"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Işleri ileri kärhanada

Welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde häzirki günlerde daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary we hususy önüm öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda gök önümleri kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Taýýar önümleriň müňlerçe tonnasy senagat birleşiginiň düzümindäki uly sowadyjylara ýerleşdirilýär.Türkmen telekeçileri tarapyndan alty ýyl mundan öň gurlan bu ammarlardaky uly sowadyjylar hil taýdan örän ýokary bolup, islendik azyklyk gök-miwe önümlerini terligine uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde şeýle sowadyjy ammarlaryň ikisi bolup, olaryň biri 1 müň, beýlekisi bolsa 3 müň tonna önümleri terligine saklamaga niýetlenilendir. Kärhana degişli bolan ýük ulaglarynyň hem aglabasynyň sowadyjyly bolmagy azyklyk önümleriň terligine daşalmagyny üpjün edýär.

Ätiýaçlandyryş ulgamy

Belli bir ulgamyň tapgyrlaýyn ösüşini kepillendirmek üçin, galyberse-de, adamlaryň dürli tebigy, ykdysady, ekologiýa taýdan zyýanly önümçiliklerden goraglylyk ýagdaýlaryna taýýarlykly bolmaklary üçin ätiýaçlandyryş hökmanydyr. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzda gün geçdigi saýyn has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçýän häzirki şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Geçen döwürde halkyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş derejesini durnukly ösdürmek maksatlaryndan ugur alyndy. Şol sebäpden durnukly ykdysady ösüşi kepillendirýän ätiýaçlandyryş ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde telekeçilik işiniň ugry hökmünde ätiýaçlandyryşyň esaslary kesgitlenilýär. Şunlukda, ykdysady ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda bazar ykdysadyýetine halkara ölçeglerini girizmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin ätiýaçlandyrylyşa bildirilýän islegleriň we talaplaryň mümkin boldugyça doly kanagatlandyrylmagy zerur bolup durýar. Şol sebäpli hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun häzirki wagtda ätiýaçlandyryş işiniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy geçen ýyllaryň dowamynda adamlary durmuş taýdan goramak maksady bilen emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitleri bolan hökmany döwlet

Ykdysadyýetiň ösüşine goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde bank-maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler aýratyn orun tutýar. Onuň durnukly ösüşini üpjün etmekde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak ýaly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar hödürlenýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlaryndan harytlary satyn almaga, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, edaralaryň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol, awiapetekler üçin tölegler terminallaryň hem-de bankomatlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bankomatlaryň hem-de ykjam el telefonlarynyň üsti bilen degişli edaralara gitmezden, saglyk ätiýaçlandyrma hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmatlary, öýjükli telefonlaryň hyzmaty, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, karzlary gaýtarmak hem-de olaryň göterimlerini tölemek, müşderiniň öýjükli telefonlaryna SMS arkaly bank kartynyň üsti bilen geçirilen amallar boýunça habar beriş hyzmaty ýaly amatly mümkinçilikler döredildi.

Durnukly ösýän ulgam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde syýasy-ykdysady durnuklylygy saklamaga, ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary hem  milli ykdysadyýetimiziň esaslaryny emele getirýän ulgamdyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan  Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» bolup durýandygy üçin, sebitde iň bir amatly logistika merkezleriniň biri hökmünde ösýär we kämilleşýär. Onuň Halkara Portlar Assosiasiýasyna goşulmagy bilen, edilýän hyzmatlary halkara standartlara laýyklykda amala aşyrmak, dünýäniň ösen portlarynyň tejribesini öwrenmek we ulanmak boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. Şu maksat bilen halkara maslahatlara, sergilere, ikitaraplaýyn gepleşiklere, göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklara işjeň orun berilýär. Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetinde deňiz portunyň we söwda flotunyň dürli görnüşli,

Beýik ösüşleriň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk, senagat pudaklary uly ösüşe eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň gurujylyk kuwwaty bu gün haýran galdyryjy üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazanylanlar bolsa has-da begendirýär. Gurluşyk pudagyny ösdürmekde, ilki bilen, senagat pudagy aýratyn orun eýeleýär. Soňky ýyllarda işe girizilen we düýbi tutulan täze kuwwatlyklar milli senagatyň toplumlaýyn ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan hem-de gurluşyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny, hilini, gurluşyk işleriniň, umumy toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, b

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanan gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertler nebitgaz ulgamynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz nebitgaz pudagynda halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary durmuşa geçirdi. Dünýäde iň iri «mawy ýangyç» känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, uglewodorod serişdelerini çykarmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklygyň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek ileri tutulýan ugur bolu

Alyslara uzaýan dostluk ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz barha rowaçlanýar. Ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi we uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde sebitiň we tutuş dünýäniň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär, ynsanperwer ýörelgeleri ýöretmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar. Asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymaty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň biridir. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen gazynyň Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hemişelik Bitarap Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň möhüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şunda ýurtlary, döwletleri biri-biri bilen baglanyşdyrýan ýollaryň uly ähmiýeti bar. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar hem tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrm

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem-de karbamidi satyn aldylar.

Nebitçileriň döwrebap işleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda, edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde nygtaýar. Şeýle belent wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde bu ulgamyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup durýan «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça Diýarymyzyň günbatar sebitinde bitirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Nebiti, tebigy gazy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig mallaryny turbageçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän konsern boýunça şu ýylyň hasabat döwründe zemin jümmüşinden aln

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde täze demir ýol stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär, bu maddy-enjamlaýyn binýady berkitmekde we pudagyň işgärleri üçin iş şertlerini kämilleşdirmekder möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutany, Duşak we Bamy (Ahal welaýaty), Jebel (Balkan welaýaty) hem-de Baýramaly (Mary welaýat) demir ýol stansiýalaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Prezident Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna tassyklanan maksatnamanyň çäginde işleriň ýerine ýetirilmegini guramagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Serbiýadan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden we Şweýsariýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryjy kerosini, dizel ýangyjyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda we Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli  dokma önümleri hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 24 million 818 müň 800 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň statistika edarasy statistiki hasabatlary bermegiň sanly platformasyny işe girizdi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän «E-Stathasabat we işewür-registri» atly täze sanly platformasyny işe girizdi. Täze hyzmat sbr.stat.gov.tm web-saýtynda elýeterlidir. Onuň üsti bilen ulanyjylar «Şahsy otagy» döretmek arkaly statistika edaralaryna barmazdan özleriniň resminamalaryny ugradyp bilerler. Hasabatlary ibermek üçin degişli resminamalaryň skaner enjamyndan geçirilen elektron görnüşlerini ýüklemek ýeterlikdir. Sanlylaşdyrmanyň özi öňe gidişlige mümkinçilik berýär.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Islege gönükdirilen maksatlara görä, şu aşakdakylar tapawutlandyrylýar:

Marketingiň esaslary

Marketingi dolandyryjy kärhana tarapyndan öndürilýän ähli önümi bada-bat ýerlemek üçin gerek boljak müşderileri agtarýan hünärmen hökmünde öňe çykýar. Marketingi dolandyryjy diňe bir islegi döretmek we giňeltmek bilen meşgullanman, eýsem, ony üýtgetmegiň, käte bolsa gysgaltmagyň meseleleri bilen hem meşgullanýar. Marketingi dolandyrmak wezipesi islegiň derejesine, wagtyna we häsiýetine täsir etmelidir. Bu bolsa öňde durýan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Sada dilde aýdylanda, marketingi dolandyrmak munuň özi islegi dolandyrmakdyr. Gurama öz harytlary üçin islegiň derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Her bir aýratyn alnan islegiň derejesi islenilýänden pes, laýyk, ýokary bolup biler. Bu ýagdaýlaryň ählisi bilen marketingi dolandyryjy iş salyşmaly bolýar. Dolandyryjylar marketingiň ýagdaýyny seljermek, bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan kärhananyň wezipeli adamlarydyr. Muňa ýerlemek gullugynyň işgärleri, mahabat gullugynyň ýolbaşçy işgärleri, ýerlemegi höweslendirmek boýunça hünärmenler, marketingi barlaýjylar, harytlar boýunça dolandyryjylar hem-de nyrh emele getirmegiň meseleleri boýunça işleýän hünärmenler-de degişlidir.

Millionlaryň söýgüsini gazanan

Bir asyrdan gowrak wagt bäri, önümçiligi alnyp barylýan «Pepsi» wagtyň synagyndan geçen içgidir. Günde millionlarça adamyň söýüp içýän bu içgisi Ýeriň ähli yklymyna ýaýrandyr. Bu bolsa «Pepsi» markaly önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny doly pugtalandyrandygyny aňladýar. 1893-nji ýylda Kaleb Bradham tarapyndan döredilen «Pepsi» ilkinji gezek ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Nýu Bern şäherindäki dermanhanada satylyp başlanýar. Iýmit siňdiriş maksady bilen döredilen bu içgi ilki diňe dermanhanalarda satylypdyr. «Pepsi-Cola» markasy bilen satylyp başlanan bu önümiň ady 1898-nji ýylda «Pepsi» diýlip üýtgedilýär. Munuň sebäbi bolsa, Ýer ýüzünde meşhur brend bolan «Coco-Cola» markaly önümlere meňzemezlik, oňa dahylly bolan kola tagamyna degişli dispepsiýany aradan aýyrmak bolup durýar. 1898-nji ýylda bu önüm ABŞ-a golaý ýerdäki ýurtlarda satuwa çykarylyp başlanýar.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: NORWEGIÝA KOROLLYGY

Norwegiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin bar bolan resurslara, gurallara we strategiýa esaslanyp, matrisada çözülmeli meseleleriň ileri tutulýan derejesi görkezilýär. Açyk gök reňkler — iň möhüm meseleler bolmadyk, ýöne olar çözülmäge degişlidir, açyk sarymtyl reňkler — aralyk möhüm meseleler hasaplanýar, goýy ýaşyl reňkler — has möhüm meselelerdir. Galyndylary abatlamak, gaýtadan ulanmak we işlemek meýilnamasy ulgamy has sirkulýar etmekde esasy orny eýeleýär. Şunda materiallary we önümleri ulanyşda saklamak hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak hereket edýän sirkulýar ykdysadyýet üçin möhümdir.

Ýeňillikli karzlar bilen ösüşlere tarap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň çäklerinde bank ulgamynda hem yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, muňa mysal edip, esasan hem banklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny we bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyny aýtsa bolar. Raýatlar tarapyndan online görnüşinde bank karzlaryny almak üçin ýüz tutup bilmekleri, şeýle hem ýene-de karz üçin ýörite açylýan bank kartlaryny, zähmet haky kartlaryny, goýum we beýleki görnüşli kartlary online görnüşinde sargyt edip bolmagy hem ýurdumyzda bank ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň hem sanly ulgamdan peýdalanyp online görnüşinde öz hasaplaryndan töleglerini menzilara töläp bilmek mümkünçilikleri hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza, telekeçilere, hem-de ýuridiki taraplara bir näçe görnüşli ýeňillikli karzlaryň berilmegi hem döwletimiz tarapyndan adam hakda alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Olardan: 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2011ý senedäki 11817 belgili «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» kararyna laýyklykda ýyllyk 1 göterim derejesinde ýaş maşgalalara öý-goşlaryny satyn alm

Dünýä ykdysadyýetinden habarlar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan habarlary Iň uly göwrümli

Bähbitli başlangyçlaryň badalgasy

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durnukly we ygtybarly ösüş strategiýasy bolan ýurt hökmünde ykrar edilmek bilen, sebit, dünýä bähbitli başlangyçlaryň nokadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerinden ugur alnyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maglumatlary geçirmegiň köpugurly ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilere uly orun degişlidir. Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde öz işine başlan «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat-da telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlar ulgamlarynyň şu günki ýeten sepgitleri, geljegi barada pikir alşylýan meýdança öwrüldi.

Önümlere isleg uly

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki mermer we granit işlenilýän zawod «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýyny guwandyryjy görkezijilere besledi. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 5 million 660 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 22 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini we sütün üçin örtgi plitalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.