"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, netijeli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köpugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köpmilletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby, 2024-nji ýylyň 13-nji marty) Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Milli parlamentde

Taryhyň şöhratly sahypalaryndan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygynda belent sepgitlere ýetilýär Jemgyýetiň durmuşyny özgerdip, şu günki we geljekki nesilleriň ykbalyna täsirini ýetirýän wakalar taryhyň şöhratly sahypalarynda şanly seneler hökmünde ebedilik galýar. 2022-nji ýylyň 19-njy marty hem berkarar döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan senedir. Il-ulsumyzyň belent ynamyny gazanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýalkymly şygary täze eýýamyň galkynyşyna ganat berip, ähli sepgitlere agzybirlikde ýetjekdigimize mizemez ynamy kalbymyza guýdy. Şöhratly günden bäri geçen iki ýyllyk menzilde gazanylan üstünlikler ykbaly göterilen halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, nurana geljeginiň binýadyny berkden tutýandygyny tassyklaýar.

Halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky tagallalar milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan döwletli işleriň mazmunynda çuňňur beýanyny tapýar

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi. TÄZE KANUNLARYŇ TASLAMALARY TAÝÝARLANYLÝAR

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde kabul edilen oňyn çözgütlerden, gazanylan özara bahbitli ylalaşyklardan hem anyk göz ýetirýäris. Bu halkara forumda Milli Liderimiziň eden taryhy çykyşy, öňe süren başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Hut şu mynasybetli biz häzirki günlerde welaýatymyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolup, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada söhbetdeşlikleri guraýarys. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändig

Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 358-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. TDH.

Ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz arabaglanyşygy

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi — Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy

17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär.

Döredijilikli zähmet we nesilleriň dowamatlylygy — halkymyzyň mizemez gymmatlyklary

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.