"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygyny gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde bolsa, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga amatly şertler döreýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde badalga berlen iri gurluşyklar, şol sanda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, sebitlerdäki täze obalaryň gurluşygy, ýakynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 140 iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy durmuş syýasatynyň üstünlikli ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň me

Sanly ykdysadyýet: ösüşiň esasy ugry

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu babatda adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.

Dokma önümleriniň sergisi

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen serginiň ýapylyş dabarasy boldy. Döwletimiziň haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Onuň çäklerinde agzalan pudaklaryň, hususy telekeçileriň, önümçilik kärhanalarynyň ýokary hilli we täze önümleri tanyşdyryldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bu önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Biz hem haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergide görkezilen käbir önümler bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Täze sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgamyna depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem olaryň örän uly orny bardyr.

Lebaply işewürler dünýä bazarynda

Eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Döwlet goldawynyň netijesinde telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri, şol sanda döwrebap ýyladyşhanalar toplumlaryny işledip başlamaklary içerki bazary has baýlaşdyrdy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleriň bolçulygyny döretdi, artyk öndürilýän önümleri eksporta ibermek mümkinçiligini giňeltdi. Ýogsa-da Türkmenistan döwletimiziň eksporta niýetlenilen önümçiligi artdyrmagy milli ykdysadyýeti ýokary derejede ösdürmegiň baş strategiýasy hökmünde öňe sürýändigini hem belläp geçeliň.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 6 million 224 müň dollaryndan gowrak boldy.

Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Öňňin Gökdepe etrap merkezinde etrapdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmegi hem-de bu binada täze «Gala» dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdy. Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde Gökdepäniň Dokma toplumynda işleýän işçileriň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellediler. Gürrüňi edilýän toplumyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmeginiň, ol ýerde «Gala» dükanynyň açylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda, hilini has-da ýokarlandyryp, bäsdeşligini ýokarlandyrmakda ähmiýetlidir.

Ösüşleriň röwşen ýoly

Öňňin Aşgabat şäheriniň güni we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi öz işini üstünlikli jemledi. Ýurdumyzyň hem-de paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini, eýe bolýan netijeli özgerişini ählitaraplaýyn açyp görkezen bu gözden geçirilişde ýurdumyzyň dürli pudaklary — Nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, energetika, dokma senagaty, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, neşirýat, telekeçilik ýaly pudaklar özleriniň işlerinde iň täze ýeten sepgitlerini, gazanan netijelerini görkezdiler. Sergide guralan diwarlyklarda Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi aýdyň şöhlelendirildi. Sergide milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir önümleriniň arasynda aýratyn orun eýelemegi serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Köpugurly halkara serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra sergä gatnaşyjylaryň ählisine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy.

Döwrebap binalar — kämil hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek, olara ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen banklaryň täze, häzirki zaman binalary gurulýar hem maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentmiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň iri banklarynyň ikisiniň, ýagny Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde goýumlary kabul etmek, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmek, «Ýyldyrym» içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de «Western Union» halkara elektron ulgamynyň işini alyp barmak hyzmaty ýola goýlandyr. Şeýle-de bankda müşderilere gysga we uzak möhletleýin karz serişdelerini bermek, pul geçirimleri we hasaplaşyklary alyp barmak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilý

Kiçi göwrümli karzlar

Ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň biri kiçi göwrümli karz serişdeleriniň berilmegidir. Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmak bilen bir hatarda bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Bu bolsa şahsy hojalyklaryň sanynyň we işleriniň artmagy netijesinde bazar gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, häzirkizaman telekeçilik ulgamynyň emele getirilmegine, hususy bölegiň oba hojalyk, azyk, ýeňil senagat we hyzmatlar ulgamynda ösdürilmegine ýardam berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Kiçi göwrümli karzlar — önümçilige mümkinçilikler

Milli Liderimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde hem-de öndürilen önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde barha kämilleşýän dürli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank ulgamynyň hünärmenleriniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Muňa mysal edip, banklarda kiçi göwrümli karzlar ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (kömekçi hojalyklaryndaky, ýaýlalardaky ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek, ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýyllyk 10 göterim bilen 30 müň manada çenli 3 ýyl möhletli, 6 aýa çenli ýeňillikli karzlar berilýär.

Ylma we tehnologiýa daýanyp

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça belent wezipeler goýuldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ekologiýa ugurly önümleri çykarýan önümçiligi ösdürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Muňa Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawody mysal getirip bolar. Bu möhüm maýa goýum taslamasy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwürmegi amala aşyrylýar. Zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň işi kämilleşdirilýär

Milli Liderimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady 20-nji maýda döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Ekologiýa we şähergurluşyk maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady 20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan ekologiýa ugurly önümleri çykarýan senagaty ösdürer

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady Ahal welaýaty, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Ilhalar önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän ýylda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, dokma pudagynyň önümçilik düzümleri uly zähmet ýeňişlerini nazarlaýan işleri alyp barýarlar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar häzirki döwrüň talaplaryna we bazar gatnaşyklarynyň şertlerine laýyk gelýän önümleriň möçberini artdyrýarlar. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň ygtybarly ýoludyr. Şunda baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçiligi döretmek üçin düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagy, senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy halkara bazarlaryna çykmaga giň mümkinçiligi üpjün edýär. Bu ugurda Diýarymyzyň dokma toplumlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Altyn asyr», «Goýum bank karty» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň möçberiniň 2 göterim ýokarlandyrylandygyny habar berýär. Eziz ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi amatly hem-de ygtybarly bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar!

Maýa goýum forumy: wajyp çelgiler, täze gözýetimler

Şu ýylyň 12-13-nji maýynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara forum ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk saklamak, ynanyşmak we maýa goýmak üçin ygtybarly döwletdiginiň nobatdaky ykraryna öwrüldi. Oňa dünýä döwletleriniň onlarçasynyň 500-e golaý wekili, ugurdaş halkara kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu, bir tarapdan, Türkmenistana berilýän ýokary ähmiýeti, onuň sebitdäki ornuny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, onuň uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna çykarmak üçin hukuk hem syýasy esaslarynyň kämilligini görkezýär. Dünýä döwletleriniň ençemesiniň ünsüni özünde jemleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler halkara çärede gürrüňi edilen esasy meseleleriň biri boldy. Bu taslama Türkmenistanyň gazy gözläp tapmak, gazyp almak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ulanyja ýetirmek mümkinçiliklerini, çekilen hem çekilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň ylalaşylan şertlerine bolan ygrarlylygyny, umuman, ýurduň ykdysady kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine aýan etjek ähmiýetli taslamadyr. Halkara foruma gatnaşyjylaryň, TOPH-nyň gurluşygyna gatnaşyjy taraplaryň we halkara guramalaryň pikirine görä, taslama diňe bir döwletimiziň däl, eýsem, sebitiň ykdysady ösüşine,