Şa serpaýy kalbymyň nur şuglasy
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ençeme raýatlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgäri Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagtynyň maňa-da miýesser edenligi üçin begenjimiň, buýsanjymyň, Gahryman Arkadagyma hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyň çägi ýok. Ähli döwlet sylaglary ýaly, bu medalyň şuglasy ýüreklerimize, kalbymyza ylham nuruny saçýar. Geljegimize ýalkym saçýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ruhundan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Pyragynyň eserlerine mähir nurundan dörän bu medal biziň üçin mukaddeslik medalydyr, ömrümiziň bagt ýyldyzydyr. Şu pursatda meniň kalbym joşgundan, buýsançdan doly. Menzili daglar içredir, sähraýa aşyk bolmuş,Arzuw-umytda düşledi, Gün-Aýa aşyk bolmuş,Berkarar döwlet istedi, Pyragy bagtyn görmüş,Size kuwwat, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Size uýýas, Size şöhrat, Gahryman Arkadagymyz!