

Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuş biletleri onlaýn-satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» uçar kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.  «Hormatly ýolagçylar! Biziň saýtymyzda Moskwa, Kazan, Deli, London, Pekin we Frankfurt ýaly şäherlerden yzyna Aşgabada uçuş biletlerini satyn alyp biljekdigiňizi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris!» - diýlip, bildirişde aýdylýar.

“Türkmenhowaýollary” uçarlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýdy 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçy gatnawlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýandygy barada habar berilýär. Häzirki wagtda Moskwa — Aşgabat, Deli — Aşgabat, Pekin — Aşgabat, Frankfurt — Aşgabat, London — Aşgabat, Kazan — Aşgabat ugurlar boýunça onlaýn biletleri satyn alyp bolýar.

Gezsem, dünýäni görsem

Täsin ýaşaýyş toplumy Kanadanyň Monreal şäherinde ýerleşýän 12 gatdan ybarat ýaşaýyş toplumy beýleki ýaşaýyş jaýlaryndan özüniň täsin dizaýn gurluşy bilen tapawutlanýar. Daşyndan seredeniňde çylşyrymly görünse-de, ol örän ykjam we rejeli gurlandyr. Bina biri-biriniň üstüne ýerleşdirilen dürli 354 monolit demirbeton modullaryndan ybarat. «Habitat 67» adyna eýe bolan binalar toplumyndaky her bir öýjük öz bagy bolan aýratyn ýaşaýyş jaýydyr.

Ýewropada gijeki otlular işläp başlady

Ýewropada ýene-de gijeki otlular işläp başlady. Olar öň hereket etmek üçin amatly serişdedi. Emma arzan awiagatnawlardyr arzan benzin olary bazardan gysyp çykardy. Bu gezek gijeki otly gatnawlary durnukly jahankeşdeligiň usullarynyň birine öwrüldi. «European Sleeper» kompaniýasy şeýle gatnawy Berlin bilen Brýusseliň arasynda işe goýberdi.

Gezsem, dünýäni görsem

Üçleýin birleşýän asman binasy Üçleýin biri-biri bilen birleşýän ajaýyp asman binasynyň taslamasynyň Hytaýyň Ýuhan şäherinde ilkinji görkezilişi geçirildi. «ZNA» kompaniýasynyň wekilleri Ýuhan şäherindäki asman binasynyň diňe bir maliýe merkezi bolup hyzmat etmän, eýsem, adamlara açyk howada dynç almaga we gözellikleri synlamaga ýardam berjekdigini aýdýarlar. Asman binasynyň biri-biri bilen köpri arkaly birikmegi özüneçekijidir. Köpriniň gyralary ýaşyl baglyklar bilen örtüler. Binalar 52, 47 we 50 gatdan ybarat bolup, her biri şäheriň gözel künjeklerine gönükdirilendir. Üçleýin birleşýän asman binasy Günüň şöhlesinden paneller arkaly energiýa alyp, özbaşdak dolandyrylar. Binanyň 2025-nji ýylyň ahyrlaryna açylmagy meýilleşdirilýär.

«Armenian Airlines» Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy

«Armenian Airlines» awiakompaniýasy Ýerewan – Stambul – Ýerewan ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýdy diýip, «Armenpress» habar berýär. Ilkinji uçuş 2-nji iýulda amala aşyryldy, petekleriň satuwy www.armenianairlines.am saýtynda eýýäm açykdyr.

Jahankeşdeler uçarlardan otla geçmäge taýýar

Soňky ýylda ekologik jahankeşdelik boýunça internetde sowal bilen ýüzlenýänleriň sany 36 göterime çenli artdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu barada Ýewropa giňişliginde turizmi ösdürmek boýunça Brýusselde geçen foruma gatnaşyjylar bellediler. Forumda soňky üç ýyllyk kynçylyklardan soňra jahankeşdelik pudagynyň dikelýändigi barada gürrüň edildi. Şeýle hem jahankeşdeleriň bu gün daşky gurşaw barada köp aladalanýandygy hasaba alyndy. Demir ýol gatnawlarynyň gowulanmagy netijesinde jahankeşdelik operatorlary uçarlar arkaly jahankeşdelikden kem-kemden otlulara islegiň artýandygyny belleýärler.

«Türkmendemirýollary» agentligi VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy

«Türkmendemirýollary» agentligi ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän VIP wagonlar üçin petekleriň satuwyny täzeden ýola goýdy. Agentligiň metbugat gullugynyň «Turkmenportala» habar bermegine görä, VIP görnüşli wagonlar üçin petekler eýýäm wokzalyň kassalarynda satylyp başlandy. Ýakyn wagta şeýle petekleri railway.gov.tm saýty arkaly onlaýn satyn almak hem mümkin bolar.

Owazasy dünýä dolan Awaza

«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023 Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da dö­re­di­len hal­ka­ra de­re­je­li hä­zir­ki­za­man şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň dü­züm­le­ri­niň üs­ti ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze des­ga­lar bi­len ýe­ti­ril­ýär. Ba­ry-ýo­gy soň­ky on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da bu tä­sin kün­jek jen­net me­ka­ny­na öw­rül­di. Bu ýe­re her to­mus möw­sü­min­de müň­ler­çe adam dynç al­ma­ga gel­ýär. Şun­da tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da dynç al­mak üçin, şol san­da maş­ga­la bo­lup gel­mek üçin hem-de wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mek ug­run­da ýo­ka­ry şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, mu­ňa türk­me­nis­tan­ly­lar we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar my­na­syp ba­ha ber­ýär­ler.

Seýil edeliň bu jahana!

90 ýaşly botanika bagy Täjigistanyň Duşenbe şäherinde ýerleşýän Baş Botanika bagyna şu ýyl 90 ýyl dolýar. Bu özboluşly seýilbagda dünýäniň çar künjeginden getirilen on müňlerçe ösümlikler bar. Bu köpleriň iň gowy görýän ýeridir, biologlar hem bu ýerde dürli ylmy-barlaglary alyp barýarlar. Mysal üçin, bagyň «Gülleriň bagy» diýen ýerinde çigildemleriň 30 müňüsi ösüp otyr. Bag alty sany geografik zolaga bölünýär, bu ýerde seýrek serwi agaçlarydyr magnoliýa baglary, tropiki palmalar hem bar. Botanika bagy 40 gektar meýdany tutýar. Bagda hünärmenleriň şäherjigi hem ýerleşýär, onda baýramçylyk, aýdym-saz, aşpezlik festiwallarydyr hatda durmuş toýlary hem geçirilýär.

Awazadaky döwrebap sport desgalary

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalan Türkmenistan döwletimiziň diňe bir sport ulgamynyň wekilleri üçin däl, şol bir wagtyň özünde işewürler we syýahatçylar üçin hem giňden açykdygy her birimize mälimdir. Bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýän Hazar deňziniň türkmen kenarynda ençeme iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlar, festiwallar geçirilip, ýokary derejede guralýan iri ýaryşlar bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýüzüne ýaýdy. Awazada ýokary derejede geçirilen sport ýaryşlarynyň her birisi halkara bilermenleriň oňyn seslenmesine mynasyp boldy.

IATA: Ýewropada golaý 10-15 ýylda awiapetekleriň nyrhy arzanlamaz

Ýewropada awiapetekleriň sany golaý 10-15 ýylda arzanlamasa gerek, bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalara zyýanly galyndylaryň möçberlerini 2050-nji ýyla çenli nol derejä ýetirmek barada talaplary bilen hem baglydyr. Bu barada Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) başlygy Willi Uolş «Corriere della Sera» italýan gazeti bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, «Report.az» neşiri ýazýar.

«Türkmenhowaýollary» täze howa gämilerini satyn alar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.  Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 2 sany «Boeing 777-367/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Awaza» barmak üçin ulag hyzmatlary doly yola goýuldy

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpden bäri garaşylýan tomusky dynç alyşdan aýyrýan 500 kilometrden gowrak aralygy geçmegiň birnäçe ýoly bar: Iň meşhury we iň çalty – uçar bilen! «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça gündelik irdenki uçuşlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara howa menzili bilen agşamky uçuşlar hem baglanyşdyrýar: hepdede dört gezek 18:00-da we üç gezek 21:10-da.

Aşgabady we Awazany täze awtobus ugry birikdirer

11-nji iýundan başlap Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyna badalga berer. Awtobuslar her gün Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden «Awaza» MSZ-na ugrar.

Dünýä awiapudagy pandemiýadan öňki durkuna dolanýar

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy raýat awiasiýasynyň ýagdaýy barada çaklamany täzeledi. Hünärmenleriň bu ugurdaky maglumatlary oňat. Sebäbi ýolagçy gatnawlarynyň möçberleri pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp geldi diýip, «Habar 24» ýazýar. Çaklamalara görä, şu ýylyň ahyryna çenli ýolagçy gatnawynyň möçberi 4 milliarddan agar. Şeýle sanlary pudak diňe çäklendirmelerden we serhetleriň ýapylmagyndan öň, 2019-njy ýylda görüpdi.

Galama ganat Lebap

― Diňe gawun gawundan däl, ýakym hem ýakymdan reňk alýan eken. Säher bilen uçardan düşenimde, Amyderýanyň üstünden öwüsýän sergin şemal ýüzümi sypan ýaly bolaýdy. Ine, indi bolsa «Şäherlere syýahat etmegi muzeýden başlamalymy ýa syýahatdan soň muzeýe gelmelimi?» diýen sowalyň jogabyny tapdym. Syýahaty muzeýden başlamaly eken» diýip, paýtagtly kärdeşimiz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki salamlaşygymyzyň ilkinji minutlarynda ýylgyrýar. «Saparymyz şowuna bolubilsedir, hernä!» diýip, şapak ýaňy gyzaryp barýarka paýtagtdan ýola düşen kärdeşlerimiz ak şäheriň doglan gününden bir gün soň gündogar sebitdäki döredijilik saparyny döwürleri birleşdirýän muzeýden başladylar. Döwürleriň jemlenen ýerinde