"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tebigatyň aýdymy

Makalanyň adyny ilki «Türkmen tebigatynyň baýlygy» diýip atlandyrasym geldi. Soňra bolsa «baýlygy» sözüni «aýdymy» diýen söze çalyşdym. Aýdymdan belentde näme bolup biler?! Ähli gözellikler, gowulyklar aýdymda jemlenýär ahyry. Şu ýylyň bahary salkyn geldi. Martda-da gar ýagdy. Gül açan baglaryň güllerini ak garyň büräp durşuny göreniňde: «Bu ýyl hasyl neneň-niçik bolarka?» diýip, alada etdirmänem durmady. Emma tebigatyň öz täsin hem inçe syrlary bar. Her gün işe gaýdýan ýolumda ösüp oturan alma agajyny synlap geçmek endigim bar. Ine, gülleri garda galan alma agajynyň düwen miwelerini görüp haýran galanym çyn. Megerem, almanyň güllerini gowy görýänligimdendir. «Gülüň ählisem gowy ahyry» diýersiňiz. Ýöne erigiň, almanyň, şetdalynyň gülleri has owadan bolýar.

Durnalar näme üçin toýnuk gurýarlar?

Durmuş adamyň aňy ýeterden has çylşyrymly. Käbir wakalaryň sebäbini biljek bolsaň kelle döwseň-de anyk jogabyny tapmak kyn bolýar. Näme üçin durnalar ala-böle toýnuk gurap uçýarlarka? Ýa-da näme üçin torgaý guşlara mollatorgaý diýilýär? Bular tebigatyň özi ýaly täsin, şonuň ýalam gyzykly.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 27-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 27-ne bolmagyna garaşylýan Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan — jennet mekan

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. Ata Watanymyz Türkmenistan amatly geografik ýerleşişi, ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklary bilen bir hatarda özboluşly rekreasion ähmiýetli ýerlere baýdyr. Rekreasion resurslar diýip — adamlaryň saglygyny we zähmete ukyplylygyny dikeltmegi we saklamagy üpjün edýän tebigy hem-de medeni resurslara aýdylýar. Olaryň medeni-taryhy, tebigy, ekologiki we beýleki görnüşleri tapawutlandyrylýar. Rekreasion resurslaryň köpgörnüşliligi syýahatçylyk pudagynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge mümkinçilik dö-redýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Uly Balkan — täsinlikler dünýäsi

Uly Balkan dagy Hazar deňziniň kenar ýakasynyň gündogar çäginde ýerleşýär. Dag gerişleri Türkmenistanyň günbataryndan gündogaryna çenli 60 kilometr uzynlygyna uzalyp, ini bolsa 20 kilometr ýaýrap gidýär. Uly Balkan dagy deňiz derejesinden 1880 metr belentlikde ýerleşip, onuň iň beýik ýeri Arlan belentligi diýlip atlandyrylýar. Arlan belentliginiň demirgazygynda kert inelgeleri we günortasynda has ýapy eňňitleri bar. Taryha görä, ata-babalarymyz ir döwürlerde bu dag depelerini özlerine ýurt edinip, şol ýerlerde ýaşap, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Bu ýerlerde maldarçylyga degişli düýedarçylyk, dowardarçylyk hem-de ekerançylyga degişli dänelik ekinler bolan arpa, bugdaý, şaly ýaly ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Uly Balkan dagynyň 1660 metr belentliginde iki sany guýa gabat gelmek bolýar. Bu guýular gadymy döwürde ekerançylygyň we maldarçylygyň ösmegi üçin şol ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan gazylypdyr. Bu guýularyň birini «goşa guýy», beýlekisini hem «ýekeguýy» diýip atlandyrypdyrlar. Goşa guýy diýilmeginiň sebäbi bu ýerde ululy-kiçili birnäçe guýulara gabat gelmek bolýar. «Goşa guýy» diýlip atlandyrylan guýynyň suwy örän süýji bolupdyr, ýeke guýy dag belentliginiň gündogar tarapynda ýerleşip, onuň suwy ajy bolup, suwdan ir döwürlerde mallary suwa ýakmak we ekinleri suwarmak işleri geçirilipdir. Häzirki wagtlarda bu guýulardan keýikler, dag tekeleri, käkil

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 26-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Werdelit — paýhaslylygyň daşy

Werdelit daşy turmalin minerallar toparynyň iň gowy görlüp we köp talap edilýän görnüşi hasaplanylýar. «Werdelit» italýan sözi bolup, terjime edilende ol «verde» — ýaşyl, «lithos» — daş diýen manyny berýär. Mineral açyk ýaşyldan doýgun ýaşyl reňk aralygynda bolýar. Açyk zümerret reňkli werdelitler beýleki görnüşlerden ýokary baha berilýär. Werdelit mineralynyň häsiýetli aýratynlygy bar, ýagny ol görnüş burçuna baglylykda reňkini üýtgedip bilýär. Şonuň üçin daş saýlananda onuň bu häsiýeti aýratyn göz öňünde tutulýar. Şeýdilende ol «älemgoşaryň» ähli reňklerinde owadan öwüsýär. Bu mineral ýeňil taraşlanýandygy üçin zergärçilikde giňden ulanylýar. Gadym döwürlerde werdelit daşyň adama edýän täsiri üçin oňa «jadyly daş» hem diýlipdir. Onuň öz eýesini gözden-dilden goraýandygy baradaky maglumatlar saklanyp galypdyr. Irki döwürlerden bäri bu daşy mukaddes hasaplap, ony tumar hökmünde hem saklapdyrlar. Adamlar mineralyň üýtgeşik alamatlarynyň öňünde baş egipdirler hem-de mineraly paýhaslylygyň nyşany diýip hasaplapdyrlar. Eýsem, ol öz eýesiniň diňe saglygyny berkitmekde täsirli bolman, ol onuň has owadan, asylly, päk ýürekli, batyr, dogumly bolmaklygyna hem täsiriniň güýçlüdigini aýratyn bellemek gerek.

Kerkaw agajy

Köýtendagyň diýseň baý we täsin tebigaty bar. Bu ýerde ýokary derejeli ösümlikleriň 1000-e golaýy anyklanandyr. Şolardan 10 görnüşi seýrek duş gelýändigi sebäpli Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. 37 görnüşi bolsa endemikdir, ýagny diňe Köýtendaga mahsusdyr. Köýtendagda dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Dagyň 30 müň gektara golaý tokaýly ýerleri bolup, 11 müň gektary Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär we aýratyn şertlerde goralýar. Köýtendagyň tokaýynyň esasyny düzüji zerewşan arçasy bolup, onuň bilen birlikde köp duş gelýän agaçlaryň biri-de kerkawdyr. Kerkaw agajy Türkmenistanda, esasan, Köpetdagda we Köýtendagda duş gelýär. Köpetdagda türkmen kerkawy ösýär, Köýtendaga bolsa sütükli kerkaw mahsusdyr. Sütükli kerkaw agajy Köýtendagyň eňňitlerinde deňiz derejesinden 1000 — 2800 metr belentlikde duş gelýär. Onuň boýy 5 metre çenli bolup, köplenç, gür görnüşde, 3 — 10 düýp bolup ösýär. Agajyň gabygy we şahalary boz reňkli, ýaş şahajygy bolsa goňur reňkde bolýar. Onuň gazyň aýak yzlary ýaly ýapragy, ýylmanak şahalary örän arassadyr. Ýapragy dykyz, ýokarky ýüzi goýy ýaşyl, aşagy açyk ýaşyl reňklidir. Kerkaw agajy doly ýapraklandan soň, mart aýynda gülleýär, çogdumy örtük görnüşli ownuk sarymtyl güli bar. Kerkaw bally ösümlikleriň hataryna girýär. Miwesi iki ganatly, ganaty göni burçly, awgust-sentýabr aýlarynda ýetişýär. Ý

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ördekler

Ördejikler, siziň ýaly,Ýüzüp ýörün mawy kölde.Suwda ýüzmek diýseň hezil,Buýsanyp barýaryn ýolda. Tomsuň yssysyn duýaňok,Öwreniň ýüzmegi sizem,Reňkläniňizde, çagalar,Synlarys suraty bizem.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +40...+42° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +40...+42° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Gaplaňgyr — täsinlikler mekany

Garaşsyz Diýarymyz gözel künjeklere baýdyr. Gymmatly baýlyk bolan ol gözelliklere söýgi bilen garamak, gözümiziň göreji deýin goramak her birimiziň borjumyzdyr. Daşoguz topragynda-da şeýle gözel künjekler kän. Olaryň tebigy gözellikleri, täsin haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Tebigy baýlyklarymyzyň goraglylygyna gönükdirilip, 1979-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň çäginde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň çägindäki depe-düzlerde, aňňat-aňňat belentliklerde, jeňňelliklerde, baýyrlyklardyr suw giňişliklerinde seýrek hasaplanylýan jandarlardyr guşlaryň ençeme görnüşi gabat gelýär. Meýdany 282, 2 müň gektara barabar bolan goraghananyň çäginde döredilen Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary hem aýratyn özüneçekiji gözelligi bilen tapawutlanýar. Her ýeriniň adynyň döreýşiniň özboluşly taryhy bolýar. Käte bolsa ol haýsydyr bir waka, hadysa bilen-de baglanyşýar. Gaplaňgyryň adynyň ýyrtyjy jandar bilen baglydygyny-ha tekrarlap oturasy iş ýok. Aýtmaklaryna görä, goraghananyň çäginde ýerleşýän gyr ir döwürler gum gaplaňynyň mekany bolupdyr. Şonuň üçinem ol gyra «Gaplaň gyr» diýip at beripdirler.

Tebigatyň goýnunda

Telewideniýede işleýän döwrüm Barsagelmez, Goturdepe barada eşitsem-de, ol ýerleri görmek arzuwym esli wagtlap, dürli sebäplere görä yza süýşdi ýördi. Ahyr bir gün awgust aýlarynda ökde operator Güýç Suhanlyýew hem-de režissýor Kuwwat Saparow bilen döredijilik saparyna ýola düşdük. Balkanabatdan ilerligine külterläp barýan “RAF” kysymly awtoulagyň aýnasyndan töweregi synlap barşyma, çölüň beýhuş edip barýan gözel keşbine aşyk bolup otyryn. Edil suratkeşiň eseri ýaly ajaýyp görnüşler erkiňi eliňden alýardy. Ýoldaşlarymam seslerini çykarman, tebigatyň şeýle owadanlygyna maýyl bolup otyrdylar. Operator ýigidimiz howanyň yssydygyna garamazdan, aram-aram ulagdan düşüp, sähranyň has ajaýyp görnüşini ýazgy edýärdi.

Atmosfera howasynyň milli we halkara hukuk goragy

Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgemegi, ony gözegçilik astyna alyp bolmaýanlygy, zyýanly täsiriniň netijesinden janly bedenleriň we adamyň ýaşaýşyna salýan howpundan goramak boýunça aýgytlaýjy çäreleriň, şeýle-de olardan peýdalanmagyň, goramagyň milli we halkara hukuk düzgünleşdirmesiniň alnyp barylmagyny talap edýär. Atmosferanyň goragy daşky tebigy gurşawy halkara-hukuk taýdan goramagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu gorag toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol dünýä derejesindäki beýleki ekologik meseleleriň hem çözülmegini öz içine alýar. Olaryň hatarynda: howanyň üýtgemegi (ählumumy howanyň maýlamasy ýa-da ýyladyşhana täsiri), Ýeriň ozon gatlagynyň goragy, fotohimiki tüsse, aşgarly ýagyşlar, howanyň himiki, biologiki, bakteriologiki we radiasiýaly hapalardan goralmagyny bellemek bolar. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, täzeden dikeltmek, biologik köpdürlüligi saklamak, ekologiýany sagdynlaşdyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Atmosfera howasyny goramak we tebigatymyzyň klimatiki ýagdaýyndan çen tutmak bilen, häzirki wagtda ösümlikleriň bezeg, derman, ýerli howa şertlerine çydamly, görnüşleriniň dürlüligini baýlaşdyrmak maksady bilen, gyrymsy agaçlaryň, gülleriň ekilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli dowam etdirilýär.

Gül­dan­da ös­ýän agaç

Her hal­kyň özü­ne mah­sus me­de­ni­ýe­ti, gym­mat­lyk­la­ry bar. Ýa­po­ni­ýa­nyň hem baý me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy we däp-des­sur­la­ry bar. Bu ýur­da mah­sus bo­lan agaç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­na «bon­sai» di­ýil­ýär. Bu agaç da­şar­da, açyk ho­wa­da däl-de, edil otag ösüm­li­gi ýa­ly gül­dan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Agaç gül­da­na eki­lip, ony pu­da­mak, ýö­ri­te şe­kil ber­mek ar­ka­ly be­zeg ösüm­li­gi eme­le ge­ti­ril­ýär. Bon­sai sö­zi ýa­pon­ça­da­ky «bon» (ta­bak) we «sai» (agaç) söz­le­rin­den eme­le ge­lip­dir. As­lyn­da bon­sainiň ada­ty agaç­lar­dan tapawudy ýok. Adat­ça, ar­ça agaç­la­ryny gül­da­na eki­p, ony pu­dap, oňa dür­li şe­kil ber­ýär­ler. Em­ma bu sun­ga­tyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy, ol edil te­bi­gat­da ösüp otu­ran uly aga­jyň ki­çi gör­nü­şi­ne meň­ze­me­gi we adam eli­niň de­gmedik ýaly bolmagy. Ösüm­lik bi­len gül­da­nyň reň­ki, na­gyş­la­ry hem saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li. Tun­berg sos­na­sy («Pi­nus Thun­ber­gii»), ýa­pon ak ar­ça­sy («Pi­nus Parvifo­lia»), hy­taý ar­ça­sy, el şe­kil­li klýon («Acer Pal­ma­tum») we çy­nar ýa­ly agaç­lar bon­sai üçin has amat­ly ha­sap­lan­ýar.