"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ak ýollaryň aýlawy dowamata rowandyr

Bu gün eziz Watanymyzyň halkara abraýyny, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri, gurlan we gurulýan täze desgalary, ösen durmuş ulgamy, täze galkynyşa eýe bolan medeniýet ulgamy, üstünlikli bilim özgertmeleri... ýaly islendik ugurlara ser salanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik özgertmeleri, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp baran işlerine göz ýetirýärsiň. Taryhda yz galdyrjak nusgalyk işleri bitirip, halkyň ynamyna mynasyp bolmak, oňyn başlangyçlar bilen halkara giňişligine çykyp, dünýä halklarynyň arasynda tanalmak, döredijilik ýoluny gurmak beýik Şahsyýetlere başardýar. Olar öz halkynyň beýik Ogly bolup, taryha girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow öz ylmy işleri we çeper eserleri, reformatorçylyk ukyby, maksada okgunly häsiýeti, watanperwerligi, sahawatlylyk ýörelgeleri bilen halkyň uly ynamyny, söýgüsini gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi döwlet syýasatynyň baş ugruna öwrülip, bu gün durmuşyň ähli ugurlarynda şöhlelenýär. Milli Liderimiziň özgertmeler syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyzyň, baý medeni we aýawly saklanýan mirasy bolan halkymyzyň tutuş dünýäde ýokary baha we ykrarnamasyna eýe bolmagyny üpjün etdi.

Beýik akyldara belent sarpa

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak bilen, söz ussadynyň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Beýik akyldaryň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, söýgi temalary eriş-argaç bolup geçýär. Ol şygyrlarynda ähli güýjüň, kuwwatyň, abraýyň iliňe, ýurduňa edýän hyzmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Akyldar şahyryň köptaraply döredijiliginde alymlar, ylym-bilim hakynda hem çuňňur pelsepäni görmek bolýar. Bu bolsa ýaş nesillere ylym-bilim öwretmekde, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak nesihatdyr.

Ýatkeşligi terbiýelemek hakynda

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ýatkeşlik — psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne dolanmaga mümkinçilik berýär.

Akyldar şahyryň döredijiliginde adalatlylyk taglymaty

Akyldaryň şygyrlary ýaşaýşyň gözbaşyndan başlap, şu günümize, hatda geljege düşünmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ýylda sarpasy belent tutulyp dünýä derejesinde abraýy arşa galan türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa onuň dünýä halklary tarapyndan beýik akyldar şahyr hökmünde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adam durmuşynyň her bir pursadyny açyp görkezmekde iňňän ähmiýetli terbiýe beriji ensiklopediýa bolup hyzmat edýär. Şahyryň ýaşan döwründäki we ondan soňky dörän edebiýatymyzyň görnükli wekilleri hem şahyryň döredijiliginiň ugurlaryny dowam etdiripdirler. Şol nukdaýnazardan hem, Magtymguly Pyragyny türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasy diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi onuň pelsepewi garaýyşlary döwürdeş şahyrlaryň we ondan soňky edebiýat wekilleriniň döredijiligine hem täsir edipdir.

Ýaş nesil hakda alada — abadan geljegiň binýady

Halkymyz çaganyň milli hem ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan däp-dessurlar esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berip, ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir. Döwürleriň we durmuşyň synagyndan geçen gadymy däpler esasynda çagalara bolan garaýşyň milli edep-ahlak mekdebini döredipdirler. Çagada ýaşlykdan zähmet endiklerini kemala getirmekde, olarda edeplilik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny terbiýelemekde binýatlaýyn ýörelgeler hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz çagalara irki ösüş döwründen zähmet çekmegi, hünäre hormat goýmagy öwredip, zähmete bolan söýgini şol döwürdäki milli oýunlaryň üsti bilen döretmegi başarypdyrlar. Çünki çaga üçin oýunlar özboluşly täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolupdyr. Mysal üçin, palçykdan dürli şekiljikleri ýasamak ýaly oýunlara güýmenmekleri çagalarda irki döwürden döredijilige ukyby, zähmetsöýerligi we agzybirligi terbiýeläpdir. Olar ulaldygyça-da, kem-kemden maşgala zähmetine çekilip, guşlara, mallara seretmek ýaly ýumuşlar arkaly, zähmet endikleri kemala getirilipdir. Şeýlelikde, zähmetiň bar ýerinde berekediň, agzybirligiň bolýandygyny aňlaryna berk siňdirmek bilen, «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Işleseň, il tanar», «Bir okana bar, birem — dokana» diýen ýaly pähimlerden ugur almagy öwredipdirler.

ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyz gülläp ösýär. Oba-şäherlerimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz gerek. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döremegi türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparlaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler, önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigine görä, şu ugra häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň gönükdirilmelidigini ýatladýar. Binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygy, ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň gurluşygynda örän möhüm wezipeleriň hata

Türkmenistan – sport ýurdy

Türkmenistan – sport ýurdy. Bu jümläniň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýedigine ýurdumyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň hem-de döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň çar künjeginden müňlerçe janköýerleriň ünsüni eziz Diýarymyza gönükdiren şol ýaryşlar, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrýan başlangyçlar yklymlary, halklary ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen dürdäne sözleriniň uly ykrarnama eýe bolan hakykatdygyna biz ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşanlaryň we sport muşdaklarynyň hoşallyklara beslenen sözlerini diňlänimizde hem aýdyň şaýat bolýarys.

Galkynýan göwünleriň goşa ganaty

Toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýan döwründe ýaşamagyň, okamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň özi uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýatdan çykmajak dabaralara besleýän baýramlarynyň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. «Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýurdumyzyň sport älemindäki üstünliklerine mynasyp goşant goşup gelýän ýaş dzýudoçy Serdar Rahymow ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyplarynyň biridir. Ol ýakynda Duşenbede geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň dünýä tapgyrynda altyn medala mynasyp bolmak bilen, türkmen sportunyň taryhynda ajaýyp netije gazandy. Täjigistanyň paýtagtynda guralan bu abraýly bäsleşikde Olimpiýa oýunlarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň baýrak eýeleriniň çykyş edendigini hem bellemek gerek. Talyp türgenimiziň olaryň arasynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy guwandyryjydyr. 66 kg agramda çykyş eden Serdar Rahymow bäş tutluşyk geçirip, ählisini öz peýdasyna tamamlady. Netijede ol kadetleriň arasynda Aziýa Kubogy — 2019-nyň kümüş medalçysy B.Ulziibaýarany (Mongoliýa), Panamerikan oýunlary — 2023-niň wise-çempiony Ž.Fraskadorany (Kanada), Bakuwda geçen Uly tuwulga — 2022-niň kümüş medalynyň eýesi M.Halifaýewi (Täjigistan), ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa Kubogy — 2019-nyň ýeňijisi B.Wajiýewi (Özbegistan), soňky ýyllarda geçirilen abraýly ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi O.Jebowy ahmyrda goýdy.

Gujurly gollar

Şol günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň agyr atletika zaly adatdakydan köp adamly boldy. Bu ýere gelenler pauerlifting we armrestling – el göreşi boýunça geçirilen şäher çempionatynyň çekeleşikli bäsleşikleriniň şaýady boldy. Berkarar döwletimizde sport ulgamynyň ösüşine uly üns berilmegi netijesinde bu sport görnüşleri-de köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu çempionat hem onuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, pauerlifting – üç güýjüň bäsleşigi diýmegi aňlatsa, armrestling sözi gol, el göreşi diýmekdir. Diňe paýtagtymyzyň çäginde «Atletika» sport klubuna degişli zallarda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde, Aşgabat Energetika orta mekdebiniň ýöriteleşdirilen zalynda bu sport görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna-da gatnaşyp, medally orunlary eýeleýärler. Bu ugurda tejribeli türgenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şu ýerde pauerlifting, armrestling ýaly täsin we gyzykly sport görnüşleriniň ençemesiniň meşhurlyga eýe bolmagynda uly iş bitiren halypa tälimçiler, sport ussatlary Ahmet Pirowowyň, Igor Zeýnalowyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar.

«Dürdänedäki» şatlykly günler

Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç almagy, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şolaryň biridir. Dag etegindäki ajaýyp tebigatly, sapaly howaly ýerde gurlan merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenendir. Çagalaryň şatlykly sesleri uzaklardan eşidilýär. Olaryň bir topary sportuň dürli görnüşleri, birnäçesi oýun oýnamak, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. «Dürdänede» sport meýdançasy, kinozal, mejlisler zaly, amfiteatr, kitaphana, naharhana we suw howuzlary çagalaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki ene-atalara niýetlenilen myhmanhana hem amatly şertler bilen üpjün edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. «Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Türkmen topragyndan älem giňişligine çenli

Antuan de Sent-Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» atly kitabynda: «Her bir adamyň öz ýyldyzlary bar. Kimler üçin ýöne bir yşyk bolsa, aýlanyp ýörenlere olar ýol görkezýär» diýen jümleler bar. Laýyk 60 ýyl mundan ozal — 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Jeýhun ýakasyndaky Türkmenabat şäherinde dünýä inen Oleg atly oglanjyk hem çagalygyndan sanýetmez ýyldyzlary gujagynda göterýän älem giňişligine aralaşmagy arzuw etdi. Ýyllaryň geçmegi bilen, şo-ol arzuw ýyldyzlary ony ýöne bir «kosmonawt» diýilýän arzyly käriň eýesi edip çäklenmedi. Bu gün ol älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýäniň rekordsmenine öwrüldi. Şu ýylyň 4-nji fewralynda Oleg Kononenko kosmosda jemi 878 gün, 12 sagat bolup, umumy görkezijisi babatda dünýä rekordyny goýmagy başarypdy. 5-nji iýunda, Moskwa wagty bilen sagat 00:00:20-de bolsa ol älem giňişliginde 1000 günläp bolan ýeke-täk kosmonawt hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Watan — beýikleri beýgeldýän mukaddeslik. Ol öz sesine sesini goşan, şan-şöhratyny beýgelden adamyň hemişe gadyryny bilýär, arzylaýar. Duz nesibäň çekip, ykbal seni nireden çykarsa-da, edil mährem eneň deýin, Watan hem elmydama saňa gujagyny açýar. «Meniň üçin eziz ýurdum — Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhümdir. Ýurtda gazanylýan üstünlikler meni guwandyrýar. Men Türkmenistanda doglandygyma, şu ýurt bilen baglanyşygymyň bardygyna örän buýsanýaryn» diýýän watand

Dokmada döredip ajap dessany...

ýa-da ýürek mähri siňen sungat barada (Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Şan-şöhratly Diýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan döwlet hökmünde sebitde möhüm ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Bu zatlaryň ählisi dünýä derejesinde döwletimiziň abraý-mertebesiniň arşa galyp, halkara abraýynyň artdyrýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem ýurdumyz bu gün abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşykda bolup, Ýer ýüzünde möhüm, global meseleleriň çözülmegine öz sesini goşup gelýär. Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa arassaçylygy, sebit we halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişinde howpsuzlygyny gazanmak we ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça birnäçe başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Ýurdumyz ençeme abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen, diňe bir Aziýa yklymynda däl, eýsem, bütin dünýäde sazlaşykly ykdysady ösüşiň rowaçlanmagyna hem-de parahatçylygyň pugtalanmagyna hem öz saldamly goşandyny goşýar.

Magtymgulynyň edebi mirasy — milli medeni gymmatlyk

Ol ýurdumyzda kanun esasynda berkidildi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Döretmek we gurmak ýoly bilen

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. Pudaga ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar we durky täzelenilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutuldy. Şol desgalaryň aglabasynyň gurluşyklarynyň öz ýerli çig mal serişdelerimiziň hasabyna, türkmen gurluşykçylarynyň zähmeti bilen amala aşyrylýandygy örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän binalarda milli binagärlik däpleri şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary, iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalan

DOKMADA DÖREDIP AJAP DESSANY...

ýa-da ýürek mähri siňen sungat barada Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy şäheriň taryhy, medeni, ylmy gymmatlyklarynyň, onuň ussat senetkärleriniň sungat ýolunyň şöhratyny dünýä ýaýýar. Änewiň buýsanjy hem ajaýyp nyşany hasaplanýan Seýit Jemaleddin metjidiniň gözelligini özüne siňdiren aždarha keşpli, güberçekli türkmen halysyny synlap, milli sungatymyzyň beýikliginiň öňünde baş egýärsiň. 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagtyna gelýän jahankeşdeler paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýerleşýän bu halynyň keşbinde gözbaşyny gadymy Änew medeniýetinden alyp gaýdýan diwar bezegleriniň kämil nusgalaryny synlap, milletimiziň baý ruhy dünýäsiniň gözelliginden lezzet alýarlar.

Sebitiň döwrebap şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde bina edilen, dünýäniň üns merkezini özünde jemlän gözellik şäheri bolup, ol döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan kämil eseridir. Ol eserde türkmen halkynyň ýagty ykbaly, beýik geljegi altyn sahaplarda ýerleşip, onda gözelligiň hem ýagtylygyň nury dünýä ýalkym bolup saçylýar. Gysga wagtyň içinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, ähli şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edilen, ajaýyp hem owadan binalary gözüňi dokundyrýan Arkadag şäheri bagşy-sazandalaryň dilinde aýdym-mukama öwrüldi. Eline galam alan ýazyjy-şahyrlar Arkadag şäheriniň gözelliklerini, özlerinde galdyran täsirlerini şirin owazlara, setirlere salyp, dünýä ýaýýarlar.

Binagärlik — belentlik

Köpetdagyň gadymy topraklarynda peýda bolan ak mermerli ajaýyplyk ýurdumyzyň binagärlik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bina bolan bu döwrebap şäher milli binagärlik sungatynyň kämil nusgasydyr. Gysga döwrüň içinde gurlan, taryhda müdimilik orun aljak bu şäheriň binagärlik gurluşy, desgalaryň daşky keşbi taýsyz gözelligi bilen gözüňi dokundyrýar. Binagärlik işi döwrebap tehnikany, ylmy we sungaty özünde jemlemek bilen, ol adamlar üçin peýdaly, berk we gözel bolmaly. «Şäher gözelligi» düşünjesi diňe bir gözel keşpli binalar bolman, eýsem, ol şäheriň meýilnama gurluşyny, desgalaryň talabalaýyk ýerleşdirilip taslamalaşdyrylyşyny, landşaft binagärligiň ýerlikli ulanylyp, daşky gurşawyň adamlaryň we tebigatyň peýdasyna laýyklykda gurulmagyny talap edýär. Bu şertleriň ählisini bolsa Arkadag şäherinde görmek mümkin. Özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan Arkadag şäheriniň taslama we binagärlik gurluşy daşky keşbi boýunça aýratyn görnüşe eýe. Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýşi ýaly, şäher taslamasynyň esasy merkezinde medeni desgalar ýerleşdirilipdir. Bu türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň medeniýet bilen baglanyşygyny görkezýär.