"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Döwrümize ruhy joşgun ýaraşýar

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uludan tutulýan toý-dabaralarda, ýerine ýetirilýän çykyşlarda döwrümiziň belent waspy, halkymyzyň ruhy galkynyşy aýdyň duýulýar. Şeýle joşgunly çykyşlar bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýan döredijilik toparlarynyň biri-de welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde toparda alnyp barylýan işler dogrusynda welaýat medeniýet merkeziniň direktory, toparyň ýolbaşçysy Oguldöndi Altyýewa şeýle gürrüň berýär: — Häzirki wagtda toparymyzda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Medeniýete-sungata maýyl ýaşlaryň arasynda işlemek örän buýsançly. Biz höwesjeň oglan-gyzlaryň gatnaşmaklary bilen milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandyk. Ýeri gelende aýtsak, şeýle ajaýyp tans eserlerimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara hem gatnaşyp, halkymyzyň tans sungatynyň aýratynlyklaryny şöhlelendirdik. Şu günler golaýlaşyp g

Mizemez dostana gatnaşyklar

Medeniýet ynsanyýetiň taryhynda özara gatnaşyklardaky ruhy köpri bolup hyzmat edip gelipdir. Hakykatdan-da, bu hakyndaky ajaýyp maglumatlara taryhyň sahypalaryna göz gezdirenimizde hem görmek bolýar. Bu bolsa milletimiziň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklarynyň mizemezligini alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Bilşimiz ýaly, ýakynda Pekin şäheriniň Týan Szýao teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam sungatynyň, gadymy lybaslaryň, zergärçilik önümleriniň, dünýäde şöhrat gazanan türkmen halylarynyň nepisligi, özboluşlylygy sergä gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Bu gymmatlyklar ajaýyplygy, reňkleriniň we bezeg işleriniň sazlaşygy bilen halkymyzyň köptaraply zehinini alamatlandyrýar. Hususan-da, haly we haly önümleri, gadymy şaý-sepler, dürli görnüşdäki zergärçilik işleri, olaryň reňkiniň, bezeg daşlarynyň sazlaşygy, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Gülle, medeniýetim, sungatym meniň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek ugrunda uly alada edilýär. Rowaçlygyň nurana ýoluna düşen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösýär, kämilleşýär. Muny ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap medeni ojaklarda ýola goýlan medeni hyzmatlarda, medeniýet we sungat işgärleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, halka ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýyl döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz festiwallarynyň geçirilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Diýarymyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna mümkinçilik berýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýär, Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde örän guramaçylykly we dabaraly geçirilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-d

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Şu gün, 17-nji iýulda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik hem-de haly önümleriniň we halyçylyga degişli sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Medeniýet — bir milletiň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan, onuň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň jemidir. Halkyň kalby hasaplanýan medeniýet, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda özara baglanyşygy we agzybirligi gorap saklaýar. Medeniýet halkyň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, dilini, sungatyny, edebiýatyny we ylym-bilimlerini öz içine alýan giňişleýin düşünjedir. Ol jemgyýetiň döredijilik we intellektual mirasy bolup, nesillerden-nesillere geçirilip, durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar. Medeniýet, jemgyýetiň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Halkyň dünýäni nähili görýändigini we kabul edýändigini görkezýär. Halkyň baýramçylyklary, toý-dabaralary, ýagşy ýörelgeleri, sungat eserleri we edebiýatlary arkaly onuň dünýägaraýşy we ruhy gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, medeniýet halkyň özboluşlylygyny we aýratynlygyny hem öňe sürýär. Medeni mirasy gorap saklamak we ony ösdürmek, nesilleriň arasynda ruhy baglanyşygy üpjün edýär.

“Ýaşlaryň şäherindäki” hoş owazlar

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna zehinli aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrülip, ol hemişe-de sungaty söýüjileriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Golaýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň öňündäki meýdançada onuň paýtagtymyz boýunça geçirilen tapgyry uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilýän bu bäsleşik Milli Liderimiziň egsilmez yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýady berkden tutulan, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirildi. Bäsleşigiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry bu ýerdäki döwrebap binalaryň hatarynda şäheriň görküne görk goşup oturan Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. «Geljegiň şäheri», «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen bu ajaýyp künjekde sapaly tomsuň mylaýym şemally nurana agşamynda guralan dabarada ýerine ýetirilen hoş owazly aýdym-sazlar şäheriň ilersinde seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň jülgelerine ýaň salyp, hemmelere ýatdan çykmajak täsirli pursatlary, ýakymly duýgulary

Türkmen tansçylarynyň bursadaky üstünligi

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň guramagynda «Altyn garagöz» atly halk tanslarynyň 36-njy halkara bäsleşigi geçirildi. Onda ýurdumyza wekilçilik eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans, aýdym-saz, folklor topary ikinji baýrakly orna, kümüş kuboga we ýörite baýraga mynasyp boldy. Sungat ussatlarymyzyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň ýene-de bir guwandyryjy netijesidir. 7 — 12-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik topary medeni forumyň düzgünnamasynda görkezilen şertler boýunça çykyşlary ýerine ýetirip, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezmegi başardy. Şöhratly taryhymyzy, milli ýörelgelerimizi şöhlelendirýän çykyşlar bäsleşige gatnaşyjylarda we emin agzalarynda turuwbaşdan uly täsir galdyrdy. Tansçylarymyzyň nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslary, şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýaş aýdymçylar bäsleşdi

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. Zehinli ýaş aýdymçylary döredijilik gözleglerine höweslendirmek ugrunda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen telebäsleşik ýokary derejede guraldy. Bäsleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we beýleki okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.

Medeniýet we sungat göwünleri birleşdirýär

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet ýylynyň çäklerinde guraljak dabaralaryň dowamynda hytaýly tomaşaçylar türkmen milli sungatynyň dürli görnüşleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan doganlyk halklar bilen medeni hyzmatdaşlyk babatda özüniň ynsanperwer garaýyşlaryny mälim edýär. Birek-biregiň gyzyklanmalaryna hormat goýmak esasynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Bu babatda ýurdumyzyň sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji, iri medeni, taryhy merkezine öwrülendigini, merdana pederlerimizden miras galan sungatymyzyň hem medeniýetimiziň görnükli nusgalarynyň ençemesiniň dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýändigini  buýsanç bilen aýdyp bileris.

Milli medeniýetimize buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanýar, milli medeniýetimize, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine belent sarpa bilen garaýar. Esasan hem, akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan sarpasy has-da belent derejelere eýe boldy. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze kitabynyň çap edilmegi we elimize gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu täze kitap halkymyzda bada-bat uly gyzyklanma döretdi. Aýdyň geljegi nazarlap, beýik işler bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimiziň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamana — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Şunda milli medeniýetimizi wagyz etmek, asylly ýörelgelerimizi ýaşlara öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, eýelenýän sepgitleriň giň gerimlidigini bellemek uly buýsançdyr. Ynha, şeýle ösüşleri medeni ulgamda hem görmek örän ýakymlydyr. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Medeniýetim — buýsanjym

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ýur­du­myz­da her ýyl­da Me­de­ni­ýet we sungat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gryýet baý­ram­çy­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu ýyl bu şan­ly se­ne mynasybetli geçirilýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi tä­ze Ar­ka­dag şä­he­ri­miz­de gu­ral­dy.

Medeni habarlar

Halypa nakgaşlaryň sergisi

«Zähmet kämillige tarap ýoldur»

Gadyrly çagalar, hemmämiziň bilşimiz ýaly, maý aýynyň 17-sine paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Beýikligi 60 metr bolan bu heýkel häzirki güne çenli Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde, heýkellerini döretmekde edilen işleriň iň bir uly göwrümlisidir. Şu nukdaýnazardan döredijilik toparymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly göwrümli ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan 24 sany heýkelleri ýasan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlap, ony ýaşajyk okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Saragt aga, ýaşajyk okyjylarymyzy siziň çagalygyňyz gyzyklandyrýar. Söhbedimizi şol hakyndaky gürrüňleriňiz bilen başlaýsak!

Sungatyň hem sözüň baýramy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýokary derejede dabaralanan Medeniýet hepdeliginde sözüň, sazyň, ussatlygyň güýji belende galdy. Şahyrlaryň süýjüden-süýji goşgulary, ýazyjylaryň çeper söze siňen kyssalary, zergärleriň sünnälige beslenen şaý-sepleri, on barmagyň hünärinden kemal tapan keşdelerdir halylar, dutardyr gyjaklardan syzylyp çykan mukamlar... ýakymy, şirinligi, gözelligi bilen göwünleri çoýdy, ýürekleri has-da ýakynlaşdyrdy, hakydalary bezedi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde myhmanlara Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna oýnunyň we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Magtymguly» operasynyň görkezilmegi has ir döwürlerde dörän teatr sungatynda kalplara ýakym çaýýan milli ruhuň kemala gelendigini aýan etdi.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, beýik şahyryň ömri we döredijiligini giňden öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen yglan eden bäsleşikleriniň jemlenendiginden habarlysyňyz. Mekdep okuwçylarymyz «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy», şeýle-de «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly bäsleşiklerde surat çekmek boýunça hem öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalaryň çeken suratlaryny size hödürleýäris.

Inçe senetden beýik sungata çenli

Ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň hünär baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde paýtagtymyzyň iň owadan ýerleriniň birinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyny synlap oturyşyma, juwan ýaşlygyň süýji günlerine dolaýan bu ýatlama hakydama şol günki ajaýyplygy bilen doldy. Elbetde, ondan öň hem çykyşlar bolandyr. Ýöne men ony, ol gün ilkinji gezek mawy ekranda synlap, ünsüm düşen pursadym edil şu günki ýaly bolup gözümiň öňüne gelýär. Syrdam syratly, ak ýüzli, maral gözli, şirin owazly gyz ol gün serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Men senden özgäni söwer ýar etmen» diýen aýdymyny ýerine ýetiripdi. Başy gültahýaly, şamar gara saçy iki örülip öňüne sallanan gyzyň mahmal owazy, şirin labzy bada-bat ünsümi özüne çekipdi. Çaga-da bolsam, şol wagtky türkmen estradasyna «täze gelen nowgülüň» howalasynyň üýtgeşijek täsirini duýanym häzirki ýaly ýadymda. Il-gün edil terezi mysaly. Ussatlyk derejäňe derrew baha berýär. Şol üýtgeşikligem, köplerden saýlanmaklygam ussat halypany şeýle derejeli günlere ýetirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ruhubelent şygarly ýylda şunuň ýaly ajaýyp sungat ojagynyň bina edilmegi milli medeniýetiň ösüşiň möhüm ugry hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň ýurdumyzda gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat edaralarynyň üstün

«Kompozitoryň» ýaşajyk artistleri

Saz ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Saz ynsanyň ruhy dünýäsine gözellik çaýýar. Ezelden adam jana gelende hem sazyň şirin owazynyň üsti bilen gelendir. Şonuň üçin saz gudratly sungat hasaplanýar. Ol ynsany hemişe özüne bendi edýär, duýgulandyrýar, şatlandyrýar, begendirýär. Şeýle gudratly sungat hakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly filmi surata düşürdi. Filmde hassanyň sazyň owazyna agyr keselden aýňalşy, sazyň gudratly täsiri giňden beýan edilýär. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary surata düşdüler. Şol okuwçylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Käbe Mämiýewa we Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Derýaýew esasy keşpleri janlandyrdylar. Ýaş, zehinli fortepianoçy okuwçylar öz artistlik ukyp-başarnyklary bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgy döretmegi başardylar. Resul Derýaýew filmiň baş gahrymany, kompozitor Merdanyň çagalygyny janlandyrsa, Käbe Mämiýewa Merdanyň gyzy Dilşadyň keşbinde oýnady. Bu bolsa saz

Ussatlaryň mekany

Şu ýylyň 4-nji iýulynda Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary wagtynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly döwletleriň ähli ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny aýan etdi. Hormatly Prezidentimiz döwrüň ýeten derejesini belentden wasp etmekde, il-günümizi täze üstünliklere ruhlandyrmakda, medeniýetiň we sungatyň has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ulgamyň işgärleriniň ilhalar, ruhubelent eserleri döretmekleri, hyjuwly işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Körpe külalçy

Tüýs «Ata kesbi — ogla halal» diýleni-dä. Ol heniz on dört ýaşyndadygyna garamazdan, atasy Jumabaý aganyň ýedi arka dowam edip gelýän küýzegärçilik kesbine imrindi gidiberdi. Daşoguz welaýatyndaky Akdepe etrabynyň Magtym obasynda ýaşaýan bu oglanjygyň adyna Hudaýar diýýärler. Hudaýar Koşaýew etrapdaky 109-njy orta mekdepde okaýar. Ol her gün mekdepden gelen badyna öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bolandan soň, eli sypyndygy, atasynyň ussahanasyna sary ýelk ýasaýar. Tomusky dynç alyş möwsümine çykylany bäri Hudaýaryň diýeni geldi. Bu günler ol günuzyn atasynyň ussahanasynda. Jumabaý aganyň ussahanasy Magtym obasynyň gaýrasyny etekläp geçýän ene ýabyň boýunda ýerleşýär. Külalyň eli galtaşandan çarhyň üstündäki laýa jan giren ýaly bolýar. Pyr-pyr pyrlanýan çarhyň üstündäki bir kelle laý kem-kem küýzä öwrülýär. El hereketini göz astyndan synlap duran agtygyna gözi düşen Jumabaý aga:

Meşhur hindi zenany

Özüniň görk-görmegi, owadan tansy bilen tanalýan meşhur hindi kino ýyldyzy Dipika Padukone häzirki wagtda meşhur aktrisa, model, prodýuser, haýyr-sahawatçy we işewür zenan hökmünde tanalýar. Ol Hindistanda tanalýan iň meşhur 50 adamyň sanawynda 42-nji orunda durýar. Dipika Padukone 1986-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde dogulýar. Katolik maşgalasynda dünýä inen gyzyň ene dili hindi şiweleriniň biri bolan konkani şiwesidir. Olaryň familiýasy hem maşgalasynyň ýaşan obasynyň adyndan gelip çykypdyr. Dipikanyň ene-atasynyň kino dünýäsi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy. Onuň kakasy Prakaş Padukone badminton boýunça dünýä derejesindäki oýunçy, ejesi Ujala bolsa syýahatçylyk gullugynda işleýärdi. Dipika on bir ýaşynda wagty maşgalasy Hindistanyň Karnataka şäherine göçýär. 1991-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa onuň körpe uýasy Anişa dünýä inýär.