"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Alabaýym

Şygyrlaryn okap Arkadagmyzyň,Hormatym has artdy Alabaýyma.Egsilmeýän ruhy gymmatlyk bolup,Düşüpdir halkymyň ykbal paýyna. Ençe ýyllap çölde gezen çopanlar,Deňeýärler alabaýyn galkana.Gurt, möjekden gorap mal-u-janyny,Bäş müň ýyldyr wepalydyr halkyma.

Şygryýet bossany

Özge watan islemen Jana şypa, melhem suwuňdan içip,

Şygryýet bossany

Wagt hakynda pelsepe Günler, aýlar geçip barýar garaşman,

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk Güldenem görkana seň gözel roýuň,

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk Güldenem görkana seň gözel roýuň,

Şygryýet bossany

Bahar Gök bulut tutanda mawy asmany,

Şygryýet bossany

Özüme öwüt Alyslara uzap ýatyr gözýetim,

Şygryýet bossany

Rubagylar kökeni Damardaky ganymdasyň, eje jan,

Şygryýet bossany

Ýatlama Çagakak deň-duşlar bilen,

Şygryýet bossany

Pyragy Magtymguly, öwüt-ündew diliňde,

Şygryýet bossany

Arzuwly ýer Gelermize garaşyp dur sabyrsyz,

Bedew mertebesi

Rowaýat Gadym döwürde oguz ilinde at-abraýly bir baý bar eken. Onuň örän ýyndam bedewi bolup, ähli at çapyşyklarynda baş baýragy alar ekeni. Şol obada bir ýaş seýis hem ýaşap, onuň deňi-taýy bolmadyk ýüwrük atyna hemmeler göwnügidijilik bilen seredipdirler. Gyrata çalymdaş bedewini onuň özi seýisläpdir. Ýöne ýaş seýis hiç wagt atyny baýyň bedewi bilen ýaryşlara goşmandyr. Çünki, ol ýaryşda bedewiniň üstün çykjakdygyny bilýän eken. Il arasynda sylagly baýa hormat goýýandygy üçin hem bedewini onuň bedewi bilen ýaryşa goşmakdan saklanypdyr. Günlerde bir gün baý ony ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:

Iki tymsal

At haçan garraýar? Ozallar bedew atly ýigitler kowsa ýeter, gaçsa, gümansyz, gutular eken. Şonuň üçin surat ýaly owadan atlaryny ýigitler janyndan eziz görüp saklapdyrlar. Uzak menzilleri aşmaly bolanda atyň eýesi hozuň maňzy garylan nohutly kişmişiň üstüne ýumurtga çakyp, togalak-togalak nogul ýasar ekeni. Onsoň ýolda gidip barýarka, eýesi atynyň boýnuna kakar welin, at gaňrylyp, onuň elindäki nogluny gapar. Şeýdip uzak ýörişlerde at ýadaman, ýol külterläp gider otyr, gider otyr.

Täsin at çapyşygy

Hekaýat Ir zamanlarda täsin bir ýurt bolupdyr. Ýurtda baý maldarlar, ekin ekip baýan ýer eýeleri bar eken. Hatda ýurduň patyşasy, wezir-wekilleri hem mallaryny özleri bakyp, ekin ýerlerini özleri agdarypdyrlar. Baýlaryň aýallary hem sygyr sagyp, haly, keçe dokap, öý işlerini edipdirler. Adamzat gatlagynyň beýleki wekillerem şeýle ýaşapdyrlar.

Anna Babajanyň gürrüňlerinden

Sungat diýlen düýpsüz ummanda boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy, söýgini, zähmeti öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu ussat bagşy bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen 1997 — 1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky Bagşylar öýünde işleşmek maňa nesip edipdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimlidi, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler. Çaý başyna üýşenimizde bolsa “Gyzym, aýdanlarymyzy ýazyp alyber, bizem ötegçidiris” diýip, täsin gürrüňler bererdiler. Men hem ýazyp alardym. Şol ýazgylardan — Anna Babajanowyň gürrüňlerinden size hem ýetirmegi makul bildim, hormatly okyjylar!

Halkyň hazynasyndan

Mäjum ýa-da dürüşde Garry adamlaryň ýanynda garym-gatym gürrüň etseň, buýrulan ýumşy bulaşyk etseň «dürüşde etdiň”, «mäjum etdiň” diýäýmeleri bar. Görüp otursak mäjum, dürüşde iýilýän tagamlaryň ady eken. Köplenç, gyş möwsüminde taýýarlanylýan bu dermanlyk tagamlar barada Garagumuň Gurtly depe obasynyň ýaşaýjysy, il içinde sylagly lukman Hangeldi Garryýew “Könelerden eşiden gürrüňlerim” diýip aşakdakylary aýdyp berdi.

Danalara gulak goýsaň...

Eger ýürekde şöhrat hyjuwy dyňzasa, onda hakykata ýetmek iňňän kyn düşer. Ybraýym bin EDHEM.

Eýsem, sesler meňzeşmi?!

Tanyş ses, tanyş ýüzler diýen jümleleri biz häli-şindi halk arasynda giňden eşidýäris. Eýsem, Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň sesi, gepleýiş äheňi biri-biriniňkiden tapawutlanýarmyka?! Mysal üçin, telefona jogap beren wagtymyz garşymyzdaky adam “Alo” diýen badyna sesi arkaly onuň kimdigini tanap bilýäris. Bu bolsa ynsan sesiniň biri-biriniňkä meňzemeýändigini aýdyň görkezýär. Sesler gum sagadyny ýadyňa salyp bokurdakdaky ses perdeleriniň kömegi bilen ýaňlanýar. Ses perdelerimiziň uzynlygy sesimiziň ýogynlygyny ýa-da inçeligini kesgitleýär. Ses perdeleri näçe uzyn bolsa, ses hem şonça inçe owazda çykýar. Erkek adamlar bilen deňeşdirilende, zenanlaryň ses perdeleri has uzyn bolýar.

Hikmetli jümleler

Söýgi hakda — Halamak bilen söýmegiň arasynda näme tapawut bar?

Bir günjük wagt tapsaň ...

(Durmuş pursatlary) Çagalykdan islendik zat barada pikir edenimde, ony durmuşymyň bir bölegi bolan haýsydyr bir pursat bilen baglanyşdyryp goýbermegi endik edinipdirin. Çagalygym barada gürrüň gidýärmi, hökman pişijegimizdir güjüjegimiz, alaja sygyrymyz, uly doganymyň gök reňkli tigri... bilen baglanyşykly wakalar birin-birin gözümiň öňünden geçip gidýär. Olary käte oturyp, ýatlaýaryn. Şonda göýä şol süýji pursatlaryň içine ýene bir ýola aralaşan ýaly bolýaryn. Megerem, şondan bolmaly, meniň üçin ýatlamalaryň içine aralaşyp, pikire çümüp oturmakdan süýji zat ýok. Joralarym-a meniň bu bolşumy synlap, degişme bilen: «Seniň üçin biziň aramyzda bolanyňdan ýatlamalaryň içinde gezeniň gyzyk bolaýmasa» diýýärler.