"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýürekden bir sözüm bar

Hoşallyk duýgusy Baky bagtyýarlygy baýdak edinip, Bitaraplygyň beren miweleriniň hözirini görüp ýaşaýan bagtly halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji günleri raýatlarymyzyň kalbyna uly şatlyk bolup doldy.

Işler guramaçylykly barýar

Welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň zähmetsöýer adamlary tutanýerli işleýärler. Bu ugurdan köpýyllyk iş tejribeli ýolbaşçy Atageldi Kylyçdurdyýew tarapyndan dolandyrylýan kärhanada meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şan-şöhratly baýramyna zähmet sowgatly barýan müdirlikde uly üstünlikler gazanylýar. Olar jaýlaryň üçeklerinde bejergi işlerini geçirýärler. Ýerzeminleri arassa saklaýarlar, edaralaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ýakyndan goldaw berýärler. Ýyladyş hem-de lagym ulgamlarynyň talaba laýyk işlemegini üpjün edýärler. Şäher bagy-bossanlyga öwrülip, zeýsuw akabalarynyň kadaly hereketiniň gazanylmagyny ýola goýýarlar. Şeýle işleriň hemişe göwnejaý dowam etdirilýändiginden şäheriň ýaşaýjylary örän hoşal bolýarlar. Müdirligiň bagtyýarlyk zamanamyzda abraýly işlemeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän awtoulaglary her bir işiň ilerlemegine köp peýda berýär. “KAMAZ” kysymly awtomaşynlar ýükleri daşamakda we beýleki hyzmatlarda uly goldaw bolýar. Tehnikalary netijeli ulanmakda tejribeli sürüjiler Perman Jumaýew, Bäşim Çaryýew, Şatlyk Durdyýew tapawutly işleýärler. Olar özlerine ynanylan kuwwatly hem ýokary iş öndürijilikli awtoulaglary gurat hem bökdençsiz işledýärler.

Sport. Sport. Sport.

Watan goragçylarynyň hemrasy Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda harby gullukçylaryň sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bolan endiklerini pugtalandyrmak maksady bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesinden we “Halkymyzyň durmuşynda pugta orun alan sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleri merdana watançylaryň durmuşynyň esasy mazmunyny eýeleýär” diýen sözlerinden ugur alyp, welaýat gümrükhanasynyň işgärleri sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Asudalygyň goragynda

Ýadawsyz tagallalaryň netijesi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny ýokary netijeler bilen jemledi. Ýokary ruhubelentlik, uly ynam bilen täze — 2021-nji ýyla gadam basan il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn ýokarlanýar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Wagyz-nesihat işleri Ahal welaýat Polisiýa müdirligi, Ak bugdaý etrap häkimligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde howanyň sowamagy bilen bagly döräp biljek keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek maksady bilen etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda zähmet çekýän raýatlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Suw näme diýýär?

Alty ganat ak öýde aga-ýana ýaýnap ýatan Erkin baý kemsiz ýetişen görkana gyzyny mynasyp ýere durmuşa çykarmagyň pikirini edýärdi. Ol birsalym ojakdaky ojar oduna gaýnap duran mis tüňçäniň lakyrdysyny gözüni süzüp diňledi. Birdenem onuň aladaly ýüzüne şatlyk nury çaýyldy. Şol günüň ertesi obalara ýaň salýan jarçynyň sesi hemmeleri haýran galdyrdy: — Halaýyk, eşitdim, eşitmedim diýmäň, how! Erkin baý gaýnaýan suwuň näme diýýänini düşündiren, ýüňü ýeten goç ýigide galam gaşly, hünji dişli, akyl-huşly, güler ýüzli, şirin sözli Gülaýym atly gyzyny nikalap berip, ýedi günläp toý tutjakdyr-la, how! Gerçek goç ýigitler! Erkin baýyň paýhas synagyndan geçmäge howlugyň how! Gaýnaýan suwuň diline düşünip, manysyny tiriň, how! Munuň üçin jöwher paýhas gerekdir-le, how!

Ene hakda dana sözler

Enesini, atasyny närazy eden adamdan men bizardyryn. Muhammet pygamber.

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby has içgin öwrenmegi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmegi, kitabyň üsti bilen halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegini, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny hem-de eziz Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşlerini buýsanç bilen wasp etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. ªeýle-de eserde beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan pursatlary sahnalaşdyrdylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirini çeper sözler bilen wasp etdiler, aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazalyň üsti bilen ajaýyp eseriň waspyny ýetirdiler.

Kalbymyzyň aýdymy

Garaşsyzlyk türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige-de eýe etdi. Bu mukaddeslik biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrüldi. Garaşsyz ýurduň raýaty, ýurtda bolýan şeýle beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmagyň özem uly bagtdyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde eziz Diýarymyzda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy kämilleşdirildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň, onuň dowamly ösüşiniň we hemmetaraplaýyn gülleýşiniň esaslary pugtalandyrylýar.

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dürli mazmunly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde saýlaw möwsüminde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralan okuw maslahaty hem şolaryň biridir. Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topardan, welaýat saýlaw toparyndan wekiller hem-de welaýat halk maslahatynyň başlygy, agzalary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, olaryň orunbasarlary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatynyň dowamynda öňümizde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek baradaky meselä aýratyn üns berildi, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlaw möwsüminde alnyp barylmaly işler, degişli resminamalary ulanmagyň tertibi, saýlawlary guramagyň beýleki kanunçylyk düzgünleri babatda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde täze, iki palataly parlament gurluşynyň döredilmeginiň döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini üpjün etmekde ähmiýetiniň uludygyny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak we

Düzgünleri berjaý edeliň!

Raýatlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynda we iş orunlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk we düşünjeli berjaý edilmegi, ot ýakmagyň, elektrik we gaz akymy bilen işleýän enjamlary oturtmagyň, ulanmagyň kadalary dogry ýerine ýetirilende, döräp biljek ýangynlaryň öňüni almak bolar. Ýyladyjy peçleriň we olaryň tüsseçykarlarynyň dogry ýerleşdirilmegi, çagalaryň ot bilen oýnamaklarynyň öňüniň alynmagy bu işde aýratyn ähmiýetli orna eýedir. Ýangyny söndürenden, onuň öňüni almak has aňsatdyr we bähbitlidir. Şunda iň bir kiçijik uçgundan hem uly ýangynlaryň döräp bilýändigini ýatda saklamalydyr. Entek gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde hojalyklarda öýleri ýyly saklamak üçin tebigy gaz bilen işleýän peçlerden peýdalanylýar. Şunda şol gaz peçlerini oturtmagyň we ulanmagyň «Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadasynyň» talaplaryna laýyk gelmegi hökmany talapdyr.

Mähremlik

Mylaýymlyk, mähremlik, göwündeşlik, sypaýylyk — goşgy ysly, gulaga juda hoş ýakýan sözler. Bularyň aňyrsynda türkmeniň aýratyn üns berýän adamkärçilik diýen düşünjesi dur. Il-gün islendik adamy şu düşünje boýunça saldarlap görýär, baha berýär. Adam ýagty jahanda ýaşap ýörkä, durmuş ýollarynda örän köp kişi bilen sataşýar. Olaryň arasynda merdi-de, namardy-da bardyr. Ýöne adamyň ýasawy şeýledir: ol özüniň ädimini sanap gezen bigänäni ýatlap ýörmez — şonuň derejesine çenli peselmegi kiçilik biler; emma özüne gadyrly garan, ýagşylyk eden ynsany weli, hergiz, unutmaz. Men şu ýerde şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatlamasyny mysal getirmegi makul bildim: «Bir gezek Gara Seýitliýew bilen Bakuwda bolanymyzda, myhmanhananyň peçleri wagtlaýyn işlemeýän eken. Gije örän sowuk boldy. Her haýsymyz otagyň bir tarapynda ýeke gat odeýalyň aşagynda oýaly-ukuly çugutdyryp ýatyrdyk.

Arizona tolkuny

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demirgazygynda ýerleşýän daglar adaty daglardan tapawutlanýarlar. Çägeden we daşdan ybarat gaýalaryň şekilleri täsindir. Daglar dürli reňkleri bilenem haýran galdyrýar. Tolkun şekilli gaýalar daş gatyşykly çäge deňzini ýadyňa salýar. Olar “Arizona tolkuny” diýlip atlandyrylýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ýagan ýagşyň güýçli akymlary we beýleki tebigy hadysalar dag jynslaryny taraşlap, öz möhürlerini goýupdyr. Mundan başga-da, gaýalaryň ýüzünde dürli nagyşlar emele gelipdir. Tebigatyň gaýtalanmajak keşbini saklamak üçin bu ýerlerde adam elleri bilen gurlan ýollar, binalar ýok. Daglaryň käbir ýerlerinde ösümlikler asla duş gelmeýär. Garaguşlardan, içýanlardan, kelpezelerden başga haýwanlara gabat gelmek kyn. Dagyň ýüzüne nagyş çeken tolkunlar ençeme kilometre uzalyp gidýär. Hünärmenler daglardaky tolkunly şekilleriň, takmynan, 190 million ýyl mundan ozal dörändigini aýdýarlar.

Özbek nakyllary

Goňşyň toý etse, sen-de gapyňy açyp goý. *  *  *

Şanly ýyl mynasybetli

Ahal welaýat gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat kazyýeti hem-de welaýat gümrükhanasy bilelikde gurady. Oňa işçi gullukçylar gatnaşdy. Maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu şygaryň gözbaşynda türkmen halkynyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza,

Dokmaçy gelin-gyzlaryň hünär ussatlygy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşige dokma senagaty kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar işjeň gatnaşdy. BÄHERDEN. Etrapdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň etrap tapgyry gyzykly we täsirli geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady.

Umumadamzat gymmatlygy

Golaýda Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdepde «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşige etrabyň edara-kärhanalarynda dürli kärde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriniň düýp özenini, terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmekden, ýaşlarda halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine buýsanjy artdyrmakdan hem-de olaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşyjy gelin-gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bölekleri okamak, bu gymmatly eserdäki rowaýatdyr hekaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmek babatdaky başarnygy aýratyn uly täsirler döretdi. Olar baý many-mazmuna eýe bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini çeper sözleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Ýaşlaryň zehin başarnygy

Babadaýhan etrabyndaky 11-nji, 17-nji orta mekdeplerde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde ylmy döredijilik (taslama) bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdeplerden zehinli ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdy. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma we meşhurlyga eýedir. Bu bäsleşige gatnaşmaga höwes edýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu günlerinde geçirilýän ders we ylmy döredijilik (taslama) bäsleşikleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Kanunlar kämilleşdirilýär

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgeleri we kepillikleri, möhletleri, önümçiligiň başynda kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, administratiw edara – ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslardyr.

Anyk wezipeler, aýdyň maksatlar

Golaýda TDP-niň welaýat komiteti tarapyndan geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işler barada TDP-niň Syýasy geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, şäherdir etrap komitetleriniň başlyklary, jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda belent sepgitli ösüşleri bilen ýurdumyzyň taryhyna giren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda partiýa işgärleriniň we işjeňleriniň alyp baran işlerine seljerme berildi. Hasabat döwründe TDP-niň Syýasy geňeşi hem-de welaýat, şäher we etrap komitetleri tarapyndan ýörite tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, göz öňünde tutulan çäreler barada jikme-jik durlup geçildi. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parasatlylyk bilen ýöredýän döwlet syýasatynyň ugurlaryny, bu babatda ýetilen sepgitleri, döwrüň gazananlaryny, gündelik durmuşymyzy bezeýän taryhy wakalaryň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek babatda alnyp barlan işler mysallar arkaly delillendirildi.