"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Söz manysy

ÝAPBYLDAK Üstünden döwürler dolanyp, eýýamlar aýlanan ene dilimiz köp owazlylygy hem öwüşginliligi, şonuň ýaly-da many goýazylygy, dürli şiwe aýratynlyklaryny özünde saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. «Ýapbyldak» şeýle sözleriň biridir. Köp şiweli dilimizde bu sözüň «ýapbaldaň» görnüşinde aýdylyşy hem bar.

Magtymguly Pyragy

IL BILÄNI Belent daglaryň başyndaBulut oýnar sil biläni.Goç ýigide toýdur-baýram,Her iş gelse il biläni.

Dostum sen

Sende bar yhlasym, kalbym, ýüregim, Başdan mährem hemra bolan dostum sen.

Säher hakda oýlanyp...

Her hal, säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar.

Paýhas jöwheri

Mahmyt Gaznalynyň köşk emiri, soňra danalygy bilen Horasanyň häkimi bolan Aýazhana paýhasyny synamak üçin birnäçe sorag beripdirler. — Iki dünýäde-de betbagt kim?

Tymsallar

BAÝGUŞUŇ JOGABY Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökümi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir...

Rowaýat

SADAKA Ir döwürlerde bir ene ýalňyz ogly bilen ýaşaýar eken. Ýöne oglan juda ýarawsyz eken. Ene ogluny aýak üstüne galdyrmagy Alladan gije-gündiz dileg edýär.

Ene diýmek dünýädir

Ene — barlyk! Ene — dowamat! Ene — ýaşaýyş! Ene — hemmeleri özüne kökerýän gudratly dünýä! Ene — söýgi-muhabbetiniň çägine hem çuňlugyna göz ýetirip bolmajak iň ýakyn ynsanymyz. Şahyr Gurbanýaz Daşgynow eneli bolmak bagtyny şygyr setirlerinde şeýle beýan edipdir: Bagt diýlen zadyň barlygy,Owal-ahyrda çyn bolsa.Bilgin, bagtyň daş ýardygy,Bu dünýäde ejeň bolsa...

Halypalaryň halypasy hakynda gollanma

Aýdym-saza ynsanlaryň göwünlerini ganatlandyrýan gudrat hökmünde baha berýän Gahryman Arkadagymyz bu ugruň wekillerine elmydama ýokary sarpa goýýar. Milli bagşyçylyk akabasynyň gözbaşynda duran ägirtlerimiziň hormatyny belentde tutup, olaryň ömür ýoluny, bagşyçylyk älemindäki hyzmatlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Milli Liderimiziň şol mümkinçilikleri esasynda bu günki gün dürli döwürlerde ýaşan bagşy-sazandalar hakynda kitaplardyr makalalar yzygiderli çap edilýär. Geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çap edilen «Kel bagşy» atly okuw gollanma kitaby hem meşhur Kel bagşynyň — Allaberdi Aýdogdy oglunyň ömür beýanyndan pursatlary gürrüň berýär. Şoňa görä, bu okuw gollanmasy ýokary, ýörite orta sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň talyplary, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlar, hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ýagmyryň arzuwy (hekaýa)

Bu şeýle bolupdy. Günlerde bir gün Begmyrat aga agtyklaryny daşyna üýşürip, ertekä çalymdaş gyzykly gürrüňler edip berdi. Gürrüňiniň soňuny bolsa obanyň çetinde ýerleşýän köne gala syrykdyryp, “Kiçijik mahalymyzda eşiden gürrüňimizde köne galada äpet bir aždarha ýüz ýyllyklardan bäri giden bir kitaply sandygy saklap otyrmyş diýlerdi. Bu rowaýatyň toslamadygyna tiz düşündik. Obanyň ilersinde, iki deräniň çatrygynda ýerleşen bu galanyň orta asyrlara degişlidigi alymlar tarapyndan anyklanyldy. Bu gadymy galada ilkinji gezek baryp mundan elli ýyl ozal merkezden gelen arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi, soňam telim gezek dörüp, agtaryp gitdiler. Okuwçylaryň kömegi bilen ol ýerden tapylan küýze, kepgir ýaly birentek ownuk-uşak zatlarymyzy hem ylmy taýdan öwrenmek üçin gerek diýip öz ýanlary bilen alyp gitdiler” diýdi. Babasynyň beren bu gürrüňleri agtygy Ýagmyra aýratyn täsir etdi. Şol günden başlabam özüniň boş wagtlaryny bu täsin, içi syrly galanyň töwereginde geçirdi. O ýere gitmäge bahana-da tapyldy. Okuwdan soň sürüden galan toklularyny hem şol töwereklere sürerdi. Onsoň toklular-a sähradaky gök otdan mazaly garynlaryny doýrardy, Ýagmyr bolsa bu ýerden monjukdyr nagyşly küýzäň bölejiklerini, her hili bezeg şaýlary ýygnardy.

Parahatlyk aýdymy

Parahatlyk nurun paýlap äleme,Ak kepderi al-asmanda aýlanýar.Asuda ýaşaýan Türkmenistanym,Üstünlikden-üstünlige şaýlanýar. Dilleri senaly gojalar diýýär:«Janymyz sag bolsun, ýurdum parahat.Bagtyýarlyk döwri buýsanjymyzdyr,Agzybir halkymyz gezýär rahat».

Ýagşydan at galar

ýa-da Watana bagyşlanan ykballar hakda Ynsandan ýagşy at, ýagny bitiren işleri, ol hakda il-günüň köňül hoşallyklary galýar. Şeýle adamlar soňky nesilleriň hakydasynda ruhy ömürlerini dowam edýärler. Hut şonuň üçin hem ata-babalarymyz «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Ýagşydan at galar», «Ýagşyny älem arzuwlar» diýen ýaly, onlarça paýhas dürdänelerini döretmek bilen, ynsanyň haýyr işleri bitirip gazanan at-abraýynyň hiç wagt egsilmeýändigini, bakylyga dalaş edýändigini nygtapdyrlar.

Körpeler degişýärler

Dermanhanada.― Jigim üçin witamin gerek.― Haýsysyndan gerek? «A», «B» bar ýa-da «C» gerekmi?― Haýsy bolsa-da tapawudy ýok. Jigim entek harplary tananok. * * *― Eje, bular balygyň nämesi?― Teňňeleri, oglum!― Baý, bu balyklary! Olar teňňelerini gapjyga salman, köýnek edinip geýýän ekenler-ow! * * *― Oglum, sapaklaryňa haçan taýýarlanjak?― Kinodan soň.― Kinodan soň giç bolmazmy, balam?― Okamak üçin hiç wagtam giç däldir, eje! * * *― Sen ejeňe kömekleşýärmiň?― Elbetde. Düýn men oňa oýunjaklarymy ýygnaşmaga kömekleşdim. * * *― Siziň üzümiňiz bişdimi?― Biz üzüm bişiremzok, çorba bişirdik.* * *Söhbet:― Mekan, näme üçin geografiýa mugallymy seni sapakdan soň alyp galdy?Mekan:― Kartadan Ufany tapyp ber! ― diýdi. Men tapyp bilmedim.Söhbet:― Nirede goýanyňy ýadyňdan çykaran bolaýma!

Şygryýet bossany

WATAN GARAŞSYZLYK TOÝUNA BARÝAR Gülledip döwrümiň erem bagyny,

Wysal bolan arzuw (Hekaýa)

Ýokary bilimli, ökde lukman bolmak Azadyň iň uly arzuwydy. Ol mahal-mahal özüni ak ýektaýly hünärmen ýaly göz öňüne hem getirýärdi. Ýokary okuw mekdebine giriş synaglary onuň bu arzuwyna ýetip biljegini-bilmejegini kesgitlejekdi. Synaglaryň soňky günündäki tolgundyryjy pursatlar ýetip geldi. Güler ýüzli mugallym synaglaryň netijesini mälim etdi. Gökdäki dilegi ýerde gowşan Azadyň göwni ganatlandy. «Men bagtly! Lukman bolmak, adamlaryň ömrüne ömür goşmak, çagalykdan arzuwym. Ejem bilen kakam bu günki üstünligime, gör, nähili begenerler! Nesip bolsa, olary buýsandyryp, ökde lukman bolaryn!» diýip, içini gepletdi. Ol şeýle pikirler bilen öýlerine nädip ýetenini hem duýmady. Gapydan girişine:

Goşgular çemeni

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygy Halkyň ýagty ykbalynyň çüwmesi,Eziz Diýarymyň Garaşsyzlygy.Şirin owaz edýär bagtyň düwmesi,Eziz Diýarymyň Garaşsyzlygy.

Çaga kalbynyň owazy

Türkmenistan — ajap mekan! Taryhy şöhratly, geljegi ýagty, Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany. Ýollary nurana, gujagy bagtly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Ejemiň täsin tapmaçasy (Hekaýa)

... Seret muňa, oba diýmäge diliňem baranok. Giň-giň köçeleriň iki ýan tarapynda köşgi-eýwan ýaly jaýlar, kerwensaraý ýaly howlular, bazar-dükanlar, awtoulaglaryň akymy... Şu günki günüň obasynyň şäherden kem ýeri ýok. Ozallar, biz çagakak welin... Siz göz öňüne getirjek boluň, daşy saman suwagly, pagsadan bina edilen iki otagly tam. Iki otagly diýýänim, ilki bilen, jaýyň dik ortasyndaky işiksiz-gapysyz telär ýaly girelgeden girersiň welin, sag tarapda bir otag, çepiňde-de bir otag... Sag tarapdaky otagda, köplenç, biz — ekabyr çagalar, çepdäkide-de ejem, kakam hemem kiçijik jigilerimiz — çülpe çagalar bolýardy. Penjireleri hem bosagasy güneý tarapa — günorta bakyp duran biziň bu süýnmek uzyn tamymyza meňzeş jaýlar hatar tutup oturardy. Tamymyzyň sag ganatyna ýanalyp-ýabşyrylyp galdyrylan inli hem beýik basgançaklar bar. Şol basgançaklardan basyp, üçege çykyp bolýar. Elbetde, uly adam bolmasaň, aňsat däl... Ýöne hernäme-de bolsa, käte-käte dyrmaşyp, dyrjaşyp, biri-birimiziň elimizden çekip, üçege çykardyk... Bu pursat biziň üçin hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan açyşdy, ýeňişdi... Oba eliň aýasynda ýaly... Baglara bürenip otyr... Sergin şemala ellerimizi gerip, ýukajyk köýneklerimiziň pasyrdysyna melul bolup, hyýalymyzda alys menzillere uçýardyk...

Nurgeldiniň kepderisi (Hekaýa)

Nurgeldi ol günem ir oýandy. Ýuwnup-ardynyp, irki maşklaryny etdi. Soň ýene bir ýola ellerini sabynlap ýuwdy-da, saçak başyna geçip, ertirlik edindi. Oglanjyk dynç günlerinde öý-hojalyk işlerini edip, ene-atasyna kömekleşmegi halaýardy. Ýene şol endigi boýunça, daşaryk çykdy-da mallaryna ot, towuklara iým berdi. Birdenem, mal ýatagynyň ýanyndaky erik agajynyň şahasynda çyrpynýan guşjagaza gözi düşdi. Nurgeldi çakganlyk bilen agaja dyrmaşdy. Görse, ganatlaryny ýelken ýaly ýazan kepderijigiň aýagy inçe şahalara çolaşan eken. Ol janhowluna pytyr-pytyr edýärdi. Oglanjyk kepderini alyp, ýere düşdi-de, ejesiniň ýanyna ylgady. Şol barşyna aýasyndaky guşjagazy görkezip: — Eje, eje, bu kepderijige seret, ol indi meniň guşum, men ony öýde idetjek — diýdi. Selbi gelneje ýaňy per biten kepderijigi siňe synlap, Nurgeldä şeýle diýdi:

Hoşallyk (Hekaýa)

Bir gün babamlaryň howlusynda oýnap ýörkäm, sekiniň üstüne guşuň çagajygy patlap gaçdy. Ol sekä kölege bolsun diýip, babamyň eken tudundaky höwürtgeden gaçypdyr. Şol pursadam bir ýerlerden pişik geldi-de, ýaňky etene guşjagazy alyp gitmekçi boldy. Menem pişige haýbat atyp başladym hem doganym Ýagmyry çagyrdym. Ene guşjagaz jüýjesini gorajak bolup jan edýärdi. Pişik welin, örän arkaýyndy. Ahyry, Ýagmyr meniň sesimi eşidendir-dä, ylgap geldi. — Eneş, näme boldy?