"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Baharyň gudraty

syratynda hem berekedinde Şu ýylky gyşyň ýumşak-maýyllygydyr howanyň durnukly guruganlygy daýhany alabahara ýetire-ýetirmän meýdana ymykly çykardy. Bagdyr gaýry ösümlikleriň ukudan has ir oýanyp, maýyny bermän, hereket-ösüşe girişmegi gyş-ýaz meýdan işleriniň has-da ulaşyp gitmegine hem şert, hem zerurlyk boldy. Alnyp barylýan şeýle köpugurly işler bilen ýakyndan tanyşmak üçin daýhanlaryň birnäçesi bilen iş üstünde söhbetdeş bolduk.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 60 — 80%.

«Ýaşyl dünýäniň» goragynda

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde milli Liderimiz döwlet durmuşyna degişli birnäçe resminamalar bilen birlikde Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara hem gol çekdi. Bu maksatnama boýunça ýerine ýetiriljek işler hem-de olaryň aýratynlyklary hakda gürrüň bermegini sorap, habarçymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ösümlikleri goramak bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Kerimnazar Mämmetgulowa ýüz tutdy. — Kerimnazar aga, söhbetdeşlige, ilki bilen, Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +23... +25° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Bagy-bossan Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatda alyp barýan syýasatynyň esasy maksady jemgyýet bilen daşky gurşawyň ösüşiniň sazlaşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmen tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Sebäbi Diýarymyzyň daglary, düzleri, derýalary, sähralary özüne mahsus bolan tebigaty bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadygymyzyň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawyň sazlaşygyny üpjün etmekde, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremekde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky gol çeken Kararyna laýyklykda, saýaly, pürli, miweli we üzüm nahallarynyň millionlarçasy ýetişdirildi. Şeýle hem, bag nahallaryny suwaryş işlerinde damjalaýyn usuly ulanmak möhüm wezipe edilip goýuldy. Saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň we beýleki nahallaryň ekilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň dabaralanýandygyny äleme äşgär edýär.

Lälezar gülleriň bardyr...

Her ýeriň öz tebigatyna görä atlandyrylyşy bolýar. Ümmülmez meýdany tutup ýatan Garagum sährasynyň birmeňzeş çäge alaňlarynyň hem öz atlary bar. Depiz — daş-töweregini gum gurşap alan şor toprakly ýer.

Ýylanyň gowy

Ýazyň gelmegi bilen tebigat özgerýär. Tebigatyň janlanmagy bilen janly tebigat gök öwüsse, haýwanlar tüýüni täzeleýärler. Bu tebigatyň ýazylmadyk kanuny. Beýleki jandarlar ýaly tebigatyň şeýle ajaýyp çagynda ýylanlar hem öz gowuny taşlaýarlar. Sähra ýerlerinde ýylanyň gowuna duşulanda, il içinde aýdylyşy ýaly, «Ýylan köýnegini täzeläpdir» hem diýilýär. Ýaşululardan eşdişimize görä, ýylan gowy bitmeýän ýarany bitirýär. Içine iriň ýygnap, dömen ýarany kän wagt geçirmän ýarýar. Gadymy döwürlerde atbakarlar: «Ýylan gowuny atyň iýmine garyp berseň, ýylan janawaryň ýylmanak bolşy ýaly, atyň endamam lowurdap owadan görünýär» diýen ynama uýup, öz bedewleriniň iýmitine ýylanyň gowuny owradyp goşupdyrlar.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 09-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Bulary bilmek gyzykly

Gülleriň şasy hasaplanýan bägüller özüniň gözelligi, köpdürli öwüşgini hem-de bark urýan ysy bilen tapawutlanyp, adamzat tarapyndan iň halanýan güldür. Dürli ýurtlarda bägül söýginiň, sazlaşygyň, duýguçyllygyň, şeýle-de öňegidişligiň nyşany hasaplanýar. Bägüller hakyndaky şu maglumatlar hem okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek: Maglumatlara görä, Germaniýanyň Hildeshaým şäherinde ösýän bägül hakynda 815-nji ýyl bilen senelenen resminama bar. Şol döwürlerde ekilen bägül şondan bäri gülläp, daş-töweregine gözellik çaýýar. Iň uzak ýaşly bägül hökmünde ykrar edilen bu bägüli Hildeshaým şäheriniň ilaty gülläp ösüşleriň nyşany hasaplaýarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 8-nji martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 60 — 80%.

24 million ýyldyzyň jikme-jik sanawy düzüldi

«7/24.tm», № 10 (93), 07.03.2022. Hytaýyň, Awstraliýanyň we Notr-Dam uniwersitetiniň alymlaryndan düzülen topar 24 million ýyldyzyň sanawyny düzdüler. «The Astrophysical Journal» neşirinde habar berilmegine görä, biziň galaktikamyzda 240 milliard ýyldyz bolup, sanawa girizilenler diňe onuň 100 göterimden bir bölegidir. Olar hem Akmaýanyň ýoluny düzüjiler bolup hyzmat edýär. Sanawda ýyldyzlaryň hereketi, ýaşy, olaryň özboluşly tapawutly aýratynlyklary, umumylyklary we ýene şuňa meňzeş goşmaça maglumatlar berilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 7-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 5-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Bahar bagdan başlanýar

Niräňe seretseň, güllän baglara gözüň düşýär. Häzirem olaryň ak gülleriniň nurly şöhlesi al-asmandaky Günüň şuglasy bilen sazlaşyp, täsin bir dünýäni emele getirýär. Baglaryň baharyň ilkinji buşlukçysydygyny bilmeýänimiz ýokdur. Göreniňde göwünleri ýakymly ýylgyryşa besleýän güllän erik agajynyň deňinden biparh geçip bilmersiňiz. Bahar, bag bilen bagly şeýle oýlanmalar paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Bag müdirliginiň Berzeňňi şitilhanasyna barýan wagtymyz hem ýakymly hemramyz boldy. Bu ýere gelenimizde, bag ekmek işleriniň örän gyzgalaňly barýandygyna şaýat bolduk. Her ýyl 250 müň sany daragty ýetişdirip, paýtagtymyzy gül-gülüstanlyga öwürmäge goşant goşmak uly sogaply iş ahyry! Tuýa, sosna, kiparis, dub, klýon, erik, badam, igde ýaly agaçlar bilen birlikde, dürli hili güller-de bar. Şitilhanadaky nahallar çybyk görnüşinde hem, tohumyndan hem ýetişdirilýär. Munuň üçin daragtyň tohumy 10 günläp ýörite taýýarlanylan (erginli) suwda saklanyp, soň ekilýär. Şeýdip, ekilen agaçlar 35 günde gögerip, çykyp başlaýar. Iki ýyl geçenden soň, şitil joýa geçirilýär. 22-nji fewraldan joýa geçirilýän şitiller gowy özüni tutýança, bu ýerde-de 3 ýyl saklanýar. Şeýlelikde, 5 ýylda ýetişdirilen bag nahallary paýtagtyň çar künjüne iberilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekişliginde bu nahallaryň müňlerçe düýbi oturdylýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 20 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +12... +14°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +21... +23° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Tebigaty goramagyň edebi

Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy — adam, adamyň esasy gymmatlygy bolsa onuň ruhy-aňyýetiniň gory bolup durýan bilimi we ukybydyr. Adam, jemgyýet we tebigat babatyndaky bilim, müňlerçe ýyllaryň dowamynda adamzadyň sowatlylygynyň esasy bolup gelýär. Tebigaty goraýyş ähmiýetli däp-dessurlar, taryhy eserler, ylmy-amaly maslahatlardyr duşuşyklar tebigaty goramagyň serişdesi, ynsanyň tebigatyň öňündäki öz borjuna düşünmegi bolsa, tebigaty goramak edebiniň esasy maksadydyr. Bu gün Türkmenistan tebigaty rejeli peýdalanmak we ony goramak hakyndaky halkara hukuk resminamalarynyň ençemesine goşuldy, halkymyzyň tebigat bilen paýhasly gatnaşygynyň tejribesini öz içine alan onlarça kadalaşdyryjy namalar milli kanunçylygymyzda hereket edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Türkmen almasy

Bägüller maşgalasyna girýän bu miweli agaç diňe biziň ýurdumyzda ösüp, ol seýrek duş gelýän ösümlik hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Boýy 2-3 metre ýetýän bu agaç ýa-da gyrymsy agaç Gündogar, Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda duşýar. Türkmen almasy daglaryň tekiz belentliklerinde, jülgelerde, dag çeşmeleriniň hanalarynda bitýär. Bu agaç yssa, gurakçylyga çydamly. Köp sanly — 600-e çenli kök ösüntgilerini emele getirýär. Bu agaç aprel-maý aýlarynda gülleýär, miweleri iýulda-awgustda bişýär. Ol 5-10 ýyldan soň miwe getirip başlaýar we 50-70 ýyla çenli ýaşaýar. Seýrek ösümlikleriň biri bolan türkmen almasy Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Botanika institutynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik tejribe merkezinde ýetişdirilýär. Olaryň bir böleginiň tohumlary we çybyklary dürli ýyllarda Köpetdagyň jülgelerinden getirilendir. Onuň nusgalary bu institutyň paýtagtymyzda ýerleşýän Botanika bagynda hem bardyr. Ol Köpetdagyň we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar.

Baglary bar hatar-hatar

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Amannepes Godarowyň, Aýjahan Muhammedowanyň ösdürip ýetişdiren bagyny synlan adamlar «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» — diýip geçýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idegi ýetirilýän, bol miwelerini eçilýän baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Amannepes indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.