"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýazyjy bilen soňky söhbetdeşlik

SURATDA: (çepden saga) Aşyr Mämmedow, Ýagmyr Welliýew, Aşyrberdi Kürt, Kaýum Taňrygulyýew we makalanyň awtory. Maňa 1986—1989-njy ýyllarda halypa ýazyjymyz Aşyrberdi Kürt bilen öňki «Ýaş kommunist» gazetinde bile işleşmek miýesser edipdi. Döredijilikde halypanyň ýolundan ugurdaş gopup, degişmeli eserleri ýazýanym üçinmi, nämemi, onuň bilen düşünişip, ysnyşykly gatnaşdyk. Juda köp okap, köp bilýändigi üçin Aşyrberdi agany «janly ensiklopediýa» diýip atlandyrýardyk. Şonuň üçinem onuň gürrüňlerini wideoýazgysyna geçirmek hem-de gazet işgärleri bolup, onuň bilen surata düşmek niýetimiz bardy. Ýöne näçe haýyş etsemem, şol günler bu meselede halypany yryp bilmedim.

Ýüreklerde orun alan şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmen taryhynda bolsa öz döredijiligi bilen halkyň kalbynda baky orun alan şahyrlaryň ençemesi bar. Şolaryň biri-de Gurbandurdy Zelilidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýegeni bolan bu şahyr 1798-nji ýylda dünýä inipdir. Ol Etrek, Gürgen sebitlerinde önüp-ösüpdir. Ilki obada, soňra bolsa öz döwrüniň belli bilim ojagy hasaplanýan Hywadaky «Şirgazy» medresesinde bilim alypdyr. Gurbandurdy Zeliliniň döredijiligi köptaraply hem özboluşlydyr. Şahyryň watanperwerligi wasp edýän goşgulary onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Şolaryň arasynda «Watanym seni» atly goşgusy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Döredijilik adamlaryň durmuşyndan

Ýatda galan duşuşyk Bu waka 1984-nji ýylyň ahyrlarynda bolupdy. Ol wagtlar men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talybydym. Mugallymymyz Nazar Gullaýew Magtymguly adyndaky edebiýat birleşmesiniň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljekdigini, oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň hem geljekdigini aýdyp, bizi oňa gatnaşmaga çagyrdy. Bellenen günde uly auditoriýanyň içi talyplardan doldy. Nazar mugallym bizi Çary Aşyrow bilen tanyşdyryp, oňa söz berdi. Ýazyjy geçen durmuş we zähmet ýoly, döredijilige baş goşuşy, «Ermeni gyzy» goşgusynyň döreýiş taryhy, bu goşgynyň gahrymany — ermeni gyzy Nina bilen baglanyşykly wakalary gürrüň berdi, döreden eserlerinden parçalary okap berdi. Soňra talyplaryň biri: «Ganly saka» poemasyndaky wakalar siziň durmuşyňyzdan alnan diýýärler welin, şol dogrumy?» diýip sorady. Çary aga bu poemadaky wakalaryň durmuşdan alnandygyny, käbir ýerleriniň çeperleşdirilendigini aýtdy. Ýazyjy soňra talyplary gyzyklandyrýan başga-da birnäçe sowallara jogap berdi. Ine, şondan soň talyplar öz döreden goşgularyny, şahyrana oýlanmalaryny okadylar. Ýazyjy her bir esere düýpleýin seljerme berýärdi welin, onuň delilleri maňzyňa batýardy. Çary aga ýaşlara guraksy sözlerden gaça durmagy, ýazan eserleriniň diliniň şireli bolmagyny gazanmagy, nusgawy şahyrlarymyzy, türkmen halk döredijilik eserlerini kö

Magtymguly Pyragy

«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige Altyn-zer deý gymmatly her sözüňde çuň many,Taraşlan her bendiňde bardyr ençe müň many,Üç asyrlyk ýol geçip, geldiň döwrüme sary,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Şygyrlary aýdym bolup ýaňlanan

Türkmen halky sözden sungat döredýän ynsanlaryna uly sarpa goýýan halk. Jemgyýetiň ruhy galkynyşynda medeniýet we sungat ussatlaryň orny uly bolup, bu gezekki dabarada-da äşgär duýuldy. Ýagny, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Halypanyň «Türkmen binasy», «Gökdepäm», «Ene ýüregi», «Aperin», «Gözleýän», «Owadan sen» ýaly şygyrlary aýdym bolup döräpdir. Haçanda şygyr kämil bolanda onuň sazy, aýdylyş äheňi bilen bile döreýär. Halypanyň ençeme goşgulary dutaryň owazy bilen bile ýaňlanýar. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet etdiler. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Seýil edeliň bu jahana...

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, ol ylmyň dürli ugurlary boýunça zerur maglumatlary berýär. Magtymguly Pyragynyň amala aşyran syýahatlary şahyryň dünýägaraýşynyň giňemegine täsir edipdir. Şahyr öz döwrüne mahsus ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenen ussat, akyldar, filosofdyr. Dana Pyragynyň goşgularynda ýollar, ýurtlar, şäherler baradaky ylmy-pelsepewi garaýyşlar özboluşly orun eýeleýär. Şahyr syýahat etmegi, ýurtlary, oba-kentleri görmegi hiç haçan ünsden düşürmändir. Söz ussady Magtymguly Pyragy «Uça bilmen neýläýin» diýen goşgusynda: Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi, Ganatym ýok, uça bilmen neýläýin — diýip, jahankeşdelige bolan hujuwyny beýan edipdir. Onuň goşgularynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Horasan, Horezm, Rumystan, Merw, Nişapur, Hyrat, Gürgen ýaly ýurtlardyr şäherler ýatlanylyp geçilýär.

Ýatlamalar depderi (Hekaýa)

Säher bilen «Niredesiň, Doluhan?» diýip ugran dostlar alaň-alaň çägesöw meýdanlary, depedir gollary synlap barýardylar. Ulag küpürsäp ýatan gumaksy hem çägeli ýollary kynlyk bilen, zomap geçip gidýärdi. Ýetginjeklikde, oglanlykda aýak yzlary galan bu mukaddes sährany, düzlükleri synlap barýan Han şu ýerlerde düşläp, az-kem dem-dynç almagy, çaý-suw içip, garbak-gurbak edinmegi dostlary Merdandyr Orazdurda teklip etdi. Olar hoştap güýzüň çigregine az-kem pürleri dökülişen, şahalary ýaýbaň bir sazagyň deňesinde saklandylar. Ulagdan goş-golamlaryny düşürip, töwerekdäki guran çöp-çalamdyr jygramalary, ýandak köklerini çöpleşdirip, ot ýakdylar. Tüňçelerini suwdan dolduryp, çaý goýdular, käselerine bir bölek gowurdak atynyp, çaýçorba edindiler. Nazaryny alaň-alaň guba depelere dikip, ýatlamalara berlip oturan Han, hamala öz-özi bilen gürleşýän ýaly, pessaý äheňde söze başlady:

Tapmaçalar

Saryja hem naşyja Özi örän eýjejik.Ylgap ketekden çykdyGaragolja jüý... Tylladan lybas geýip,Lowurdady Gün ýalak.Suwdan owsunyp çykdyOwadan tylla bal...

Üç öwüt

Bir dana adam ogluna şu üç sany öwüdi mydama ýerine ýetirmegi maslahat beripdir. Olaryň birinjisi hemişe iň gowy iýmiti iýmekden, ikinjisi, iň gowy düşekde ýatmakdan, üçünjisi bolsa, iň gowy jaýda ýaşamakdan ybarat bolupdyr. Şonda ogly kakasyna: — Kaka, zadyň iň gowularyny edinmek üçin biz beýle bir baý hem däl ahyry. Bulara biziň harajatymyz ýetermikä? Men siziň beren bu öwütleriňizi nädip ýerine ýetirerkäm — diýen sowallary beripdir. Şonda ýaşuly dana:

Magtymguly pelsepe äleminiň bakylyk çyragy

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir. Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyryň goşgularyny nesillerden-nesillere geçirmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Onuň döredijiligi döwrüň islendik wagtynda hem gymmatyny saklaýan, sarpasyny artdyrýan, akyly-aňy ösdürýän we özgerdýän, ynsan duýgusyny heýjana salýan sungatdyr. Şahyryň agzybirlige, edep-ekrama, ahlak arassalygyna ýugrulan döredijiligi milliligi ör-boýuna galdyrýar.

Egsilmez ruhy hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, halka ýetirmek, dürli dillere terjime etmek hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly atamyzyň şygryýeti häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, islendik dersde hem biz — mugallymlaryň ilkinji gollanmalarymyzyň biridir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler, parasatly garaýyşlar ylmyň dürli ugurlarynyň nukdaýnazaryndan içgin seljerilip, ýaş nesillerimize kämil bilim-terbiýe bermekde örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem Magtymguly atamyzyň goşgular kitaby islendik dersden sapak berýän bilim işgäriniň hemişelik hemrasydyr.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY Magtymguly Pyragy —Dünýäniň akyldary.Ýazyp şygyr-bossanyn,Gezdi Eýran, Yragy.

Ýeňiji (Hekaýa)

Serdar taryh dersini aýratyn gowy görýärdi. Ol bu ugur bilen bagly kitaplary ürç edip okaýardy. Her sapakda mugallymy bilen Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy barada söhbet edip, pikir-garaýyşlaryny paýlaşardy, täze maglumatlar öwrenerdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralanýan günlerinde geçiriljek dersara olimpiada baradaky habar oglanjygyň geljekki ýeňişleriniň buşlukçysy boldy. Geçen ýyllarda 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan yhlasly oglanjyk indi bu ýylky ders bäsleşiginde 1-nji orna ymtylýardy. «Bäsleşik geçiriljekmişin» diýen habardan soň-a Serdary öýünden gözläbem tapyp bolmady. Eger-de Serdaryň gerekligi çyn bolsa, onda haýal etmän mekdep kitaphanasynyň okalga zalyna baraýmalydy.

Ylma ulaşan ykbal

(Dokumental oçerk) Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» diýen kitabynda ýaşlary adamkärçilikli, mert, watançy edip ýetişdirmekde ýurdumyzyň belli şahsyýetleriniň mysalynda terbiýelemegi ündeýär. Watanymyzyň, döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan belli şahsyýetleriň biri hem Myrat Garryýewdir. Onuň terjimehaly nusgalyk. Myrat aga belli alym, farmasewtika ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, belli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz, ertämiz

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary indi üç asyr bäri türkmen halkynyň hakydasynda ýaşap gelýär. Şahyryň hormatyna ençe ýurtlarda onuň goşgulary neşir edildi, ýadygärlik heýkelleri dikildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň belent heýkeli, şeýle-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Bu toplumyň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagy bolsa, akyldaryň eserlerinde beýan edilen dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygyny subut edýär. Beýik şahyryň hormatyna Magtymguly adyndaky halkara baýragy, «Magtymguly Pyragy» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly,

«Hakyda göwheriň» bilen, Arkadag!

Asylzada, akylzada, umman kibi zehinli, pähimli-paýhasly, öňdengörüji, gurujy, dörediji ynsanlar başgaça bolýar. Olaryň her ädiminde, her deminde Watan bar, halk bar, ynsan aladasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň mysalynda muňa göz ýetire-ýetire gelýändiris. Çünki hemişe il-gün hakda oýlara çümüp, akyl deňzinde ýüzüp, her setiri, her jümlesi, her sözi gyzyla gaplaýmaly eserleri döredýär, bize serpaý ýapýar. Mähriban Arkadagymyzyň artykmaçlyk alýan ýeri juda kändir. Dürler hazynasy kitaba goýýan sarpasynyň, gadyr-gymmatynyň diýseň ýokarylygy nämä degmeýär?! Öz döredýän ajaýyp eserleri bolsa bize ýol-ýörelgedir. Dana Dünýäň ýüpek ýüreginden gaýdýan guwançly, buýsançly setirler, owazly sözler ýyllaryň ýaňlanýan aýdymyna, mukamyna öwrülýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde şygyr bentleriniň kapyýalaşyşy

Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyza, gymmatly edebi çeşmelerimize bagyşlap döreden «Hakyda göwheri» diýen kitabynyň halkymyza gowuşmagy akyldaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan bu ajaýyp kitap akyldar şahyrymyzyň ýubileý toýuna nobatdaky sowgady bolup, eser edebi hem taryhy nukdaýnazardan gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, medeniýetimize, taryhymyza, edebiýatymyza degişli döreden gymmatly kitaplarynyň yzygiderli çap edilip durulmagy şeýle medeniýeti, edebiýaty miras goýan pederlerimiziň nesilleri hökmünde bizde milli buýsanjy kemala getirýär. Halkara derejesinde alnyp barylýan bu asylly işler edebiýatymyzyň ösmegine, kämil eserler bilen baýlaşmagyna goşant goşan şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge ruhlandyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giň umman deýin ondan islendik meseläniň dogry çözgüdini tapmak bolýar. Ol goşgularyny şygyr düzüliş kadalaryna laýyk getirip, pikiri gysby, çuň manyly bermegiň ussatlyk bilen hötdesinden gelipdir. Şygryň esasy alamatlary bolan bent, kapyýa, ritm ýaly ölçegleriň ýerli-ýeri

Poeziýa

ÝAŞLYGA Gün bermeýär, azar berýär duýgulam,Özüme «Hoş» diýäýesim gelip dur.Çak bolandyr, bolsam näçe duýguram,Gyzarypdyr elwan şapak, öçüp nur.

Akyldar şahyryň eserleri — terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeniýet diplomatiýasy üstünliklere beslenýär. Bu gün türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi parasatly pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň, gymmatly pelsepeleriň ýalkym saçýandygyny görkezýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy adamlary ruhy we ahlak taýdan bitewüleşdirýän terbiýe mekdebini döretdi. Şahyryň bir bitewi döwlet bolup ýaşamak barada köňülde beslän arzuwlary biziň bagtyýar günlerimiziň hakykatydyr. Türkmeniň genji-hazynasy bolan Magtymgulynyň şygyrlary hemişe akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Ol şygyrlar biz üçin asylly terbiýäniň çeşmesi bolup, görelde mekdebine öwrüldi, çünki şahyryň umman paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlak we terbiýeçilik bilen bagly öwüt-ündewler tutýar. Hut şonuň üçin beýik akyldaryň parasatly hem-de dana sözleri nakyllara, atalar sözlerine öwrülip, il arasynda bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

Kitap — ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat bilen garapdyrlar. Taryhyň islendik döwründe-de kitaplary döredýän dana adamlar il arasynda uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Il-ýurt bähbitli maslahatlarda, toý-tomaşalarda şol parasatly adamlaryň orny mydama törde bolupdyr.