Aziýanyň merjeni Aşgabat
Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, 24-nji maýda türkmen paýtagtynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp taryhy waka boldy. Bu waka ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenme döretdi. Ol ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary sport üstünliklerine ymtylmasynyň nyşany hökmünde milli sport ulgamynda mundan beýläk-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmäge, çempion türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga gönükdirilen döwlet derejeli işler alnyp barylýar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sport