"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Akyl­ly» şä­he­riň owa­zy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Di­ýa­ry­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­de se­leň­läp gö­rün­ýän Kö­pet­da­gyň gö­zel goý­nun­da tä­ze «akyl­ly» şä­he­riň — Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­le­ni­ne en­tek köp wagt ge­çe­nok. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň mä­hir-söý­gü­sin­den, ýü­rek ýy­ly­syn­dan bi­na bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri bu gün dün­ýä­niň na­za­ryn­da. Se­bit­de il­kin­ji «akyl­ly» şä­her hök­mün­de ady­ny ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na ýaz­dy­ran şä­he­r gö­zel­li­gi, ak­ly­gy, «akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra baý­ly­gy bi­len hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ar­ka­dag şä­he­ri bu gün toý-baý­ram­la­ryň mes­ge­ni­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­ýan her bir baý­ram­çy­lyk, şow­hun-da­ba­ra «akyl­ly» şä­he­riň gu­ja­gyn­da hem tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, uly şat­ly­ga bes­le­nip bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu gün toý­la­ry ulu­dan tu­tul­ýan türk­me­niň tä­ze şä­he­ri­ni — Ar­ka­dag şä­he­ri­ni gör­mä­ge göz ge­rek.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy geçirildi

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­giň mak­sa­dy be­ýik şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny gi­ňiş­le­ýin öw­ren­mek­den, wa­gyz et­mek­den, onuň çuň ma­na, pä­him-paý­ha­sa we ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne ýug­ru­lan gym­mat­ly goş­gu­la­ry­nyň ägirt uly äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ýaş ne­sil­le­riň dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr.

Dünýä nusgalyk şäher

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýän paýtagtymyz sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde dünýäde bellidir. Türkmen paýtagtynda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, gepleşikler hem oňa aýdyň mysaldyr. Soňky ýyllarda Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik toplumynda gurulýan täze binalar diňe bir paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşman, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda-da möhüm orny eýeleýär. Munuň özi ýaşamak we işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aňladýar. Şu hili we birnäçe aýratynlyklary bilen merjen şäherimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna, takmynan, 11 gezek girizildi.

Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Il-hal­ky­my­za he­mi­şe ýa­ran bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ta­ryh­da dur­nuk­ly ösüş­de hem-de öz or­nu­ňy ber­kit­mek­de der­wa­ýys bo­lan iň go­wy hä­si­ýet­le­riň hem-de mer­da­na­ly­gyň nus­ga­sy­dyr. Hut şo­nuň üçi­nem biz be­dew­le­ri­mi­zi ösü­şiň hem-de bag­tyň ala­ma­ty ha­sap ed­ýä­ris. Çün­ki ta­ry­hyň gat­la­ryn­da bo­lup ge­çen äh­li wa­ka­la­ra be­dew­le­ri­miz gö­nü­den-gö­ni da­hyl­ly bol­ma­sa-da, ola­ry be­dew­siz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn­dyr. Be­dew ba­ra­da­ky dü­şün­je bi­ziň dur­mu­şy­myz­da düýp­li orun alan­dyr. Be­dew — ösüş­le­re ýet­me­giň nus­ga­sy, bi­zi be­ýik üs­tün­lik­le­re tel­was­lan­dyr­ýan uly güýç.

Bedew — yhlasly zähmetiň miwesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň mi­ze­mez ara­bag­la­ny­şy­gy­ny özün­de jem­le­ýän ga­nat­ly be­dew­ler tu­tuş adam­za­dyň me­de­ni mi­ra­sy­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik­li ze­hi­ni­niň aý­dyň mi­we­si­dir.

Döw­le­tiň go­şa sü­tü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün gö­zü­mi­ziň gö­re­ji­ne de­ňel­ýän ýa­şyl Tu­gu­myz kal­by tä­miz hal­ky­my­zyň hem gör­ka­na Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na keş­bi bo­lup, dün­ýä­niň de­pe­sin­de er­ka­na pa­syr­dap dur. Baý­dak­da tu­tuş hal­kyň ru­hy dün­ýä­si, mer­te­be­si, päk gel­je­ge bo­lan be­ýik yna­my hem kal­by­nyň gö­zel­li­gi jem­le­nen­dir. Hä­zir­ki wagt­da türk­men top­ra­gy­na ba­har gül­le­ri­ni saçyp, lä­le-reý­han ýaz­la­ra ky­bap gö­zel­li­gi bi­len dik de­pä­miz­de pa­syr­dap du­ran ýa­şyl Tu­gu­myz ýü­re­gi­mi­ze nur, kal­by­my­za ýag­ty­lyk ça­ýýar. As­lyn­da-da, al as­man­da ow­sun at­ýan baý­da­gy­my­zyň ýa­şyl reň­ki ýa­zyň je­ma­lyn­dan, gör­ka­na­ly­gyn­dan göz­baş alan­dyr.

Ak şä­he­riň ýal­ky­my

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gö­zel­li­gi, tä­sin­li­gi, be­ýik bi­na­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat hä­zir­ki wagt­da gül­läp ös­ýän şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanly­gyn­da ýur­du­myz­da tä­ze gu­rul­ýan bi­na­lar, be­lent yma­rat­lar, des­ga­lar sa­nar­dan kän­dir. Paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iri möçber­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri özü­niň ka­şaň bi­na­gär­lik top­lum­la­ry bi­len dün­ýä­niň iň owa­dan we amat­ly şä­her­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. 

Ha­ýyr­ly iş­le­riň sa­ka­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy di­ňe bir türk­me­nis­tan­ly ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra däl, eý­sem, ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ejir çe­ken ça­ga­la­ry­na hem he­ma­ýat ber­mek mak­sa­dy­ny hem öz içi­ne al­ýar.

Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky bu gün­ki gün be­ýik Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň sa­ýa­syn­da asu­da as­ma­nyň, pa­ra­hat ze­mi­niň üs­tün­de ýa­şa­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da biz 1941 — 1945-nji ýyl­lar­da­ky Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan be­ýik Ýe­ň­şiň 79 ýyl­ly­gy­ny bel­le­dik.

Saňa at diýmerin, gardaş diýerin...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Pe­der­le­ri­miz­den ga­lan bir pä­him bar: «Er­tir tur-da, ata­ňy gör, ataň­dan soň — aty­ňy». Bu pent­de ju­da te­reň ma­ny bar. Be­hiş­di be­dew — hal­kyň buý­san­jy. Türk­me­ni şon­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Ta­ry­hy kö­kü­ni heň­ňam­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan, äh­li ba­bat­da mil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan hal­kyň geç­mi­şem, şu gü­nem, er­ti­rem be­dew at bi­len bag­ly­dyr. Be­dew­ler — türk­me­niň ga­na­ty, toý­da şöh­ra­ty, dur­muş­da we­pa­dar hem­de­mi.

Atalaryň arzuwlan berkarar döwleti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­my­zyň umu­my­mil­li şa­hy­ry ha­sap­lan­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy kül­li yn­san kow­mu­nyň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­sy­nyň baý­laş­ma­gy­na, aňy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­me­gi­ne ägirt uly go­şant go­şan şa­hyr­dyr. Dün­ýä­niň halk­la­ry türk­men­le­riň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri, baý adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry ar­ka­ly has ýa­kyn­dan tan­şyp bil­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, olar be­ýik akyl­da­ryň eser­le­rin­den da­şy­my­zy gur­şap alan te­bi­gat hem jem­gy­ýet bi­len nä­hi­li saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­ly­dy­gy­ny gö­rüp bil­ýär­ler. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi türk­me­niň halk ha­ky­da­sy­nyň üz­nük­siz­li­gi­niň, do­wa­mat-do­wam­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam edip­dir.

Magtymgulynyň şygyrlarynda sagdyn durmuş ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­lap ýa­zan «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şyg­ry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr» di­ýip, örän jaý­dar bel­le­ýär. Söz sun­ga­ty­nyň zer­gä­ri ha­sap­lan­ýan şa­hy­ry­my­zyň şy­gyr­la­ryn­da päk ah­lak­ly­lyk, ru­hu­be­lent­lik, gel­je­ge ýag­şy umyt-ni­ýet, adam­kär­çi­lik du­ýul­ýar. Alym Ar­ka­da­gy­myz Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Dür­dä­ne pi­kir-paý­has­la­ry il-gü­ne ba­gyş­lan da­na şa­hyr hal­ky­myz­da şy­gyr bos­sa­ny­nyň bil­bi­li sa­ýy­lyp­dyr. Çün­ki akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çuň­ňur ma­ny­ly şy­gyr­la­ry­ny okan we diň­län adam­la­ryň kal­by­na siň­ýär we ýü­re­gi­niň tö­rün­den orun alyp, ru­hy lez­zet paý­la­ýar.

Mil­li buý­san­jy­myz

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky özü­niñ uzak ta­ry­hy döw­rün­de dün­ýä­niñ mad­dy we me­de­ni ha­zy­na­sy­na hiç ha­çan gaý­ta­lan­ma­jak mil­li gym­mat­lyk­la­ry go­şup­dyr. Şo­la­ryñ bi­ri-de ga­myş­gu­lak ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziñ buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz» at­ly ki­ta­byn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niñ ge­lip çy­ky­şy, ta­ry­hy ösüş ýo­ly, owa­dan­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, dün­ýä at­çy­lyk me­de­ni­ýe­tin­de tut­ýan or­ny we mad­dy gym­mat­lyk hök­mün­de gör­ke­zen ne­ti­je­le­ri ba­ra­da baý mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Biz bu ki­ta­by oka­ny­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niñ yk­ba­ly­nyñ türk­men hal­ky­nyñ yk­ba­ly bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko — kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Oleg Ko­no­nen­ko­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de gör­kez­ýän ne­ti­je­le­ri­ne bu gün dün­ýä şa­ýat bol­ýar. Go­laý­da ol Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren dün­ýä­de il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mo­s» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­na sal­gy­la­nyp, TASS ha­bar­lar agent­li­gi ha­bar ber­ýär.

Py­ra­gy­nyň was­py

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Preziden­ti­miziň: «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da ba­ky orun al­dy» di­ýip bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, şa­hy­ryň ýü­rek­den çy­kan eser­le­ri ýü­rek­le­re ba­ryp, kül­li yn­sa­ny­ýe­tiň aňyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. Onuň hal­ky­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dö­re­di­ji­li­gi­niň umu­ma­dam­za­dyň ru­hy dün­ýä­sin­de ebe­di ýa­şaý­şy ýa­ly, bu be­ýik şah­sy­ýe­tiň pä­him-paý­ha­sy­nyň was­py hem dür­li dil­ler­de soň­lan­ma­jak des­san bo­lup mü­di­mi ýaň­lan­ýar.

Nalçylar maşgalasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün­ler nal­çy us­sa Ba­tyr Dur­dy­me­do­wyň iş-ala­da­sy ep-es­li art­dy. Ýa­ňy Gün do­gup, daň saz be­re­ri­ne mä­het­del, ol öňün­den ter­tip­län iş re­je­si­ne la­ýyk şaý-es­ba­by­ny yk­jam­lap, ýo­la düş­ýär. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň toý­lan­ýan gün­le­rin­de us­sat se­net­kär wag­ty­nyň ar­tyk bö­le­gi­ni we­la­ýa­tyň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çir­ýär. Top­lu­myň tö­rün­dä­ki at­ha­na­lar­da uly aý­law­la­ra go­şul­jak ýyn­dam be­dew­ler sak­lan­ýar. Ba­tyr us­sa ola­ryň toý­nak­la­ry­ny nal­la­ýar. Ol hep­de ýa­ry­myň için­de ga­myş­gu­lak be­dew­le­riň ba­ry­ny nal­lap ýe­tiş­di. «At toý­na­gyn­dan bel­li» di­ýil­ýär. Ula goý­be­ril­ýän bu be­dew­ler ýel­den ýyn­dam ba­dy bi­len ça­pu­wa şow­hun go­şup, aý­la­wy be­ze­ýär­ler.

Galkynyşly döwrüň belent tutumlary

Uly buýsanç bilen ýaňlanýan şu ajaýyp jümläniň mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygar bilen beýik tutumly işleriň başlangyjyny goýdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň şu güni hem-de ýagty geljegi üçin belent tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren örän oýlanyşykly başlangyçlary, ajaýyp teklipleri tutuş adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryny, parahat ýaşaýşyny, gülläp ösüşini göz öňünde tutýandygy bilen belent ykrarnamalara eýe boldy. Häzirki wagtda BMG tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen 20-den gowrak Kararnamalaryň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň esasy bolup durýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzat jemgyýetinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň nuruny ýaýýan daşary syýasaty işjeňlik bilen durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Uzak ýaşa, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

Arkadag şäheri — täze eýýamyň gudraty

Türkmen taryhynda ilkinji gezek «akylly» şäher guruldy. Ol Merkezi Aziýada durmuş infrastrukturasy elektronlaşdyrylan ýeke-täk şäherdir. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş, bilim, medeni we saglygy goraýyş edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri — dürli maksatly desgalaryň we binalaryň 336-syny özünde jemleýän innowasion şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde amala aşyryldy. Täze şäherde «Arkadag» teleýaýlymy, «Arkadag» gazeti hem-de «Arkadag» futbol topary hereket edýär. Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatar uzaklykda, Köpetdag bilen Garagum sährasynyň arasynda — ajaýyp dag eteginde gurlan Arkadag şäheri geçen ýylyň 29-njy iýunynda açyldy. Onuň açylyş dabarasyna daşary ýurtly myhmanlaryň 300-den gowragy gatnaşdy. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Munuň özi şäheriň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy innowasion çözgütleriň we «ýaşyl» tehnologiýalaryň aňrybaş derejede peýdalanylandygyndan habar berýär.

Ýaşlaryň we geljegiň şäheri

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň güýzünde iş sapary bilen Gökdepe etrabyna baranda, gurulmagy göz öňünde tutulýan täze şäheriň, ozaly bilen, bu ýerde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenendigini, şonuň üçin taslamanyň maksadalaýyklygynyň şol ýaşaýjylaryň pikirine baglydygyny, aýratyn-da, ýaşlaryň nukdaýnazaryny göz öňünde tutmalydygyny, sebäbi bu işleriň hemmesiniň olaryň geljegine gös-göni degişlidigini aýtdy. Ondan bäri bäş ýyldan gowrak wagt geçdi. Şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Gahryman Arkadagymyzyň şol wagt öňdengörüjilik bilen aýdan sözleri häzir hakykata öwrüldi. Bu şäher «ýaşlaryň we geljegiň şäheri» diýen ada mynasyp boldy. Birinji tapgyrda hünärmenleriň, esasan-da, ýaşlaryň 15 müňden gowragy zähmet çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 240 talyp bu döwrebap şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna «akylly» öý ulgamyny ornaşdyrmaga gatnaşdy. Professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin sanly ulgam bilen baglanyşykly okuwlar geçildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan «akylly» şäher üçin programma üpjünçiligi «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyryldy.