"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýurt garşy alsyn!

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ GÖRKI Milli Liderimiziň pähim-parasatly syýasaty netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi ulanmaga berildi. 2 sany 4 gatly, 32 öýli hem-de 2 sany 4 gatly, 16 öýli täze bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylmagy, bu jaýa göçüp gelen bagtly maşgalalar üçin hakyky toý sowgady boldy. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu täze binalar welaýat merkeziniň barha gözelleşýän keşbine görk goşýar. Bu döwrebap binalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda giňden tutulan, aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, gurluşykçylar, täze ýaşaýyş jaýlaryndan öý edinmek miýesser eden maşgalalar ýygnandylar. Dabarada çykyş edenler täze jaýlaryň eýelerini, myhmanlary şu günki şatlykly waka bilen mähirli gutladylar. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Tolkun» smart telewizorlary sowgat berildi.

Ak şäherim Aşgabat

Giň gujagyň lälezar, jennetiň hut özi sen,Watanymyň ýüregi, soňlanmajak ýazy sen,Aziýanyň ak merjeni, şäherleriň uzy sen, Arkadagly paýtagtym, ak şäherim Aşgabat! Kaşaň-kaşaň binalar, köşgi-eýwan sendedir,Halkyň çüwen ykbaly — ajap döwran sendedir,Bagtyýarlyk güwäsi, toýly döwräm sendedir,Arkadagly paýtagtym, ak şäherim Aşgabat!

Şanly ýyla şan getiren goşa toý

Welaýatymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy dabaralara beslendi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde ýelden ýüwrük, gözellikde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimiziň hem-de gaýratlylykda, gaýduwsyzlykda, wepadarlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň gözellik bäsleşikleri baý many-mazmuna eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň ýelden ýyndam bedewlerine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar, şeýle hem baýramyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, atşynaslara ýörite atlaryň dakylmagy ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmeginde uly many bar. Sebäbi olar milli gymmatlyklarymyzdyr.

Beýik işleriň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz beýik ösüşler bilen bedew batly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şanly seneleriň ikisi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylyklary uly dabaralara beslenýär. Ählimiziň bilşimiz ýaly, tutuşlygyna ak mermere beslenip gözelligiň, kaşaňlygyň kämil nusgasyny emele getirýän paýtagtymyz täze gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna öz çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu bolsa Aşgabadyň häzirki zaman keşbinde döwrüň köpugurly ösen şäheriniň nusgasyny kemala getirmegiň esasyny şertlendirýär. Özüniň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen merjen paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň has öňdebaryjy we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Goşa baýramçylygyň şanyna ak şäherimiziň çägindäki ençeme binalaryň açylyş dabaralary buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugry hem golaýda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň toýlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň, şeýle hem Kabul ediş merkeziniň döwrebap täze binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine, halky

Ýeňşiň höwri köp bolsun!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ençeme şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şu ýyl ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen utgaşdyrylyp bellenilmegi bagtyýar halkymyzy has-da buýsandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda serhetçi esgerlerimize mukaddes çäklerimizi goramakda ýakyn syrdaşa öwrülen türkmen alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat edipdi we türkmenlerde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlyklaryň artýandygyny aýdyp, olaryň halkymyzyň ýagşy dessurlaryny mynasyp dowam etjekdigine ynam bildiripdi.

Bedewiň mertebesi belent tutuldy

Bedewler — toýly günleriň ýaraşygy. Olar mydama toý buşlugyny getirýärler. Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň oba-şäherlerinde hem toýly-dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Welaýatymyzyň çapyksuwarlary we atşynaslary bolsa Mary welaýatynda ýurt derejesinde geçirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşdylar. Ildeşlerimiz çapyksuwarlyk türgenliklerini, bedewlerimiz ýüwrükligini görkezdiler. Lebap atçylyk sport toplumynda bolup geçen baýramçylyk dabaralary hem örän ýatda galyjy, täsirli pursatlara baý boldy. Geçen ýylda durky täzelenilip, abatlaýyş işleri geçirilen toplumyň örän kaşaň amfiteatrynda baýramçylyk konserti boldy. Onda welaýatymyzyň zehinli aýdymçylary gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we halkyň aýratyn zehininden döräp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny yzyna düşürip bilen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirdiler.

Türkmen alabaýy: Şöhratly taryhyň şanly sahypasy

Ýekşenbe güni Farap etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi goşa baýramyň gündogar sebitdäki iň şanly wakalarynyň biri boldy. Şol gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şeýle merkezleriň işine badalga berildi. Olar ata Watanymyzyň  taryhyna alabaý itlerine niýetlenilen ilkinji merkezler hökmünde girer. Şonuň üçin bu merkezleriň açylyş dabarasyny hem taryhy waka hasaplap bolar. «Adam eli ― gyzyl gül»Bary-ýogy bir ýyldan hem az wagtyň içinde Farabyň gümrük nokadyna barýan aýna ýaly ýoluň 1 kilometr çemesi uzaklygynda, alaň-alaň sährada dörän binalar toplumyny synlap, ynsan eliniň döredip bilýän gudratyny güle deňemegiň hem heniz bärden gaýdýandygy barada pikirlenýärsiň. Elhepus, görüň-ä bu gudraty! Bu toplum ynsan eli bilen gurulman, asmandan ýere gonaýan ýaly bolup dur. Ine, türkmen halky asyrlaryň dowamyndaky syrdaşyny ― alabaýyny şeýle ajaýyp toplum bilen arzylaýar. Taryhy müňlerçe ýyla uzasa-da, türkmen alabaýy kinologlar tarapyndan iň arassa tohum it hasaplanylýar. Indi bolsa bu arassalyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bir günde açylyp, ulanylmaga berlen merkezlerde, iň döwrebap şertlerde goralar.

Ýürekden çykan alkyşlar

Täze merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan islendik adam bilen bolan söhbetdeşligi bir umumylyk birleşdirýär. Ol hem hemmeleriň çäksiz begenji we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşlary. Şol alkyşly sözleriň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşmagy hem müwessa bildik! Ýaraş MURADOW, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

«Çagalar dünýäsi» — şatlygyň güwäsi

Farap etrabynda gurulýan «Çagalar dünýäsi» seýilgähinde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gurluşygyň iş öndürijisi Ahmet Annaberdiýewiň gürrüň berşi ýaly, häzirki wagtda umumy gurluşyk işleriniň 80 göterime golaýy tamamlandy. Döwrebap seýilgäh şu ýylyň iýun aýynda ― biziň welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi mynasybetli açylyp, ulanylmaga berler. Baýrak ― serişde çeşmesi

Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher

Garaşsyzlyk bagyBagta sary uzap barýar ömürler,Gülzara öwrülip bu ene ýerler,Jeýhun derýa ýaly joşup göwünler,Bu gün Garaşsyzlyk bagy gül açýar. Beýgelýär dünýäde abraýyň-adyň,Watana söýgüden alýarsyň badyň,Ýer ýüzünde artyp, şanyň-şöhratyň,Bu gün Garaşsyzlyk bagy gül açýar.

Aşgabadym — göwünleriň zynaty

Aşgabat, sen nähili gözel şäher?! Seniň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmeniň kalby ýaly aklygyň tebigy sazlaşygy emele getirýär. Seniň keşbiňi, ýollaryňy, baglaryňy, daglaryňy... synlamak neneň lezzetli! Men seniň gujagyňda pikirleriň ummanyna aralaşmagy halaýaryn. Megerem, şonuň üçindir her gezek seniň goýnuňa gezelenje baranymda, düşen suratlarymy synlamak endigimi aýlar-ýyllar öçürip bilenok. Dynç alyş günleri gezelenje gitmek pikiri beýnime at salan pursadynda, seniň roýuň göz öňümde şöhlelenýär. Çagalykdan galan köne endigim — Aşgabat diýilse, ilki bilen göz öňümde janlanýany — «Ertekiler dünýäsi». Aslynda-ha, seniň her künjegiň ertekä kybapdaş. Megerem, şonuň üçindir seniň gujagyňa dolanymda, özümi hamana ertekiniň täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly duýýaryn. Aşgabat, seniň çar ýanyňda ak mermerli köşklerdir binalar, sport desgalary, teatrlar, muzeýler, ýaşaýyş jaýlary... garaz, giden kaşaň-kaşaň ymaratlar görküňi goşalandyryp dur. Olaryň daşyny bürän baglyklar tebigatyň sazlaşygyna utgaşyp, ruhuňy göterýär.

Toýlarymyz gelýär goşa-goşadan

Parahatçylyga we ynanyşmaga daýanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda gazanylýan beýikden-beýik üstünlikler halkymyz üçin bagtyýar şu günümiziň gadyr-gymmatyny has içgin duýmakda we şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenip, oňa tüýs ýürekden guwanmakda bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Göz-guwanjymyza deňeýän Garaşsyzlygymyz biziň taryhymyzyň şöhrat-şanyny gaýtaryp getirdi, kalbymyzyň, hakydamyzyň töründäki geçmişimize bolan beýik buýsanjy galkyndyrdy, gahryman we merdana pederlerimiziň dünýä ýaň salan abraý-mertebesini tirsegine galdyrdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň merdana halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem ähmiýetli taryhy waka bolup durýar. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklaryň, şeýle hem asylly ynsanperwerlik dessurlarynyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Hut Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, baý ylmy tejribesinden kemal tapan ak mermerli Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni, dünýädäki iň gözel şäherleriň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga berilýän her bir täze bina gurluşyk taýdan täsinligi, ajaýyp şertleri, biri-birinden tapawutlanýandygy bilen haýran galdyrýar.

Atşynaslaryň obasynda toý tutuldy

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Marynyň atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleriniň çäginde halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşykda welaýatymyzdan halypa çapyksuwar Suwhandurdy Kuljanow ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň baş baýragyny — ýeňil awtoulagy eýeledi. Bu şatlykly habar halypa çapyksuwaryň ýakynlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, işdeşleriniň, obadaşlarynyň, welaýatymyzyň uludan kiçä ähli ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Ýaryşdan awtoulagly dolanan halypa çapyksuwar obasynda dabaraly garşylandy. Suwhandurdy Kuljanow Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ömrüni atçylyga bagyşlan halypa atşynas häzirki wagtda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi bolup işleýär. Ol atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde mynasyp tagalla edýär. Onuň bu ugurdaky hyzmatlaryna Arkadagly döwrümizde mynasyp baha berilýär. Goşa toýuň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, oňa «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli gymmatlyklaryň sazlaşmagy — toý şatlygynyň goşalanmagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ol baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany täze taryhymyzyň senenamasyny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu şanly waka biri-biriniň üstüni ýetirýän naýbaşy gymmatlyklaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň örän uludygyny, olara belent sarpa goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sazlaşykly utgaşýan baýram bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek buýsanjyny, ylham çeşmesini, toý şatlygynyň dabarasyny goşalandyrýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, Watana bolan söýgüsi, kämillige we gözellige hyjuwy, güýç-gaýratlylyk, ar-namyslylyk, asyllylyk, dostluk, wepalylyk duýgulary, sagdynlyk, mertlik, edermenlik, üstünlige we ýeňşe okgunlylyk ýörelgeleri jemlenendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asylly däplere eýerilip, halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň hem-de edermen alabaýlarymyzyň şanyna tutulan toýuň köpöwüşginli çäreleri biri-biri bilen ulaşyp, birnäçe gün dowam etdi.

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!

Ýurdumyzda ilkinji gezek goşa baýrama öwrülen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhynyň altyn sahypalaryna ýazylan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň şanyna geçirilen dabaralarda Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly söhbetlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Wepaly dosta — belent hormat

Mary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Mary welaýatynda tutulan goşa baýramyň şatlyk-şowhuny ýene bir ýakymly waka bilen utgaşdy.

At çapmaz — bagt çapar

At çapyşygy türkmenleriň atly sport oýunlarynyň iň gadymy we söýgüli görnüşidir. «At çapmaz — bagt çapar» diýen ynama eýerýän pederlerimiz at çapmagyň ussady bolupdyrlar. At çapmakda, söweş tilsimlerini atyň üstünde ýerine ýetirmekde türkmen ýigitlerine taý tapylmandyr. Behişdi bedewleriň üstündäki oýunlaryň gadymylygyna şaýatlyk edýän maglumatlar milli mirasymyzyň sahypalarynda-da az däl. «Görogly», «Gorkut ata» eposlarynda at çapmak we bedew üstündäki oýunlar baradaky maglumatlar baý many-mazmuna eýedir.

Ylham derýasy

Edermenlikde, çaparmanlykda, gahrymançylykda deňi-taýy bolmadyk «Hakdan halatly — uçsa ganatly» bedewlerimiz milli Liderimiziň nusgawy eserlerinde özüniň giň beýanyny tapýar. Arkadag Prezidentimiziň «Rowaç» atly goşgusynda bedewiň oňat gylyk-häsiýetleri, gözel keşbi, tebigy täsinlikleri, syrly dünýäsi çeper beýan edilýär. Bu goşgudaky setirdir bentlere nazar aýlasak, ahalteke bedewi öňküsinden hem ajaýyp keşpde göz öňüne gelýär:

Bedewe atlanan türkmen

Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişli. Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistandygyny biragyzdan tassyk edýärler. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan gymmatlyklaryň içinde atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Gadymy Marguşyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň aýaklarynda we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar.

Halkymyzyň göwün ganaty

Türkmen halky bäş müňýyllyk taryhynda umumadamzat hazynasyna kämil hem gaýtalanmajak medeniýeti berdi. Nepis türkmen halysy, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaý iti biziň milli gymmatlyklarymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana doldy. Ahalteke bedewi türkmenleriň uçar ganaty hasaplanylýar. Türkmen halkynyň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Ahalteke atlary dünýäde iň gadymy at tohumydyr.