"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Daş keş­be al­da­nyp ki­çel­mäň!

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ýön­tem hem sa­da geý­nen jü­büt gar­ry Bos­ton wok­za­lyn­da dü­şüp, ýaý­dan­jaň gör­nüş­de Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň rek­tor­ly­gy­na gel­di­ler. Gi­rip-gir­män­kä kä­tip gyz haý­dap sto­lun­dan tur­dy-da, ola­ryň öňü­ne geç­di. Bu­lar ýa­ly söl­pi gar­ry­la­ryň Gar­ward ýa­ly iň uly uni­wer­si­te­tiň rek­tor­lygyn­da nä­me işi bo­lup bi­ler?

Ýyl­gy­ry­ş hakynda tymsal

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ki­çi­jik gyz­ja­gaz gus­sa­ly bir nä­ta­ny­şyň ýü­zü­ne ba­kyp, bi­re­na­ýy ýyl­gyr­dy. Bu mä­hir­li ýyl­gy­ryş ol nä­ta­nyş ki­şi­niň özü­ni has go­wy duý­ma­gy­na se­bäp bol­dy. Gyz­ja­ga­zyň bu ýyl­gy­ry­şy gus­sa­ly ki­şi­niň go­laý­da özü­ne kö­mek eden bir dos­tu­na sagbol­sun aýt­man­dy­gy­ny ýa­dy­na dü­şür­di... Des­si­ne bir hat ýaz­dy-da dos­tu­na ýol­la­dy. Dos­ty ha­tyň üs­ti bi­len aý­dy­lan «sagbol­sun» üçin şeý­le bir keý­pi kök bol­dy we­lin, ol her gün öý­län­li­gi­ni edin­ýän na­har­ha­na­syn­da­ky hyz­mat­kär gy­za iýen-içe­ni­niň da­şyn­dan ep-es­li­je so­wal­ga-da goý­dy. Hyz­mat­kär gyz il­kin­ji ge­zek şeý­le so­wal­ga alyp gö­rüp­di.

«Ýaş waspçy»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Sanly ulgam: Amatlylyk. Ygtybarlylyk. Döwrebaplyk.» atly makalasy bilen žurnalyň onunjy sanynyň ýeňijisi.

«Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşigine

ÝAŞLAR Telwas urýan ýigit köňlüm bir guşdur,

HASAP WE NETIJE

Adamlar şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gider» diýilýär, hernä şeýle bolsun‐da, ýöne bu hasaplardaky dostlugyň garasyny görmek we ýürekleri barlamak üçin iň soňky enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa duýgunyň hem ýalňyşdyraýmagy mümkin. Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni hem hasapsyz geçmeýär. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri ýyllar geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz gün ýok eken. Hasapsyz zat hem ýok eken. Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär. Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak düşünendigine garamazdan, şo-ol belläp gidip otyr, ýazyp gidip otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.

HASABYŇ ÇYKMASA… ýa-da kyrkynjy düýäniň hikmeti

Eý how, eý how, bu hasap-hesipden baş alyp çykar ýaly däl-ä. Çamalagyňy çaşyrjaga bu. Şu hakda oýlananymda bazardan amanat kyrk düýä sürekçi bolup gaýdan Ependi göz öňüme gelýär. Öýüne hem ulagly, hem jübüsi pully dolanjagyndan monça bolan Ependiniň uzak ýolda hasaby bulaşyp, keýpi uçdy. Tas bir düýe bergidar bolupdy görgüli. Dogry-da walla, hasabyň çykmasa çatak eken. Ýogsa-da, bir düýe nirä ýitirim bolduk-a, ýiter ýaly iňňede-hä däl ol. ***

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

Şan-şöhraty ýedi yklyma meşhur oguz nesli bolan halkymyzyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetleri sarpalamak asylly däbimizdir. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri hem dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragydyr». Hakdan içen şahyryň watançylygy, gahrymançylygy, adalatlylygy, edep-ekramlylygy nesihat edýän ajaýyp döredijiligi türkmen halkynyň parahatsöýüjilige we ynsanperwerlige eýerýän ruhy dünýäsiniň çeper beýanydyr. Çünki Magtymguly Pyragynyň beýikligi türkmen halkynyň beýikligidir. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dana şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň şeýle ýokary derejelere çykarylandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy milli şahyrymyzyň ajaýyp waspnamasy boldy. Şol ajaýyp şygyrdan ylham alnyp, 2024-nji ýylymyz akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Şu ýylymyzyň bütin dowamynda beýik söz ussadymyzyň ömrüne, döredijiligine, eserleriniň terjimelerine bagyşlanan ençeme çäreler geçirildi, ylmy we edebi kitaplar halka ýetirildi. Bularyň ählisi söýgüli şahyrymyza bolan uly sylag-hormatdan nyşandyr.

Duýguly dünýä

SAPAK Günbatarda, alkymynda kenaryň,Tyllasow saçlaryn ýaýanda şapak,Durnalar on sekiz öwrüm edende,Durmuş berdi maňa şeýle bir sapak:

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. ÝOL

Pikir hoşalary (Talybyň ýandepderçesinden)

■ Kalbyň gapysyny kakman içerik girip bilýän ýeke-täk zat duýgudyr. ■ Bir göwni awlamak üçin başga bir göwün awulanylmaýar.

Şygryýet bossany

PENJIRE Penjiräm bar, gülli küýze goýmaga,Gyşyň ortasynda ýazy küýsesem.Ýaltanman penjiräň öňüne gelýänHem ýazyň demini alýan küýzeden.

Şygryýet çemeni

MENDIR ÖÝDERSIŇ Ýazsam şygyr baryn guçup dünýäni,Söýgim hemmelere deňdir öýdersiň.Buz bolan aýnaňy kakanda şemal,Umyt bilen bakyp, mendir öýdersiň.

«ÄHLI ŞYGYR ÄLEMINIŇ WEPALY HYZMATKÄRI»

Magtymguly Pyragynyň kämil döredijiligi halkymyzyň kalbynda mynasyp orun eýeleýär. Beýik akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, edebiýatymyzyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Dünýäniň danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy, adamzat parasadynyň düri hasaplanýar. Şahyryň döredijilik dünýäsine älem-jahan ýaly çäksizlik, pähim-parasadyna umman ýaly çuňluk, tereňlik mahsusdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň «Halypam» atly şygrynda: «Zehinli şägirdiň bu gün ýüzlerçe» – diýip belleýişi ýaly, her bir ýazyjy-şahyr, her bir döredijilik bilen meşgullanýan ynsan Magtymguly Pyragyny özüniň halypasy hasaplaýar. Goşgularynyň birinde Pyragynyň iň uly halypasy hökmünde hormatlaýandygyny nygtaýan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bolsa onuň heýkeliniň öňünde şygyr okamagy hem uly mertebe, uly jogapkärçilik hasaplaýar.

Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserleriniň sergisi

18-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň dürli döwürlerde neşir edilen eserleriniň sergisi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary  gatnaşdylar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Onuň her bir goşgusynda watansöýüjilik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeler öňe sürülýär. Hut şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyryň golýazmalar toplumy diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da aýratyn orun eýeleýär. Onuň şeýledigi sergide-de öz beýanyny tapdy. Onda Magtymgulynyň dürli döwürlerde neşir edilen kitaplary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, muzeý gaznasyndan şahyryň heýkeliniň keşbi çitilen haly, milliligimiziň nusgasy bolan şekilli el halylarymyz şeýle hem beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

MILLI LIDERIMIZIŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABYNDA GÖZELLIGIŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Milli Liderimiziň her bir eseri biziň üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Her harpyna, setirine paýhas zeri çaýylan sahypalaryň içine aralaşanyňdan, sen özüň üçin täze-täze açyşlary edip ugraýarsyň. Iň täsin ýeri-de, ol eserler adaty durmuşy pursatlaryň içinden göze görünmeýän, duýmasy kyn zatlary biziň nazarymyzyň öňüne getirip goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okap çykan her bir adam durmuşa täzeden nazar aýlap, gözellige we içki gözellige akyl ýetirip başlaýar. Gözellik ynsana berlen peşgeşdir. Ol adama iki görnüşde içki we daşky dünýäsiniň baýlygy arkaly mahsusdyr. Iň esasy gözellik diňe owadan geýinmek, gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezenmek, özüňe serenjam bermek bilen däl-de, adamyň kalp arassalygy, lebzi halallygy, sadadan – sypaýylygy, mylaýymlygy, akylly-başly häsiýetleri, göwnemakul hereketleri bilen ölçenýär.

Şygryýet

Heňňamlaryň hazynasy Garaşsyz, Bitarap TürkmenistandyrHeňňam aşan baýlyklaryň eýesi.Arkadagyň dür «Hakyda göwheri» —Kalp söýgüsi, ykballaryň söýesi.

Arzuw (Hekaýa)

«Atamam, kakamam harby bolan. Menem-ä bir günümem Watan goragyndan üzňe geçirmedim. Gel-gel indi ýeke oglum bu ýoluň nokadyny goýaýarmyka? Aý, beýdesi ýok-laý, entek çaga ahyryn ol. Nesip bolsa, ulaldygyça sesi ýognap, harbylara meňzär gider» diýip, öz ýanyndan pikire çümüp oturan Halmyrat gözüniň gytagyny eline dutar alyp, «tiňňildedipjik» oturan oguljygy Batyra tarap aýlap goýberdi. Soňam bir gyrada münder bolup duran, tas ellenilmedik oýunjaklara seretdi. Olaryň ählisi Halmyradyň öz arzuwlaryna degişlidi. Biri uçar, biri tow berseň özi ýöräp gidýän tankjagaz... Batyryň aýdym-saz gurnagyna gatnap başlanyny eşidende, Halmyrat hasam darykdy. «Neberämizde hiňlenip, iliň öňüne çykyp göreniň bolanyny men-ä bilemok» diýip, aýaly Jemalyň ýanynda «hüňür-hüňür» etdi. Ahyrsoňam: «Aý, uzak gatnasam ýok-la» diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Batyryň dutar gurnagyndan çykanyny eşidende dagy, baý begenendir-ä. Ýöne Jemal: «Ol indi akkordeona gatnaýar» diýip, ne gözel habarynyň soňuny bulaşdyrdy oturyberdi.

«Haýyrly guýy» (Hekaýa)

Orazgylyç baýyň münen hyýalyna şaýat bolanlaryň gözi tegelendi. Gan bilen giren gylygynyň birsözlülikdigini magat bilýän adamlar: «Diýenini bitirmese, ondan Orazgylyç baý bolarmy» diýişdiler. Şondanam başlandy: «Gyzyltoýun takyrda» çig kerpiç guýup ugramaly. Sany dört müňe ýetende, goýbolsun etmeli. Galypdan çykan kerpiçleri zynç ýaly gatatmaly. Galamasy soň maglum ediljekdir». Gyzylgumuň içindäki ýaýbaň oýlaryň birinde ýazylyp-ýaýnap oturan Üçguýy obasynda şondan soň, baý, ibirtde-zibirtlik başlanandyr-a! Bijin ýylynyň bahary kükräp geldi. Nowruzyň burny görnüp-görünmänkä, gök ýüzünden Burkut babanyň meşiginiň «takyrdysy» eşidildi. Bol ýagyşdan ýaňa Gyzyltoýun takyry agzy-burny bilen doldy. Ýumşaksy howasynam berdi weli, Gyzylgum gyzyl haly düşelene dönäýdi. Ir örýän ýylakdyr ýekegulak, arpagandyr üzärlik-hä beýlede dursun, sakar ýorunja, gyzyljabaş, aktiken, çopantelpek, ýabany sogan, ýabany süle, göýül ýaly ot-çöplerem ýer göterip çykdy. Pah, onsoň guzularyň guýruklary tegeleniberdi. «Şirbazy ir iýýän bolduk» diýip, dodak ýalaýanlaram köpeliberdi. «Şirbaz» diýilýänem tüýi togarlanybermedik guzynyň eti. Ony iýmek üçinem tükenmeýän malyň bolmaly. Ine, Orazgylyç baýy bükgüldä salýan zat. Ol goşa güpjegi ýassanyp, ajy çaýy şirpildedip ýatyşyna, mundan bir hepde öň Gutly baýyň toýunda bolan gürrüňi ýatlady. Peýwere gürrüňiň ahyry gün-güzerana, kesp-käre dolandy. Orazgylyç baý:

Iň köp okalýan dramaturg

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda sözüni, ylhamyny senede öwrüp, nesillere ýadygär goýup giden dünýä belli ägirtleriň heýkelleri oturdyldy. Şolaryň arasynda meşhur iňlis ýazyjysy, şahyry, dramaturgy Wilýam Şekspiriň hem heýkeli bar. Maglumatlara görä Wilýam Şekspir 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde, Eýwonyň ýakasyndaky Stratford şäherinde dünýä inýär. Onuň üýtgeşik zehini çagalygyndan ýüze çykyp ugrapdyr. Ol eýýäm ýaşlyk ýyllarynda fransuz, italýan, ispan dillerini kämil derejede bilipdir. Wilýamyň surat çekmekde we saz çalmakda aýratyn ukyby bolupdyr. Ösümlikleriň dünýäsi-de ony örän gyzyklandyrypdyr. Ene-atasy onuň islendik ukyp-başarnygyny goldamaga çalşypdyr. Şeýlelikde, ol Stratforddaky mekdepde bilim alyp, soň okuwyny korol Eduardyň mekdebinde dowam etdirýär. Juda ir öýlenmegi zehinli ýigidiň durmuşynda bellibir derejede kynçylyklary döredýär. Ol iki ýyl soň, ýagny 20 ýaşynda Londona göçüp, güzeran üçin teatrda islendik işe kaýyl bolmaly bolýar. Emma zehin islendik şertde-de özüniň «öwüşginini» äşgär edýär. Wilýama-da teatrda kiçeňräk keşpleri ynanyp ugraýarlar.

Nesillere ýapylan serpaýlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan akyldar şahyryň eserler ýygyndysynyň iki tomlugy «Magtymguly» ady bilen neşir edildi. Kitaba dünýäniň golýazma hazynalarynda saklanýan, şahyryň altmyşa golaý diwanlarynda duş gelýän, şeýle-de dürli alymlardan ýazylyp alnan goşgularynyň 700-e golaýy girizilipdir. Kitaba tekstologik derňewler esasynda birnäçe täze goşgularynyň girizilendigi buýsandyryjydyr.