Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy Telefon belgileri: 94-27-68
Her gülüň öz ysy bar, Her gyzyň bir näzi.
13 Awgust 2024
Magtymguly Pyragy Jahana gaýdyp gelenMagtymguly Pyragy. «Watanym — janym» diýen Magtymguly Pyragy.
Diýar Sährasynda hyrka geýip, Hydyr ata gezen ýerler,Görki bilen aşyk eýläp, yşk şerbetin ezen ýerler.At toýnagy deprek çalsa «Nagyşbendi» düzen ýerler,Asmany päk, ýollary ak, ösüş-özgerişli Diýar.
Diňleseň Yşkly dünýä pähim paýlar gojalar,Watan waspy her ýürekde joş alar,Juwanlaşýar, gözelleşýär goja ýer,Magtymgulyň goşgularyn diňleseň.
Ýunus EMRE Meniň munda kararym ýok,men munda gitmäge geldim,
Düýp babamyň zamanynda dörändir,Meger, heňňam paýhasyna özendir,Soltan-şalaň saraýyny bezändir,Gözellik seresi türkmen halysy. Çitimine erişleri saz eder,Keser oýnar, synnysy sünnä eder,Baslyk kakan daragy lerzan eder,Gözellik seresi türkmen halysy.
(Hekaýa) Alabahar günleridi. Bir gezek işim düşüp goňşymyzyňka bardym. Görsem, ak sakgaly döşüni ýapyp duran perişdesypat Sapar aga agtygy bilen nahal oturdyp duran eken. Men birmeýdan sesimi çykarman, oglanjygyň atasynyň saklap duran nahalynyň düýbüni gömşüni synladym. Onuň pilini nahaljyga degirmejek bolup, seresaplyk bilen çukura gum oklaýşy maňa çaga döwrüm babam bilen erik nahalyny oturdyşymyzy ýatlatdy. Şonda babam tamarkada dört-bäş çukur gazypdy-da, özi nahaljyklary tutup, düýbüni gömmegi maňa tabşyrypdy. Meniň yhlas bilen çukura gum zyňşyma guwanybam şu hekaýaty gürrüň beripdi:
Özüme sargyt Sessiz akaryn, ýöne,Hanamda karar etmen.Ula hormatym uly,Kiçiligme ar etmen.
Şygryýetiň ägirdi Şygryýetiň ägirdi — türkmenimiň beýgisiň,Ylham joşýan serlerde, ýüreklerde söýgüsiň,Ruhubelent kalplarda iň ýakymly duýgusyň,Adyň äleme dolup, ýaňlandyrdy heňňamy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Aýly Aşgabat Aý bakyp dur asmanyndan,Nur gönderip Ýer ýüzüne.Paý dileýip wysalyndan,Sylýar gören gör, ýüzüne.
Ene toprak Bagrym topraga baglanyp,Göwnüm Diýarda galdy.Men bir oba oglanydym,Ýaşlyk hyýalda galdy.
Watan Seniň waspyň sözlesem, gözel ülke, gül Diýar,Äpet sallançak kimin körpeler uklap ýatan.Köp milletli halkyň bar, zähmetsöýer, bagtyýar,Bilbiller şirin saýrap, daňlary rahat atan.
Dürler hazynasy — Magtymguly sen (goşgular toplumy) Şirin dilli ussadym
Tapmak Bilbil säher çawuş çaksa bir güle, Gelýär ony bar gülleriň eşdesi. Ýalňyz özüň täleýimiň peşgeşi,Diňe özüň ykbalymyň keşdesi.
Söz mülküniň şamçyragy Türkmeni bu goja dünýä tanadan, Il-günümiň arzymany Pyragy.Ýürekleriň iň töründe ýer eden,Sözleň lagyl, asal-many Pyragy.
Eziz topragym Rysgalym, çöregim, baýlygym-genjim,Perzentlerim, ogul-agtyk dowamym,Begenjim, buýsanjym geljek umydym — Mähribanym, jandan eziz topragym.
Älem içre nur saçdyň Adamzat kowmunyň beýik perzendi,Älem içre nuruň saçdyň, Pyragy!Hak emrinden pata alan pähimdar,Asyrlara giň ýol açdyň, Pyragy!
Türkmenistanym Geçmişim hem geljegim, ýürekdäki buýsanjym,Keramatly Watanym, eziz Türkmenistanym!Bagtyýardyr halkymyz, Garaşsyzlyk guwanjym,Keramatly Watanym, eziz Türkmenistanym!
Ussadym Gel, ussadym Pyragy, seýil edeli Diýara,Göz gerekdir Watanyň ösüşlerni synlara.