"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň we in­no­wa­si­ýa­nyň or­ny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ulgamy döwrebaplaşdyrmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän uly ähmiýetlidir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gö

Täze banklar — bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Bank ulgamy — ykdysady ösüşiň özeni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. Bu babatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar.

Kämil kanunlara daýanyp

Her bir kanun esasynda ýörelen dogry ýol kämillige alyp barýar. Kanunçylygyň höküm sürýän ýurdunda adalatyň dabaralanýandygyna, halallygyň, agzybirligiň, abadançylygyň höküm sürýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeler demokratiýany, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmekde, adalat jemgyýetiniň binýadyny berkitmekde öz miwesini berýär. Gahryman Arkadagymyz ýurtda kanunlaryň, tertip-düzgüniň ähli raýatlar, guramalar, edaralar tarapyndan doly hem dogry berjaý edilmeginiň degişli edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, teleradiogepleşiklere möhüm orun degişlidigi bellenildi. Bu kanun 53 maddadan ybarat bolup, ol resmi taýdan çap edilen gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan, gol çekilenden soň güýje girdi. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça t

Kaşaň desgalaryň ýalkymy

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz Aşgabady dünýä ülňülerine laýyk gelýän geljegiň şäherine, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin iň amatly şertleri bolan ajaýyp şähere öwürmekdir.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bank ulgamynyň ösdürilmegi ykdysadyýetimizi täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy 12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Owerdraft» bank hyzmaty

«Owerdraft» karzy — söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, bu karz dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka şeýle hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda karzdan, banka barmazdan, zerurlygyna görä, awtomatik usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär. Şeýlelikde, «Owerdraft» karzy müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy azalan halatynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, onuň «Owerdraft» karzynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatik usulda tölenýär.

Ykdysady strategiýada hususy pudagyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylýan maksatnamalaryň we amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisiniň baş maksady mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň ykdysadyýeti baý tebigy, ykdysady, maýa goýum we adam maýasynyň zähmet gorlaryny peýdalanmak arkaly üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Önümçiligi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlary hem-de iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe gönükdirilendir.

Ösüş depgini ýokarlanýar

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün «Türkmendermansenagat» birleşiginde öňdebaryjylaryň hatarynda barýar. Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda önümçiligiň ösüş depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň geçen üç aýynda jemi 2 million 730 müň manatlyga barabar önüm öndürilip, meýilnama 181 göterim berjaý edildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 126 göterim ýokarlandyrylandygyny görkezýär. Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyňdyr ýod galamlarynyň lukmançylykda zerur bolýan halatlary sanardan köpdür. Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda onuň ähmiýeti uludyr. Kärhananyň önümlerine bolan isleg içerki we daşarky bazarlarda barha artýar.

Ýokary hil — döwrebaplyk

Dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistan dokma pudagynyň ähli ugurlarynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilmegini, diňe bir içerki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, dünýä bazaryna uly islegden peýdalanýan, halkara ölçeglere laýyk gelýän dokma önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy ugur edinýär. Türkmenistanyň jemi içerki önüminde bu pudagyň tutýan paýynyň ýylsaýyn artmagy, ilkinji nobatda, dokma önümlerini öndürmekde döwletimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, dokma senagaty üçin zerur bolan çig malyň, ýagny pagtanyň, ýüpegiň öz ýurdumyzda öndürilmegi pudagyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Türkmeniň mukaddes topragynda, çogly Gününiň, suwunyň täsirinde ösdürilip ýetişdirilen pagta süýüminiň özboluşly häsiýetleri gigiýeniki taýdan arassalygy, geçirijiligi, gegiroskopik (çyglylygy özüne kabul edip bilijiligi) berkligi, çeýeligi, üzülme uzynlygy, tämizligi we şuňa meňzeş häsiýetleri emele getirýär. Şol sebäpli hem dünýä ýüzünde pagta süýümlerinden taýýarlanylýan önümlerde özüniň iň gowy häsiýetlerini görkezen türkmen pagtasyndan öndürilen harytlara uly isleg bildirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňemegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine itergi berýär. Bu bolsa halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly ýardam berýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullar hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Bu öz gezeginde, ykdysadyýetde düzümleýin üýtgeşmeleriň emele gelmegine getirýär hem-de sanly tehnologiýalara we elektron haryt dolanyşygyna esaslanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň wajyplygyny öňe çykarýar.

Himiýa senagatynyň üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty dünýä nusgalyk ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmak, täze ylmy-tehniki esasda taýýarlanan ýokary tehnologiýaly enjamlary önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri amal etmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda himiýa senagatynyň düzümine girýän täze-täze kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şolara mysal hökmünde, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatyndaky «Garabokazkarbamid» we Polimer zawodlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa pudagynyň işgärleri türkmen topragynyň baý uglewodorod, mineral we gidromineral gorlaryny ulanmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu iş tebigy baýlyklary gazyp almak bilen bir hatarda, olary gaýtadan işläp, taýýar önüm — taýýar haryt görnüşinde sarp edijilere ýerlemegi hem öz içine alýar.

Sanly tehnologiýalar döwrüň talaby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni bedew batly ösüşleri bilen taryha ýazylýar. Çünki bu döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde bütin dünýäde ösen tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän biziň ýurdumyzda hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyply sanly yk

Milli ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşini üpjün etmekde sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen kuwwatlandyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga badalga berýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň belent derejelere çykýandygyndan habar berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ykdysady bähbit babatda köpsanly artykmaçlyklara eýedir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimizde sarp edijileriň isleglerini has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär. Ýagny, önümçiligiň kuwwatlygynyň artmagy, bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň peselmegi, täze iş orunlaryň döredilmegi ýaly raýatlar üçin bähbitli taraplary ýüze çykýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetde, halk hojalygynyň pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň kämilleşmegine, berk binýatly sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge ýar

Täjirçilik banklary — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwrebap şertler — ýokary hilli hyzmatlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna degişli düzümleriň işi hem hil taýdan täze, häzirki zaman derejesine eýe bolýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze, döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu banklaryň hünärmenleri gurlan döwrebap binalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny aýdýarlar. Kakajan BAÝRAMGULYÝEW,«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlary müdirliginiň hünärmeni:

Bu günki Ekerem...

«Hemme zat çagalykdan başlanýar» diýlişi ýaly, kiçilikden her kim bir hünäriň eýesi bolmagy höwes edýär. Haýsy käri saýlap alsaňam, kitap seniň iň ýakyn maslahatçyň bolýar. Çagalykdan kitap bilen höwrügenimizden bolsa gerek, şol döwürlerde okan kitaplarymyzyň gahrymanlary heniz-henizlerem ýatdan çykanok. Şahyr Kasym Nurbadowyň 1986-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda neşir edilen «Deňziň düýbündäki öý» atly kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen goşgular, ertekiler, poemalar ýygyndysy hem, şahyryň bilesigeliji çagalaryň täsinlikden doly dünýäsi barada söhbet açýan beýleki kitaplarynda bolşy ýaly, dürli kärdäki adamlar bilen tanyş edýär. Bu kitabyň annotasiýasynda: «Sen ulalaňda kim bolmakçy? Belki, Dawut aga ýaly nebitçi bolarsyň!..» diýlip ýazylypdyr. Kitapdaky nebitçileriň durmuşyna bagyşlanan «Ekerem» atly poema, ine, şeýle setirler bilen başlanýar: «Dostlar!Mal bakanam,Ekin ekenem,Eşidemok diýmezDiýseň: «Ekerem»«Ekerem — gaz, nebitiňMesgeni» diýer!..».

Bank ulgamynyň täze döwrebap binalary

Düýn hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Apreliň hoştap howaly säherinde paýtagtymyzyň günorta böleginden uzap gidýän Çandybil şaýolunyň ugry köp adamly boldy. Bu ýerde gurlan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiziň toý bagyny kesmegi bilen, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny al-asmana göterdi.

Täze binalaryň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan waka — ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp sene mynasybetli ýurdumyzda häzirden başlap giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzda abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işleri gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Şonuň netijesinde Aşgabat şäheri barha gözel keşbe eýe bolup, tanalmaz derejede özgerýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Bu çäreler häzirki döwürde anyk netije berýär. Şeýlelikde, dünýä ýurtlarynyň halklary Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. Ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolsa ak mermerli paýtagtymyz durýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary netije berýändigine her ädimde gabat gelýäris. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.