"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!Gadyrly ýaşlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly beýik ösüşlerini, dünýädäki belent şan-şöhratyny, agzybir halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny joşgunly wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde siziň uly üstünlikleri gazanjakdygyňyza ynanýaryn.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

ANNAMYRADOW Ş.H. hakynda Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Resmi habar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz! Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, bu bäsleşigiň ýokary derejede, şowhunly hem-de guramaçylykly geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşan, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri ajaýyp aýdym-sazlar bilen şöhratlandyrmak, parahatçylygy, dostlugy belentden wasp etmek hem-de dabaralandyrmak, täze döredijilik üstünlikleri bilen milli aýdym-saz sungatymyza mynasyp goşant goşmak baradaky mähirli arzuwlaryňyz, Garaşsyz Diýarymyza, Watanymyzyň beýik Ogullary bolan Milli Liderimize hem-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Döwletiň asudalygy — jemgyýetiň abadanlygy

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi, şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.

Daýhan mert — ýer jomart

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri çykyş edip, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar möwsüme doly taýýar edilip, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Geňeşli salamat bolar

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, döwrebap ylym-bilim öwrenmekleri, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi

Iş maslahaty geçirildi

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri özlerine degişli sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna başlamaga ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, ýygymda işlediljek kombaýnlary we hasyl daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmek babatda degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişinde ulanyljak ähli ekiji gurallar, oba hojalyk tehnikalary taýýar edilip, häzirki wagtda gerek bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Kämillige tarap Häzirki wagtda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde türkmen halkynyň milli mirasyna daýanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, innowasion usullara esaslanýan bilim ulgamynyň ösüş-özgerişleri, üstünlikleri nusgalykdyr. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi we olaryň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň täzeçil ösüşine badalga berdi.

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri! Mähriban çagalar! Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri! Mähriban çagalar!

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!Mähriban çagalar! Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!