"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

At — myrat

At türkmeniň owal-ahyr gardaşy,Atsyz ojagyny tükel saýmandyr.Gerçek Görogly hem perzent dilemän,Özüne mynasyp Gyrat saýlapdyr. Dana Arkadagyň belleýşi ýaly,Täzelik geçmişe serin salýandyr.Şoň üçin döwrebap ulaglaryň-da,Kuwwaty «at güýji» bilen aýandyr.

Ýerlikli maslahat (Tymsal)

Bir daýza hemişe gününden zeýrenip, aglaýan eken. Sebäbi onuň iki gyzynyň biri saýawan ýasaýan oglana, ikinjisi bolsa aş öndürýän oglana durmuşa çykypdyr. Onsoň, güneşli howada-da, ýagynly howada-da, daýzanyň gözüniň ýaşy kepemändir. Günleriň birinde daýzanyň halyna gyýlan bir dana kişi ondan aglamagynyň sebäbini sorapdyr. Daýza: «Meniň uly gyzym saýawan ýasaýan oglana, kiçi gyzym bolsa aş öndürýän oglana durmuşa çykdylar. Howa ýagynly bolsa aşy guradyp bolanok, güneşli bolsa-da saýawan satyn alýan ýok. Ana, onsoň men şolaryň gününe gynanyp aglaýan» diýipdir.

Alabaý

Meniň Alabaý,Atly itim bar.Örän akylly,Örän wepadar. Gelen myhmany, Ilki garşylar.Oýan-buýana,Guýrugyn bular.

Bulary bilmek gyzykly

Kebelekleriň tagam duýuş agzasy aýaklarynda ýerleşýär. Bir garynja öz agramyndan 50 göterim artykmaç zady galdyryp bilýär.

Çagalaryň dünýäsinden

Ahmede matematika mugallymy sowal berdi:— Ahmet, aýt hany, dükandan 30 manatlyk söwda edip, dükançy daýa 50 manat bersek, ol näme eder?— Örän begener mugallym! * * *

Alabaýly ýatlama (Hekaýa)

Men serhet ýakasyndaky obalaryň birinde kemala geldim. Kakam serhetçidi. Atam itşynasdy. Men bolsa entek ulalamda kim boljakdygym barada belli bir karara gelmändim. Kakama galsa-ha, meniňem özi ýaly serhetçi bolanymy kem görenokdy. Çünki ol hakyky esger — Watan goragçysy. Enem mydama: «Iň batyr ýigitler ykbalyny Watan goragyna bagyşlap biler» diýip, buýsançly gaýtalardy. Atam enemiň kakam baradaky gürrüňlerinden lezzet alardy. Özüniň il derdine ýarap biläýjek perzent ýetişdirip bilenliginden göwni hoşdy. Bir gün atama:

Magtymguly diýip adym tutsalar...

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Şahyryň şygryýet älemi taryhy köklerini örän uzak asyrlardan alyp gaýdýan, halkyň arasynda sünnälenen durmuşy döredijilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň şol baý nusgalaryndan özboluşly peýdalanmagyň beýik ussady bolupdyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, onuň jadylaýjy gudraty bilen Gündogaryň şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň janköýerleriniň çuňňur mana we çeper söze teşne kalplaryny gandyrýan ruhy çeşmesi hasaplanýar. Bu çeşme şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, belent ahlaklylygyndan we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik sypatlary baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, joşgun döredýär.

Bir toý tutduk...

Bir toý tutduk dal bedewiň şanyna,Bir toý tutduk alabaýyň şanyna.Bu seleň sähralar sygman donuna,Gülläberdi goşa bahar, ýaz bolup.Güller bolsa sermest bolup mukamdanSülmüredi çog çabytly gyz bolup. Şanyna toý tutduk laçyn bedewiň,Görüň, onuň galkyberşin tug ýaly!Ganat baglap Göge galjak, hamana,Älem üzre bagt paýlajak nur ýaly.

Paýhas düwünçeginden

Bilim — haýsydyr bir maglumaty ýat tutmak däl-de, aňyň pikirlenmek endigini gazanmakdyr. Albert Eýnşteýn.

Şygryýet bossany

Syratyň dal! Syratyň dal, biliň inçe,Aşyk bolmuşam görinçe,Gözleriň açylan gunça,Ýigide taýsyň, bedewim!

Türkmen bedewi

Ýorgalap, çapýar ol, hatda uçýar ol,Ýellere bäs eder türkmen bedewi.Uzak ýoly dem salymda geçýär ol,Altyn bilen çaýylypdyr bedeni. Toý gününde maksat tapan myradym,Başym gurban bolsun, tylla nalyna.Jelaleddin bilen gaýadan böken,Ýow gününde dözüp şirin janyna.

«...Taýyma baş öwredýän» (Hekaýa)

Daň ýaňy saz berip, Gün naýza boýy galypdy. Bu günem ertir namazyndan soň, ertirlik saçagynyň başyndan turan Muhammet şa endigine görä, öz galasynyň gündogar tarapyndaky belent diňe ýöneldi. Diňiň bosagasyndan ätläbem, basgançaklardan ýokarlygyna galyp ugrady. Daş-töweregi çarbaglyga bürenip oturan şa köşgüniň howlusynda şanyň ýörite buýrugy bilen Hindistandan getirilen tawusyň özboluşly sesi eşidilýärdi. Basgançaklaryň sekizinji öwrümine ýetende, hökümdar bişen kerpiçlerden haşamlanyp bejerilen penjiräniň gözeneklerinden galanyň daşynda ýaýylyp ýatan meýdana, syrgyn-syrgyn bolup oturan obalara, galanyň etegindäki kerwensaraýlaryň öňünde çöken, kerwen bilen getirilen ýükleri gapdalynda düşürilen nerlere birlaý göz aýlady. Soňky döwürde endamyna ýaýran agyrylykdanmy ýa-da aladalarynyň köplügindenmi, garaz, Muhammet şa bu gezek penjiräniň öňünde köp eglenmän yzyna dönmek isledi. Şol wagt onuň nazary günorta tarapdan görünýän çal tozanda eglendi. «Bä, Alla janlarym, bu nämäniň alamatyka?! Şu wagt Garagum tarapdan aldyrany bar ýaly tozanlap gelýän kimkä? Bü Mömin begiň çapary bolaýmasyn! Öz-ä, kimem bolsa, gala golaýlaşyp gelýär» diýip, içini gepledip durşuna, basgançaklardan howlukmaçlyk bilen aşak düşüp başlady. Ol köşge girip, uzyn däliziň ugry bilen tagty eýwanyna tarap ugur aldy. Gapynyň agzynda duran serbazlardyr şanyň janpenalary oňa baş egdiler. Onýança daşardan «Berekella

Bedewim

Ýyndamlykda saňa asla bolmaz taý,Halkymyzyň guwanjy sen, bedewim!Sen türkmene Biribardan ajap paý,Halkymyzyň buýsanjy sen, bedewim! Dünýä aýlawyny goýup haýrana,Adyň ýaň salýandyr bu gün çar ýana,Dagu-derä çykanyňda seýrana,Kişňän sesiň ýaňlanyp dur bedewim.

Köňül kelamy

Göwnüň galkar, guş bolar,Bedew ata atlansaň.Diýseň wagtyň hoş bolar,Bedew ata atlansaň. Mübärekdir gadamyň,Sagat bolar bedeniň,Ugrunadyr edeniň,Bedew ata atlansaň.

Ak şäherim Aşgabat

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Aziýaň dür-merjeni, Ak şäherim Aşgabat! Dost-doganlyk merkezi, Ak şäherim Aşgabat!

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW

Az ýaly Bu ýüregim seni küýsäp, özlendi,Mährimi gül kimin sepsem az ýaly.Meniň söýgim gursagyňda gizlendi,Agtaryp-agtaryp, tapsam az ýaly.

Ömrüň altyn pursatlary (hekaýa)

Çagakak, «Garaguma gitdim, ýa-da Garagumdan geldim» diýen ýaly gürrüňleri kän eşidýärdik. Muny, esasan, erkek adamlar aýdardylar. Ýöne gyzjagaz hem bolsak, bu gürrüňler bizde-de üýtgeşik täsir galdyrardy. Garagum sährasynyň täsindigine ony söze salyp, şeýle dabaraly aýdyşlarynyň manysyna tizara özümizem göz ýetirdik. Kakam obanyň çekenesini bakýardy. Bir gezek ol ejemiň çörek salyp iberen ullakan, käýeri ak gülli gyzyl nah ýaglygyny dolduryp, käşire meňzeş bir zat getirdi. Onuň meleje gabygy çalt aýrylýardy, içi bolsa ap-akjady. Aklyk babatda gelinkömelek onuň bilen bäsleşip bilse gerek. Özem süýji, suwlujady. Şeýle ýagdaý soň hem kän gaýtalandy. Kakam çopan goşuna gitdigi, biz çagalar onuň kösük getirjekdigine ynanýardyk, garaşýardyk. Ýöne onuň hem belli-belli ýagynly ýyllar has köp bolýandygyna, kakamyň bolsa kösük ýygyp ýörmekden başga-da işiniň kändigine soň-soňlar akyl ýetirdik.

Türkmen ruhy (Hekaýa)

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Gaýalaryň ýaňaklary utanjaň gyzyň ýaňagyna bäs edişip, gyrmyzy öwser. Tyllaýy şuglalar aşak indikleriçe-de, dogup gelýän Günüň çeti çaganyň çykyp gelýän dişini ýatladyp, nazaryňda düşleg eýlär. Bu Altynguşuň eý görýän pursady. Gözlerini süzgekledip, siňňin bakar şol taýa. Ýöne uzak garap durup bilmez. Biri beýlekisinden ýiti şöhleler gamaşdyrar göreçlerini. Bedew gözlerini açalak-ýumalak edip sereder indi. Ýüzüni özge bir tarapa öwürmäge welin milt hem edip bilmez. Jadylanan ýalydyr ylla. Ýok, hiç hili tilsim ony özüne kökerip goýanok. Ony ýüpsüz baglaýan närse Günden atylyp gaýdan şöhleler. Müňde bir röwüş bar olarda. Beýle boldan tutulan dürli-dümen boýaglary hiç bir zynatda synlap görenok şindi. Özgeler-ä agzaw etmegiň hajaty hem ýok. Alyp görsek, ynha, reňklere baý täsinlik diýjeksiň älemgoşara. Şoňa näçe garasyň gelse garaber, boýagynyň sanynyň artjak gümanasy bolmaz. Şol bir reňk-öwüşginlerdir nazaryňa ilýän. Emma Günüň çyrazlary her demsaýyn täze görnüşe eýe bolmak bilen, öň hiç haçan synlamadyk gözellikleriňi özlerinde myrat tapdyrmaga ussat ahbetin!

Şygryýet bossany

Ak şäherim Aşgabat Sözleri: Gurbanguly BerdimuhamedowyňkySazy: Kerim Berdimuhamedowyňky

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk owazlary  Oguz hanyň: «Ser bererin, ýer bermen» Diýip galkyşy sen, Garaşsyzlygym. Sähra deý giň, daglar kimin edermen, Ýeňişli ýol geçen Garaşsyzlygym.